19:48 Guýy / hekaýa | |
GUÝY
Hekaýalar
Nirädir bir ýerik howlugyp barýan garry ene köçäniñ agzy açylgy duran guýyñ üstünden bardy. Ol guýy troturaryñ dik ortarasynda tegelenip ýatyrdy. Garry seresabrak onuñ gapdalyna geldi. Boýnuny uzadyp ýuwaşjadan guýyñ içine göz aýlady. Onuñ garalyp ýatan düýbünden şaglap akýan bulanyk suwy göreninden tisginenini özem duýman galdy. - Be-e, allajanlarym, adamlar mundan gorkmaýarmykan? Içine gaçaýsalar näme etjekler-kä olar?.. Ol uludan dem aldy-da, daş-töweregine howsalaly garady. Goldaw gözledi. Haýdap barýan adamlaryň bolsa piňine-de däl. Her kim garabaşyna gaý, şol seňkildäp nirädir bir ýerlerik howlugyp barýarlar. Garry enäň gözleri içini gepledip barýan pyýadada saklandy. - Aýu, oglum, bu çukuryň agzyny nädip ýapyp borka? Pyýada säginjek ýaly etdi-de gözlerini tegeledi. Kiçijik, horja garryny görüp, ulumsyja ýylgyrdy-da eginlerini gysdy. - Ol meniň çukurym däl... Kim ýapsa şol ýapsyn... Garry ene oýlanyp durşuna bir guýa, birem daş-töweregine seredýärdi. Uly ýoldan bolsa äpet-äpet maşynlar uly goh turzup iki ýana gatnaýardylar. Olaryň eşitjek, görjek gümany ýok... Olar guýudan uzakdadylar.. Onsoňam... Olaryňam işleri özlerine ýetikdi. Howlugýardylar... Garry ene, hawa, diňe şol häzie guýyny goraýardy. Ýok, ýok, ol adamlary guýydan goraýardy. Ol ýogyn agaç bölegini zordan süýräp getirdi-de ony guýyň agzyna germedi. Ýadawlykdan haşlap durşuna golaýdaky bagyň kölegesine şzüni goýberdi. - Indi bolaýdy... Ýogsam hasyl alada goýjak bu... Ýüregim ýerine geläýdi herne... Ene üsgünjiräp ýerinden galdy. Ýuwaşjadan ýşräp, guýudan arany açyp başlady. Ondan uzakldygyça ol guýa tarap gaýta-gaýta gaňrylyp seredýärdi. *** Täzeden gün dogup täze gün geldi. Eýýäm ir ertirden endige öwrülen başagaýlyk başlandy. Hemmeler howlukmaç. Pyýada-da, ulaglam... Ýetişmelidi. Hökman ýetişäýmelidi... Guýy edil häzir ýekesiränokdy... Onuň çepinden, sagyndan, hatda üstaşyr geçip gidýän adam aýaklarynyň san-sajagy ýokdy... Edil guýa büdräp gidýänlerem ýok däldi. Aňyrdan gelişlerine gözleri ýok ýaly üstünden baryp... içine gaçman “çöregi bitinlerem” bardy... Garrynyň guýa gözi düşenden ýüregi ýarylara geldi. Guýyň agzy açykdy – onuň agzyndan agajy aýrypdyrlar... Ene demi-demine ýetmän, guýyň içine göz aýlady. Öňki bulanyk suwuň deregine häzir ýüzüňi görüp oturmaly çüýşe ýaly dury suw haýaljakdan akýardy... - Wah-wah, muny nädäýipdirler... gaçar, hökman gaçar muňa adam... Heý muň bir alajy bolmazmyka?.. Ol suwuň ýüzünde öz keşbini gördi. Göýä guýyň hol düýbünee hut onuň, enäniň, özi ýatana meňzeýärdi. Garry ene birden tisginip gitdi. Gözleri garaňkyrap başy aýlandy. Aýaklary diýen etmän sandyr-sandyr etdi. Birdenem lagşan göwräni saklap bilmän guýa gapgaryldy... * * * Troturardaky adam üýşmeleňi gitdigiçe kölepýärdi. Howlugyp barýanlaryň ählisi diýen ýaly şol üýşmeleňe sowulýardy... Ulaglam, pyýada-da... - Dost, näme bolupdyr-aý? – diýip, togalajyk pyýada üýşmeleňe ýeteninem duýman galdy. - Aý, bir garry guýa gaçypdyr-laý... - Haý, bende... näme ol agzy açyk guýyny görmedimikä? - Görüpdir-laý... - Be, onda näme? - Aňkasy aşan garryň özi günäkär – diýip, gapdalda duran ulumsyja oglan hüňürdedi. – Haçan görseň şu guýyň ýanynda köwejekläp ýör... “Aý, garry, gaçarsyňam” diýdim, emma diňläýinem diýenok. Tersine, maňa azgyrylýar: “Guýyň agzy açyk durmasyn, ýap” diýýär... - Wah, muňa seret-le... - Hawa-la... Onsoň menem: “Her guýynyň agzyny ýapyp ýörjek bolsam, maňa başga işem gerek däl” diýdim... Togalajyk pyýada uludan bir dem aldy. - Pahyr, agzy açyk guýyny görübem içine gaçyşyny diýsene... - Aljyrapdyr-da bende... - Hanha, aljyrasaň boljagyň... - Guýy bilen näme işiň bar diýsene... Geçiber-dä gapdalyndan... Üýşmeleňe goşulýan adamlaryň sany barha köpelýärdi... Ýoluň ugrundaky duran maşynlaryň bolsa sany-sajagy ýokdy. Ulaglam, pyýada-da häzir guýyň gapdalynda aýak çekdiler... Olar häzir garryň gaçan guýusynyň daşyna üýşüpdirler... Ertesi irden böwri “Santehnika” ýazgyly maşyn guýyň edil gapdalynda saklandy. Kabinada otuuran daýaw murtlak ýigit uzyn-uzyn pallady-da, agzy açyk guýa gözlerini alartdy. Ol agraslyk bilen maşynyň yzyna aýlandy. Tegelek agyr demir bölegini – guýyň yzyna aýlandy. Tegelek agyr demir bölegini – guýyň gapagyny göteräge-de, ony guýyň agzyna getirip düñderdi. Bolany şol... Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||