15:03 Gyz ýüregi / hekaýa | |
GYZ ÝÜREGI
Hekaýalar
Goja Balkanyň gözel keşbine muşdak myhmanlarym bilen awtoulagymda keşt edip, dag ýollaryny külterläp barýarkak, dostum Nurnepes: -- Gyzýüregiň golaýynda goş ýazdyraýaly! – diýip teklip etdi. Myhmanlar bu owadan ada haýran galyp, onuň gelip çykyşy bilen gyzyklandylar. Menem bir zat ýadyma düşen ýaly tolgunyp gitdim-de, hyýalymda oglanlyk ýyllaryma öwrülip bardym. Ýaňy ýigdekçe çykan mahalymdy. Tomusky dynç alşykda goja çopan Halmyrat aganyň ýanyna kömege barypdym. Torbamda birnäçe kitap bardy. Eýsem-de bolsa dagly gojanyň geçmişden berýän gürrüňleri hem hiç kitapdan kem däldi. Meniň hyýalbent jahyl kalbymy lerzana salan şol kyssalaryň birini goja çopan maňa dag başynda, tekiz gerşiň üstünde, aşakdaky gorpa seredip otyrkak gür beripdi. Şonda gorpuň düýbündäki ýürek şekilli goşa daşy görkezip: -- Şol aşakdaky gyzgylt daşa näme üçin Gyzýürek diýilýänini bilýärmiň, oglum? – diýip, soran goja meniň bu ady birinji gezek eşidýänimi aňandan soň, şu rowaýaty beýan edipdi. Gadym-gadym zamanlarda şu jelegaýdaky dag obalarynyň birinde Aýjemal atly gaty görmegeý bir gyz ýaşapdyr. Aý dek ýüzi, zyba syraty, nermi-näzikligi ol gyzy perileriň neslinden gelip çykandyr diýdirýär eken. Ol iki doganyň körpe uýasy bolup, ata-eneden ir galan eken. Bu gyz ýaňy göze görnüp ugranda, onuň katdy-kamatyna aşyk bolup, çar tarapdan sawçylar gelipdir. Onuň waspyny eşidip aşyk bolanlaryň arasynda tütjar baýlaram, han-beglerem, şahyrdyr-bagşylaram bar eken. Emma Aýjemaly puldyr baýlyk gyzyklandyrmandyr, hökümdarlyk özüne çekmändir, aýdym-sazdyr şygyr bilen onuň göwnüni awlamagam hiç kime başartmandyr. Şeýdibem, ýigrimi bäş ýaşaýança ol durmuşa çykmandyr. Muňa bir ýandan onuň iki sany gelnejesi, beýleki ýandan bolsa onuň özi sebäp bolupdyr. Aýjemalyň taýsyz gözelligine göriplik edýän bigörk gelnejeleri onuň durmuşa çykmagyny, bagtynyň açylmagyny islemändir. Şonuň üçinem kiçi ýaşyndan başlap, ony ýerde-gökde goýman öwen bolup, ulumsylygy, gedemligi öwretmäge jan edipdirler. Şeýlelikde, ters ündewden ganan gögele gyz öz görküne buýsanyp, hiç bir ýigide pisint etmän geziberipdir. Gelnejelerine bolsa geregi-de şol ekeni. Olar sawçy iberen ýigide gyz bilen görüşmäge-de rugsat bermän, Aýjemala bolsa “Ýok” diýdirip, sawçylary kowup goýberýän ekenler. Gyzyň agalary bolsa bu meselä goşulmagy uslyp bilmeýän, aýallarynyň gowy päl-niýetdedigine ynanýan türkana ýigitler eken. Bu ahwalyň soňy has erbetlige ýazypdyr. Ynha, günleriň birinde at-owazy çar ýana ýaýran gyza gaýybana aşyk bolan kese ýerli hanlaryň biri on-on bäş nökeri bilen onuň obasyna çozup, gözel naçary zorluk bilen alyp gidipdir. Duşmanlar biziň daglarymyň iň aňyrky gerşinden aşyp barýarkalar iki sany merdana dagly ýigit ýagynyň gapdalyndan çykyp, olary paýhyn edipdirler. Halas edilen Aýjemaly bolsa düýä ataryp, ynjytman öz obasyna iberipdirler. Aýjemalyň taýsyz gözelligini gören goç ýigitleriň ikisi hem oňa aşyk bolan ekenler. Kän wagt geçmänkä olaryň ikisinden hem gyzyň obasyna sawçy gelip oturyberipdir. Gelnejeleri bolsa ýene öňki heňlerine tutup, sawçylary kowmakçy bolupdyrlar. Aýjemal şu çaka çenli gelnejeleriniň gepine gidip gelse-de, ol aslynda akyl-paýhasdanam, mähir-muhabbetdenem, hormat-gadyrdanam mahrum däldi. Häzir onuň gyz kalby özüniň namysyny we gül ömrüni halas etmek üçin kükrek geren goçaklaryň ikisine-de minnetdarlykdan we guwançdan püre-pürdi. Öz wagtynda durmuşa çykyp, biriniň törüni bezemelidigine hem düşünýärdi. Şonuň üçinem Aýjemal bu gezek gelenlere “Ýok” diýmejekdini gelnejelerine berk aýdypdyr. Emma ony törüne geçirmeli bagtly ýigit olaryň diňe birisidi ahyryn. Şonuň üçinem Aýjemal olar bilen gürleşip, tanyşmakçydygyny, kimi sulhy alsa şoňa barjakdygyny aýdypdyr. Gyzdan beýle habary alan ýigitler öz obalaryndan guş ýaly uçup gaýdypdyrlar. Olaryň yzy bilen kejebeli düýedir gelnaljylar hem ýol şaýyny tutupdyrlar. Aşyk ýigitler gyz kimi saýlasa-da, beýleki bäsdeşiň takdyra kaýyl bolup, öýlenýäne mysaýyp bolup gaýtmalydygy barada şertleşipdirler. Emma gyzyň içigara ýeňňeleri ýene bir oýun taýýarlap goýan ekenler. Olaryň ündew-pendi boýunça Aýjemalyň agalary ýüzi açylmadyk gyzy keseki ýigitlere görkezmekden boýun gaçyrýarlar. Onda iki ýigit pälwanlykda we mergenlikde bäsleşik guramagy teklip edýärler. Şeýlelikde haýsy ýigit ýeňiji diýlip ykrar edilse, gyz şoňa hem gelin bolmaly edilýär. Bäsleşikler netijesiz tamamlanypdyr, çünki ýigitleriň güýjüdir çakganlygy hem, mergenligi hem deň gelip duranmyş. Emma olaryň hiç birisi raýyndan gaýtmak islemündir. Näme etmeli? Ine, şonda şeýle pursata garaşyp duran ýeňňeler has mojuk şerti orta atýarlar: -- Bu ýerde çägä togalanyp ýa altyngabak atan bolşup, gözboýagçylyk edip durmaň! Gyz gerek bolsa, çyn aşyk bolýan bolsalar, goý, ýigitler janlaryna dözsünler! Atarmanlykda, çaparmanlykda biri-biriniň garşysyna darkaş gurap, güýç synanyşsynlar! Aýjemal ýaly peri-peýkerler diňe deňsiz-taýsyz çyn batyra mynasypdyr. Şeýle dälmi, Aýjemal? Dymmak razygyň alamaty. Bolmanda-da gany gyzyşan ýigitleriň hiç birisi meselüni birýüzli etmän Alynyň aly meýdanyny terk etmek islemändir. Onsoň baş-başa, jan-jana, çyn söweşe gezek bermeli bolupdyr. Wah, şu pursatda Aýjemal beýle aldym-berdimli garpyşygy goýbolsun etdirip, merdana ýigitleriň haýsy birine razylyk berende-de bolup duruberjek eken welin... Ýogsam märekäniň köpüsi şony isläp, gyza töwella edip gygyryşypdyr ahyryn. Emma ykbal işidir-dä. Ýeňňeleriniň halkyň öňündäki içigara öwgi-tarypyna göwni göterilip, buýsançly ýylgyran gyz halkyň raýyna-da, çyn joralarynyň ýalbarmalaryna-da pitiwa etmändir, öz wagtynda pajyganyň öňüne geçmändir. Günüň çäş wagtyna çenli dowam eden söweşde gerçekler özleriniň harby ussatlyklaryny görkezip, gurt oýnuny gurapdyrlar. Ahyrsoňy batyrlaryň ikisi-de agyr ýaralanypdyr. Ýöne olaryň hiç birisi özüni ýeňlen hasaplamandyr. Gerçekleriň synasyna düşen jerahat ýaralar gaty çökder bolupdyr. Iki gerçegiň ýaralardan aýňalyp bilmän, ahmyr bilen dünýäden ötenligi barada gara habar olaryň obasyna baryp ýetýär. Basym ol ýere gelinli kejebä derek iki sany jesetli tabyt barýar. Olaryň hossarlarynyň ýaka ýyrtyp: -- Ýüzi peri ýaly bolsa-da, bu gyzyň ýüregi daşdan eken. Biziň iki gerçegimizi şu daşýürek gyz heläk etdi – diýip, zarlaýan sesi gyzyň gulagynda galyp, kalbynda peýkam ýarasy ýaly sorkuldap durýar. Hawa, Aýjemal bu işiň beýle pajygaly gutarmagyna garaşman eken. Ol il-günüň diregi iki gerçegiň ölümine özüni günäkär saýyp, ol agyr puşmanyň astynda galypdyr. Ýakyn-ýatlaryň göwünlik beriji sözleri oňa teselli bolmandyr. Içeri girse diwarlar gysyp barýar, daş çyksa asman depesinden basyp barýar diýýär. Bir gün ukusyz gijeden soň, daň säher çagy ol janyna jaý tapman, golaýdaky gojaman dagyň belent gerşine, şu oturan ýerimize gelipdir diýýärler.. Bolan işiň agyr ýüküni kalbynda göterip ýaşardan özüniň ejizdigine, indiden bu ýana bu dünýäde özüne bagt ýokdugyna belli-külli göz ýetiren naçar şu uçutdan aşaga seredip, şo-ol goşa daşy görüpdir-de, özüni şonuň üstüne aşak goýberipdir. Ertir säherden onuň gözlegine çykan adamlar aýlanyp-dolanyp bu ýere gelipdirler. Uçudyň düýbünde, gyzyl gana boýalan goşa daşyň üstünde göz-gülban bolup ýatan gyzy görüp, bar zada düşünipdirler... Eý-ho... Ýigit çykanymdan dogduk dag-derelerimi terk edip, okuwdyr käre çörňeşip ýörşime oglanlyk ýatlamalarym kalbymyň teýine çöküp galan oguşýa. Goja çopan bu kyssany gürrüň berende onuň ilkinji täsiri ömürbaky tereň bolup galaýjak ýalydy. Eýsem-de bolsa durmuşyň dynuwsyz akymy täze-täze duýgulary münderläp, öňküleri öçügsilendirýän bolarly. “Wagt diýen şemalyň syryp-süpürip äkidýän zady azmy? Bir daşyň rowaýaty dagy nämejik? Eýsem şol goşa daşyň özi bireýýäm öz-özünden eräp-owranyp, ýere batmadymyka beri?” diýip men öz ýanymdan ajy ýylgyrdym. Onýança-da Nurnepesiň: -- Geldik, Begnazar, ulagy saklaý! – diýen sözüne özüme geldim. Düşüp-düşmänem belent gerşiň eňregine baryp, aşaga – uçudyň düýbüne seretdim. Ol ýerde buýsanjaň perizat gyzyň gana boýalan daş ýüregi öňküsi ýaly gyzgylt-gülgün öwsüp ýatyrdy. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |