21:13 Gyzyl partizan: Nikolaý Şaýdakow | |
GYZYL PARTIZAN
Taryhy şahslar
«—Şaýdakow hakdaky söhbeti näçe dowam etdirseň, etdirip oturmaly. Üýtgeşik ömürdi! Galyberse-de, ol biziň çagalygymyzdy ahbetin–diýip, Leonid Arkadewiç Kostandow aýdýar. - Hawa, onuň ady rowaýata öwrülipdi. Ol adam graždanlyk urşunyň gahrymanydy, türkmenistanly ilkinji komsomollaryň öňbaşçysydy—diýip, Aleksandr Timofeýewiç Karawaýew ony goldaýar. Biziň söhbetimize şüweleň berýän esasy zat nämedekän? Birimiz ministr, beýlekimiz kontr-admiral, üçünjem ýönekeý edebiýatçy. Bizi birleşdirýän esasy bir zat bardy. Olam biziň üçümizem Çärjewde önüp-ösüpdik, üçümizem meniň kakamyň elinde okapdyk. Nikolaý Alekseýewiç Şaýdakow bolsa biziň ýaşlygymyzyň üýtgeşik we täsin adamydy...» Moskwaly ýazyjy Wladimir Keler Şaýdakow hakdaky söhbetini ine, şeýle jümleler bilen başlaýar. ...1913-nji ýyl. Urşuň öňüsyrasydy. Nikolaý Şaýdakowy flota gulluga alýarlar. Ol Gara deňizde gulluk edip ýörkä, Odessanyň maşinistleri taýýarlaýan mekdebini tamamlap, soňra «Gajybeý» atly minonosende starşina bolýar. 1917-nji ýylyň oktýabrynyň öňüsyrasy ol Kommunistik partiýanyň hataryna girýär. Rewolýusiýa başlanýar. Nikolaý Alekseýewiç görnükli bolşewik W. A. Antonow-Owseenkonyň ýolbaşçylygynda Gara deňiz flotunyň otrýadynda ak generallar Kornilowyň, Kalediniň bandalaryna garşy söweşýär. Tiz wagtdan onuň özi Gara deňiz we Baltika matroslaryndan düzülen otrýada komandirlik edýär. Orenburgyň eteginde ataman Dutowa garşy söweşýär. Buhara emiriniň kontrrewolýusion gozgalaňyny basyp ýatyrmaga gatnaşýar. Ine, ol ýene-de Çärjewde. • N.ŞAÝDAKOWYŇ ÝATLAMASYNDAN ...1918-nji ýylyň iýuly. Çärjew şäherinde şol günler «Harby ýygnak» atlandyrylýan köpçülikleýin miting geçirildi. Oňa müňe ýakyn adam gatnaşdy. Şolaryňam iki ýüz ellisi bolşewiklerdi (soňky aýlarda şäherde bolşewikleriň hatary bäş esse dagy artypdy). Emma mitingde çepçi eserler has agdyklyk edýärdi. Daşkent şäherinden Çärjewe gelen Pawel Poltoraskiý mitingde tolgundyryjy çykyş etdi. Ol Aşgabatdaky kontrrewolýusion gozgalaň hakdaky habaryň hakykatdygyny aýdyp, komissar Frolowyň gyzylarbatly es-erler tarapyndan wagşylyk bilen öldürilendigini habar berdi. Adamlaryň ýüregini gahar-gazap gaplap aldy. Hatda çepçi es-erler bolan işçileriň bir topary hem bize duýgudaşlyk bildirdi. Poltoraskiden soň, çärjewli kommunistler yzly-yzyna çykyş etdiler. Olar Aşgabatda kontrrewolýusion gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin haýdan-haý ýaraga ýapyşmalydygy hakda teklip etdiler. Şol wagt Nikolaý Alekseýewiç rewolýusion günler döwründäki bolup geçen wakany ýatlady. Olar – garadeňizli matroslar bir adam ýaly, ýaraga ýapyşdylar. «Gajybeý» gämisiniň ofiserlerini boýun egdirdiler. Kontrrewolýusiýon gozgalaňçylar bilen diňe ýarag arkaly gürleşmeli diýip, çärjewli bolşewikler bir karara geldiler. Emma mitingde es-erleriň agdyklyk etmegi bu pikiri amala aşyrmaga bolşewiklere päsgel berdi. Şonuň üçinem kontrrewolýusionerleriň ýanyna delegasiýa ugratmak kararyna gelindi. Bolşewikleriň adyndan Nikolaý Şaýdakowy, es-erleriň adyndan bolsa parowoz maşinisti Tihonowy delegat edip ibermeli edildi. Mitingde P.Poltoraskiniň ýany bilen bile Daşkentden, Samarkantdan gelen delegatlar hem boldular. Nikolaý Şaýdakow keýpsiz halda ýola düşdi. Onuň ýüregi bir agyr zady öňünden syzýan ýalydy. Ol dönükler bilen hiç hili gepleşik geçirmegiň tarapdary däldi. Otla münjek bolup durkalar bolup geçen bir waka bolsa, onuň içki galagoplugyny has-da artdyrdy. Şol wagt otlynyň ýanynda elleri ýaragly adamlar peýda bolupdy. Demir ýol ohrankasynyň naçalnigi es-er Woloşenko konwoý bilen otla mündürilýän adamlara ýigrenç bilen garap: – Bular Aşgabatdan gaçyp gaýdan tussaglar. Olary Aşgabada ugratmaly—diýdi. – Aşgabada däl-de, Mara–diýip, Pawel Poltoraskiý oňa düzediş berdi. Soň görüp otursak, şol «gaçgak» diýilýäniň biri Ýakow Jitnikow ekeni. Gije Mara gelip düşenimizde Ýakow Jitnikow otluda ýokdy. Dönük Woloşenkonyň baştutanlygynda haýyn es-erler Pawel Poltoraskini aldapdylar–olar Ýakow Jitnikowy ogrynlyk bilen Aşgabada barýan başga bir otla mündüripdirler. Maryda Pawel Poltoraskiý ir bilen nobatdan daşary gyssagly ýygnak geçirdi. Ýerli guramanyň başlygy, parowoz maşinistiniň kömekçisi Andreý Lysenko ýygnaga başlyklyk etdi. Nikolaý Şaýdakow bu ýerde-de ähli gyzyl gwardiýaçylar otrýadlaryny bir ýere ýygnap, duşmana aýgytly hüjüm edilmelidigini janygyp aýtdy. Maryly bolşewikleriň gara buşlatly matrosyň teklibini ikelläp goldaýandyklaryna söz ýokdy, emma ýene-de ýerli duşmanlar, şol sanda çepçi es-erler başga bir zady bahana edýärdiler. Olar öz gara pirimlerini subut etjek bolýardylar: ýagny olaryň pikiriçe, gyzyl gwardiýaçylar otrýadyny şäherden çykarmak bolanokdy. Çünki ýerli ilatyň ýaragly çozmak niýeti ýok dälmişin. Şol günüň ertesi Pawel Poltoraskiý bütin gününi telegrafda geçirdi. Ol Daşkent bilen gatnaşygy ýola goýjak bolup synanyşýardy. Duşmanlar şol ýerde-de ony ele salypdylar. Ele salynmazynyň öňüsyrasy Pawel Poltoraskiý Nikolaý Şaýdakow bilen şäherdäki çaýhanada giçlik naharyny edindi. Wagtyň giçdigine garamazdan, elleri ýaragly, telpekli adamlar çaýhana güpürdeşip girdiler. Olar keçäniň üstüne geçip oturdylar-da, ýaraglaryny gapdallarynda goýup, öz aralarynda gaty-gaty gürleşýärdiler. Nikolaý Şaýdakow olaryň gürrüňinden many aljak boldy. Pawel Poltoraskiý: – Olaň gürrüňi näme hakda?–diýip, Nikolaýdan ýuwaşlyk bilen sorady. Nikolaýyň ýüzi üýtgäpdi. – Ýakow Jitnikow öldürilipdir... Başga-da öldürilen bolşewikler köp. Aşgabatda ak gwardiýaçylar diwiziýasy döredilýär... Gozgalaňçylar Mara garşy gelýärler... Iki ýoldaş turmak bilen boldular. Andreý Lysenkony tapyp, ýagdaýy oňa habar berdiler. Gyssagly maslahatlaşyp, Marydaky ýarag zapaslaryny çepçi es-erler ulanmaz ýaly şäherden çykarmalydy. Bu Nikolaý Şaýdakowa tabşyryldy. Şeýle ýumuş bile samarkantly bolşewik Konstantinopolyskini hem Baýramala ugratdylar. Çärjewden gaýdylmazyndan öň, Nikolaý Şaýdakow öz söwer dosty bilen gürrüňdeş bolup, oňa tabşyryk berdi: ol habar gelen badyna öz otlusy bilen gelmeli diýlen ýerde wagtynda häzir bolmalydy. Şonuň üçinem Nikolaý Şaýdakow pursaty elden bermän, Çärjew bilen habarlaşdy. Bagtyna telegrafçy Mitýa onuň öz ynanyşýan adamydy (Dmitriý Kowalýow soň polkownik çinine eýe bolar). – Mitýa bar-da, Grişa Kuznesowy tap, hemem oňa Mara garşy gyssagly gaýtmalydygyny aýt. Nikolaý Şaýdakow ýarag saklanylýan ýere tarap ýelk ýasady. Bu ýerde ýarag gaty kändi. Mary Sowdepiniň ýygnan arabalaryna sygjak däldi. Şol sebäpli hem diňe ýaragyň zatworyny araba ýüklemek kararyna gelindi. Bu galagoply gije Nikolaý Şaýdakowyň ömürlik ýadynda galdy. Duşman şähere golaý gelipdi. Şäheriň köçelerinde ak gwardiýaçy ofiserler, es-erler we başga-da kontrrewolýusion haýynlar ysyrganýardylar. Ýarag ýüklenen araba kerpiç zawodyna golaý gelipdi. Otlynyň gelip duraýjak ýerini çen bile göz öňünde tutan Nikolaý demir ýola ýetmäge howlugýardy. Ine, birdenem demir ýola golaýlaşyberende, bir paýtun gijäniň içinde aldyrany bar ýaly arabanyň yzyndan ýetdi. Paýtundan düşen ýaragly adamlar arabakeşiň ýanyna dykylyp bardylar. – Matros nirede, bolşewik hany? Tümlüge dulanan Şaýdakow özüniň gözlenýändigini bada-bat duýdy-da, bukdaklap diýen ýaly, paýtunçynyň ýanyna bardy. Ýuwaşlyk bilen: – Gaýrat et–diýdi-de, ýüz manady paýtunçynyň eline gysdyrdy. Paýtunçy hem düşbi ekeni. Ol paýtuny yzyna öwrüp, atlara gamçy çaldy. Paýtun tümlügiň içine siňip gitdi. Ýaňky adamlar nämäniň-nämedigine düşünmän galdylar. Olar paýtunçynyň yzyndan başly-barat ok atdylar. ... Nikolaý Şaýdakow ir bilen Baýramala gelipdi. Ol bu ýerde-de ýagdaýyň gowy däldigini gözi bilen gördi. Onuň ilki gözi düşeni Konstantinopolskidi. Bir topar adam ony köçede ýençýärdiler. Marydaky ýaly, bu ýerde-de es-erler bolşewikleriň garşysyna nähak töhmet atýardylar. Nikolaý Şaýdakow bu mahal öz ýoldaşyna hiç hili haýry degrip biljek däldi. Şonuň üçinem ol stansiýa ýetmäge howlukdy. Stansiýada bolsa öz gözüne ynanmajak boldy: Grişa Kuznesow Mara tarap otly goýbermeýän demirýolçular bilen gidişýärdi. Nikolaý Şaýdakowyň sesi begençli ýaňlandy: – Grişa, men bärde! Men bärde! Şol wagt hem Marydan jaň geldi. Aňyrdan jaň edýän stansiýanyň nobatçysyndan matros—bolşewigi soraýardy. Nobatçy trubkany ýerinde goýdy-da, daşaryk çykmaga howlukdy. Onuň perrona çykany hem şoldy welin, öz çagalyk dostuna gözi düşdi. – Şaýdakow, Kolýa!.. – Pesýa... Kobelew. Nikolaý hem öz klasdaş ýoldaşyny tanapdy. Iki ýoldaş bir-biri bilen gujaklaşyp görüşmekçi boldy. Emma şol wagt Kobelewiň gözüne Şaýdakowyň egnindäki buşlat ildi. Buşlatyň ýüzünde «Gajybeý» diýen ýazgy bardy. – Diýmek, sen matros-bolşewigiň hut özi-dä? Onuň ýap-ýanyja-da ýylgyryp duran ýüzüne ýigrenç alamaty çaýylýar. – Ýok bol şu ýerden. Eger ýene-de bir gezek gözüme kaklyşaýsaň, gaty görme. Nikolaý «Seni etmelisi-hä belli welin, ýöne arman ýeri däl-dä!» -diýip, içinden pikir öwürdi. Wagty gidermeli däl. Onuň şol wagt Baýramalyda ýaşaýan daýzasy ýadyna düşdi. Emma ony daýzasynyň öýünde es-er Pýotr Filatow garşylady. Ol Nikolaýyň çykanydy, özem poçta kontorasynyň naçalnigidi. Ýene-de şol stansiýadaky waka gaýtalandy. Emma ozaldanam dutaryň kirşi ýaly dartylyp duran damarlar ýetjek derejesine ýetipdi. Çykany Nikolaýa sögmäge durdy. Nikolaý bürgüt penjeleri bilen Pýotr Filatowyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Başlandy bir garpyşyk. Nikolaýyň elinden zordan sypan Pýotr Filatow gara gana bulaşyp gaçdy. Nikolaý bolsa buşlatyny çykardy-da, diwarda asylgy duran papagy garbap alyp, stansiýa tarap ylgady: her etmeli-hesip etmeli, Çärjewe baryp, abanýan howp barada ýoldaşlaryna habar bermelidi. Indi ähli umyt Grigoriý Kuznesowa baglydy. Nikolaýyň jana-jan dosty Grişa stansiýadakylar bilen sögüşýärdi. Ýanynda bolsa ýaragly garawul durdy. Otlynyň turbasyndan ýogyn bug asmana göterilýärdi. Nikolaý usullyk bilen otlynyň ýanyna bardy-da: – Esasy ýola çykjak bolup synanyş!—diýip, Grişa eşider ýaly edip aýtdy. Grişanyň birinji ýoldan dördünji ýola geçmäge nähili rugsat alany belli däl. Ýöne welin Çärjewe tarap ýol gaty tizlik bilen açyldy. Nikolaý ýene-de otlynyň ýanynda peýda boldy. Eli ýaragly garawul gapynyň ýokarky basgançagynda doňan ýaly bolup durdy. Şo barmaşa Grişa ýokardan bat bilen garawulyň döşüne kakdy. Nikolaý şol wagt çakganlyk bilen özüni otla atyp ýetişdi. Otly öňe tarap batly silkindi. ...Nikolaý Şaýdakow Maryda we Baýramalyda gören-eşiden zatlaryny öz partiýa guramasyna habar berdi. Halky gyssagly ýygnamaly diýen karara gelindi. «Birinji sosialistik rota» zarba urmak üçin duşmanyň öňünden çykdy... Şol wagt Çärjewiň sarsmaz gala öwrülendigi dogrusynda Nikolaý Şaýdakow şol wakalardan otuz bäş ýyl geçenden soň, şeýle ýatlar: «TKP Çärjew şäher komitetine. 1918-nji ýylda Zakaspi frontunyň ak gwardiýaçylara garşy alyp baran söweşlerinde Çärjewiň partiýa guramasy aýgytly hereket etdi. Şol döwürde duşmanlara Kagany (Täze Buhara), Kettegorgany, Samarkandy basyp almak başardypdy. Şol aýgytly pursatda Çärjew dogry ýoly saýlap aldy hem-de akgwardiýaçylaryň pirimleriniň öňüne böwet boldy... Şu sebäpli hem Çärjew maňa, ýagny onuň partiýa guramasynyň işlerine we işçileriniň göreşine gatnaşyja has mähriban görünýär. Ol şeýle hem uzak Orta Aziýadaky rewolýusion wakalaryň sallançagy hökmünde-de has gadyrlydyr»... *** Şaýdakow batyrgaýdy. Ol şeýle batyrgaýlygyny örän inçelik bilen ulanmagy başarýardy. Jüneýit han köşk agdarylyşygyny gurap, özüni bütin Hywanyň häkimi diýip hasaplady. Ol iňlisler hem-de Denikin bilen gatnaşygy ýola goýup, Sowet Russiýasyna garşy uruş yglan etdi. Ilki bilenem Hywa hanlygynyň tabynlygynda ýaşaýan ruslaryň ýüze golanyny tussag etdi. Girewe alnanlaryň ömrüne kast edilmezligi üçin Şaýdakowy Aleksandrowsk portuna Jüneýidiň ýanyna iberýärler. Emma güýç azlyk edýärdi. Şonuň üçinem ol Jüneýit hana abaý-syýasat bilen ýüzlenmegi makul bilýär. Ol öz otrýadyndan iki sany adamy wekil edip, onuň ýanyna iberýär. Şeýle hem hanyň haýal etmän tussaglary boşatmagyny talap edýär. «Siz ýesir alan rus işçileriňizi we gullukçylaryňyzy ýigrimi dört sagadyň içinde Aleksandrowsk portuna iberiň. Eger-de olaryň biriniň ömrüne hyýanat ediläýse ýa-da zorluk salynaýsa, onda jogap bermeli bolarsyňyz»... Hana Şaýdakowyň teklibine boýun bolmakdan başga ýol ýokdy... • HRONIKA 1923-nji ýylyň 22-nji noýabry N.Şaýdakowa zähmete bolan ukybyny ýitirenligi üçin pensiýa bellenýär. 1924-nji ýylyň 10-njy maýy N.Şaýdakow Hywany azat etmäge gatnaşanlygy hem-de aýratyn edermenlik we batyrgaýlyk görkezenligi üçin Horezm Respublikasynyň «Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanylýar. 1924-nji ýylyň 4-nji noýabri. Oňa Horezm Respublikasy tarapyndan «Horezmde sosialistik gurluşyň goragçysyna» diýen ýazgy bilen altyn sagat sylag berilýär. 1926-njy ýylyň 6-njy sentýabry. Horezm topar goşunlarynyň ştabynyň harby komissary N. Şaýdakow «Gyzyl Baýdak» ordeni bilen ikinji gezek sylaglanylýar. 1927-nji ýylyň 7-nji noýabry. Işçi-daýhan Gyzyl Goşunynda ýolbaşçy wezipelerde hem-de Aşgabat şäher Sowetinde birkemsiz işlänligi üçin Hormat haty gowşurylýar. 1932-nji ýylyň 5-nji noýabry. N. Şaýdakow Zakaspi frontunyň Hywa uçastogynda görkezen söweş hyzmatlary üçin Özbegistan SSR-iniň «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanylýar. 1944-nji ýylyň 14-nji awgusty. Ol «Moskwany goranlygy üçin» diýen medala mynasyp bolýar... • TERJIMEHALYNDAN SETIRLER ... 1922-1923-nji ýyllar. Ol Amyderýa flotunda işleýär. Soňky işlän wezipesi flotuň naçalnigi. 1923-nji ýyl. BK (b) P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň karary bilen N. Şaýdakow Gyzyl Goşuna–yzyna çagyrylýar. Türküstan flotunyň Rewwoýensowetiniň ygtyýarly wekili edilip bellenýär hem-de basmaçylary ýok etmek üçin döredilen atly brigadanyň hatarynda Hywa Halk Respublikasyna iberilýär. 1924-nji ýyl. Hywa topar goşunlarynyň Rewwoýensowetiniň çleni edilip bellenýär. Şol ýyl Horezm Respublikasynyň Sowetleriniň IV gurultaýynda Merkezi Ispolnitel Komitetiniň çlenligine saýlanýar hem-de respublikanyň harby komissarlygyna bellenýär. Ol 1925-nji ýyla çenli Köneürgenç, Gyzylarbat, Krasnowodsk taraplarynda, gumuň içinde söweşýän topar goşunlara komandirlik edýär. Aldym-berdimli söweşleriň netijesinde Jüneýit hanyň basmaçy bandalary ýok edilýär. Gyzyl Goşun otrýadlary Gyzylarbat demir ýolunyň stansiýasyna ýeňiş bilen dolanyp gelýär. Garagalpagystan Respublikasynyň döredilmegi bilen ol harby komissarlyga bellenýär. 1925-nji ýyl. Türkmenistan SSR-iniň harby komissarlygyna bellenýär. 1927-nji ýyl. TSSR territorial uprawleniýesiniň naçalinkligi wezipesinden pensiýa çykýar. Aşgabat şäher Sowetiniň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary we şäher partiýa komitetiniň ispolnitel býurosynyň çleni bolup işleýär. 1928-29-njy ýyllar. Tähranda Türkmenistanyň Eýrandaky söwda wekilhanasynyň ygtyýarly wekili. 1930–1934-nji ýyllar. Leningraddaky transport akademiýasynda, Moskwadaky harby-transport akademiýasynda okaýar. Soňra ol Irkutskide, Çüýskide öz ugry boýunça dürli wezipelerde işledi. Moskwanyň taksomotor parklarynyň ençemesiniň direktory bolup işledi. 1892-nji ýylyň 2-nji fewralynda Pýatigorskide doglan Nikolaý Şaýdakow ýaşlyk ýyllaryny Orta Aziýada Sowet häkimiýetiniň dabaralanmagy ugrundaky mukaddes göreşe bagyşlady. Ol özüni gyzyl partizan diýip atlandyrýardy. Ol bu ada buýsanýardy. Nikolaý Alekseýewiç Şaýdakow 72 ýaşynda Moskwada ýogaldy. Türkmen halky N.Şaýdakowyň edermenligini hemişe mähribanlyk bilen ýatlaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |