10:49 Hajymyrat | |
HAJYMYRAT
Taryhy şahslar
Öz döwürdeşleriniň arasynda Hajymyrat ady bilen tanalan bu adamyň soňky ykbaly keç boldy. Hajymyrat asyryň başynda 2-nji Orenburg kadet korpusynda okaýar. Soňra 1912-nji ýylda Aleksandrowsk harby pyýada uçilişesini üstünlikli tamamlaýar. 154-nji Derbent pyýada polkunda wzwod komandiri bolýar. Asgabatdaky 17-nji türkmen atyjylyk polkunda gulluk edýär. 1914-nji ýylda gulluk edýän polky bilen Kawkaz frontuna iberilýär. Söweş meýdanlarynda edermenlik görkezýär. Oktýabr rewolýusiýasynyň öňünçäsi ol 17-nji Türküstan atyjylyk polkunyň 3-nji batalonynyň komandiridi. Ol ýigriminji ýyllaryň başlarynda oblast halk magaryf bölüminde inspektoryň orunbasary wezipesinde işleýär. Soňra hut G. Atabaýewiň tagallasy bilen oňa ýüpekçiligi ösdürmek wezipesi ynanylýar. Hajymyrat Pöwrizede pile zawodyny ýola goýýar. Soň ol dürli wezipelerde işleýär. Nähak yzarlanylýar, göwnüne degilýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa terjimeçilik bilen meşgullanýar. Öz döwrüniň juda sowatly adamy bolan Hajymyrat 1937-nji ýylyň tutha-tutlugynda «halk duşmany» hökmünde türmä basyldy. Agyr gynalmalardan soň hem türmede wepat boldy. Men onuň gyzy Jahan Hojamyradowa bilen söhbetdeş boldum. Ol TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işleýär. Söhbetdeşligi okyjylara hödürlemezden öňünçä, Hajymyrada degişli arhiw dokumentleriniň birnäçesine ser salalyň: *** «Uezd türkmen komitetleriniň oblast gurultaýynyň delegatlarynyň mejlisiniň protokolyndan (10, 11, 12, 13, 14-nji maý, 1917 ý., Asgabat). Mejlis gurultaýy çagyrmagyň inisiatory podpolkownik han Ýomutskiý tarapyndan açyldy. 1. Gurultaýyň prezidiumyny saýlamak. — Podpolkownik han Ýomutskiý gurultaýyň başlyklygyna biragyzdan saýlanylýar: kapitan Hojageldi Hajymyrat bilen ştabs-rotmistr Seýitmyrat Öwezbaýew ýoldaş başlyklyga. Rahmanberdi Badalow (musulman bölüminden) hem-de Kakajan Berdiýew (rus bölüminden) sekretarlyga saýlanyldy»... Gurultaýda türkmen komitetiniň 19 punktdan ybarat düzgünnamasy tassyk edilýär. Onda oblast azyk komitetini, oba milisiýasyny, halk suduny döretmek, mekdep we gaýry meselelere garalýar. Şeýle hem gurultaýda işçiler we soldatlar deputatlarynyň Sowetleri bilen gepleşikler geçirmek üçin wagtlaýyn komissiýa döretmek karar edilýär. Komissiýanyň hataryna podpolkownik N.N. han Ýomutskiý, K.Berdiýew, ştabs-rotmistr Seýitmyrat Öwezbaýew, kapitan Hajymyrat, Rahmanberdi Badalow, Seýithoja Şerabow girýär. Şeýle hem gurultaýda işçiler, soldatlar we daýhanlar deputatlarynyň gurultaýyny gutlamak meselesine-de garalýar. Gutlagyň teksti ara alnyp maslahatlaşylýar we gurultaýy gutlamak üçin birnäçe adamdan ybarat delegasiýa ibermegi, türkmen gurultaýy gutarandan soň bolsa, onuň bütin sostawy bilen gurultaýy gutlamak üçin barmak karar edilýär. *** «Türkmen oblast komitetiniň başlygy wezipesinden boşaýanlygy hakda han Ýomutskiniň 1917-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky habary. Özümiň şu günden Türkmen oblast komitetiniň başlygy wezipesinden boşaýanlygymy hem-de ony saýlawa çenli wagtlaýyn kapitan Hajymyradyň üstüne ýüklenýändigimi Zakaspi oblastynyň komissary Dorere habar berýärin. N. han Ýomutskiý *** «Soldatlar, işçiler, daýhanlar we musulman deputatlarynyň Sowetleriniň nobatdaky ýedinji Zakaspi oblast gurultaýynyň protokolyndan. (№ 1, 1918-nji ýylyň 12-nji maýy). Diňlenildi: 1. Mandat komissiýasyny saýlamak hakda. Karar edildi: Şu ýoldaşlar saýlanyldy: Rozanow, çepçi es-er, 23 adam ses berdi, 8-si saklandy; Hajymyradow, partiýada däl, 29 adam ses berdi, 6-sy saklandy; Dmitriýew, bolşewik, 20 adam ses berdi, 9-sy saklandy. Diňlenildi: 2–3 adamdan ybarat prezidiumy saýlamak hakda. Karar edildi: 2. Saýlandylar: Tuzin, 28 adam ses berdi, 6-sy saklandy; Teliýa, 23 adam ses berdi, 12-si saklandy; Hajymyradow, 29 adam ses berdi, 5-si saklandy, 7 adam garşy çykdy. Diňlenildi: 3. Gurultaýyň mejlisiniň tertibi hakda... Gurultaýyň prezidiumy: Tuzin, W. Teliýa, H. Myradow. Gurultaýyň 18-nji maýdaky mejlisinde oblasty komissarlary saýlanylýar. Şeýlelikde Wissarion Teliýa (oblast komissarynyň kömekçisi), Wasiliý Dmitriýew, Molibojko, Dubrowin, Hajymyradow, Ýakow Jitnikow, Nikolaý Rozanow komissar edilip saýlanylýar». *** – Jahan Hajymyradowna, ilki bilen kakaňyzyň terjimehaly hakda aýdaýsaňyz? – Kakamyň hakyky ady Hojageldi, familiýasy Hojamyradow, il içinde ýörgünli lakamy bolsa Lolluk bolan. Ýöne näme üçindir ähli dokumentlerinde onuň adyny Hajymyrat diýip ýazypdyrlar. Kakam Bäherden raýonynyň Bamy obasynda dünýä inýär. Atam Hojamyrat köp ýyllap Bamy arçyny bolupdyr. Şonuň üçinem halk ony Hojamyrat arçyn diýip atlandyrardy. Atamyň bäş ogly bolan. Iň uly ogly meniň kakam Hojageldi bolmaly. Ondan kiçisine Mämmedaman Hojamyradow diýerdiler. Ol ömrüniň köpüsini Türkmen döwlet medisina institutynda mugallym bolup işledi. Ýaňy-ýakynda bolsa dünýäden ötdi. Üçünji ogly Annamämmet Hojamyradow. Ol hem 1937-nji ýylyň tutha-tutlugynda tussag edildi. Ol pahyryň şol nam-nyşansyz ýitip gidişi. Annamämmet kakamyň soňky ykbalynyň nähili bolany belli däl. Aýaly we bir topar çagasy dökülip galdy. Ol pahyr otluda prowodnik bolup işleýärdi. Dördünji ogly Bally Hojamyradow köp ýyllar halk magaryf sistemasynda işledi. Bally kakam Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebine direktor bolup işläp ýörkä, 1948-nji ýylyň ýer titremesinde wepat boldy. Atamyň iň kiçi ogly Gurbanmämmet bolsa Bamy obasynda daýhançylyk etdi, kolhozçy bolup işledi. Ol hem ýaňy-ýakynda aradan çykdy. Kakamyň doganlaryndan diňe bir aýal dogany bar. Olam Börmede ýaşaýar. 84-nji ýylda komandirowka gidenimde ýanyna bardym. Ogulsoltan diýýärler. Biz oňa Totan eje diýýäris. Häzir 82–83 ýaşynda bolmaly. Mahlasy, atamyň bäş ogly, dört gyzy bolupdyr. Ýaňy aýdyp geçişim ýaly atam, onuň uly ogly - meniň kakam, onuň doganlary, Ogulsoltandan özgesi dünýäden ötdi. Emma Hojamyradowlaryň maşgalasy köplük. Olaryň ogullary, gyzlary, agtyklary, çowluklary respublikamyzyň dürli künjeginde ýaşaýar we halk hojalygynyň dürli pudagynda hünärli spesialistler bolup işleýärler. Mysal üçin, Öwezmyrat, Mämmetguly, Baýram Hojamyradowlar ylymlaryň kandidaty. Men diýen wagty aradan çykan talantly artist we režissýor Orazmuhammet Hajymyradow Türkmenistan respublikasynyň at gazanan artisti we Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty diýen hormatly atlara mynasyp boldy. – Özüňizden uly doganyňyz Annaşyh hakda-da birki agyz gürrüň beräýiň! – 1937-nji ýylda Myrat Gapaýewiç Berdigylyjow feldşerçilik mekdebiniň direktory bolup işleýärdi. Şol mekdepde meniň doganym Annaşyh neresse okaýardy. Kakam tutulanda Annaşyhy gözlediler, emma tapmadylar. Myrat Gapaýewiç ony Köýtendagyň bir ýerlerine praktika iberipdir. Ony bolsa hiç kim gumanam etmeýärdi. Şeýlelikde tutha-tutlukda direktor öz mähriban okuwçysyny ölümden sypdyrdy. Meniň özümden uly süýtdeş doganym Annaşyh Hojamyradow 1939-njy ýylda goşun gullugyna çagyrylyp, 1946-njy ýylda-da Aşgabada dolanyp geldi. Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip birnäçe orden-medala mynasyp boldy. Ol uruşdan endam-jany ýaraly geldi. Iki eli agzyna ýetmeýärdi. Ol köp ýyllap şäherde mekdep direktory, paýtagtymyzdaky Lenin raýon halk magaryf bölüminiň müdiri wezipelerinde işledi. Beýik Watançylyk urşunyň inwalidi–endam-jany mina gyýçaklaryndan doly bolan doganym 1971-nji ýylyň tomus aýlary bäş çagany döküp gitdi. Ol bary-ýogy elli ýaşyndady. – Kakaňyzyň ömür ýoly gaty täsin bolupdyr. – Kakam obada doglan hem bolsa, esasy bilimi we terbiýäni Oktýabr rewolýusiýasyndan öň Russiýanyň aýry-aýry şäherlerinde alypdyr. Garry atam Hojamyrat arçyn öz döwrüniň akylly-paýhasly, medeniýet-li adamy bolan. Atamyň gürrüň, bermegine görä, kakam çagalykdan bilim almaga ýykgyn edipdir. Atam kakamyň gylyk-häsiýetlerine belet bolany üçin oglunyň bilim almaga hyjuwynyň barlygyny aňyp, Peterburg şäherine alyp gidýär. Atam Peterburgda patyşa köşgüniň ýakyn adamlaryna bir sanaç gyzyl we beýleki sowgatlary gowşuryp, olardan ogluny alyp galmagyny, bilim-terbiýe bermegini haýyş edýär. Şeýlelikde kakam ilki bilen Orenburg şäherinde ýerleşýän harby kadet korpusyny üstünlikli tamamlaýar. Soňra ol Moskwanyň ýokary harby uçilişesinde okap, ony hem gutaryp, rus goşunynyň ofiseri bolup ýetişýär. Kakam şu ýokardaky ady tutulan harby mekdepleri gutaryp, goşun ofiseri bolandan soň, Russiýanyň harby komandowaniýesi kakamy frontuň, aýry-aýry uçastogyna söweşe iberýär. Meselem, rus-türk frontunda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezenligi üçin, komandowanie ony telim gezek şol döwrüň ordenleri we medallary bilen sylaglaýar. Emma soňky döwürde kakamyň geçen ömür ýolunda uly syýasy wakalar we düýpli özgerişler bolup geçýär. Atamyň aýtmagyna görä, kakam Zakaspi frontunda uly aýgytly harby tabşyryklary üstünlik bilen ýerine ýetirýär. Men ýaş hem bolsam, kakamyň daşary ýurtlara, ýagny Angliýa, Fransiýa, Müsüre, Eýrana gidip, ol ýerden bize her hili sowgat getirýändigini bilýärdim. Kakamyň zady özünden öň gelerdi, ol zatlary kimdir başga biri getirýärdi. Biz şol döwürde kakamyň näme maksat bilen daşary ýurda gidip-gelýändigini bilmeýärdik. Men ol wagtlar çagadym. Emma muny ýaşulular, atam-enem hem bilmeýärdi. Hakykatda bolsa kakam Sowet döwletiniň howpsuzlygyny goraýan başarjaň çekist ekeni. Bu barada respublikamyzyň döwlet howpsuzlyk organlarynyň 60 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, «Türkmenskaýa iskra» gazetiniň 1984-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky sanynda çykan makalada ilkinji çekist hökmünde kakamyň ady tutulýar. – Kakaňyzyň tutulyp äkidilişi ýadyňyzdamy? – 1937-nji ýylyň tutha-tutlugy we ganly wakalary biziň maşgalamyzyň üstünden hem gara bulut bolup indi. Size mälim bolşy ýaly, şol ýyl respublikamyzyň görnükli partiýa we döwlet işgärleri Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow we başga-da ýüzlerçe-müňlerçe günäsiz adam köpçülikleýin tussag edilip başlandy. Biziň maşgalamyz şol wagtlar Aşgabat şäheriniň Krym köçesiniň (häzir Alyşir Nowaýy) 81-nji jaýynda ýaşaýardy. 1937-nji ýylyň güýz aýlarydy. Men şol wagtlar 12 ýaşymdadym. Gijäniň bir wagty NKWD-niň bir topar işgäri biziň jaýymyza kürsäp girdi. «Siziň öýüňizde ýarag saklanýarmyşyn» diýen bahana bilen uzyn gije öýmüzi dökdüler. Emma öýi näçe dökseler-de ýarag tapylmady. Olar öýde bar bolan gyzyl-kümüşi we gyzyldan, kümüşden ýasalan zatlary aldylar. Kakamy bolsa gödeklik bilen südürläp maşyna salyp äkitdiler. Şol gijede bolan gynançly we howply wakalar meniň ýadymdan hiç wagt çykmaýar. Meniň mähriban kakamyň ykbaly şol ganly gijeden soň biziň üçin näbelli bolup galdy. N.Kalinkowiçiň kakam hakdaky makalasynda «türmede agyr keselden ölüpdir» diýlipdir. Emma gynansak-da kakamyň ölşi hakyndaky bu habar hakykata dogry gelmeýär. Awtoryň bu maglumaty nämä esaslanyp ýazany meniň üçin belli däl. – Muny siz näme esaslanyp aýdýaňyz? – 1978-nji ýylyň noýabr aýynyň başlarynda biz – adamym, partiýanyň we zähmetiň weterany Juma Köýnekow bilen Murgap raýonynyň Kuýbyşew adyndaky kolhozyna, ýagny adamymyň dogduk mekanyna, onuň dogan-garyndaşlarynyňka görme-görşe bardyk. Şonda adamymyň köne dosty, respublikamyzyň hormatly ýaşulusy, sowet we hojalyk organlarynda ýolbaşçy işlerde köp ýyllap işlän, häzirki wagtda bolsa Murgap raýonynyň «Moskwa» kolhozynda ýaşaýan 90, ýaşly Muhammetdurdy Sähetmyradow biziň bilen görüşmek-salamlaşmak üçin ýanymyza geldi. Ol biziň bilen esli wagt oturdy. Köp zatlar hakynda gürrüň edildi. Soň ol maňa ýüzlenip: – Siz Hojageldi Hojamyradowyň gyzymy? - diýdi. Men hem: — Hawa ýaşuly, men şonuň hakyky gyzy–diýip jogap berdim. – Eger siz şonuň hakyky gyzy bolsaňyz, onda men size bir ýakymsyz ajy habar aýtmakçy bolýaryn. Men Hojamyradow bilen Aşgabatda, NKWD-niň türmesiniň bir kamerasynda 1937-nji ýylyň aýaklarynda bile boldum. Seniň kakaň gaty sowatly we medeniýetli adam ekeni. Bir gün ýary gijeden soň seniň kakaňy NKWD-niň işgärleri gelip, biziň kameramyzdan alyp gitdiler. Şol gijeden soň kakaň ykbalynyň nähili bolanyny bilemok. Emma edil şunuň ýaly tussaglary ýary gijeden soň äkitseler atýardylar. Seňem kakaň şol gije atylyp öldürilen bolmagy gaty ähtimal—diýdi. Ýaşuly sözüniň soňunda şeýle diýdi: – Seniň kakaň ýaly hakyky rewolýusioneriň Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň ýeňmegi üçin uly hyzmatlar bitiren adamyň bikanun, wagşylyk bilen atylyp öldürilmegi mende çuňňur gynanç döretdi we köp wagtlap özüme gelip bilmedim. – Kakaňyzy nähili keşpde göz öňüne getirýärsiňiz? – Kakam orta boýludy. Çemlije adamdy. Sagatdy. Gepi-sözi edil şänik döwen ýalydy. Diýeni diýen, aýdany aýdandy. Kakam iňlis, fransuz dillerini gowy bilýärdi. Dile ökdedi. Ýadymda, elimden tutup, harplary ýazdyrardy. Häzirem şo poçerkim galypdyr meň. «Ine, şeýdip ýazarlar gyzym» diýip, elimden tutup ýazdyrýardy. Özem her harpdan bir depder doldurtdyrýardy maňa. Kakam soň ejem Oguljahanyň üstüne azerbaýjan aýal alypdyr. Abaýat hanymyň bir gyzy ilkinji adamsyndan, ýedi gyzy hem ikinji adamsyndan eken. Sekiz gyzy bardy. Pahyr maňa gürrüň berip aglardy. «Sekiz gyzym boldy. Emma oglum bolmanlygy sebäpli men seň kakaňa durmuşa çykdym» diýerdi. «Seniň kakaňdanam iki gyzym, bir oglum boldy. Ol gyzlaryňam biri öldi» diýerdi. Onuň bir ogly bilen bir gyzy häzir bar. Ogly Bakuwda ýaşaýar. Şamyrat Hajymyradow, Azerbaýjanyň at gazanan artisti. Käwagt gelip gidýär. Gyzy Soltan Hajymyradowa Aşgabatda ýaşaýar. Inçekesel institutynda çaga wraçy bolup işleýär. Abaýat hanym ellinji ýylda ýogaldy. Men Çärjewde işleýärdim. Şol wagt mugallymdym. Bakuwda ýogalypdyr pahyr. ... Biz köplenç atamyň ýanynda bolardyk. Ejem dokma dokardy, keşde çekerdi. Ejem ilki Aşgabatda ýaşapdyr. Soň kakam Bamyda oňa jaý saldyrypdyr. Ejemi göçürip äkidipdir. Şo jaýyň uly zalynda gelin-gyzlar dokma dokardylar. Ejem dagy ýedi aýal dogandy. Bir gezek bir aýal dogany onun ýanyna geldi. Ejem şonda aglady. Aýal doganam aglady. Olaryň nämüçin aglanyny bilemok. Öýde-de adam ýokdy. Soň ejem bilen daýzam ýabyň içine girdiler-de gidiberdiler, gidiberdiler. Ýabam suwsuz. Gazmasy aňsat. Pil bilen gazmaga durdular. Çuň gazdylar. Uly sanaç. Içinde näme bar bilemok. Şony gömdüler. Gowy edibem tapbatladylar. Onsoň ýaba suw goýberdiler. Nämüçin edilenini geň görýärdim. O wagtlar men örän kiçijikdim. Ýadymdan çykanok. Ejem maňa «Muny hiç kime aýdaýmagyn. Aýtsaň bizi garaňky tama salarlar» diýdi. Gorkujygyma şuny hiç kime aýdyp bilmedim. Maňa ol şu çaka çenli syr bolup galdy. Ejem 37-nji ýylyň iýul aýynyň ýedisinde ýogaldy. Awgustda kakam gelip, ejemiň kyrkyny berdi. Ejeme nebsim agyryp aglaýardym. Diňe maňa agram düşýän ýaly duýýardym: «Indi ejem gelmez ahyryn, näme üçin aglaşanoklar». Günüzyn adamlary aglaşdyrasym gelýärdi. Kakam ejemiň kyrkyna gelende «Näme aýdan-goýan zatlary bar?» diýip sorady. Ölmezinden öň ejem maňa: «Dagda uly öküzçämiz bardyr, gyzym. Şony getirseler, meniň aşyma-suwuma ýaraýsa gowy bordy. Meň elinje, halalja zadym» diýdi. Menem soň aýtsam, Gurbangül enem: «Aý, ony tapyp bolarmy, bolmazmy? Dagyň niresinde gezip ýörenini kim bilýä?» diýdi. «Aý, başga-da mal kän-le. Goýun bar, öküzçe bar, gysyr sygyr bar» diýdi. Şonda-da kakam: «Onuň diýen öküzçesini tapyp getiriň» diýdi. Şol öküzçäni tapyp getirdiler. Ejem pahyryň kyrkyny berdiler. Şondan soň kakam meni we jigim Meredi öz ýany bilen Aşgabada äkidermen boldy. Atam bilen Gurbangül enem meni goýbermejek bolup: «Şujagaz gyz galsyn. Dokma-da dokaýa, keşde-de çekýä. Bize-de el-aýak ýaly. Kömegem bolýar» diýdiler. Elbetde, kakaň kakaň bolýa-da. Çagasy, belki-de galdyrasy gelen däldir. Gözüniň öňünde saklasy gelendir. Aýry ýaşasy gelen däldir. Şoň üçinem bizi kakam alyp gaýtdy. Uly doganym Annaşyh owalam Aşgabatda ýaşaýardy. Geldik. Birnäçe wagtdan soňam kakamyz tutuldy. Ýetim, hiç kimsiz galdyk. Halk duşmanynyň çagasy bolduk. Bizi gören gorkdy. Biziň bilen salamlaşmaga-da gorkdular. Mekdebe barsagam alanoklar. Bir gün öýümize 3–4 sany adam geldi. Gorsowetden, Abaýat hanym: «Bu adamlar sizi äkitmäge gelipdirler» diýdi. Menem öz ýanymdan «Garaňky jaýa äkitjekmikäler» diýip pikir edýän. Abaýat hanym şonda «Özümden önen çagalarymy berjek däl. Bulara eýe çyksaňyz çykyberiň» diýdi. Şol gelenleriň ýaşuluragy maňa: – Gyzym, biz sizi äkitjek. Biz - hökümet — diýdi. –Biz sizi iýdireris, geýdireris, okadarys. Ynha, görýäňizmi, sizi okadanoklar. Barsaňyzam mekdebe salanoklar. Şeýle dälmi? — diýdi. Menem: --Hawa — diýdim. Alajyň näme, olar bilen gitmäge razylyk berdim. Biraz wagt Aşgabatda bolanymyzdan soň bizi jigim Meret bilen gyzyl wagona salyp äkitdiler. Suw bilen çörek berýärler. Gidip otyrys, gidip otyrys. Gije haýsy, gündiz haýsy bilemok. Soň bir otluk ýere bardyk. Eýleräkde bir şäherem bar weli, bärrekde bir ýerde düşürdiler. Bizden başga-da çagalar bar. Şo ýerde sakladylar. O taýda okuwam ýok, dokuwam. Bizi ýene gyzyl wagonlara mündürip, getirip Aşgabatda düşürdiler. Gyzgyn nahar berdiler. Hammama äkitdiler. Şo wagtlar Büzmeýin tozap ýatan ýerdi. Detdoma äkitdiler. Üç aý dagy bolduk. Özümiz ýaly çagalar bilen okaýas. Ýaşap ýördük welin, ýanymyza Annaşyh geldi. Ony kakamyz tutulandan soň görmändik. Annaşyhyň nähili halas edilişini başda gürrüň beripdim. Ony görüp jigim Meret ikimiz iki ýerden boýnundan asyldyk, «Bizi äkit-de, bizi äkit» diýip aglaýas. Olam: «Aşgabada baraýyn. Soň yzyňyzdan gelerin» diýdi. Soň ol biziň yzymyzdan gelip, Aşgabada äkitdi. Dokma fabriginiň ýanynda FZU mekdebi bar eken. Meret neressede ýanymda. Olam menden aslyşyp: «Meni ýanyňdan goýma. Goýsaň ölerin» diýip aglaýar. Menem ondan beter aglaýan. Şeýdip onam alyp gaýtdyk. Annaşyh bizi FZU-a ýerleşdirdi. Ýatakhanadan ýer berdiler. Ilki üç gyz bolup ýaşadyk. Meret neressäni gapdalymyzda ýatyrýan. Bir gün komendant aýtdy: «Şu taýda bir kiçiräk krowat bar welin, şony ýanyňda goýup, jigiňem krowatda ýatyraýaly» diýdi. «Wah, oňa ýetesi näme bar. Ýerde ýatsagam, ikimiz bile bolsak bolýa bize» diýdim. Komendant bir gowy rus aýalydy, adamsam türkmendi. FZU-da okamda kyrk bäş gyz bolubam bir uly zalda ýaşadyk. Jigimem ýanymda bir kiçiräk krowat bilen. Ilk-ä gyzlar Merede gatyrganjak ýalam etdiler. Soň öwrenişdiler. Şeýdip Meret hemmämiziň jigimiz boldy. Bile bolan gyzlarymyzyň ählisi ýetim çagalardy. Her milletden bardy. Şolardan häzir Wera Serebrýanskaýa, Nartäç Annamyradowa, Ejegyz Mämmedowa bar. Sataşan wagtymyz biri-birimizi ýitirip tapan ýaly bolýas häzirem. Dogan ýaly-da. Horam bolsak, kynçylygam görsek, mert durupdyrys. Indi-indiler şo zatlary ýatlap, agym tutýa. Uçilişäni gutaryp, dokmaçy bolup işledim. Kaçirýanyň diýip ermeni aýaly meň halypam boldy. Ökde dokmaçydy. Fabrikde-de ýoldaşlarym «Okuwyňy dowam etdir» diýdiler. «Işleseňem dokluk ýok, okasaňam, şol açlyk. Oka, kömek ederis» diýdiler. Olaň maslahaty bilen Aşgabat pedinstitutyna okuwa girdim. Oba hojalyk institutynyň ýanynda çagalar öýi bardy. Günde bir gezek şo taýyk baryp, mugt bir kuruşge tribuha-bulamak iýip gaýdardyk. Onam her gün iýseň saryňy gaýnadyp alyp barýa. Şolam bir kömek boldy. Ölmez-ödi bolýady. Institutyň özem kömek etdi. Erkek kişiniň içki egin-eşigi bar, şuny talon bilen goýberýärdiler. Elbetde, şo wagtlar erkek adamlar azalansoň şo zatlary almaga adam ýokdur-da. Şeýle çak etdik soň. Şony talon bilen magazinden alýas, alybam satýas. Şoň puluna-da çörek satyn alýas. Bize uly kömek boldy şo. — Instituty näçenji ýylda tamamladyňyz? — Institutyň türkmen dili we edebiýaty fakultetini 1947-nji ýylda tamamladym. Bile okuwy tamamlanlarymdan Kakabaý Seýitmyradow, Ata Ulugberdiýew, Ejegyz Saryýewa, Meret Çaryýew, Ogulnabat Myradowa dagy bardy. Meni Çärjew peduçilişesine işe iberdiler. Soň Mara geldim. «Kommunizm», Telman adyndaky kolhozlarda mekdep direktory bolup işledim. Indem ýigrimi iki ýyl bäri Dil we edebiýat institutynda işleýän. Iki oglum, bir gyzym bar. Uly oglum Batyr halk kontrollygynda işleýär, kiçisi Serdar Orta Aziýa demirýolunyň Aşgabat bölüminiň OBHSS-niň naçalniginiň orunbasary. Gyzym Aýna Marynyň Telman adyndaky kolhozynyň «Dogry ýol» uçastogynda mekdepde rus dili we edebiýaty sapagyny okadýar. Oňam bäş çagasy bar. Bir ogly goşun gullugyny gutaryp geldi. Biri häzir goşun gullugynda, gyzy durmuşa çykdy, bir ogly uniwersitetiň studenti. – Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynda Hojamyrat wolostnoýyň obrazy bar. Berdi aga siziň ataňyzyň adyny öz romanyna goşan-a däldir-dä? – Dogry çaklapsyňyz. Atamyza Hojamyrat wolostnoýam, Hojamyrat arçynam diýerdiler. Berdi aga atamy-da, kakamy-da ýakyndan tanaýan eken. Biziň hemmämiz atamyza uly hormat goýardyk. Gaty mähriban adamdy. Ol öz çagalarynyň, il-gününiň üstünde ganat gerýän adamdy. O pahyram tutha-tutlugyň pidasy boldy. Kakam tutulandan soň, atam Bamydan derrew geldi. Pahyr oglunyň tutulanyny eşidip, zähresi ýarylan ýaly bolup gelipdir. Ol şol wagtlar ýaşy bir çene baran adamdy. Asylam agras adam bolansoň, ajy habar, gaýgy-gam ony has sus, birhili tutuk görkezýärdi. Uly eýwanymyzda, içmegine dolanyp, ýanyn ýatan ýerinden çaý içip, gamgyn görnüşde her haýsymyza bir seredip pikirlenýärdi. Kakam atamyň guwanjy-begenji, nowbahar ogludy. Atam şeýle görnüşde 2–3 gün oturdy. 3-nji gün NKWD-niň adamlary gije gelip, garry görgülini hem südenekledip äkitdiler. Atam pahyryň şol gidişi. Soň ondan gördüm, bildim bolmady. Atamyň bir gektardan gowrak ýeri bardy. Şo ýeriň içinden iki ýap geçýärdi. Şol ýaplaryň biriniň gyrasyna alma, beýlekisiniň boýuna bolsa balhy tut ekilgidi. Ol iýmişler ýetişende çagalar hezil edip iýýärdiler. Melleginiň ýene bir ýerine bir pel gawun-garpyz hem ekerdi. Atam galjaň, özem gaty zähmetkeş, hakyky daýhan adamdy. Ol hakyky hojalykbaşydy. Atamyň mülk ýeriniň içinde gaty gowy erik agaçlary bardy. Ol erik agaçlary ullakandy, düýbi gaty ýogyndy, özem ýaýrawdy. Erikleriniň her biri ýumruk ýaly, peýwendi erikli, özem süýjüdi. Mellegiň her ýerrägine bir düýp erik ekilendi, ýere bolsa ýorunja sepilendi. Erik bişip gaçanda ýorunjanyň üstüne gaçardy, şonuň üçinem hiç ýerine zeper ýetmän ýatardy. Erikler gowy bişenden soň, kakyp ýygnardylar, pessejik tamlaryň üstüne gamyş ýazyp, şoňa sererdiler. Erikler gurandan soň halta salyp goýardylar. Gury erikler halta-halta bolup durardy. Şonuň üçinem gyşyn-ýazyn ir-iýmişsiz bolunmaýardy Ýeriň başga bir bölegine gowaça ekilerdi. Iki sany ullakan pele gowaça ekip, ýere gaty gowy serederdiler Ol ýerik hiç kimiň barmaga milti ýokdy. Diňe gowaça seredýänler barýardylar, suwuna, bejergisine seredýärdiler. Gowaça göm-gök bolup otyrka, onuň her gozasy ýumurtga ýalydy. Hyzmaty ýeten gowaçalar güýz aýy ak patrak bolup açylardy. Şol wagt gaty gowaçanyň ýanyna ýakynlaşmak gadagandy. Gowaçany dört sany ýaşrak zenan maşgala ýygdyrardylar. Edil şol wagt peliň bir çetinde terezi goýup, atam pahyr ýygnalan hasyly 2–3 sany ermeni adama satyp goýberýärdi. Atam pagtany kabul edýän adamlar bilen hakyky şertnama baglaşar eken... *** ... Hajymyradyň keç ykbaly hakda kän oýlanyp gezdim. Baryp elli sekizinji ýylda aklanandygyna garamazdan, ýaňy-ýaňylaram onuň ady, bitiren işleri dogrusynda gürrüň ediliberenokdy. Onuň ady tutulanda ilki bilen patyşa goşunyna gulluk eden adam hökmünde göz öňüne getirilýärdi. Şeýle halatda biz onuň öz döwrüniň ogly bolandygyny unudyp gürleýärdik. Ony unutmaga çalyşýardyk. Bu eýsem-de bolsa diňe Hajymyrat babatda şeýlemidi? Ýok, hany biz Hajymyrat bilen bir döwürde Sowet häkimiýetine ak ýürek bilen gulluk eden Seýitmyrat Öwezbaýew hakda nämeler bilýäris? «Turkmenowedenie» žurnalynyň ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda çykan sanlaryna göz gezdirip görüň. Şonda obama-oba aýlanyp, türkmen halkynyň atalar sözüni, nakyllaryny yhlas bilen toplap, ony çapa taýýarlan Seýitmyrat Öwezbaýewiň familiýasyna ýygy-ýygydan gabat gelersiňiz. Gökdepe urşunyň pajygaly wakalaryndan söhbet açýan ullakan ýazgynyň hem awtory S. Öwezbaýew. Häzir şol ýazgynyň belli bahasy ýok. Han Ýomutskiý! O hakda biz nämeleri bilýäs? Bilýän zatlarymyz gaty ujypsyz. Ýaňy ady agzalan žurnalyň sahypalaryny bir agdaryşdyryp görüň. Ol adamyň örän uly taryhçy bolandygyna göz ýetirersiňiz. Ýok, men bulara perişde ýaly adamlardy diýjek bolamok. Elbetde, olaryňam ýalňyşy bolandyr. Ýöne şol ýalňyşlyklary üçin olary günertlemek hakykata laýykmydy beri. «Ýok laýyk däl!» Bu gün biz şeýle jogaby gaty köp adamdan eşidip bileris. Onda näme üçin ol gerçek ömürler hakynda dymmagymyzy dowam edýäs? «Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň berkarar bolmagy üçin öz güýç-gaýratyny gaýgyrmadyk gaýduwsyz göreşijileriň, öz halky üçin janlaryny gurban eden gerçekleriň atlary ebedileşdirilse, olara ýadygärlik dikilse maksadalaýyk bolardy!» Bu şol gerçekleriň biri – Hajymyradyň ata mährinden ganmadyk ýetim gyzy Jahan daýzanyň ýürekden syzdyryp aýdan sözleri. Şu sözler bilenem men Hajymyrat hakdaky ýazgymy tamamlamagy makul bildim. 1989 ý. Sentýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |