22:37 Halk komissary: Bäşim Pereňliýew | |
HALK KOMISSARY
Taryhy şahslar
Segsen ýaşy tegelän Zöhre ejäniň heniz-henizler süňňi sagat görünýär. Onuň student agtygy Bäşim öz mähriban enesiniň gürrüňlerini diňlemegi gowy görýär. Ýogsa-da Zöhre eje hojalyk işlerini bir ýüzli edip, arkaýyn oturan wagty ömrüň haýsydyr bir pursatyny ýatlamagy, ony öz agtyklaryna gürrüň bermegi zerur diýip düşünýär. Bu gün ol bagtly ene. Iki gyz, bir ogul ösdürip, kemala getirdi, olary aýagy galdyrdy. Olaryň hemmesem il derdine ýarap ýören adamlar bolup ýetişdi. Gyzlarynyň biri Dilara – lukman. Ol gör, näçe adamyň ýene-de ýagty jahany görmegini gaýtaryp bermäge hemaýat etdi. Olar Dilaranyň uly yhlasynyň, lukman mähriniň netijesinde dünýäni synlamak bagtyna eýe boldular. Ogly Azat bolsa respublikanyň uly döwlet planlarynyň düzülmegine gös-göni gatnaşýar. Ol tehniki ylymlaryň kandidaty, indi birnäçe ýyldan bäri bolsa TSSR Döwlet planynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär. Hawa, Zöhre eje altmyş ýyl mundan öňki wakalary ýatlaýar. Maryda mugallymçylyk eden ýyllaryny, şol ýerde-de Bäşim Pereňli atly türkmen ýigidi bilen tanşan pursatyny, soňam Aşgabada göçüp gelişlerini ýatlaýar. Bu 1924-nji ýylyň soňky aýlarydy. Bäşim Pereňlini Sentrononyň başlyklygyna belläpdiler. “Türkmenistan özbaşdak respublika boljak” diýip gürrüň edýärdiler. Bäşim Pereňliniň iş-aladasy özüni ýetikdi. Öýde seýrek görünýärdi. Onuň edarasy Karl Marks köçesi bilen Doktor köçesiniň çatrygynda ýerleşýärdi. Bäşimleriň ýaşaýan ýeri ol ýerden kän bir uzagam däldi – Doktor köçesiniň ugrundaky jaý nomeri näçedikä? Zöhre ejäniň ýadyna düşenok. Ýöne bu jaýdakylar gaty agzybirlikde ýaşapdylar. Bu jaý üç baş maşgalanyň başyny birikdirýärdi. - Bäşim Pereňli, Berdi Kerbabaýew, Seýitmyrat Öwezbaýew ep-esli ýyllap bile bir jaýda ýaşamaly bolupdylar. Berdi Kerbabaýewiň täze goşgularynyň ilkinji diňleýjileri hem şolardy. “Gyzlar dünýäsi” poemasy okalanda, jedel bäý gyzyşyp-da! Birnäçe adam poema hakda başgaça pikir edýärdi. “Biziň täze durmuşymyzyň proletar sosialistik mazmunyny ýoýup görkezýär” diýip welilik satýardylar. Emma Bäşim Pereňli bolsa hakyky dostluk sözüni aýdypdy. “Berdi, sag bol! “Aýny wagtynda ýazdyň. “It üýrer, kerwen geçer” diýipdirler. Kimiň-kimdigini wagt görkezer” diýip, hem okyjy, hem respublikanyň halk komissary hökmünde ýürekden aýdypdy. Bäşim Pereňliýew 1898-nji ýylda Marynyň Gökje obasynda dogulýar. 10-12 ýaşlaryndaka ýetim galýar. Ol ilkinji bilimi Togtamyş obasyndaky rus-ýerli mekdebinde alýar. Ilkinji türkmen magaryfçylary Muhammetguly Atabaýew bilen Gaýgysyz Atabaýew onuň ilkinji mugallymlarynyň biridi. Bäşim Pereňliýewiň ilki okap, tälim alan mekdebiniň nähili ýagdaýda açylandygy hakda bolsa, ine, şeýle dokument saklanyp galypdyr: bu dokumentde Mary uezdiniň naçalnigi kapitan Mihaýlow Zakaspi oblastynyň naçalnigi general-leýtenant Bogolýubowa ýüzlenýär. Hat segsen üç ýyl mundan öň, ýagny 1900-nji ýylyň 12-nji awgustynda ýazylypdyr. Hatda ine, şeýle sözler ýazylypdyr: “...köpçülik mekdebiň ýanynda feldşer punktyny açmaklyga isleg bildirdi, şeýle hem dürli hünärleriň öwrenilmegini, bagçylykdan, bakjaçylykdan sapak berilmigini soraýarlar. Otamyş raýonynyň obalarynda ilat rus dilini hem-de sowat öwrenmeklige höwes bildirýär. Bu birinji derejeli möhüm wakadyr. ...Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň tas ikiden bir böleginiň ýaşaýan uezdinde häzire çenli rus-ýerli mekdebi ýokdy. Men ýekeje-de türkmen okamaýan Ýolöten mekdebini, hemem okuwçysy bar-da , mugallymsyz Pendi mekdebini hasap edemok. Şonuň üçin siziň alyhezretleriňiziň Otamyş raýonynyň jemgyýetçiliginiň sowgadyny kabul etmäge hem-de ähli harajatlar tükel edilenden soň rus-ýerli mekdebiniň jaýyny enjamlaşdyrmaga rugsat bermegiňizi soraýan. Çünki ýerli ilat onuň çalt açylmagyny haýyş edýär”. Şol wakadan soň Togtamyş raýonynyň ilaty hem bir aýda 20 köpük ýygnap, täze rus-ýerli mekdebiniň jaýy üçin serişde toplaýardy. Şu ýerde ýene-de bir zat bellenilip geçilse ýerlikli bolardy. Käwagt baýlar öz çagalaryny rus-ýerli mekdebine bermezlik üçin garyplaryň çagalaryny satyn alyp, okuwa iberýärdiler. Bu hakda 1905-nji ýylyň 2-nji oktýbrynda “Zakaspiýskoýe obozreniýe” gazetinde S.Gramaniskiý diýen adam Saragtda bolan bir waka barada bu hakda ýazýar. Şondan iki gün soň, şol gazetde bu hakda ýene-de makala bilen çykyş edilipdir: “...Bu obanyň jemgyýetçiligi haýsam bolsa bir garybyň ogluny satyn alyp, özüniňkiniň deregine okuwa iberýär. Iki ýyl mundan öň onuň bahasy ýokary – 100 manatdy, ...häzir her okuwçynyň bahasy öňküden aşaklady, 9 teňňe, ýagny, 65 manada çenlidir” diýip, gazet ýazypdy. Giriş ýerine 1923-nji ýylda Zakaspi oblastynda ýaşaýan 712440 sany türkmen ilatynyň 1613-si sowatly hasap edilýärdi. 1924-nji ýylda bu san 9 müňe ýetipdi. *** ...1924-nji ýylyň aýaklarynda 1925-nji ýylyň başlarynda Poltorask okrugynyň mugallymlarynyň konferensiýasy bolup geçdi. Konferensiýa delegatlaryň 59-sy gatnaşdy. Şolaryň sekizisi kommunist, on bäşi bolsa komsomol çlenidi. Üçüsiniň ýokary bilimi bardy. Orta bilimlisi 22 sanydy, başlangyç bilimi bolanlar 34 sanydy. Şolaryň 25-si ýerli milletdendi. *** ...1924-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Poltaraskide işçiler klubynda mugallymlaryň Bütintürkmenistan I gurultaýy açylypdy. Ol öz işini 1925-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam etdi. Konferensiýada Sowet Soýuzynyň daşarky we içerki syýasaty barada we milli bölünişik hakynda hem-de Türkmenistanyň ýakyn döwür üçin wezipeleri barasynda N.Aýtakow bilen N.Paskutskiý doklad edipdiler. Türkmenistanyň halk magaryfy barada bolsa Bäşim Pereňliýew doklad edipdi. Hawa, Bäşim Pereňliýewe ilkinji bolmak bagty miýesser bolupdy. Partiýa oňa iň bir agyr hem-de örän jogapkärli wezipäni tabşyrypdy. Onuň baş wezipesi asyrlarboýy tümlükde we garaňkylykda ýaşan türkmen halkynyň gysga wagtyň içinde sowatly bolmagyny gazanmakdan ybaratdy. Bu wezipe esasy wezipeleriň biridi. Sowetleriň hem-de partiýanyň ilkinji gurultaýlarynda bu mesele ýörite gün tertibinde girizilipdi. Bäşim Pereňliýew 1925-nji ýylyň fewralynda Sowetleriň I Bütintürkmenistan gurultaýynda Türkmenistanyň halk magaryfy hakynda doklad bilen çykyş edipdi. Ol öz dokladynda, ine, şu zatlar dogrusynda gürrüň edipdi: “1911-nji ýylda Zakaspi oblastynda ýerli däl halk üçin 42 sany edara bardy. Şolaryň diňe dört sanysy türkmenler üçin açylan rus-ýerli mekdebidi. Magaryf hajatlary üçin şo döwürde bir ýylda 400000 manat pul goýberilen bolsa, rus-ýerli mekdepler üçin harç edilýän serişde 17 müňden geçenokdy. Eýsem-de bolsa, ýagdaý indi nähili? Türkmenistan respublikasy döredilen soň, 1-nji dekabra çenli ýerlerden gowşan maglumatlara görä, edaralaryň 306-sy zähmetkeşleriň hyzmatynda. Oba mekdepleri bolsa häzirki wagtda okuw kitaplary, mugallym kadrlary bilen üpjün edilen bolsa, mekdebi mekdebe meňzemegi üçin entek edilmeli işleriň köpüsi öňde ýatyr. Muny Magaryff halk komissarlygy öz işiniň aýrylmaz bölegi hasaplaýar. Munuň şeýle bolmadygyna güwä geçýän ýekeje mysal getireýin: Poltorask okrugyna degişli Gökje – Gypjak obasyndaky mekdep geçen ýylyň tomsunda gerek bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdy. Ozal bu ýerde 10-15 okuwçy bilim alýan bolsa, şondan soň mekdepde tälim almaga höwesekleriň sany birbada ýüze ýetdi. Ýene-de şonça nobata dur. Bäşim Pereňliýew öz dokladynda mugallymyň roly we onuň hünäri hakda ine, şeýle sözleri aýdýar: “Mugallymyň obada hem-de şäherdäki roly barada birki agyz aýdaýyn. Obada-da, şäherde-de mugallym özüniň mekdepdäki işleriniň çygryndan çykyp bilmegi hökmanydyr. Mugallymyň öz işi hakynda ilatyň öňünde ýygy-ýygydan hasabat bermegi zerurdyr. Bu diňe bir mugallym babatynda däl, eýsem bütin mekdep hakynda şeýle bolmalydyr. Ine, şonda ilat täze mekdepleriň artykmaçlyklaryna anyk göz ýetirip, oňa ynanar we degişli baha berer...” Halk komissary Bäşim Pereňliýew ýaňy yglan edilen respublikanyň dürli ýerlerinde ýygy-ýygydan komandirowkada bolmaly bolýardy. Dürli ýygnaklarda çykyş edýärdi. Ine-de, ol 1925-nji ýylyň 15-nji aprelinda Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we onuň Merkezi kontrol komissiýasynyň II bilelikdäki plenumynda çykyş edýär. Plenumy Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary Iwan Mežlauk açyp, birinji mesele hakynda doklad etmek üçin Bäşim Pereňliýewe söz berýär. Plenumda Bäşim Pereňliýew mekdep işleri we sowatsyzlygy ýok etmekligiň planlary hakyndaky dokad bilen çykyş edip, şeýle diýipdi: - Magaryf halk komissarlygynyň plany boýunça tomus döwründe üç aýlyk kurslarda oba mugallymlarynyň 165-si okarlar, şol sanda Poltorask şäherinde 60 adam, Maryda 60, Leninskide, ýagny Çärjew şäherinde hem 45 adam okaýar. Şeýle hem Daşkendiň we Leninskiniň inproslarynda, Poltoraskiniň pedagogik tehnikumynda mugallymlaryň goýberilişi bolar. 1922-nji ýyldan bäri, ýagny sowatsyzlygy ýok etmeklik barada gürrüň gozgalan ýylyndan bäri mekdeplerde 2 müňe golaý adam okady. Şonuň hem 50 prosenti transport işçileridir. 1924-nji ýyldan bolsa sowatsyzlygy ýok etmeklik planly häsiýete eýe boldy. Öňki Türkmen oblastynda geçen ýyl likbez mekdepleriniň 35-si bardy. Şolaryň 26-sy türkmenler üçindi. Bu ýyl bolsa türkmenler üçin mekdepleriň sany 526-ýetdi, az milletler üçinem mekdepleriň altysy işleýär. Olarda jemi okaýanlarryň sany 5 müňe ýetdi... Soňra Bäşim Pereňliýewiň doklady ara alnyp maslahatlaşylýar. Ilki bilen “Goşçy” soýuzynyň başlygy Sapar Amanekow çykyş edýär. “Mekdeplerde okuw okadylyşynyň ýagdaýy entek öwerlik däl – diýip, ol öz sözüniň başynda aýdýar. --Obada magaryfy bökdeýän zatlaryň sebäplerini anyklamaly. Bu babatda obanyň hakyky ýagdaýyny öwrenmek gerek. Ilatyň köpüsi mekdepleriň öz ýaşaýan ýerlerinden has uzakda ýerleşýänligi üçin çagalaryny okuwa iberip bilmeýärler”. Ine-de, tribunada Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary Halmyrat Sähetmyradow peýda bolýar: - Mugallym kadrlarynyň hünärini kämilleşdirmek bir ýerde -- Poltorask şäherinde geçirilse, göwnemakul bolar – diýip, ol maslahat berýär. - Biz kurslara syýasy taýdan uly ähmiýet bermek bilen, mugallymlaryň öz öňlerinde durýan wezipelerini has aýdyňlygy bilen düşündirerdik, syýasy düşünjelerini artdyrardyk, şeýle hem olar bir-biri bilen tanşyp, birek-birekden köp zat öwrenerdiler. TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakow bolsa öz çykyşynda şeýle diýýär: - Magaryf halk komissarlygynyň planynda çarwa raýonlarynyň mekdebi hakynda doly zat aýdylmaýar. Ol ýerlerde häzirki bu güne çenli guramaçylyk işler ýok diýerlikdir. Respublikamyzyň ilatynyň ep-esli bölegi diýen ýaly çarwaçylykda ýaşaýar. Magaryf halk komissarlygynyň bu hakda çynlakaý oýlanmagy gerek, çarwa raýonlarynyň ilaty bilen ýakyn gatnaşykda bolunmagy zerur. Gerek bolsa gyrgyzlaryň göreldesine eýerip, çarwa raýonlarynda işleýän işgärleriň gurultaýyny hem çagyrsa bolardy. Respublikanyň halk komisasrynyň iş-aladasy özüni ýetikdi. Çünki ähli zat diýen ýaly tarp ýerden döredilýrdi. Poltoraskda täze-täze medeniýet ojaklary döredilýärdi. Bu zatlaryň hemmesine Bäşim Pereňliýew hem gös-göni gatnaşýardy. Ýaňy döredilen “Türkmenfilmiň” işini ugrukdyrmalydy, täze dörediljek milli teatr üçin artist taýýarlamalydy. Milli kadrlary ýetişdirmek üçin başga respublikalaryň ýerli milletden bolan zähmetkeş oglan-gyzlary gözläp tapmalydy. Mekdeplerde täze-täze okuw kitaplaryň neşir etmegiň meseleleri heniz oňyn çözülmändi. Ýa-da bolmasa, täze elipbiýe geçmäge taýýarlyk görmelidi. Munuň üçin Bäşim Pereňliýewiň gujur-gaýratyny gaýgyrman işländigine güwä geçýän köp sanly hatlar saklanyp galypdyr. Onuň Türkmenistan hökümetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew bilen alşan hatlary hem onuň şeýledigine ýene bir gezek güwä geçýär. Ine-de şol hatlaryň birnäçesi: Magaryf halk komissarlygyna, ýoldaş Pereňliýewe. Men ýoldaş Azolinany diňe oňat tarapdan tanaýaryn. Ol türkmen diline gaty suwara. Şeýle hem ol öz hususy başarnyklaryna görä, terbiýeçi hökmünde işläp biler. Eger-de mümkinçiligiň bar bolsa, onuň haýyşyny kanagatlandyrmayňyzy soraýaryn. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew.1926-njy ýylyň 5-nji sentýabry. Ine-de ýene bir hat: Bäşim Pereňliýewe Ýoldaş Minaýewiň ssenariýasini Size iberýärin hem-de onuň mazmuny bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýärin. Eger-de zerur hasap etseňiz, kinofilm goýmak barada awtor bilen gepleşik geçirersiňiz. Özüm hakda aýdanymda bolsa, ssenariniň mazmuny bilen tayş bolanymdan soň, entek onuň birnäçe kemçilikden halas däldigi hakda pikir döredi. Muny men begiň ilatdan salgyt ýygnaýşy dogrusynda, düşelgede basmaçylaryň hemaýaty bilen baýyň doganlarynyň Annajemaly gynap öldürişleri we başga-da birnäçe waka dogrusynda aýdyp bilerin. Galyberse-de, birtopar zatlar türkmen durmuşyna mahsus däl. Garaz, ssenariýada türkmen durmuşyna häsiýetli pursatlar görkezilmändir. Awtoryň adresi Lýublin o şäheri, Kuhmister posýolygy. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew. 1927-nji ýylyň 27-nji ýanwary. Hatda gürrüňi edilýän moskwaly ýazyjy Minaýew eden bellikleri üçin Atabaýewe minnetdarlyk bildiripdi. Ine, ol şol ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň hökümet başlygyna şeýle ýazypdy: Ýoldaş Atabaýew! Men siziň eden bellikleriňizden netije çykaryp, hekaýa birtopar täze zatlar girizdim. Munuň üçin size köp sag bolsun aýdýaryn. Men size onuň žurnalda çap ediljek görnüşini iberýärin. Eger-de maňa türkmen durmuşyny çeper oçerklerde suratlandyrmakda gerekli materiýallary tapmaga kömek etseňiz, sizden gaty minnetdar bolardym. Men siziň bilen ýene bir gezek görüşmek isleýärin. Eliňizdäki “Türkmen çölleri” ssenariýasyny has-da düýpli işlemek üçin öz bellikleriňizi aýtmaga, belki-de, wagt taparsyňyz! Salam bilen, Minaýew. *** Magaryf halk komissarlygyna, ýoldaş Pereňliýewe ýa-da Kojuhowa Türkmen halk teatryny gurnamak zerurýetçiligi ýüze çykmagy sebäpli, zehinlidikleri we ýörite teatr başarnyklarynyň bardygy üçin Daşhowuz okrugispolkomunyň guramaçylyk bölüminde instruktor bolup işleýän Baýry Karyny, Poltoraskide Ýokary suduň sekretary bolup işleýän Molla Pürini teatra işe çekmegiňizi haýyş edýärin. Bu hakda maňa goşmaça habar berseňiz. Atabaýew. 1927-nji ýylyň 21-nji awgusty. *** ...Men Bäşim Pereňliniň gyzy Dilara Nepesowa bilen gürleşip otyryn. Ol käri boýunça wraç. Oňa TSSR-iň at gazanan wraçy diýen at berildi. Özem Aşgabat şäher Sowetiniň deputaty. -Mähriban kakamyz Bäşim Pereňliýew şumat ýaşap ýörenliginde segsen bäş ýaşynda bolmaly. Ol häzir diri bolan bolsady, onda biziň bagtly durmuşymyza üürekden begenip, daşyny gallap oturan agtyk-çowluklaryna guwanardy. Emma onuň ömri gysga ekeni. Ol ir wagt ýogalypdyr. Men ony ejemiň hem-de onuň dost-ýarlarynyň gürrüňlerine görä, göz öňüne getirýärin. Ol hemişe biziň ýürekleimizde ýaşamaklygyny dowam etdirer. Mähriban ejemiz bizi zada zar etmän, ekläp saklady. Okuwly etdi. Kiçi doganymyz Azat tehnika ylymlarynyň kandidaty. Özem respublikamyzyň Gosplanynyň başlygynyň orunbasary. Ol öz oglunyň adyna Bäşim dakdy. Bäşim Türkmen döwlet uniwersitetiniň studenti. Biz bu bagtyýar durmuşymyz üçin mähriban hökümetimize minnetdar – diýip, Dilara Bäşimowna aýdýar. • TAGAN DURDYÝEW taryh ylymlarynyň doktory: - Bäşim Pereňliýewiň Türkmenistan SSR-niň magaryf işlerine ýolbaşçylyk eden ýyllary (1924-1927-nji ýyllar) respublikada medeni rewolýusiýany amala aşyrmagyň möhüm döwri hökmünde taryha girdi. Bu ýyllarda mekdepleriň, ýörite okuw jaýlarynyň, medeni-aň bilim edaralarynyň setini döretmek we berkitmek, ilatyň sowatsyzlygyny ýok etmek işini ýaýbaňlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylypdy. Mekdepleriň sany 170-den 520-ä ýetipdi. Olarda işleýän mugallymlaryň sany 550-den 1300-e çenli köpelipdi. Şol ýyllarda tehnikumlaryň we beýleki ýörite okuw jaýlarynyň sany iki esse artdy. Ilatyň sowatlylyk derejesi ýokarlanyp başlady. Bu medeni çäreleri durmuşa geçirmekde respublikanyň magaryf halk komissary Bäşim Pereňliýew hem uly rol oýnapdy. Bäşim Pereňliýew öz esasy wezipesiniň daşyndan hem respublikada geçirilýän syýasy, ykdysady çäreleri durmuşa geçirmek işine hem işeňňir gatnaşýardy. Meselem, ol 1925-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen Türkmenistan SSR-niň Sowet apparatyny ýerleşdirmek boýunça Merkezi Komissiýanyň sostawyna saýlanýar. Ol N.Aýtakow, G.Kulyýew, Ç.Myradow we komissiýanyň beýleki çlenleri bilen birlikde iş dolanyşygyny ýerli dile getirmek, ýerli milletiň wekillerini ýolbaçy işlere çekmek, döwlet apparatyny zähmetkeşleriň hajatlaryna we isleglerine tabyn etmek boýunça uly guramaçylyk işlerini alyp barýar. Işde we durmuşda onuň bilim derejesiniň ýetmezçilik etmegi barha ýiti duýulyp başlandy. Şondan ugur alyp Bäşim Pereňliýew 1927-nji ýylyň sentýabrynda okuwa girýär. Ol ilki Leningradda okaýar. Bir ýyldan soň saglyk ýagdaýy sebäpli, Daşkende dolanyp gelýär hem Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň gündogar fakultetinde okuwyny dowam etdirýär. Ol uniwersiteti üstünlikli tamamlaýar. 1931-1933-nji ýyllarda ol Türkmen oba hojalyk institutynda mugallymçylyk edýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa Türkmen döwlet neşirýatynda edebi terjimeçi bolup işleýär. Ol ençeme syýasy jemgyýetçililikli, çeper, ylmy populýar we okuw kitaplaryny türkmen diline geçirmekde döredijilikli zähmet çekýär. Türkmenistanyň medeni taýdan yzagalaklygyny ýok etmek, türkmen halkynyň milli formaly, sosialistik mazmunly täze tipli medeniýetini döretmek boýunça uly guramaçylyk işini alyp baran, respublikanyň ilkinji magaryf halk komissary Bäşim Pereňliýewiň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýäris. • Hydyr Derýaýew. TSSR-iň halk ýazyjysy: - Men Bäşim bilen, ol Daşkentde okap ýören wagty hasam dostlaşypdym. Ol Leningarddan gelen wagty biz Daşkentde okap ýördük. Eger ol hakda aýtmaly bolsa, ilki bilen onuň belent adamkärçiligi hakda aýtmakçy. Ol pespäl, ýürekdeş, işine jür diýilýän adamlardandy. Bäşim şu häsiýetleri bilenem ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýardy. Biz Daşkentde bir ýerde, duldegşir goňşy bolup ýaşadyk. Onuň ýanynda çagalary hem bardy. Biziň hemmämiz öňki magaryf halk komissarymyzy hormatlaýardyk. Biz hemişe onuň masalahatlaryna mätäçdik. Bu gün türkmen ülkesi uçdantutma sowatlylar ülkesine öwrüldi. Munda Türkmenistanyň ilkinji magaryf halk komissary Bäşim Pereňliýewiň hem paýy bar. 1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |