21:29 Ilkinji türkmen kinooperatory | |
ILKINJI TÜRKMEN KINOOPERATORY
Teatr we kino sungaty
Juma Nepesow kino sungatyna tüýs men diýen wagty gelýär. Özem, haýran galaýmaly, şondan öň, onuň, baş goşmadyk käri ýok. Başlangyç mekdebi tamamlandan soň, Baýramalynyň politehnikumyna okuwa girýär. 1928-nji ýylda şol tehnikumdan okuwyny Aşgabadyň gidrotehnikumyna geçirdýär. 1930-njy ýylda ol eklenç zerarly okuwyny taşlamaly bolýar. Aşgabatda Türkmen medeniýet instituty bolupdyr. Ýaşajyk Juma hem institutda terjimeçi hem etnografiýa bölüminde kömekçi işgär bolup işleýär. Ol bu ýerdenem gidýär. Garaz, kino sungatyna baş goşýança, oz ornuny tapyp bilmän, görgi gören-ä çyn. Ýöne welin bu sungat bilen ysnyşansoň, Juma özge iş islemeýär. Bu 1931-nji ýylda bolupdy. Ol oz ýoluny, rysgalyny tapýar. Oz akylyny, gujur-gaýratyny, ylhamyny kino sungatyna bagyş edýär. Bu sungatyň özüne güýç-kuwwat berip, ony tesin bir durmuş ýolundan alyp gitjekdigine tüýs ýüregi bilen ynanýar. Dogrusyny aýtsak, Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen sada türkmen ýigidiniň kino sungatyna nähili ýol bilen gelenligi anyk belli däl. Kim ony bu sungata ugrukdyrypdyr, kim salgy beripdir, belli däl. 21 ýaşly ýigidi kim Moskwa iberipdir, kim ony Bütinsoýuz kinematografiýa institutynyň operatorlyk okuwyna ýerleşdiripdir? Özem, ol kino institutyna okuwa giren ilkinji türkmen. Ilkinji türkmen kinooperatory. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň başlarynda kino ugrundan ýörite okuwa girmäg-e beýlede dursun, şol wagtky Aşgabat kinostudiýasynda işleýänleriň arasynda hem milli kadrlar juda seýrekdi. Iki-ýeke öwrende aktýorlar bolaýmasa, kinoda türkmen düýbünden ýok diýen ýalydy. Ine, şonuň üçin türkmen ýigidiniň edil şol wagtlar, ýagny türkmen kinosynyň döreýän döwürleri kino ugrundan ýörite okuwa gitmegi dogrudanam geňdi. 1931-nji ýylda Moskwanyň kinematografiýa institutyna okuwa giren Juma Nepesow Aşgabatda ýalňyz galan garrylarynyň — ene-atasynyň horluk çekýändigini eşidip, okuwyny taşlap, öz dogduk diýaryna dolanyp gelýär. Ýöne kino institutyndaky bir ýyllyk okuwam oňa köp zatlary öwredýär. Kinooperatorlyk hünäri boýunça oňat tälim alýar. Kino sungatynyň jümmüşine aralaşmaga ýetişýär. Aşgabada gelip, ol türkmen kinosynyň seýrek işgärine öwrülýär. Ony Aşgabat kinostudiýasyna işe alýarlar. Kinokameradan oňat baş çykarýan Juma kinostudiýanyň arzyly işgärine öwrülýär. Hem öz işine ökde, hemem Türkmenistanyň ähli ýerine belet, adamlar bilen gürleşmegi başarýan, türkmenlere belet adam türkmen kinosy üçin diýseň gymmatly milli kadrdy. Eýýäm 1933-nji ýyldan başlap, ol özbaşdak kinožurnallary, dokumental filmleri surata düşürip başlaýar. Ilkinji surata düşüren «Gyzyl ýaglyk». soňra «Ýeňijiler», «Bagta tarap ýol», «Türkmenistan» ýaly dokumental filmleri peýda bolýar. Onuň ussatlygy gün-günden artýar. Oňa uly göwrümli çeper filmleri surata düşürmek ynanylýar. 1939—40-njy ýyllarda ol türkmen kinosynyň altyn hazynasyna giren «Dursun» atly meşhur filmini surata düşürmäge gatnaşýar. Şonda filmiň titrlerinde ilkinji türkmen kinooperatorynyň ady peýda bolýar. 1940—41-nji ýyllarda «Prokuror» atly çeper filmi surata düşürmege gatnaşýar. 1956-njy ýylda bolsa türkmen kinooperatory «Maşgalanyň namysy» atly çeper filmi surata düşürýär. Emma ol ömrüniň köp bölegini Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň kinohronika bölümine bagyş edýär. 30-njy ýyllaryň ahyrynda şol wagtky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna çeper ýolbaşçy edilip bellenilen kinorežissýor Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkow ilkinji milli kadrlar barada gürrüň etmek bilen şeýle diýýär: “Türkmen kinosyna milli kadrlaryň gelmegi bizi diýseň begendirdi. Biz Juma Nepesow, Şadurdy Annaýew ýaly, ilkinji türkmen kinooperatorlaryna ak pata berdik. Olaryň işiniň ugruna bolmagyna arzuw etdik». Şol ýyllarda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda aýratyn kinohronika bölümi döredilip, onda türkmen kinosynda yz galdyran ussat kinoçylar W.Lawrow, M.Meý, N.Bondarenko, Ý.Mämmedow, Ş.Annaýew, A.Frolow, I.Çiknowerow, A.Solodkow bilen bilelikde Juma Nepesow hem zähmet çekdi. 1932—1966-njy ýyllar aralygynda Juma Nepesow türkmen kinosynda işläp, ýüzlerçe kinosýužetleri, onlarça dokumental filmleri surata düşürýär. Onuň surata düşüren kinomateriallary islendik tema bagyşlanylan-da bolsa, esasy gahyrmany adam bolýar-da duruberýär. Juma Nepesow esasanam adamlary surata düşürmegi gowy görýärdi. Onuň surata düşüren filmlerinde adam portretleri agdyklyk edýärdi. Juma Nepesow 56 ýaşynda aradan çykdy. Çagalaryň bar aladasy Jumanyň ýanýoldaşy Balgyz ejäň başyna düşüpdi. Ýene mert ene öz ýanýoldaşynyň nesihatlaryna eýerip, çagalaryna terbiýe berýär, olary zähmete uýgunlaşdyrýar. Häzir Juma Nepesowyň çagalary ulalyp, sowatly hem diýseň zähmetsöýer adamlar bolup ýetişdiler. Adam ömrüniň manysy onuň durmuşda ýerine ýetiren işinde hemem öz ýetişdiren perzentlerinde bolýan ekeni. Juma Nepesow oz söýýän käri bolan kino işinde ýatdan çykmajak durmuş pursatlaryny surata düşürip, taryhymyzyň ýyl ýazgysyny amala aşyrdy. Ol özünden soňkulara dine ýagşylygy goýup gitdi. Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |