02:29 Ruhuña tagzym, Türkmen! | |
RUHUÑA TAGZYM, TÜRKMEN!
Edebi makalalar
Ene hüwdüsi deý lezzetli zat barmyka! Onuñ kalbyñy heýjana getirýän jadylaýjy güýjüniñ öñünde durup biljek başga gudrat tapylarmykan?! Dünýä inen çagajyk bilen enäniñ arasyndaky hakyky arabaglanyşyk, megerem, ak süýt bilen hüwdüden başlanýan bolaýmasyn. Bir zada aýratyn üns bermek gerek - sallançafa atylan çaga garynjygy doýanam bolsa ep-esli wagt uklaman ýatýar. Ol enesinden ýene-de bir zatjagaza garaşýana çalym edýär. Ynha, birdenem enäniñ mylaýymdan mähirli hiñlenýän sesi eşidilýär. Edil ene süýdi ýaly päkize, mylaýym, ýakymly hüwdi eşidilýär. Şonda biynjalyk bolup ýatan çaga ynjalyk tapan ýaly bolýar. Köşeşýär, arkaýynlaşýar, ýuwaşjadan meýmiräpjik uka gidýär. Enäniñ ýüreginden çykýan mylaýym owaz eýjejik çaganyñ kalbyna aralaşýar. Ol oña üýtgeşik bir melhem bolup täsir edýär. Megerem, hut ene hüwdüsiniñ täsiri bilen çaganyñ kalbyna beýik ruh aralaşýandyr. Ene bilen çaganyñ arasyndaky ilkinji ruhy gatnaşyk, mümkin, hut şondan başlanýandyr. Ruh - bu beýik gudrat! Bu beýik duýgy! Duýgyñ päk bolan ýerinde-de ygrar bar, ynsap bar, ynsanperwerlik bar. Türkmen aslyýetinde-de beýik ruha tagzym eden halk. Ol ruhubelent halk. Kalbynda beýik duýgy möwç alýan halk. Seredip otursañ, türkmeniñ islendik milli sungaty özüniñ gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýar. Halyçylyk, el işleri, saz gurallary bolan dutar, gyjak, tüýdük, gopuz... Bularyñ ählisi nesilme-nesil dowam edip, şu günlerimize ýetip gelipdir. Türkmen nähili agyr günleri başdan geçirse-de öz sungatyny ýitirmän, ony dowam etdiripdir. Agyr synaglardan geçip, öz sungatyny gorap bilmek, diñe ruhubelent halka başardýandyr. Şonuñ üçin biz türkmeniñ sungatyny şu günlerimize ýetiren pederlerimize - ata-babalarymyza, enelerinize tagzym etmelidiris. Bir gezek Türkmenistanyñ suratkeşler birleşmesiniñ sergi zalynda üýtgeşik bir sungaty - düýebaşlyk diýilýän sungat eserine tomaşa etmek miýesser etdi. Özüniñ mazmuny, reñkleri boýunça ol haýran galdyrýardy. Eger düýäñ üstüne atylýan esbap şeýle sungat derejesine ýetirilýän bolsa, onda türkmeniñ beýleki zatlary nähilikä diýdirýärdi. Şonda bu düýebaşlygy sünnäläp döreden, türkmeniñ gadymy sungatyna uly sarpa goýýan suratkeş Sülgün Hojagulyýewa bir hakykaty gürrüñ berdi: "Türkmenler islendik zadyny sungat derejesine ýetirip döregmegi gowy görýär. Isle öý goşlary bolsun, isle-de hojalyk esbaplary, türkmen şolary göze ýakymly edip bejermese, kanagat tapmandyr. Ynha, şu düýebaşlygam olar bezemek kemini goýmandyrlar. Türkmenler islendik zady - horjun, torba, el bukja, hatda temmäki salynýan haltajyga çenli añrybaş bejerip, owadanlap ulanypdyrlar. Türkmeniñ kalbynda gözellige bolan uly söýgi bar. Şol söýgi hem olara ölmez-ýitmez sungat eserlerini döretmäge itergi berýär, şol söýgi onuñ ruhuny belende galdyrýar". Ussat suratkeş bilen bolan söhbetdeşlikde ýene bir täsinligiñ şaýady boldum. Türkmeniñ gadymdan gelýän düýebaşlyk esbaby bilen uzak Norwegiýadan, Gollandiýadan gelen myhmanlar gyzyklanypdyrlar. Ony dokap bermegini haýyş edip, türkmen suratkeşine ýüz tutupdyrlar. Soñam taýýar edilen sungat eserini ýanlary bilen alyp gidip, öz ýurtlaryna eltipdirler. Türkmeniñ düýebaşlygy ýewropaly ynsanlara näme üçin gerek bolduka? Olary asyl bu işiñ gözelligi, nepisligi, inçeligi, reñkleriñ sazlaşyklylygy, milliligi, galyberse-de onuñ tapylgysyz sungat eseridigi gyzyklandyrýan ekeni. XIX asyryñ ortalarynda türkmenlerde ýesir bolan Genri de Blokwil öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar: "Türkmenleriñ barysy diýen ýaly aýdym aýtmagy ýa-da dutar çalmagy gowy görýär. Eger bir öýde aýdym aýdylyp, saz çalynsa, oraça sygmadyklar içmege dolanyp, daşarda çommalyp ýa-da tirseklerine gyşaryp, hatda gyşyñ ortaky aýlary hem tä aýdym-saz bes edilýänçä oturýarlar. Daşyndan göräýmäge ulumsy bolsalar-da, türkmenler şadyýan, ruhubelent bolýarlar". Zannyna siñen ruhubelentlik türkmene hemişe daýanç, goldaw bolupdyr. Ruhubelentlik onuñ ahlak normalarynyñ hem ölçegi bolupdyr. Orta asyrda ýaşap geçen belli musulman taryhçysy Fazylallah Reşideddiniñ "Oguznama" eserini okanyñda, bir wajyp zada göz ýetirýärsiñ. Oguz han dünýäniñ ep-esli bölegini basyp alsa-da, onuñ urşy wagşy häsiýete eýe bolmandyr. Ol islendik ýurda baranda, söweşe girişmezden ozal öz ilçilerini iberip, garşydaşyny uruşsyz boýun egdirmegi maksat edinipdir. Eger duşman uruş islese, onda han açyk söweş meýdanyna ýüzbe-ýüz çaknyşyga, göreşe çagyrypdyr. Hiç-hili şäherem weýran etmändir. Aýal-ebtat, çagalardyr garrylaram gyrgynçylyga salmandyr. Islendik ýurduny eýelände-de ol ýeke zady berk talap edipdir. Olam salgyt. Ýylda bir gezek, ýarym gezek tölenmeli salgyt. Emma taryhda belli bolan Çingiz han, Teýmirleñ, Aleksandr Makedonskiý ýaly zalymlar weýrançylykdan, gyrgynçylykdan lezzet alypdyrlar. Ýurtlary, şäherleri, obalary ýer bilen ýegsan edipdirler. Otlapdyrlar, sil-suwa basdyrypdyrlar. Parahat ilaty görlüp-eşdilmedik gyrgynçylyga sezewar edipdirler. Her bir halkyñ dinine, däp-dessuryna, sungatyna, milli aýratynlygyna öwezini dolduryp bolmajak zyýan ýetiripdirler. Şeýle wagşyçylygyñ netijesinde adamzat ösüşi ep-esli yzyna tesdirilipdir. Dünýä belli meşhur pelsepeçi Aristoteliñ şägirdi Aleksandr Makedonskiý özüniñ wagşylygy, ganhorlygy bilen häli-häzire çenli adamzady haýran edip gelýär. Urşuñ hudaýy hasap edilen bu serkerde üçin iñ uly howply zat akyl-paýhas hemem belent ruh bolupdyr. Şeýle bolansoñ ol islendik ýurdy basyp alanda, ilkibaşda şol ýeriñ akyldarlaryny, danalygy, pähim-paýhasy wagyz edýän kitaplary ýok etdirýän ekeni. Belli bir döwürde Türkmenistanda ýaşap giden rus ýazyjyau Wasiliý Ýançeweskiniñ (Ýan) A.Makedonskiý hakynda ýazan hekaýasynda şeýle bir sahna bar: Aleksandr Makedonskiý gadymy medeni ojak bolan Baktriýa (Balh) şäherine kürsäp girende, ol öz nökerleri bilen ilki otparazlaryñ meşhur ybadathanasyna barýar. Bu ybadathanada otparazçylygyñ beýik mugallymy Zaratustranyñ ynsanperwerlige, agzybirlige, watançylyga, pespällige, namysjañlyga çagyrýan pähimleriniñ wagyz edilýändiginden A.Makedonskiniñ habary bolupdyr. Ynha, şonda özge halkyñ danalygyna, paýhasyna, ruhubelentligine gözi giden serkerde göriplik edip, ähli kitaplar bilen birlinde pähim-paýhasy ýaýradýan dana kişileri hem otda ýakmagy buýurýar. Ynsanyñ ençeme ýyllap ýygnan ruhy baýlygy edil göz açyp-ýumasy salymda küle sowrulýar... Adam atanyñ mazaryndan ýörite gum getirdip, ony endamyna çalan Oguz han öz ogullaryna we emirlerine şeýle diýipdir: "Adam ata-da toprakdan döräp, topraga siñen. Wagt geler bizem topraga garylarys. Adam nähili güýçli bolsa-da ol ahyrýeti ýatdan çykarmaly däldir. Ol dirikä gabahatlyk däl-de, ýagşylyk etmelidir". Hawa, taryhda görülmedik wakalar ýok. Ýöne adamzat nähili güzaplary başdan geçirse-de ruhuñ, paýhasyñ ýok bolup gitmegine ýol bermändir. Bu hut türkmende-de şeýle bolan. Şol ýitirilmän saklanylan ruhy güýç, beýik ruh, türkmene her bir işde teselli beripdir, onuñ ruhuny belende galdyrypdyr. Geçmişi ýada salanyñda ynsan ruhuny belende galdyran şahsyýetlerimiz göz öñünden geçip gidýär - Magtumguly Pyragy, Amangeldi Gönübek, Mylly Täçmyrat, Nury Halmämmet, Gurbannazar Eziz, Kerim Gurbannepes... Bize näbelli bolan ençeme zehinlerimiz - halyçylarymyz, zergärlerimiz, sazandalarymyz, beýik sungata sarpa goýup, beýik ruhy döreden zehinleeimiz ör boýuna galýar. Şeýle ruhy hazyna eýe bolmagyñ özi beýiklikden nyşan. Ruhy baý halk bagtly halkdyr. Ruhubelentlik - bu ähli ýeñişleriñ gözbaşy. Ol halky täze sepgitlere ýetirýän, ony öñe tarap iterýän ruhy güýçdür. 1999 ý. Ýazmyrat ŞADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |