21:54 Hajy Atabaýew | |
HAJY ATABAÝEW
Taryhy şahslar
Bu gün sowet adamlary dünýäniň islendik künjüne syýahat edip bilýärler. Bu gün türkmen mehanizatory, türkmen gyzy Eýfel minarasyna çykyp, gözel Pariži synlaýar. Sowet zenany uly-uly sowet delegasiýalaryna baştutanlyk edýär. Ýöne elli-altmyş ýyl mundan öň ýagdaý nähilidi? Ýogsam-da, okeanyň aňyrsyna syýahata giden ilkinji türkmen kimdi? *** Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip yglan edilipdi. Sowatly, ak ýürek, işine jany-teni bilen berlen adamlar jogapkär işlerde işlemek üçin respublikanyň dürli ýerlerinden Aşgabada işe çagyrylýady. Täze-täze gazet-žurnallar çykarylýardy. Aşgabat we Mary okruglarynda ýer-suw reformasy geçirilýärdi. Ine, şol gyzgalaňly günleriň birinde hem Maryda ýer-suw reformasyny geçirip ýören Hajy Atabaýewiň adyna TK(b)P MK-dan gyssagly telegramma gowşuryldy. Bu 1926-nji ýylyň 11-nji aprel günüdi. Şol gün Hajy Atabaýew agşamky otly bilen Aşgabada gaýtdy. Ertesi ir bilen hem ony TK(b)P MK-nyň sekretary Halmyrat Sähetmyradow kabul etdi. Merkezi Komitetiň sekretary bilen az wagtlaýyn bolan gürrüňçilikden soň, Hajy özüniň okeanyň aňyrsyna – Amerika gitmelidigini bildi. Hoşlaşmak pursaty, Halmyrat Sähetmyradow ýeňillik bilen ýerinden turdy-da, Hajyny gapynyň agzyna çenli ugratdy. - Onda näme, sag-aman gidip gel. Ýumuş ýeňil däl. Sen ol ýerde traktor zawodynda işläp, ony bejermekligiň änigine-şänigine çenli öwrenmeli. Bärik geleňsoňam näme, wezipe aýdyň. “Fordzony” remont etmekligi senden öwrenmeli bolarys – diýip, Halmyrat Sähetmyradow ýarym degişme bilen Hajynyň egnine kakdy. Bäherdeniň Nohur obasyndan bolan Hajy Atabaýew öz obalarynda daýhançylyk edipdi, soň täze sowet mekdebinde mugallym bolup işläpdi. Haçanda özbaşdak respublika yglan edilenden soň olam Aşgabada çagyrylanlaryň biridi. Ilkinji türkmen aň-bilim ýaýradyjysy Muhammetguly Atabaýewiň inisi, ýigrimi alty ýaşly Hajy suw hojalyk uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary wezipesi ynanylypdy. 21-nji aprelda Moskwa gelen Hajy Forduň zawodynda traktor kursuny guran “Selskosoýuz” edarasyna barypdy. Ol bu ýerde degişli dokumentleri we gaýry görkezmeleri almalydy. Emma bu ýerde oňa Amerika gitjek toparyň eýýäm Riga ugradylandygyny habar berýärler. Şeýdip, hiç hili iş bitirmän yzyna dolanmaly bolarmykan?! “Selskosoýuzdakylar” türkmen ýigidiniň tutanýerliligine, erjelligine geň galypdylar. Ol özüniň yzyna boş gaýtmajagyna kes-kelläm aýdýardy. Ahyrsoňy traktor bölüminiň müdiri Graý Hajynyň öňünde bir şert goýupdy: eger-de dört günüň içinde daşary ýurduň pasportyny almaga ýetişse, onuň Amerika iberilmegi mümkindi. Şol günüň ertesi ol ähli dokumentlerini Mossowetiň daşary ýurt bölümine tabşyrýar we Moskwada Milletler Sowetinde işleýän Bäşim Gulbeşerowdan haýyş edýär. Şondan iki gün geçenden soň Hajy heniz traktorçylaryň hemmesiniň ugradylmaga ýetişilmändigini, olaryň çagyryş hatyna garaşyp ýörendiklerini bilýär-. Pasport alnandan soňam, wagty bilen okeanyň aňyrsyndan hiç hili habar gelenok. Ol şonuň üçinem iýunyň ahyryna çenli Moskwada garaşmaly bolýar. Rigadakylar hem häli-şindi Moskwa jaň edip, ynjalyksyzlanýardylar. Hiç kim belli-külli jogap berip bilenokdy. “Ýene-de iki gün garaşyň, bolmasa-da hepdäniň ahyrynda habar tutuň” diýýärdiler. Riga, Berline, Nýu-Ýorka, Waşingtona bu hakda soralyp, ýüz tutulsda, barybir netije berenokdy. 19-njy iýun güni “Selskosoýuzda” çagyryş hatynyň alnandygyny, ýöne munda Hajynyň hem ukraýin traktorçylarynyň atlarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Bu hakda Waşingtona gyssagly habar berilýär. Iki günden soň alnan jogapda meseläniň oňyn çözülendigi aýdylýardy. 1-nji iýul. Moskwa telegraf arkaly traktorçylaryň gyssagly ýola düşmelidigini habar berensoň, Hajy dagy dokuz adamdan toparda Riga tarap ýola rowana bolýarlar. Rigada olar “Frenç-Laýn” kontorasyna ýüz tutýarlar. Kontoranyň uprawleniýesi haýdan-haý konsullugyň üsti bilen amerikan wraçyny çagyrýar. Şol günüň ertesi bolsa olary konsullyga alyp barýarlar. Bu ýerde olara erni sigaretli, badyhowa çinownikler garaşýardy. Olar sowet delegasiýasynyň wekillerini öz göwün isleýişleri ýaly oturdyp, birýanyndan sorag etmäge durýarlar. Sowet adamlaryna sorag yzyna sorag berilýärdi: sizi haýsy gurama komandirowka iberýär.Ol guramanyň hökümet bilen nähili baglanyşygy bar, oňa kim tarapyndan serişde goýberilýär?.. Bu soraglardan soň çinownikler delegasiýanyň wekillerini bir ýere ýygnap: “Biz Amerika diňe traktor işini öwrenmäge gidýäs. Ol ýerde hiç hili syýasata degişli iş alyp barmarys” diýen sözleri kasam hökmünde gaýtaladýarlar. Ine, şondan soň olara Amerika tarap ugramaga rugsat berlipdi. Olar Litwadyr Polşany, Germaniýany, Belgiýany, Fransiýany geçmeli bolupdylar. Gawr portunda bolsa Nýu-Ýorka gidýän başga bir gämä münýärler. Gäminiň üstünde ýene-de Rigadaky ýaly barlag geçirilipdi. Soňam ýeke-ýekeden çagyryp, her kimden sorag üstüne sorag edýärdiler: “Bolşewikmi ýa-da kommunist? GPU-danmy, Sowete degişlimi?” Sag-aman Nýu-Ýorka gelensoň, şol gün agşam kursantlary otly bilen Detroýt şäherine ugradýarlar. Olar ertir öýlänler Detroýt şäherine gelipdiler. Bu ýerde olary toparyň jogapkär ýolbaşçysy Ledenow garşylaýar. Olaryň düşlän myhmanhanasy traktor zawodyndan kän bir uzakda däldi. Pyýadalaňda on bäş minutlyk ýoldy. 21-nji iýulda Ledenow kursantlary Forduň kontorasyna alyp barýar. Bu ýerde olara doldurmak üçin kartoçka paýlap berýärler. Soňra instrumentleriň zawod nomerini hem-de markasyny almak üçin başga bir kontora barýarlar. Şol gün olar zawoddaky mekdep ussahanasynda bolýarlar. Mekdebe hojaýynlyk edýän mister Jons we onuň kömekçileri kursantalara käbir zatlary düşündirýärler. Olara Fordzon traktory bilen baglanyşykly gürrüň berýän kitapçany berýärler. Kitapça rus diline çap edilendi. Delegasiýanyň hatarynda Putilow zawodynyň işçilerindenem, obuhowly, harkowly işçilerdenem wekiller bardy. Elbetde, olary bu ýerde işiň önümçilik tarapy has gyzyklandyrýardy. Kursantalaryň arasynda agronomlaram ýok däldi. Olaryň hem öz ugurlary boýunça tälim alaslary gelýärdi. Emma olar ussahanada işçi bolup işläpdiler. Başga bir üçünji topardakylar bolsa uly oba hojalyk raýonlarydan iberilen ýoldaşlardy. Olar öz ugurlary boýunça, ýagny traktory remont etmek boýunça kämilleşmelidiler. Hajy dagynam wagtynyň esasy bölegini remont işinde geçirýärdi. Indi birki agyz kursantlaryň zawoddaky işleri barada. Yzly-yzyna iki günläp traktor işleri öwredilenden soň, üçünji gün başga ýerde iş gurallary hakynda tälim öwredilýärdi. Bu ugurdan tälim berýän instruktoryň öz düşünjesiniň ýabygorlydygy derrew mälim bolupdy. Demirgazyk Amerikada pagtadyr hem-de Orta Aziýadaky beýleki ösümlikler bitmänsoň, olara ideg-yssywat edýän tehniki maşynlar bilen tanyşdyrylmaýardy. Olaryň diňe suratlary görkezilip oňulýardy. Işden soň ýa-da iş wagty Hajy we onuň ýoldaşlary Linkoln-Forduň, Pakkardyň awtomobil zawodlaryna aýlanyp çykypdylar. Şeýlelikde, sowet traktorçylary elli dört günläp Forduň zawodynda tälim alýarlar. 26-njy sentýabr güni halkara kompaniýasynyň guramagy bilen sowet delegasiýasy “Internasionalyň” zawodyna myhmançylyga çagyrylýar. Bu zawod Çikago şäherinde ýerleşýärdi. Çikagoda delegasiýany zawodyň wekilleri professor Boller bilen mister Solowgorodskiý garşylap , taksa mündürip olary zawoda alyp barýarlar. Zawodda olary “Internasionalyň” öndürýän traktorlary we gaýry oba hojalyk maşynlary bilen tanyşdyrýarlar. Bu traktorlar şol döwürde Sowet Soýuzy tarapyndan satyn alynýardy. Ýönekeý amerikaly işçiler uzak ýurtdan gelen öz kärdeşlerini güler ýüz bilen garşy alýarlar. Ine-de hoşlaşyk pursaty-da gelip ýetipdi. 2-nji oktýabr. 27 adamdan ybarat sowet delegasiýasy Nýu-Ýorkdan “Pariž” atly gämä münüp, Watana sary ýola düşýär. Delegasiýa Berlinde düşläp geçmeli bolýar. Bu ýerdäki zawodlaryň çagyrmagy boýunça, delegasiýa “Gonomak”, “WD” zawodlaryna barýarlar, “Frezer-maşyny” traktoryny synlaýarlar. Simes-Şukkert firmasyna baryp görýärler. ...Görüp otursaň, şol wakadan bäri elli ýedi ýyl geçipdir. Bir är ömri! Türkmen halkynyň arasynda ilkinji bolup okeanyň aňyrsyna gidip gelen Hajy Atabaýew ir wagtdan bäri aramyzda ýok. - Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan öň yza galak türkmen ülkesinde ýagdaý diýseň agyrdy. Şeýle ýagdaý bütin Orta Aziýada dowam edýärdi. Men size şol döwrüň Orta Aziýasynyň oba hojalygyna degişli ýekeje mysal getireýin: 1913-nji ýylda Orta Aziýada bary-ýogy 1 traktor, 397 müň mala, 607 müň azal, 1100 plug bardy. Bularam barly adamlara degişlidi – diýip, meniň gürrüňdeşim 1919-njy ýyldan bäri SSKP çleni Annaguly Artykow aýdýar. Men ara düşen dymyşlykdan peýdalanyp, oňa sorag bilen ýüzlendim: - Annaguly aga, Hajy Atabaýewiň Amerika iberilmeginde esasy maksat nämedi? Ýogsam, ol şol döwürde suw hojalyk uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary eken. -Hajynyň Amerika iberilişi gaty gowy ýadymda. Men şol wagt TK(b)P MK-nyň guramaçylyk bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýärdim. “Amerika kimi ibermeli?” diýen sorag ýüze çykanda, bölümiň müdiri Gorodeskiý ikimiz Hajynyň kandidaturasynyň üstünde durduk. Birinjiden-ä, onuň alyp barýan işi gös-göni oba hojalyk bilen baglanyşyklydy. Ikinjidenem, ol rus dilini gaty oňat bilýärdi. Gelip, ol öz alan tälimini beýlekilere aňsatlyk bilen öwredip biljekdi. Bu elbetde, biziň garaşyşymyz ýaly hem bolupdy – diýip, Annaguly aga sözüne dyngy berýär. Hawa, şol ýylda ýurdumyzda öndürilýän traktorlar heniz ýetmezçilik edýärdi. Şonuň üçinem dürli kysymly traktorlar daşary ýurtlardan satyn almaly bolunýardy. “Fordzon” traktory hem şolaryň biridi. Respublikamyzda 1924-nji ýylda ilkinji traktorlar peýda bolupdy. Şeýle-de bolsa, olaryň sany ýylsaýyn artmak bilendi. 1927-nji ýylda bütin respublikamyzda olaryň 117-si bardy. Şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän traktorlardan başy çykýan adamlaram azlyk edýärdi. Ine, şeýle sebäplere görä, agronomlardyr traktorçylardan, işçilerden düzülin delegasiýa ýurdumyz tarapyndan satyn alynýan “Fordzon” traktorynyň öndürilýän ýeri bolan Amerika iberilipdi. Olar özlerine bildirilen ynama-da uly abraý bilen hötde gelipdiler. Amerikadan gelensoň, Hajy öz öwrenen zatlaryny iş ýüzüne geçirýärdi. Ol ýygy-ýygydan komandirowkada bolup, ilkinji kolhozlaryň gurulmagyna işjeň gatnaşýardy. Daýhanlar Aşgabatdan gelen uly wekiliň “şeýtan maşyna” erk edişine haýran galýardylar. Hajy Atabaýew Çärjew ispolnitel komitetiniň başlygy, TSSR ýer işleri halk komissary, sowhozlar halk komissary wezipelerinde-de söýgüli käri bilen aýrylyşmandy. Bu bolsa oňa respublikamyzyň kolhozçylarynyň arasynda uly hormat döredýärdi. Biwagtky yza galak ülkämizi indi görmäge göz gerek. Oba hojalygynda gazanylýan üstünliklere ser salalyň: kesewi dürtseň gögertjek sahy topragymyzyň üstünde kuwwatly traktorlar tarlaşyp ýör. Dürli kysymly kombaýnlar bolsa toprakdan önýän bol hasyly yrýa etmän ýygnaýar. Bu maşynlar öz mähriban Watanymyzda öndürilýär. Bu maşynlara indi daşary ýurtlaryň gözi gidýär. Bu bize beýik Leniniň beren bagty! Hawa, indi görüp otursaň, Hajy Atabaýewiň Amerika gidişi bilen baglnyşykly wakadan bäri elli ýedi ýyl geçipdir. Ýöne weli, onuň manyly ýaşan ömrüniň, türkmen topragynyň lälezarlyga, onuň kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edilmegi ugrundaky bagyş eden ömrüniň bir sahypasyny ýatlamagy öz mukaddes borjum hasapladym. Eýsem-de bolsa, biziň şu günki bagtyýar durmuşymyza eýe bolmagymyza itergi beren şol şöhratly sahypalar dälmidi näme! 1984. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||