23:24 Köneürgenç - taryhy buýsanjymyz | |
KÖNEÜRGENÇ - TARYHY BUÝSANJYMYZ
Taryhy ýerler
Dünýä taryhynda öçmez yz galdyran beýik Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenç (Köneürgenç) häzir hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň, beýleki myhmanlaryň üns merkezinde. Bu ýerdäki Nejmeddin Kubranyň kümmeti, Gutlug Temiriň minarasy, Törebeg hanymyň köşgi, Soltan Alynyň, Tekeşiň, Il Arslanyň, Pirýar weliniň kümmetleri, Daşmetjit kerwensaraýy, Kyrk molla depesi ýaly gadymy taryhy ýadygärlikleriň her haýsysynyň özboluşly taryhy bar. Nejmeddin Kubra sufizm taglymatynyň «Kubrawiýýa» akymyny esaslandyran beýik pir bolupdyr. Ol diňe Horezmde däl, eýsem, bütin musulman äleminde giňden tanalýan keramatly şahsyýet hasaplanypdyr. Nejmeddin Kubra diňe dini taglymatlaryň esasçysy bolman, ol beýik watanperwer hem bolupdyr. Onuň watanperwerligi, mertligi Çingiz hanyň goşunynyň Ürgenji gabanynda diňe öz watandaşlaryny däl, hatda duşmany hem haýran galdyrypdyr. Nejmeddin Kubranyň keramatly pir hökmündäki şöhraty, ady Çingiz hanyň hem gulagyna ýeten ekeni. Çingiz han pire şäherden çykyp gitmegi teklip edýär, janynyň aman saklanjakdygyna kepil geçýär. Emma pir bu teklibi ret edip, öz şägirtleri bilen duşmana garşy söweşe gatnaşýar we mertlerçe gurban bolýar. Şeýh Nejmeddin Kubra özüniň döreden tarykat mekdebinde öz zamanasynda atlary meşhur yslam ylmynyň alymlaryny taýýarlap ýetişdiripdir. Şonuň üçin hem Şeýh Nejmeddin Kubra «weli» tahallusy berlipdir. Bu beýik piriň guburyna zyýarat etmeklik edil Käbä zyýarat edeniňe barabar hasaplanypdyr. Häzirki günlere çenli il arasynda bu keramatly ýerler ikinji Käbehana saýylýar. Ençeme asyrlaryň taryhy ýadygärliklerini, onuň gymmatly maglumatlaryny öz goýnunda saklap oturan Köneürgenjiň keşbine nazaryň düşende, seriňdäki oý-pikirleriň uzaklara alyp gidýär. Ynha-da uzakdan seleňläp görünýän Gutlug Temiriň minarasy. Onuň üstünden ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan, henizem al-asmana başyny diräp dur. Öz döwründe bu minaranyň ähmiýeti uly bolupdyr. Ýagny onuň üstüne çykyp hemmeleri tagat-ybadata çagyrýan azan aýdylypdyr, daş-töwerege gözegçilik edilipdir, dürli habarlary ilata ýetirmekde jar çekilipdir. Elbetde, bu ymaratyň hem baý geçmişden habar berýänligi aýdyň. Mongol ýörişlerinde weýran edilen Ürgenç XIV asyryň birinji ýarymynda ýene-de pajarlap ösýär. Oňa şol döwürde Gutlug Temir hökümdarlyk edýär. Onuň Ürgenjiň pajarlap ösmeginde mynasyp paýy bar. Törebeg hanym kümmeti hem şol döwürde gurlup, häzirki döwrümize çenli saklanyp galan orta asyr arhitektura ýadygärlikleriniň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Törebeg hanymyň kümmeti ajaýyp gözelligi hem-de monumentallygy, reňkleriň köpöwüşginliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Onuň kerpiçleriniň ýüzüniň gözüňi gamaşdyryjy reňkler bilen syrçalanmagy bu kümmete üýtgeşik öwüşgin berýär. Il arasynda Törebeg hanymyň kümmeti bilen baglanyşykly şeýle rowaýat bar: «Bu kümmeti bejerip ýören ussa Törebeg hanyma aşyk bolýar. Megerem, bu binanyň gözelligi ol ussanyň kalbynda dörän päk, hakyky söýginiň güýjüne dörän gözellik bolmagy-da, ahmal! Ussa öz söýgüsini Törebeg hanyma aýan edýär. Ol hem: «Eger ussanyň söýgüsi çyn bolsa, bina eden bu gözel ymaratynyň üstünden özüni oklasyn» diýip, ýowuz şert goýýar. Şonda ussa ussatlyk bilen guran ymaratynyň üstüne çykyp, özüni aşak oklapdyr. Şonda ussanyň şägirtleri Törebeg hanymdan janserek bolup ýatan ussanyň ýanyna baryp, razylaşmagyny haýyş edýärler. Haçanda Törebeg hanym bu teklibi ýerine ýetirende, ussa amanadyny tabşyrýar. Törebeg hanym hem onuň päk söýgüsiniň hatyrasyna ussany guran binasynyň bir tarapynda jaýlaýar. Bu rowaýata görä, ol özüniň-de kümmetiň beýleki tarapynda jaýlanmagyny wesýet edipdir. Soň olaryň üstüne Günüň şuglasy gezekleşip düşüp durupdyr». Häzirki wagtda Kyrk molla ady bilen tanalýan ýadygärligiň ýerinde uly köşk bolupdyr. Onda 40 sany akyldar 40 müň okuwça ylym beripdir. Häzirki döwürde Mamun akademiýasy, öz döwründe «Beýtul hikmet» diýlip atlandyrylyp, Biruny, Ibn Sina dagynyň işlän ylym ojagy-da şu ýerde bolandyr diýlip çak edilýär. Bu keramatly toprakda ylym-bilim güýçli depginde ösüpdir. Ruhy-medeni ojak ady bilen dünýä dolan Ürgenç şäheri medreseleri, kitaphanalary bilen Ýer ýüzüne ýaň salypdyr. XI asyryň başynda Mamun ibn Mamunyň hökümdarlyk eden döwründe Ürgençde ýaşap, ylmy iş bilen meşgullanan beýik alymlar Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmed al-Biruni (973-1050), ajaýyp alym, lukman we filosof Abu Ali ibn Sina (980-1037) uly ylmy açyşlary edipdirler. Köneürgenç söwda ýollarynyň amatly çatrygynda ýerleşipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnaýan söwda kerwenleri günorta — Amula we Merwe, gündogara — Hytaýa, demirgazyk-günbatara — Wolga derýasynyň boýlaryna baryp ýetipdir. Köneürgenç gür ilatly şäher bolup, ol Anuşteginler nesil şalygynyň, ýagny Köneürgenç Türkmen döwleti döwründe has hem pajarlap ösüpdir. Bu döwürde Ürgençde ady belli alymlaryň uly topary işläpdir. XII-XIII asyrlarda döwletiň kuwwatlylygy artyp, Hazarýaka sebitiniň demirgazyk etraplaryndan Pars aýlagyna we Kawkazdan Hindiguşa çenli uzalypdyr. Şu we şuňa meňzeş şan-şöhratly baý taryhly geçmişimize guwanmak hem buýsanmak bilen hormatly Prezidentimiz özüniň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda şeýle ýazýar: «Adamzat taryhynyň irki döwürlerinde Jeýtun, Marguş, Dehistan we Horezm-Ürgenç medeniýetlerini döreden, Beýik Oguz türkmen döwletini, Göktürkmenleriň döwletini, Garahanly türkmen döwletini, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletini, Köneürgenç türkmenleriniň döwletini we beýleki döwletleri guran halkymyz Ýewraziýa halklarynyň ykbalyna, Gündogar bilen Günbatar medeniýetleriniň baýlaşmagyna, kämilleşmegine, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine uly täsir edipdir». Häzirki döwrüň ösen we kämil ylmy gözýetimi bilen seredeniňde alym Arkadagymyzyň ýokarky jümleleri juda welilik bilen aýdandygyna göz ýetirmek kyn däl. Kerwen gurap geçip barýan ýyllaryň, asyrlaryň geçmiş taryhynda öçmez yz galdyran Köneürgenç häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz mynasyp ornuny tapýar. Bu günki günde Köneürgenç dünýä syýahatçylarynyň, taryhçylarynyň, alymlarynyň, jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Taryhy ýadygärliklere baý bolan gadymy Köneürgenç 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu bolsa ruhy medeniýetimiziň öňegidişliklerini kesgitleýän hakykatdyr. Köneürgençde häzirler abatlaýyş işleri geçirilýär, onda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, özleşdirmek we täzeden dikeltmek işleri dowam edýär. Gözel SEÝIDOWA, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |