11:36 Hakyky türkmen bolup ýaşady | |
HAKYKY TÜRKMEN BOLUP ÝAŞADY
Teatr we kino sungaty
Ol ähli tarapdan türkmendi. Daş keşbi, boýy-syraty boýunça-da, gylyk-häsiýeti, endikleri boýunça-da türkmendi. Mümkin şonuň üçindir meşhur Alty Garly ýaş artist Baba Annanowy «Aýgytly ädim» çeper filminde Artygyň keşbine çagyrandyr. Bu ýaş zehinde Alty Garly hut hakyky türkmeniň keşbini görendir. Bir wajyp hakykaty ýatdan çykarmalyň. Geçen asyryň 60-njy ýyllaryna çenli türkmen kinosynda ýüzlerçe çeper filmler döredilse-de, gynansagam, olarda hakyky türkmeni açyp görkezýän ýekeje-de milli gahryman ýokdy. Olaryň hemmesi düşnüksizräk häsiýetdäki ynsanlardy, olarda özboluşly milli häsiýet ýokdy. Emma, 1963-nji ýylda «Şükür bagşy» çeper filminiň döremegi bilen, yzýany «Aýgytly ädim» çeper filminiň dünýä inmegi bilen türkmen kinosynda ilkinji gezek halk gahrymanlary döreýär, milli häsiýetdäki ynsanlar öňe çykýar. Şükür bagşy, Artyk Babaly hakyky milli gahryman häsiýetine eýe bolýarlar. Ussat kinorežissýor Bulat Mansurowyňam, Alty Garlyýewiňem beýikligi öz filmlerinde türkmeniň hakyky gahrymanlaryny görkezip bilmeklerindedi. Şu ýerde aýratyn bir hakykaty belläsim gelýär - Baba Annanow «Aýgytly ädim» çeper filmine çenli ençeme keşpleri döretmäge ýetişipdi. Baryp Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr çeperçilik institutynda okaýarkada ol diňe «Özbekfilmde» «Ýollama», «Prokuror», «Stadionda duşuşarys» ýaly çeper filmlerde surata düşüpdi. Hut şol ýyllar Baba Annanow «Ilkinji synag» atly çeper filmde suratkeş Gulmanowyň keşbini döredipdi. Ony «Täjikfilm» kinostudiýasyna-da surata düşmäge çagyrýardylar. Ýöne, bu keşpleriň hiç birem ýaş, zehinli artist Baba Annanowa üýtgeşik bir meşhurlyk getirmändi. Ýöne ol özüniň hakyky milli gahrymanyna garaşýardy. Sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ine bir günem meşhur Alty Garly Baba Annanowyň eline «Aýgytly ädim» çeper filminiň ssenarisini berip, oňa: «Şunuň içinden özüňe laýyk keşbi saýlap al» diýýär. Gije ýatman ssenarini dolulygyna okap çykan Baba ertesi gün Alty Garlyň ýanyna baranda, ol Aşyry saýlap alanyny aýdýar. Şonda Alty Garly ssenarini ýene bir gezek, ýöne örän ünsli okap çykmagyny Baba Annanowdan haýyş edýär. Diňe şondan soň Baba Alty Garlynyň özüne Artyk Babalynyň keşbini ynanandygyna düşünýär. Muňa, elbetde, şowuna düşen waka diýip bolmaz. Men şeýle meşhur keşbe eýe bolmak Baba Annanowyň ykbaly bilen baglanyşykly diýesim gelýär. Geliň, biraz yza gaýdyp, Baba Annanowyň terjimehalyna ýüzleneliň. Baba Annanow türkmen üçin diýseň ýeňil bolmadyk we çylşyrymly döwürlerde, 1934-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Annanyýaz aga meşhur seýis bolan adam. Şeýle bolansoň ýaşajyk Baba kakasynyň ýanyndan aýrylmandyr. Ol eýýäm kiçiliginden ata erk etmekde, ony çapmakda ussat bolupdyr. Şonda obadaş adamlar: «Annanyýaz aganyň şu ogly iru-giç hakyky çapyksuwar ýa-da ökde seýis bolar» diýipdirler. Ýöne, ykbalyň garaşylmadyk öwrümleri ýaşajyk Baba görlüp-eşidilmedik kynçylyklary başdan geçirmäge mejbur edipdir. Baba 7-8 ýaşyndaka kakasy Annanyýaz aga uruşda wepat bolýar. Naçar ene bilen iki sany gyz doganyň arka daýanjy ýaşajyk Baba bolýar. Ol çagalykdan gaty ir çykýar, agyr durmuş onuň öz wagtyndan has ir ulalmagyna getirýär. 1948-nji ýylda-da Aşgabatda agyr ýer titremesi bolup geçýär. Bu tebigy betbagtçylykda-da Babanyň ejesi wepat bolýar. Ine şeýlelikde 14 ýaşly ýetginjek öz iki sany gyz doganlary bilen ýetim galýar. Ol şonda çagalykdan bütinleý daşlaşýar - ol ulular bilen birdeň agyr zähmet çekip, öý üçin bir bölek çörek gazanýar. Agyr durmuş Babany zähmetsöýer, ynsaply, adalatly, maksadaokgunly hem namysjaň edip ýetişdirýär. Ol şol agyr günlerde birwagtlar meşhur artist bolaryn diýip asla pikirem eden däldir. Ol işleýärdi, gazanç edýärdi, maşgala keşigini çekip, ähli kynçylyklara döz gelýärdi. Bir döwür ol dükanda satyjy bolubam işläpdir. Şonda 17-18 ýaşly görmegeý ýigidi synlamak üçin oba dükanyna gyz bary dökülýärdi. Söwda işi Baba ýaraman duranokdy. Onda gazanç gowudy. Günüňi dolandyryp bolýardy. Egin-eşigiňi täzeläp bolýardy. Garaz, bähbidi bardy. Çagalygyndan açlygy-horlugy, agyr zähmeti gören Baba üçin elbetde dükan elýetmez bir baýlykdy. Emma, ykbalyň tükeniksiz öwrümleri Baba Annanowy başga bir baýlygyň - “sungat” atly üýtgeşik bir baýlygyň üstünden eltýär. Ol ömründe arzuw etmedik işine - artistçilige baş goşýar. Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr çeperçilik institutynyň artistçilik ugrundan okuwa girýär. Entek hiç kime näbelli Artyk Jallyýew, Aman Ödäýew, Oraz Hojaýew, Bossan Rejebowa dagy bilen bile okaýar. Zähmete bişişen Baba okuwyna-da gaty yhlasly bolýar. Onuň diňe bir gelşikli daş keşbi däl, eýsem tebigy zehini hem gysga wagtda beýlekilerden saýlanmagyna getirýär. Ol eýýäm talyp döwürleri birnäçe filmlerde surata düşýär. Ýöne, durmuşyň ýeňil bolmadyk synaglary onuň hakyky artist bolup ýetişmegine-de özüniň täsirini ýetirýär. Ine, şeýdibem meşhur seýisleriň maşgalasynda önüp-ösen ýönekeý oba oglany meşhur artistçilik derejesine ýetýär, ussat artist bolýar. Durmuşyň çarkandakly ýollary nähili kynam, elhenjem bolsa ol ýollar Baba Annanowyň belent mertebeli ynsan bolup ýetişmegine getirdi. Türkmenistanyň halk artisti, Baba Annanow bilen Daşkentde bir jaýda bile ýaşan Orazdurdy Hojaýew şeýle diýip ýatlaýar: - Biz Daşkentde okaýarkak her ýyl güýz aýlary bizi pagta ýygymyna äkidýärdiler. Şonda biz türkmen talyplary Gülüstan etrap merkezinde pagta ýygdyk. Biziň ýaşaýan ýerimiziň golaýynda hemişe bir hor at daňylgy durardy. Bir gün Baba: “Orazjan, ýör şol aty göreli-le” diýdi. Biz şol elhenç ýagdaýa düşen atyň ýanyna bardyk. Baba atyň başyny sypalap, erbet gynandy. - Wah, muny näme üçin beýle ýagdaýa düşürdilerkä, heý beýlede bir ganymlyk bomy? - diýip, ahmyrly başyny ýaýkady. Soň ol ata hut özi seredip başlady. Ot-suw berdi, endam-janyny arassalady. Garaz, endam-jany ýara bolup, ölüm halyna düşen ata seredip başlady. Ata seredýänligi üçin Baba rugsat berýärdiler. Baba ýadamany-ýaltanmany bilmän ata edil çaga sereden ýaly seretdi. Tiz wagtdan at aýaga galyp başlady. Baba soňabaka ýuwaşjadan aty çapdyryp başlady. Janawer at täzeden dünýä inen ýaly bolaýdy. Ol ýuwaş-ýuwaşdan öz hakyky görküne gelip başlady. Kolhoz işi tamamlanyp, biz gaýtmaly bolduk. Kolhoz başlygy hem bizi ugratmaga geldi. Şonda Baba onuň ýanyna baryp: “Şu at indi sana goşuldy, haýyş edýän, aty hor etmäň!” - diýip, haýyş etdi. Soňam atyň ýanyna baryp, onuň boýnundan sypady, maňlaýyndan ogşady. At janawerem bu ýürekdeş adama minnetdarlyk bildirýän ýaly kişňäp, Baba yzly-yzyna baş atdy... Baba Annan bilen baglanyşykly bular ýaly wakalar elbetde köp bolandyr. Munuň şeýledigini biz Baba Annanowyň ýazan ajaýyp hekaýadyr powestlerinde-de, kinossenarilerinde-de duşýarys, kinofilmlerinde tomaşa edýäris. Sebäbi, Baba Annanow öz döreden eserlerinde köphalatlarda öz durmuşynda bolup geçen wakalary suratlandyrýar, beýan edýär. Onuň meşhur “Ak at” powesti, “Kärizgenler” çeper filmi, beýleki onlarça eserleri Baba Annanowyň ykbalyndan söz açýar. Hawa, Baba Annan “taýýar aşyň” eýesi bolmandy. Ol her bir ýeňşi öz güýji bilen gazanypdy. Ýöne, ol durmuşda nähili kynçylyklara duçar bolsa-da, hiç haçan namartlamady, dyza çökmedi, müzzermedi, ikilik etmedi, nebsiň ugruna çapmady. Ol mert türkmen bolup ýaşady. Şol ajaýyp häsiýetem oňa diňe abraý hem meşhurlyk getirdi. Ol kino sungatyna baş goşan gününden başlap ýüzlerçe filmlerde surata düşdi. “Aýgytly ädim”, “Daşgaladaky waka”, “Keçpelek”, “Gämiçiniň jany bir”, “Gyrnak”, “Zöhre - Tahyr”, “Bagtyndan jyda düşen Pyragy”, “Serdar”, “Jemalyň daragty”, “Ýaşlygymyň dessany”, “Agyr ýük”, “Soňky ýol”, “Laçynyň ogurlanmagy”, “Altynyň öwüşgüni”, “Tüssesiz ot bolmaz”... Baba Annanow kinorežissýor hökmünde “Kärizgenler”, “Zöhre - Tahyr”, “Agyr ýük”, “Serdar” ýaly çeper filmleri döretdi. Ol türkmeniň däp-dessurlary, belli-belli şahsyýetleri hakynda “Zergär”, “Mukam daragty”, “Magtymguly” ýaly dokumental filmleri surata düşürdi. Baba Annanow köptaraply zehinli adamdy. Ol köpsanly adamlaryň aňynda hem artist, hem režissýor, hem ýazyjy hökmünde hemişelik ýatda galdy. Onuň döreden kyssa we kino eserlerinde türkmeniň hüý-häsiýeti, edim-gylymy, türkmeniň özboluşly aýratynlygy örboýuna galýardy. Ol her bir ynsana nädip türkmen bolup ýaşamagy öwretdi, özem ömrüniň ahyryna çenli hakyky türkmen bolup ýaşady. Meniň özümem bütin ömrüme kinoda işlämsoň, maňa-da beýleki meşhur türkmen artistleri, režissýorlary bilen işleşmek, duşuşmak miýesser edipdi. Şolaryň arasynda meşhur Baba Annanow bilen bolup geçen iň ilkinji we iň soňky duşuşyk hiç wagt hakydamdan çykanok. Men Baba Annanowyň ogly Kerim Annanow bilen bile okadym. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde-de, Moskwanyň ýokary kino mekdeplerinde-de bile okadym. “Türkmenfilm” kinostudiýasynda işleýän döwrüm Kerim Annanow bir gün ýanyma gelip, kakasynyň meni ýanyna çagyrýandygyny aýtdy. Şol wagtlar Baba Annanow ýarawsyzdy, paýtagtymyzyň hassahanalarynyň birinde özüni bejerdýärdi. Men çagyrylan güni Baba Annanowyň ýanyna bardym. Barybam geň galdym - Baba Annanowyň bolýan otagyndaky stolunyň üstünde kitapdan ýaňa ýer ýokdy. Krowatyň üstünde bolsa golýazmalar ýatyr. Iň gyzykly ýerem meniň edil maňlaýymda hakyky türkmen ýigidi Baba Annanow owadan ýylgyryp otyrdy. Şonda men adamyň mertligine ýene bir gezek göz ýetirdim. Onuň durmuşyň synaglaryndan geçen durky, hiç wagt egsilmejek ruhy güýji, belent mertebesi Baba Annanowyň ynha şeýdip ýylgyryp oturmagyna getiripdi. Ol şonda maňa ýüzlenip: “Inim, mende bir rus adamsynyň ýazan ssenarisi bar. Özi şu ýerde ýaşamasa-da, türkmen durmuşyny görmese-de, ynha, şu ssenarini ýazypdyr. Sen gaýrat et-de, şuny oka, soňam eger göwnüňe ýarasa, türkmen durmuşyna öwrüp, täze bir ssenariýe edip ýaz. Gyssagyň özüň bilen bolsun” - diýdi. Men ömrümde ilkinji gezek şeýle meşhur adamdan şeýle üýtgeşik tabşyryk alýadym. Özem diýseň jogapkärli tabşyryk. Emma, haýp, men ol ssenarini işlemäge ýetişmedim. 1991-nji ýylyň 20-nji dekabrynda türkmeniň söwer ogly Baba Annanow bary-ýogy 58 ýaşap, dünýeden ötdi. Meşhur artist, režissýor, ýazyjy ýurduny täzeledi. Baba Annanow bilen bolan şol duşuşykda bu ajaýyp adamyň maňa aýdan sözleri hiç haçan ýadymdan çykanok. Ol şonda ýüreginden syzdyryp: “Inim, wagt diýeniň tiz geçýändir. Bu günki işiňi ertire goýjak bolmagyn. Wagt ýitirmän döredip bileniňi döretgin. Soň giç bolar. Men ynha köp arzuw eden işlerimi amala aşyrmaga ýetişmedim. Gijä galdym. Şonuň üçin hemişe nirde, nähili ýagdaýda bolsaňam döretmäge howlukgyn...” diýipdi. Bilýäňizmi, Baba Annan agyr hassa bolup ýatyrka näme arzuw edipdir? Ol: “Men şu wagt böküp duran ahalteke atyna atlanyp, Köpetdagyň etekleri bilen erkana çapyp, onuň çür depesine çykasym gelýär!” - diýip, gussaly ýylgyrypdyr. Ol hemişe-de, her döwürde-de türkmen bolup ýaşapdyr. Türkmen bolubam her türkmeniň aňynda, ýüreginde ömürlik galypdyr... Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |