20:18 Alma / hekaýa | |
ALMA
Hekaýalar
Ol sallanyp lowurdap duran gyzyl almalary synlap, hezil edip güldi. Diñe bir gülmegem däl, hut bagtyýar boldy. Hawa, hut şeýle. Ol niçe ýyllar yhlas siñdirdi şu alma agajyny ýetişdirmek üçin, näçe der dökdi ondan, ynha, şu günki ýaly ilkinji gezek bol hasyl almak üçin. Ol ömründe ilkinji gezek öz zähmetiniñ hakyky miwesini görüpdi. Hawa, hawa, hakyku miwesini. Hanha, sallanyp dur-a gözüñe söweýin gyzyl almalar! Ýolmaga dagy dözer ýaly däl. Özem, tüweleme, şeýle hasylly welin, boýy kelte alma agajy aşak egrelip, ýere degeýin-degeýin diýýär. Şol bir düýp agaja yhlas baryn-a siñdirip bilipdir. Gijirägem bolsa, garaz, düşünipdir agaja-da edil çaga ýaly ideg gerekdigine, bu bir tebigatyñ kanuny ahyryn - janly zada ideg gerek. Suw gerek, ýylylyk gerek, mähir gerek. Hawa, öz eli bilen ýetişdiren alma agajyny synlap duran adam dogrudanam, bagtyýardy. Onuñ ýygyrt atan ýüzünde, nury öçüşen gözlerinde şatlyk alamatlary uçganaklaýardy. Aslyýetinde ol döredijilik adamsy. Ol ýazyjy. Ömrüni ýazyjylyk edip geçiren adam. Aýdyşlaryna görä, özüni bileli bäri ýazyp ýörmüş. Ýazyjylyk onuñ mañlaýyna ýazylypmyş. Kiçiliginden galamyny elinden düşürenokmyşyn. Il-gün haýran galypdyr. "Bäh, tüweleme, ýaşam bolsa galam ýöredişi erbet däl ýaly-la. Beýle yhlas ediberse mundan üýtgeşik bir zat çykaýmagam ahmal" diýşip, onuñ ýazan zatlatyny okap, başlaryny ýaýkapdyrlar. Soñ ol uly-uly okuwlarda okapdyr. Ýazmasynam dowam etdiripdir. Indi ol hem ýazýardy, hemem galyñ-galyñ kitaplary okaýardy. Ynanar ýaly däp - onuñ bütin ömri ýazmak hem okamak bilen geçipdir. Onuñ ýazan kitaplaram, okaýan kitaplaram öýe syganokmyşyn. Şeýdip, ol çal saç gojalyga ýetdi. Ýöne şonda-da dek oturmady - ýazdy. Ýazdy hem okady. Ýene-de tom-tom kitaplar çykartdy. Eline düşen islendik kitabam ol edil ýöne çigit çigitlän ýaly edip okady. Onsoñ, şeýle okumyş ýazyjy bolansoñ, her kim onuñ ýanyna maslahata barýar. Her niçigem bolsa, köp bilýän adam-da. Heý şonça kitap okabam zat bilmän bormy? Edil ýöne şänik döwen ýaly eder. Sorag berip ýetişseñ, jogaby nagtdyr. Taryh bolsun, o dünýe-bu dünýe gürrüñi bolsun, asman giñişligi bolsun, adam häsiýeti bolsun, tapawudy ýok, näme sorasañ bilip durandyr. Hawa, ýaşlygyndan galama ýapyşyp, ylhamy joşup ýaşan adam ýaza-ýaza, okaý-okaý garrylyga ýetipdir. Ömrüni öýdejik, dar otagyñ içinden hiç ýere çykman oturyp işläpdir. Dogry, penjireden käwagt bir garapdyr daşaryk, syn edipdir howa ýagdaýyna - gün çykýarmy, ýagyş ýagýarmy, şemalmy, garaz, gyzyklanypdyr, töwerek-daş bilenem. Ýöne bende, esasan, öýdeçiräk bolupdyr. Şol darajyk jaýda-da pikire batyp, oýlanyp geljekki eseri hyýalynda janlandyryp, hyýalynda-da alyslara syýahat edipdir, dürli häsiýetdäki adamlary dürli ýagdaýda, dürli häsiýetde suratlandyrypdyr. Garaz, hemişe öz-özi bilen bolupdyr. Öz-özi bilen gürleşipdir, jedelleşipdir, maslahatlaşypdyr, degişipdir. Ýöne adamyñam ýüregi daşdan däl. Ýalñyzlyga-da çydamak gerek. Ynha, goja-da şeýle ýagdaýa düşüpdir ~ ýaz-ha-ýazlykdan ýaña onuñ ýüregi gysyp başlapdyr. Birtüýsli, düşündirmesi kyn ýagdaýda ýüregin howul düşüp başlapdyr. Ömrüni öýüñ biş-düşi bilen gümra bolan Keýik eje, ýazyjynyñ ýanýoldaşy, bir gezek çal saç adamsyna käýinipdir: "Heý-de bir ömrüñi dört diwaryñ arasynda geçirmek bormy? Çyk ahyryn senem il arasyna. Dem alyp gör ýalançyñ howasyndan. Tomaşa et, Tañrynyñ ynsana bagyş eden eşretlerine - daglaryna, düzlerine, deñzine derýasyna. Sypalap ýör ýap-ýaşyl oty, ezilip gör ahyryn senem sil-ýagyşa!" "Sen maña akyl öwretme! Men bilýän näme etmelidigini" diýip, ýazyjy şeýle pursatlarda aýalyndan gaty görerdi. - "Adamlar meñ ýazan kitaplarymdan ylham alyp ýaşaýarlar. Men kitaplarymda olara durmuş gurmaga kömek edýän... Sen nämä düşünýäñ. Otur-da gap-çanagyñ bilen bol-da..." Ol alma agajynyñ aşagynda arkan ýatyşyna, geçmişi ýatlap, uludn bir demini aldy: "Wah, görgülim, şol gap-çanakdan gözi açylman gitdi-dä, Keýkijäm... Iñirdäp ýüregiñe düşse-de, dirije adamdy-da pahyr. Keýwanyñ-da, garaz... Wah, şu wagt ol edil ýöne birsalymjyk direläge-de gelipjik şu alma agajyny bir synlapjyk gitsedi, nähili begenerdi görgüli. "Be-ä, senem peýdaly iş bitirip biljek ekeniñ-ow" diýip, jak-jaklap gülerdi biçäre. Haýp, ýöne ol meniñ ýetişdiren alma agajymy görenok-da. Wah, görenok-da! Ol görgüli: "Bir kitap ýazanyñdan bir agaç ekeniñ gowy. Agaja seretseñ hasyl berýär, ondan ne peýda bar... Señ kitaplañ adamlara ýöne bir güýmenje bolaýmasa başga nämä ýarasyn?" diýerdi. Men bolsa gaharlanan bolup: "Ol kitaplarda akyl bar, dürdäne pikir bar" diýerdim. Keýkije-de näme, öz diýenine tutdurardy: "Wah, men seniñ akylyña belet-le. Bütin ömrüme bile-bile gelýän. Sana menden belet adam barmy? Bir ýeriñde bir şygyrdy bolsa, men belet ahyryn... Näme, eliñe galam alanyñ bilen üýtgeşik akyl gelýändir öýdýäñmi? Allanyñ beren akylydyr-da..." Edil şol wagt ýokardan alma sapagyndan üzülip, onuñ edil mañlaýyna patlap degdi. Ol ukudan oýanan ýaly tisginip gitdi. Soñam edil gapdaljygynda tigirlenip ýatan gyzyl alma gözi düşüp, keýpihon ýylgyrdy. Üýtgeşik pikir oýuna geldi: "Beh, beýik Nýutonam alma agajynyñ aşagyndaka depesinden alma gaçyp uly açyş edipdir. Hawa-hawa, hut şeýle. Gowy ýadyma düşäýdi. Şol alma patlap mañlaýyna degipdirem, bütin dünýä meşhur bolupdyr. Nämemiş, ýeriñ dartyş güýji barmyş. Ýogsa-da ýokardan gaçan zat ýere düşer-dä... Asmana uçup gitmez ahyryn... Açyş bolaýşyny. Her hili bagty getiren bar-da dünýäde..." Onuñ birden içi gülüp başlady: "Beh, menem birden meşhur bolaýsam! Şu alma ýöne ýere gaçan däldir kelläme... Özem gyzyl alma... Kellä üýtgeşik bir pikir geläýmegem ahmal-how... Belkäm, ilde ýok açyşy ederin..." Ol gapdalynda tigirlenip ýatan gyzyl alma elini ýetirip, ony emaý bilen edil mañlaýynyñ üstünde goýdy. Soñam gymyldaman ýatdy. Pikir etdi. Ýöne, içigar galmyş, pikir eder ýalymy näme ~ terje almanyñ ysy janyñy alyp barýar ahyryn. Edil ýöne behişdi miwäñ bar-da! Şeýle almany ýetişdireniñe ynanar ýaly däl! Birdenem şemal turdy. Ol ýuwaş-ýuwaşdan güýçlenip başlady. Alma agajynyñ aşagynda hezil edip ýatan goja ýazyjynyñ üstüne bir, iki, üç... Soñ has köpelip, bir-birden alma gaçyp başlady. Şemal güýçlendem welin, ýöne patyrda beräýdi. Göz açyp-ýumasy salymda gojanyñ üsti almadan dolaýdy. Agajy kimdir biri bar güýji bilen silkeleýäne çalym edýärdi. Şeýdibem gyzyl, owadan, ysy janyñy lerzana getirýän almalar onuñ üstüne döküle-döküle keýpden çykdylar. Goja bolsa almalaryñ aşagynda serlip ýatyşyna hezil edip gülýärdi. Ol hiç haçan şeýle ýürekden gülmändi. Gülmekden ýaña onuñ gözlerine ýaş aýlandy. Birdenem ol dymdy. Şemalam tapba kesildi. Daş-töwerege ümsümlik aralaşdy. Gyzyl almalara gömlüp ýatan goja ýazyjy edil häzir gözlerini bir nokada dikip, oý-pikire beslenip ýatan bagtyýar bir adama çalym edýärdi. Ol her elinde bir gyzyl almany pugta gysyp, öz ýetişdiren ýeke-täk agajynyñ, alma agajynyñ aşagynda gymyldaman ýatyrdy. Onuñ ruhy ynjalyk tapana meñzeýärdi... Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |