22:07 Haklaşyk / hekaýa | |
HAKLAŞYK
Hekaýalar
Dowar sürüsiniň örüsinde ýene-de keýtik möjegiň täze yzlary görünmegi baş çopany alada goýdy. Artky aýaklarynyň biri şikes tapan bu möjek çopana öňden bäri tanyşdy.Ol dowarlaryň otlag meýdanynda käte görünýärdi-de basym gözden gaýyp bolýardy. Möjegiň bu hereketi adamlardan daşrak duranyny kem görmeýäne çalym edýärdi. Baş çopan bolsa ”Çal möjegiň süreni golaýda bolsa gerek”diýip, hemişe öz ýanyndan çaklaýardy. Duldegşir goňşy bolup ýaşaýan bolsalar-da möjek ýaýladaky bu dowar sürüsine heniz hüjüm etmändi. Zerurlyk ýüze çykyp baş çopan etraba gaýtmaly bolanda dowar sürüsiniň garamatyny çolugyna tabşyrmaly bolýardy. Ol hemişe böwrüni diňläp gezýärdi, çal möjekden gorkusy az däldi. Çojugyň ýekeliginden peýdalanyp möjek ordasy sürä aralaşsa, onuň ýetiren zyýanynyň az bolmajakdygy hemmelere aýandy. Möjegiň seresaply hereketi baş çopany geň galdyryp oýlanmaga mejbur edýärdi. Köp ýyllap çarwaçylyk bilen meşgullanýan çopan haýwanlaryň yzyny çalmakda tejribe toplapdy. Bu hünär oňa kakasyndan miras galypdy. Şonuň üçin hem gumak ýoldaky yzlaryň keýtik möjege degişlidini tassyklamak oňa birjikde kyn düşmedi. “Çal möjek dowar sürüsiniň örüsiniň golaýynda görünmesini ýygjamlatdy welin, niýet-päli eýgilikmikä? Ondan öňürtiläp tepbedini bersem dogry bolsa gerek” diýip, çopan içini gepletdi. Ol çopan goşuna gelende demini alan gök çaýly mis tüňçäni tiz boşadanyny hem duýman galdy. Goşa nilli tüpeňini egnine atyp biline gaýyşdan tikilen hataryny baglady. Çolugyna degişli tabşyryklary berip özüniň çal möjegiň gözlegine çykýandygyny aýtdy. Atgaýtarym aralykdaky gum depeleriniň ikisinden geçende baş çopan ozaldan tanyş yzlaryna sataşdy. Ol çal möjegiň yzlarydy. Sazakdyr-sözenleriň kä ýarym ýerlerde selindir we beýleki gum ösümlikleriň ümürsin ýerinde ýaşyl pürleriň teýinden baş çopan möjegiň süreniniň üstünden bardy. Ebeteýini gözläp, ahyrsoňy çal möjegi didewana mündirdi. Indi oňa goşa nilli tüpeňiniň mäşesini gysmak ýeterlikdi. Çal möjek tüwdirilip gitjekdi. Ynha birden sürende iki sany möjek çagasy göründi. Olar adamy ilkinji sapar görýän bolarly, bir oňa, birem gorkudan ýaňa durky bilen sandyraýan enesine howatyrly seredýärdiler. Bu görnüşe nyşanaçynyň ýüregi gyýylyp gitdi. Goşa nilli tüpeňiniň gözlerinden ýyrtyjy haýwanlar üçin niýetlenen gülleli oklary çykardy. Olary bilindäki gaýyş hataryna salan çopan ýabysyna atlanyp, goşuna dolandy. Şol gün howa bulaşyp, ilkagşam turan gaý-harasat uzak gijeläp köşeşmedi. Ýarygije alaňlaryň arasyndan çöl haýwanlarynyň garpyşýan sesleri eşidildi. Goşuň golaýynda gabalyp goýlan dowarlar gorkudan titräp, biri-birine gyslyşdylar. Hatda mähnet goýun iti hem guýrugyny gysyp, çugutdyryp durdy. Sürüni gallap, zordan saklap duran çopanlar sesleriň gelýän tarapyna howatyr bilen seredýärdiler. Hernä bu tupanly gije sag-salamatlyk bilen tamamlandy. Ertesi ir bilen sürüni otlaga çykaran çopanlar gijeki garpyşygyň bolan ýerine gelenlerinde, hemme zada düşündiler. Çal möjegiň öli , bir del möjegiň bolsa dem-düýtsiz ýatandygyny gören çopanlar dowar sürüsiniň ugruny üýtgetdiler. Kakasynyň bir wagtlar “Ogul, hergiz ýadyňda saklagyn, möjekler hiç haçan öz çygyryndaky dowarlara degýän däldirler” diýip, aýdan sözleri häzir baş çopanyň serinde iki ýana çarp urýardy. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |