22:21 Gyz şübhesi | |
GYZ ŞÜBHESI
Goşgular
Diýme: "Gözleriňde asmany görýän" Asmandan zemine gaçaýma birden. Diýme: "Barlygyňda alawlap ýanýan" Soňundan kül bolup öçäýme birden. Humar bolup diňlän sazlaň hakynda, Bendi bolup synlan ýazlaň hakynda, Menden ozal söýen gyzlaň hakynda, Ýanymda agzyňy açaýma birden. Kiçelsem kiçi bol, beýgelsem — beýik. Ýarama melhem bol, döwügme — seýik. "Bul-a maňa indi ýüz berdi" diýip, Mertebämden ätläp geçäýme birden. Tämiz bolsun niýetleriň, pälleriň, Aýdyň bolsun ýodalaryň, ýollaryň. Bilip bolmaz, aglap, ejizlän günüm, Menden ýüz döndürip uçaýma birden. Parahat BATYROW. | |
|
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |