01:05 Halypa seýsiñ sowgady / hekaýa | |
HALYPA SEÝSIŇ SOWGADY
Hekaýalar
Çagyl obasy gum gerişlerini gyr bilen çäkleýän urpakly meýdanda ýerleşýärdi. Obany iki bölüp geçýän suw akabasy oba özboluşly keşp berýärdi. Obanyň ýaşaýjylary bu uly akabany «Orun» diýip atlandyrýardylar. Ýaz, güýz aýlarynda çabga ýa-da siňňitli ýagyş ýaganda, obanyň günorta-gündogaryndaky gaýalardan takyrlara düşýän suw ençeme menzilden akyp gaýdyp, Ornuň içi bilen demirgazyga akyp gidýärdi. Onuň akymyny synlap, adamlar ýazyň, güýzüň berekediniň nähili boljagyny çaklaýardylar. Soňky mahallar Dürli ejäniň ökjesi ýere degenokdy, çünki ol goşun gullugynda ýören nowbahar ogly Aman üçin ýakyn garyndaşlary bilen guda bolmagyň küýündedi. Ähli mesele çözülipdi. Gyzy Selbi Amanyň halaşýan gyzynyň bardygyny ýaňzydanda-da, ol: — Öz işiň bilen bol, ulugyz halyňa munuň ýaly gürrüňler etmek utanç dälmi?! — diýip, al-petinden alypdy. Aman gullukdan sag-aman dolanyp geldi. Ejesiniň, maý tapsa, garyndaşlary barada, gudaçylyk, toý barada söz açmagy Amany birneme howsala salyp başlady. Uýasy Selbiniň ýüzünde bir aladaly ynjynyň bardygyny, onuň bir zatlar aýtmaga alňasaýandygyny aňşyrýardy. Ýöne ikiçäk gürleşmäge maý bolanokdy. «Gözüň aýdyň!» diýmäge gelýän obadaşlarynyň yzy üzülenokdy. Ony, esasanam, söwer dosty Yklymyň bu gün çöl üstüne gidip, gelmän durşy biynjalyk edýärdi. Ýogsam obadaky täzelikleriň dessine anygyna ýetiljekdi. Amanyň kakasy Möwlam aganyň sözüne diňe maşgalasynda däl, eýsem, tutuş ýaýlada gulak asylýardy. Agrasdan açyk göwünli, peşeneli ýaşuly tanymal maldarlaryň biridi. Obada hormaty we abraýy ýeterlikdi. Ol döwletli maşgalasynda bäş ogluna we ýalňyz gyzyna guwanýardy. Aman obada ezber çapyksuwardy. Onuň obadaşy Weýis aganyň gyzy Aýna bilen göwün berşip ýörenine indi ençeme ýyl bolupdy. Dürli daýzanyň goňşy obadaky garyndaşlaryna gatnawyny ýygjamlatmagy Aýnany hem alasarmyk ýagdaýa salyp başlapdy. Dogrusy, ol bu barada alys ýerlerde goşun gullugyndaky söýgülisine soňky ýazan hatlarynda ýaňzydypdy. Ýöne ýigidiň aýdylýan gürrüňlere ynanmazlygy maslahat bermegi gyz ýüregine biraz teselli beripdi. Amanyň çagalykdan ata bolan höwesi uludy. Ussat seýis Amanmämmet aga onuň höwesini hemmeden öňürti duýupdy. Atyň öňüne selin, selme, ýorunja dökmek ýaly ýumuşlary, soň-soňlar aty suwa ýakmak, gezim etdirmek ýaly ýumuşlary hem oňa ynanypdy. Halypa seýis toýlarda guralýan at çapyşyklarda ilkiler Amany taý-gunana mündürse, soň-soňlar oňa eý görýän Meledoruny çapmagy ynanyp ugrady. Uzagrak obalarda guralýan at çapyşyklaryna hem Amanmämmet aga ony ýany bilen äkidýärdi. Gulluga gitmeziniň öň ýany etrap merkezinde geçirilen at çapyşykda Aman Meledor bilen baş baýraga mynasyp bolupdy. Aýna bilen ol birinji synpdan bäri bile okaýardy. Mekdebiň ahyrky ýylynda-da Aman ondan söýgi hatyna hoş jogap alypdy. Şeýdibem, yşkyň dünýäsi bular üçin öz gapysyny açypdy. Oba horazlarynyň daňyň atjaklygyndan habar berýän seslerini eşiden dessine, Aman gepleşilen ýere, ençe ýyldan bäri aşyk-magşuklary duşuşdyrýan goşa çynaryň ýanyna ýöneldi. Onuň göreçleri söýgülisiniň geljek tarapyna gönügipdi. Ara salym salman, seýkin basyp Aýna geldi. — Aman, salam! Sag-aman geldiňmi?! Gözüň aýdyň! — Salam! Näme üçindir aşyklaryň sözleri öňküleri ýaly alşyp gidiberenokdy. Amanyň göwnüne bolmasa, Aýnanyň owadan gözel görküne kybapdaş göwresi birneme kiçelen ýaly, nur saçýan gara gözleriniň şuglasy öçüşen, özüne garaýşy hem başga ýaly göründi. Bularyň hemmesinde özüni günäli duýan ýigide sözüni dowam etdirmek ýeňil düşmedi. Göýä muny aňan ýaly, Aýna ara düşen böwşeňligi bozdy. — Men baryndan habarly, seni günälämok. Ykbal bizi... Aman mundan artyk çydap bilmedi, pert-pert gürledi. — Aýnam, giň bol, bu zatlar ýalan ýaly bolup geçer. Biziň söýgimiz sap hem päkdir. Men hiç haçan senden aýra düşmerin. Kakamyň meni goldajagyna şübhäm ýok. Eger olar razy bolmasalaram, söýgi öz ýoluny özi arçaýandyr. — Ýok, bu pikirleriňden el çek! Takdyra ten bermeli borus, päk söýgimiziň nesibesi çeken däldir-dä. Sen ejeň nähili hala düşjekligini bir göz öňüne getirip gör. Ene mukaddesdir, onuň razyçylygy bolmasa, Allanyň ýanynda hem günäli bolarys — diýip, Aýna garşy çykdy. — Aýnam, indi ähli eden arzuwlarymyz puja çykdy diýjek bolýaňmy? Men kakam bilen gürleşerin, düşündirerin. Gerek bolsa, Amanmämmet aga-da goldaw berer. Men sensiz durmuşy göz öňüne getirip bilemok — diýende, ýigidiň sesi aýgytly çykdy. Alasarmyk pikirleriň girdabyna düşen gyz : — Mümkin, bu duşuşyk... soňky... — diýip elindäki tahýany Amana uzatdy. — Muny gullukdan geleňde geýersiň diýip tikipdim, içinde elýaglygy hem bardyr, nagyşlarynyň arasyndan adyňy, içgin syn etseň, okap bilersiň. Meledoruň üçin boýunbagyny, at torbany, horjunlary dokap boldum. Atyň köýnekçesini, eýeriň halyçasyny toýuňa çenli dokap bolaryn — diýen sözleri gaty kynlyk bilen aýdyp ýetişdi, gözlerinden gaýdan damjalary süpürmegi hem unudyp, öýlerine ýöneldi. Aman ertesi säher bilen halypasynyň öýüne bakan ýöneldi. «Allajanlarym, halypa näme maslahat bererkä?» diýen sowal onuň kalbyny gurşady. Uzak möhletden soň, syrdaş dosty Meledoruň ýanyna ylgap barmaly halyna, Amanyň ädim urşy alys aralyga edilen ýörişlerden soňky çaglary ýatladýardy. Halypanyň öýüne ýetmäge az galanda, golaýda daňylgy duran at kişňedi. Onuň öň aýaklary bilen ýer peşäp hokranmasyny golaý-goltumdakylar eşidip biljekdiler. Amanmämmet aga ertir namazyny ýaňy okap bolupdy. Öňlerine saçak ýazyp, keýwanysy bilen çaý içmekçidi. Bedewleriniň gylyk-häsiýetlerine belet goja atynyň bu wagtky sesini eşidip, ýerinden gobsunanyny duýmady. — Keýwany, atyň töweregine esewan et. Ir bilen muny beýle bimaza edip biljek zat nämekä ýa-da Aman jan atyny görmäge geläýdimikä? Dursun daýza gapydan çyksa-da, ara salym salman yzyna öwrüldi. — Kakasy, aýdyşyň ýaly, atyň ýanyna Aman jan ýetip gelýän eken. Sözlerine ýaşulynyň hiç pitiwa etmeýändigini onuň ardynjyramasyndan aňan Dursun daýza aýdýanlaryna bialaç dyngy bermeli boldy. Ýogsam obadaky myş-myş gürrüňlerden köp zady habar berip biljekdi. Aman atyna golaýlaşdygyça, janawar gulaklaryny keýerdip, duran ýerinden butnaman, öň aýagy bilen gum peşedi. Hernä, Aman atyň ýanyna baryp, onuň kellesini sypalady, boýnundan gujaklady. At öňki bimazalygyny tapba goýup, çapyksuwaryň gursagyny, ellerini, maňlaýyny ysgady. Ýigit, atyň mährem gözlerine nazary ilende, olardaky gözýaşy görüp, allaniçigsi boldy, Aýnanyň sowgat beren elýaglygy bilen atynyň gözýaşyny süpürdi. Aty mazaly ynjalansoň, onuň eýerini düzedişdirdi, çekilerini çekişdirdi. Onuň öňüne dökülen ýorunjalaryň düýpleriniň doly çyrtylmanlygyny, gazygyň töweregindäki tezekleriň arasynda gün aşanlaryny görüp, goja seýsiň atyna ýakynda hyzmat etmedigine ynanmajak boldy. — Bä, halypanyň ýagdaýy ýagşymyka — diýip oýurgandy. — Meledorum, özüm gelendirin, häzir ýaşulular bilen görşeýin, hallaryndan habar alaýyn — diýip, atynyň sagrysyny sypalap, öýe bakan ýöneldi. At, göýä Amanyň ýene-de alyslara giderinden heder edýän ýaly, ýuwaşjadan hokrandy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň hem, Amanmämmet aga esli wagt şägirdinden gözlerini aýryp bilmedi. Ýaşuly şägirdini öz çagalarynyň biri ýaly görýärdi, oňa häzirem «taýym» diýip ýüzlenýärdi: — Taýym, bizi sylap, görüşmäne geleniňe sag bol! Düýn, geleniňi eşidenimde, begenjime, özüm barmaga hyýallandym, ýene-de aýaklarymyň agyrylary bu meýlimden el çekdirdi. Amanmämmet aga şägirdine, ýarawsyzlygy zerarly, Meledoruň ýanyna hem seýrek barýandygyny, ony iýmlemek, suwa ýakmak işlerini agtygy Kowsa ynanandygyny ýaňzytdy. Atyň indi ençeme wagtdan bäri gezdirilmeýändigine, sonar ýerlerde öz maýdalyna otladylmaýandygyna biynjalyk bolýandygyny söhbedine sepledi. Ýöne halypa seýis Amanyň ozalky şähdaçyklygynyň ýoklugyny, özüniň aýdýanlaryna onuň kän bir gulak gabartmaýanlygyny aňsa-da, ondan hiç zat soramady. Günortanlar Aman Meledory bilen aýlanmaga gitdi. Meledoruň aýaklary ýeňil gopýardy, elbetde, seleň sähranyň açyk howasynda özüňi erkin duýmagyň lezzeti üp-üýtgeşikdir. Ornuň gapdalyndaky guýa ýakynlaşanda, suw almaga elleri bedreli gelýän gyz-gelinlere gözi düşen Aman atyny gapdala sowup, ony assaja debsiledi. Emma muňa garamazdan, Meledor göni guýyny nazarlady, ýakynlaşanda, adaja kişňäp, hokrandy. Aman şu halat guýynyň başyndaky gyzlara tarap kän bir esewan etmezlige çalyşýardy. Gelinleriň ekabyrragy Sadap gelnejäniň: — Aman, sag-aman geldiňmi? Gözüň aýdyň! — diýen sözleriniň yzyny beýleki gyz-gelinler alyp göterdiler. Aman diňe «Sag boluň!» diýip ýetişýärdi. Onýança olaryň biri Meledoruň öňüne suwly bedresini eltip goýmakçy boldy, ýöne näme üçindir at onuň deňinden geçip, guýynyň başyndaky gyzlara bakan ýuwaşja ýöredi. Ýene-de Sadap gelneje saklanyp bilmedi: — Waý, Amanyň atynyň diňe Aýnanyň bedresinden suw içýänini bileňizokmy? Hany, Aýna gyz, çekinme-de, Meledory guýynyň suwundan gandyr. Asyl, aşyk bolsaň, çapyksuwara aşyk bolmaly eken, arman giç bildim. Gyzlar, siz bir meň aýdanlarymy gulagyňyzyň deňinden geçirmäweriň! Bulary eşidip duran Aýna suwly bedresini Meledoruň öňünde bialaç goýdy. Şu pursat iki juwanyň gözleri biri-birine kaklyşyp ýetişdi. At bedräni ýarpylansoň, kellesini galdyryp, gyzyň bedräniň bagyny tutup duran ellerini ysgap, ýuwaşjadan aýaklaryny peşedi. Hemmäniň nazary Meledoruň hereketlerine gönügipdi, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Obanyň sarpaly ýaşulusy Amanmämmet aganyň howlusynyň gelim-gidimi bu gün az däldi. Goja seýis şägirdi Amanyň gullukdan gelmegi mynasybetli üýşmeleň edilýärdi. Elbetde, myhmanlaryň arasynda Amanyň kakasy Möwlam aga, ejesi Dürli daýza, dosty Yklym dagy hem bardy. Nahar-tagam iýlip, ara salym düşensoň, Amanmämmet aga oturanlara bir maslahatynyň bardygyny, olaryň pikirleriniň örän wajypdygyny ýaňzytdy. Myhmanlaryň arasyndan: «Allajanlarym, goja seýsiň näme aýtjak zatlary barka?» diýip, adaja eşidilýän pyşyrdylar olaryň hijisiniň sala salynjak zatlara biperwaý däldiklerini aňladýardy. Amanmämmet aga sözüniň başynda soňky döwürde özüniň owalkylygynyň ýoklugyny we saglyk ýagdaýy zerarly atyny idetmäge, ony çapyşyklara seýislemäge tabynyň barha peselýänligini, agtygy Kowsuň entekler gögeledigini tekrarlady. — Türkmende seýisçilik arkama-arka geçip, öz dowamatyny ýitirmän gelýän sungat. Her halypa hünärini öz şägirtlerine öwretse, nesillerimiz üçin ullakan iş bitirdigimiz. Bedew aty seýislejek kişi owaly aty çäksiz söýýän bolmaly. Bu kär gaty ynjyk bolup, uly jogapkärçiligi, talapkärligi, erjelligi we halallygy talap edýär. Onuň aňyrsynda irginsiz zähmet, ukusyz gijeler ýatýar. Şu aýdanlarymyň Aman janda jemlenendigine güwä geçip biljek. Eger ýaşulular unasa, kärimi dowam etdirmek üçin Aman jana ak pata bermekçi. Onsoňam, adamlar, şu ýerde biz ýene-de bir zatda siziň goldawyňyza mätäç. Ýaşuly seýis oturan ýerinde ykjamlandy. Töweregine garanjaklady. Möwlam aga seretdi. Olam “aýdyber” diýen manyda baş atansoň, sözüni dowam etdirdi. — Möwlam ikimiz bir maslahata geldik. Sähetli gün Weýislere Aman jan üçin gudaçylyga barmak hyýalymyz bar. — Ol ýene-de töweregine nazar aýlady. Ýaşulularyň hemmesi bu aýdylan teklipleri makullaýan halda: «Bolubilýär» diýşip baş atdylar. Ýuwaşjadan pyşyrdylar eşidilse-de, hiç kimden ses-seda çykmady. Ýöne oturanlaryň käbiriniň nazary Amanyň ejesi Dürli daýza gönükdi. Dürli daýza sesini çykarman otyrdy. Ara düşen böwşeňligi Möwlam aga bozdy. — Keýwany, Aman jandan galan ogullarymyň haýsylaryna garyndaşlaryňdan gyz alaryn diýseň, seniň aýdanlaryňa «ýok» diýen, öňüňe taýak oklan bolmaz. Onsoňam, beýdip oturma-da, toýa taýýarlygyňy görüber. Möwlam aganyň ýarym degişme gatyşykly hemleli sözlerini eşiden goňşulary Dürli ejä: «Toýyň oňuna başlasyn!» diýişdiler. Amanmämmet aga biraz wagtdan märekä ýene-de bir hoş habar bilen ýüzlendi. — Adamlar, Aman janyň toýuna Meledory sowgat bermegi makul bildim. — Ýaşuly agyrlyk bilen ýerinden galdy-da, tärimden asylgy duran, altyn-kümüşden haşamlanyp, pil süňkünden ýasalan gamçysyny Amana gowşurdy. Hojabek ÝAGŞYÝEW. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |