15:59 Hajy Ysmaýylow | |
HAJY YSMAÝYLOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýazyjynyň ady we familiýasy: Hajy Ysmaýylow Doglan ýeri: Aşgabat şäheriniň Bagyr obasy Doglan senesi: 1913 Aradan çykan senesi: 1948 Bilimi: Moskwada Türkmen magaryfy instituty Gysgaça maglumat: 1929-njy ýylda Aşgabada gelip, okuwyny Komintern adyndaky 1-nji rus orta mekdebinde dowam etdirýär. Hajy dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda terjimeçi bolup işleýär. Hajy Ysmaýylow 1941-nji ýylyň ahyrynda fronrta gidip, faşistik basybalyjylara garşy söweşip, 1943-nji ýylyň başlarynda agyr ýaralanýar hem-de çep goluny aldyryp, Aşgabada dolanyp gelýär. Ol Türkmen döwlet neşirýatynda işleýär, edebi döredijilik işine başlaýar. Rus hem daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleriniň birnäçesini türkmen diline terjime edýär. Hajy Ysmaýylow çagalar hem ýetginjekler prozasyny esaslandyrjylaryň biri. Onuň “iki atanyň bir ogly” (1946), “Bäsdeşler”, “Mugallymyň gyzy” (1947) powestleri özüniň çeperçilik gymmatyny henize çenli ýitirenok. Hajy Ysmaýylow 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde wepat bolýar. Çeşme: Edebiýat. umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-203-204 Taýýarlan: Aýlar Nurmuhammedowa Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/hajy-ysmayylow-2/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |