17:01 Gyzylsyw | |
GYZYLSUW
Goşgular
Seredeňde gözleriňe gelip dur, Tebigat gök deňze nusga salypdyr. Gün eňegin Gyzylsuwa berende Reňkinem, meger, şondan alypdyr. Deňiz merdi gök deňize girip ýör. Gökde bulut al şalyny örüp ýör. Deňiz joşa gelip köpük gaýnanda Kaşgaltaklar akja güller tirip ýör. Barkas, gämi öňe tarap sürünýär Ak balyklaň akja gerşi görünýär. Türkmen gözeliniň köýnegi ýaly Gyzyl tolkun owsun atyp urunýar. Gün batansoň deňiz örän hezildir, Sakyn howa durşy bilen gazaldyr. Gyzylsuwyň kenaryna çykanda, Suwa meňzeş gül uzadar gözeller. Syrbaý MAULENOW, (Gazagystan). Terjime eden: Goşjan SEÝITMÄDOW. | |
|
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |