15:07 Sogap / hekaýa | |
SOGAP
Çagalar edebiýaty
Özbaşyna hezil edip aşyk oýnар yören oglanjygyň edil gapdalynda eli kündükli goja peýda boldy. Ol oýna güýmenen oglanjygy synlap, ardynjyrady. Onuň bolsa azaryna-da däl, şol aşyk oýnap durşy. Goja oglanjygyň ýakynyna baryp, kündügi yerde goýdy-da oňa dikanlap seretdi. - Köşejigim, hany, elime bir suw akytsyna! Oglanjyk birden başyny galdyrdy-da, goja jiñerilip seretdi. Soň kündüge gözlerini dikdi. - Meň oňa güýjüm ýetmez-ä... - Gatam ýeter güýjüň - diýip, goja içi suwly kündüge ümledi: - Hany bol, meni uzak garaşdyrma... Oglanjyk aşyklaryny jübüsine salyp, höwessiz, kündüge elini yetirdi. Iki eli bilen kündügiň tutawajyna ýapyşdy. Hyk-çok edip, ony zordan ýerinden gozgady. Ýöne ony birbada göterip bilmän eglendi. Oglanjygyñ bolup durşuny synlap, goja loh-loh güldi. - Haý, senem-ä... Heý kündügi şeýle tutarlarmy? Emelsizje köşejik diýerler saňa... Goja oglanjygyň ýanyna baryp, onuň başyny sypady. Aşak oturyp oglanjygyň elinden kündügini aldy. - Ynha, seret, köşegim. Biriniň eline suw akydanyňda bir eliň bilen-ä kündügiň gulpundan, beýleki eliň bilen onuñ jüründiginden tutarlar. Kündügiň jüründiginden tutman, ony elinde sallap suw akytsan günä bolar. Jüründiginden tutup suw akytsaň welin, diñe sogap gazanarsyň. - Sogap nämaý? - diýip, oglanjyk goja soragly nazaryny dikdi. - Sogap - bu bir gowy zat-da, köşegim. - Kemputdanam gowumy? - Hawa-la. Ol ähli ýagşylyklaryň gözbaşy. Sogan gazansañ oñat bolup yetişersin. Güýjüň hem artar, akylyň hem. Ähli arzuwlaryň hasyl bolar. Oglanjyk gojanyň aýdyşy ýaly edip bir eli bilen kündügiň gulpundan, beýleki eli bilen hem kündügiň jüründiginden tutup, onuň eline suw akydyp başlady. Emma goja ýene-de oglanjyga düzediş bermeli boldy: - Köşek, suwuň arasyny kesip akytgyn. Şolam bir sogapdyr. Oglanjyk gojanyň ýüzüne ýylgyryp bakyp, suwy howlukman, arasyny kesip akytmaga durdy. Goja muňa diýseň hoşal boldy. Şol parasatly goja suw akydyp, sogap gazanan oglanjyk son ulalyp ýigit çykdy. Oňat adam bolup ýetişdi. Durmuşda her bir adimde adamlara diňe ýagşylyk edip yaşady. Sogap yzyna sogap gazandy. Çagalykda gojadan alan durmuş sapaklary onuň ömürlik hemrasy boldy. Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |