23:04 Halasgär / hekaýa | |
HALASGÄR
Hekaýalar
Hojagylyç Garaçaýyň takyryna golaýlanda, ýagyş güýçlendi. At ýörgünini çaltlandyrdy. Ýöne palçyga öwrülip başlan takyrda, toýnaklaryna ýelmeşýän toýunly laý çeti-çerkeziň arasyndan sowlup geçmäge päsgel berýärdi. Hojagylyç kakasynyň özüni howul-hara süriniň yzyndan ibermeginiň sebäbine şu pursat düşündi. Takyrlykdan çykyp, urpak ýer bilen süriniň bolaýjak meýdanlaryna aýlandy. Goýun sürüsiniň yzlary diňe sazaklaryň, gandymdyr çerkezleriň golaýynda göze ilýärdi. Dowarlaryň galdyran yzlarynyň suduryndan süriniň giden ugruny kesgitlemek kyndy. Bulutly howa, asmandan dyngysyz ýagýan ýagyş gözýetimde mal-garany saýgardanokdy. Gün ikindine golaýlanda, Hojagylyç çopan düşelgesini tapdy. Süri gelmänkä, çalmarda basyrylgy goýlan odunlary ýakyp, çaý goýdy. Agşamlyk üçin gazan atardy. Şu aralykda ezilen eşiklerini hem çalşyrmaga ýetişdi. Ol barmana, jaň sesi eşidildi. Onuň howsala düşen ýüregi birneme aram tapdy. «Ertire gerek bolar» diýip, birki gujak odun ýygyp, çalmaryň gapdalynda ezilmez ýaly basyrdy. Çopanyň öňünden çykyp, süriniň yzyny ýygnaşmak üçin ýaňy iküç ädim ätmänkä, aňyrdan çopan itleri Garabaş bilen Alabaý geldi. Olar Hojagylyjyň ellerini ýalap, üstüne bökäýsem diýýärdiler. Garabaş birki ýola üýrüp, gelen yzyna ýolukdy. Hojagylyç itiň yzyna düşdi. Süriniň yzy ýygnansa-da, çopanyň gara bermeýänligi ony howsala saldy. Aljyraňňy ýagdaýda: «Şyhgeldi! Şyhgeldi!» diýip gygyrdy. Jogap beren bolmansoň: «Garabaş, Garabaş!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, ädimlerini çaltlandyrdy. Az salymdan Garabaşyň yzyna öwrülip gelýänligine gözi düşüp, oňa tarap ylgady. It gelşine, boýnuny yzyna gaňryp, birki gezek üýrdi-de, ýene yzyna öwrüldi. Hojagylyç esli aralygy ylgap geçensoň, depäniň üstünde Garabaşyň duranyna gözi düşdi. Depä çykan dessine, gür sazakly ýerde goş erkege gözi düşen Hojagylyjyň ýüregi biraz ynjaldy. Garabaş hem onuň öňünden çykdy, ýöne tiz yzyna dolandy. Hojagylyç ädimini çaltlandyrdy. Gara sazagyň ygasynda iki eplenip ýatan, süllümmaý ezilen Şyhgeldiniň golaýyna bardy. — Şyhgeldi, saňa näme boldy? — Hojagylyç, senmidiň, gaýdyberdiňmi?! Geplemäge mejalym ýok. Oňurgamy agyrtdym. Meni tiz goşa aşyr, üşäp başladym. Hojagylyç erkegi Şyhgeldiniň golaýynda çökerdi. Howudyň üstündäki goşlary iki gapdala deň agram salar ýaly edip, mazaly jaýlaşdyrdy. Soň Şyhgeldini emaý bilen howudyň üstüne mündürdi. Bilini, aýagyny hatabadyr çemmere daňdy. Ýola düşülýänçä, garaňky hem gatlyşdy. Düşelgä salymyny geçirmän ýetildi. Çalmaryň içi ojar odunyň berýän howruna tiz ýylady. Agşamlyk edinilenden soň, Şyhgeldiniň süňňi ýylap, ýagdaýy gowulaşan ýaly boldy. Gulnazar tebibiň edýän emleri edilenden soň, agyrysy peseldi. Şähdi biraz açyldy. — Ýagyş başlamazynyň öň ýanynda süri Garaçaýyň gapdalyndady. Ýyldyrym çakyp, gök gürläp başlanda, sürini ýygnap başladym. Ýöne çetrew geçiler bilen bagraw goýunlar çaýyň aňry gapdalyndaky gandymly meýdanda galypdyr. Şolary çaýdan çykarýançam, ýagyş eýýäm toýunsow ýerleri palçyga dönderipdir. Howlugyp ýörşüme, aýagym taýyp, ýykylanymy bilmän galdym. Gyzgynyma agyrymy duýman, sazakly oýa ýetdim. Şondan soň sürini Garabaş bilen Alabaý bakdy. Garabaş sürini menden kän daşa goýberen bolmaly däl. Sebäbi ol wagtal-wagtal meniň ýanyma gelip gidýärdi. Eger Alabaý yzyna düşüp gelse, ony şobada sürä tarap kowup goýberýärdi. Pederlerimiz: «It — çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Sürini bölmän, gorap saklan, maňa howandarlyk eden Garabaşdyr. Onuň meni howpdan halas edişi indi ikinji gezek. 3—4 ýyl öň, ýazda Dälje gumunda goýun bakdym. Dälje-de ýylanyň köp ýeri. Olaryň arasynda gömülgen has zäherlisi. Bir gün günorta nahary wagtynda ýakynymdan bir «şygyrdy» eşidilen ýaly boldy. Nämedigine göz ýetirip ýetişmänkäm, Garabaş ýowşanyň düýbünde görnen ýylana hemle urdy. Ýylan dikgerip durdy-da, birdenem suwlup gitdi. Bularyň hemmesi göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Ýagyş pessaýlady. Adaja ösýän agşam şemalynyň şuwwuldysy we alaňlaryň aňyrsyndan goýun itleriniň sesi sazlaşykly eşidilýärdi. Wagt bir çen bolupdy. Şyhgeldini ertir irden çopanlara aýlanmaga geljek awtoulag bilen oba alyp gitmek makul bilindi. Hojabek ÝAGŞYÝEW. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |