16:58 Gyzlaryma | |
GYZLARYMA
Goşgular
Dört gyzym, dört nury didäm, Gulak goýuñ sözlerime: Dört ogul deý, dört iner deý Kuwwat berdiñ dyzlaryma. Biriñ ýazym, biriñ arzym, Abadym, säherim meniñ. Dört diregim, dört pasylym, Baryñam baharym meniñ. Dört pasylym, dört diregim, Gündiz günüm, gije aýym. Size giñ dünýede abraý Miýesser etsin ylaýym. Namartlar kä mert ýigde-de Nähak ýere şyltak atar. Ýöne welin, gyz halkyna Olañ sözi has köp ýeter. Emma, biliñ, buýsançlylañ Utdurany ýokdur heniz. Lak atylar ýeñleslere, Hormatlydyr edaly gyz. Durmuş guruñ, ylalaşyñ, Ýöne ara düşen söze Orun berip köñlümizde, Dyzap durmañ öýüñize. Ýigit kimin, bir är kimin Iliñ-günüñ hoşy boluñ. Adyñyz-abraýyñyz bilen Bir hataryñ başy boluñ. Oguldan ýanyp ýörenler, Çeke-çeke ahy-zary, Diýsin sizi ýüze sylyp: ''Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!'' Yhlas bilen dileýärin Ýüze sylyp günüm-aýym, Size giñ dünýede abraý Miýesser etsin ylaýym! * * * Giderin, giderin, Uzakdyr ýollar, Söýerin. Işlärin. Aglap-gülerin. Kim men? Näme Gadym dünýäñ ýüzünde? Men bulary ölemden soñ bilerin. Aýagymy düzdüm döwrüñ aýagna, Sesine ses goşdum beýik döwrümiñ. Bir aladam: näçe sahap bolarka ''Saýlanan günleri'' Ýaşan ömrümiñ? ■ MEN ÖZÜMI AÝAMADYM HIÇ ÝERDE... Men özümi aýamadym hiç ýerde, Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. Aglamda geñ galdy terkidünýäler, Bagtlylar geñ galyp bakdy gülemde. Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm, Onuñ bir öýjügnem boş goýmadym men. Adam söýsem, kimligine garaman, Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen. Maña bolsa: ''Beýdip ýörme'' diýdiler, ''Seniñ bu bolşuña diýerler tentek. Sen entek ýaş ahyr, saña gor gerek, Seniñ bar geljegiñ öñüñde entek.'' Men özümi aýamadym hiç ýerde, Gorum gutarar diýp etmedim müýni. Kä söýenim üçin urdular meni, Kä gazabym üçin söýdüler meni. Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum, Şer işiñ tersinde goýdum men şeri. Soñ görüp otursam, gutarýar eken Diñe berilmeýän zatlaryñ gory. Diñe söýmeýänleñ, köýmeýänleriñ Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry Bir gyzyl manat deý gizleýänleriñ Gutarýar ekeni ýürekde gory. Men özümi aýamadym hiç ýerde, Özümi bagş etdim özgeler üçin. Dogry, käte azar berýär ýüregim, Oñam başga zatdan bolmagy mümkin. ■ RAZY Ynsana bagt üçin nämeler gerek? At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen. Her goşgymda kämil bolmaga derek, Onuñ barha kyn düşýänne razy men. Razy ㅡ çynym bilen sadany söýýän, Razy ㅡ halal saçagymda çöregim. Razy ㅡ çalarypdyr saçlarym eýýäm, Razy ㅡ hernä üýtgemändir ýüregim. Razy ㅡ günler ýüpek söwsana döndi, Razy ㅡ ýüregimde özgäñ agysy. Razy ㅡ ''Mydam Güneş bolsuna'' doldy Asman bilen şu zeminiñ arasy. Razy ㅡ köp büdredim çaga mysaly, Ýalñyşdym, ökündim ilkibadalar. Şonda gökden inen perişde ýaly, Duşdy maña oñat-oñat adamlar. Razy ㅡ köçelerim, ýüregim ýagty, Razy ㅡ kükregimde diñenok owaz. Berdi maña bir ömürlik bu bagty Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz. Razy ㅡ joşdum topragymyñ toýunda, Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn. Eziz maña şu topragyñ goýnunda Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym. Gerekli pursadym indim äleme, Begendim, söýüldim, çekdim men zary. Ine, şu zatlaryñ meniñ täleýme Miýesser edenne müñde bir razy. | |
|
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |