21:55 Halkyň söwer ogly: Çary Wellekow | |
HALKYÑ SÖWER OGLY
Taryhy şahslar
Çary Wellekow 1902-nji ýylda Tejen raýonynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. Onuň Beýik Oktýabr rewolýusiýasy amala aşanda bary-ýogy 15 ýaşy bardy. Çary Wellekow öz ömrüni turuwbaşdan Oktýabryň, beýik Leniniň ideýasyna gulluk etmeklige bagyşlady. Ol Gyzyl goşunyň hatarlarynda meýletinlik bilen gulluk etdi. 1921-nji ýyldan bolsa Saragt wolost ispolnitel komitetinde iş dolandyryjy, Baýramaly wolost “Goşçular” soýuzynyň sekretary, 1923-nji ýylda bolsa komsomolyň Türkmen oblast komitetinde bölüm müdiri, komsomolyň Mary uezd komitetiniň jogapkär sekretary wezipelerinde işleýär. Taryhy 1924-nji ýyl ýetip gelipdi. Türküstan respublikasynda milli-döwlet bölünişigine uly taýýarlyk görülýärdi. Çary Wellekowa täze dörediljek Türkmenistan respublikasynyň komsomolyn Guramaçylyk býurosyna ýolbaşçylyk etmek ýaly jogapkär wezipe tabşyrylýar. Ol heniz ýaşdy. Göreşlerde taplanan Çary Wellekow partiýanyň özüne bu ynamyny ödemek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrman işleýardi. 1925-nji ýylyň 22-nji martynda – ýekşenbe güni bolup geçen Türkmenistan komsomolynyň I uçreditel gurultaýy Çary Wellekowy respublikanyň komsomolynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarlygyna saýlady. Gurultaýa Türkmenistanyň partiýa we hökümet ýolbaşçylary Iwan Mežlauk, Halmyrat Sähetmyradow, Nedirbaý Aýtakow, Gaýgysyz Atabaýew, Nikolaý Paskusskiý, komsomolyň Orta Aziýa býurosynyň wekili Ilinsew, komsomolyň Tula obkomunyň wekili Samsonow we beýlekiler gatnaşýar. Olar komsomolyň gurultaýyny gutlap, çykyş edýärler. Çary Wellekow gurultaýy açýar. Onuň teklibi bilen gurultaýyň delegatlary proletariýatyň beýik serdary Wladimir Iliç Leniniň ýagty ýadygärligini ör turup hormatlaýarlar. Olar şeýle hem üç sagat mundan öň Moskwada jaýlanan SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiiň başlygy Naryman Narymanowyň ýagty ýadygärligini hormatlaýarlar. Şondan soň Çary Wellekow Türkmenistanyň komsomolynyň öňünde durýan belent wezipeler dogrusynda joşgunly söz sözleýär. Ol ýaş ýigitleriň we gyzlaryň sowatly bolmagy ugrunda göreşmelidigi hakda nygtap, bary-ýogy 1723 sany oba komsomolynyň 1182-siniň heniz sowatsyzdyyny aýdypdy. Şol döwürde bütin respublika boýunça türkmen gyzlarynyň bary-ýogy 14 sanysy komsomola çekilippdi. Olaryňam ýarysy Kerkide, ýarysy Poltoraskidedi. Kont-admiral Aleksandr Timofeýewiç Karawaýewiň ýatlamasyndan -Graždanlyk urşunyň toplarynyň gümmürdisi ýatandan soň, gyzyl esger Çary Wellekow hem ýeňiş bilen obasyna dolanyp gelipdi. Oňa Tejen komsomol guramasyna ýolbaşçylyk etmek wezipesi ynanylypdy. Türkmen ülkesinde sosializm ugrundaky joşgunly göreş möwç urýardy. Emma duşmanlar hem boş ýatanokdylar. Köp sanly basmaçy bandalary heniz ýok edilmändi. Olar iňlis imperialistleri bilen iş alyp barýardylar. Ine, şol günleriň birinde gijäniň ýary Çaryny Tejen ispolkomyna çagyrýarlar. Oňa Kerim hanyň otrýadynda komissar bolmagy teklip edýärler. Ol geň galmadan ýaňa: -O nähili komissar? – diýip soraýar – Kerim hanyň otrýady nire, komissar bolmaklyk nire? Ispolkomdakylar ony köşeşdirmäge durýarlar. -Birbada gyzybermesene! Sakawyň soňuna seret. Kerim han soňky wagtlarda biziň bilen gepleşik geçirip, arasyny sazlajak bolýar. Häzir bizde Hojagulynyň bandasyny ýok etmeli diýlen tabşyryk bar. Ony ýok etmek üçinem uly güýç gerek. Şonuň üçinem biz Kerim hanyň otrýadyny ulanmakçy bolýarys. Ýöne onuň islendik wagty lebzinden dänmegi gaty ähtimal, şol sebäpli sen hem şol ýerde bolmagyň gerek. Şondan soň Çary Wellekow ikirjeňlenmän: - Beýle bolsa men razy. Haçan ýola düşmeli? – diýýär. Kerim han ýaş ýigidi boýdan-başa synlaýar. Onuň uçganaklap duran gözlerine, dogumly göwresine içgin-içgin seredýär. Çary şonda Kerim hana garap: - Eger-de Hojagulynyň bandasyny ýok etmäge kömek etseňiz, Sowet häkimiýeti gadyryňyzy biler – diýýär. Kerim han ýaş ýigide göwni ýetenden soň, oňa nökerleriniň geýýän eşigini hem-de ýalpyldap duran iňlis winçesterini sowgat edýär. Çary Wellekow hanyň sowgadyny kabul edip, ony ýadygrlik hökmünde saklajakdygyny, ýöne özüniň gyzyl esger geýiminde we budýenowkaly söweşlere gitjekdigini aýdýar. Şondan soň gaty köp wagt geçmänkä, Gyzyl Goşunyň esgerleri Kerim hanyň otrýady bilen bilelikde Hojagulynyň uly bandasyny derbi-dagyn edýärler. Partiýa weterany Annaguly Artykow ýatlaýar: - 1925-nji ýylyň dekabr aýynyň başlarydy. Poltorask şäherinde respublikanyň ähli ýerinden diýen ýaly adam bary ýygnanypdy. Biziň hemmämiz uly partiýa forumynyň – Türkmenistan Kommunistik bolşewiklar partiýasynyň ikinji gurultaýynyň delegatlarydyk. Men Daşhowuz okrugynyň partiýa guramasyndan gelsem, Çary Wellekow Lenin okrugyndn gelipdi. Mundan öň Çary Wellekow Türkmenistanyň komsomolynyň Merkezi Komitetiniň birnji sekretary bolup işläpdi. Onuň partiýanyň Lenin okrugyna sekretar edilip işe iberilenine entek köp wagt geçmändi. Mundan öň Çary bilen birnäçe wagtdan bäri görüşmändik. Onuň bilen gurultaýyň öňüsyrasy hal-ahwal soraşyp, gadyrly görüşdik. Işlerimiziň gidişem hiç neneň däldi. Ýöne weli, dogrusyny aýdaýyn, işlemek gaty agyrdy. Hal-ahwal soraşanymyzdan soň, men Çarydan “Täze işiň bilen öwrenişýäňmi?” diýip soradym. - Kämahal sana kowalaşyp işi unudaýýas. Ine, mekdepdir feldşer punktlaryny açmaly diýýäs-de, olary gerekli enjamlar bilen üpjün etmegi ýatdan çykarýas. Biz obalaryň altysynda agronom punktlaryny açdyk. Emma olaryň birinde-de ulagam ýok, has beterem jaýam ýok. Munuň üçinem serişde gerek – diýip, çuňňur oýa batdy. Şol günüň ertsei gurultaýda partiýanyň Merkezi Komitetiniň sekretary Halmyrat Sähetmyradow hasabat doklady bilen çykyş etdi. Soňundanam hem onuň doklady ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýda Çary Wellekowa çykyş etmek üçin ilkinji söz berildi. Ol şonda düýnki meniň bilen eden gürrüňini dowam etdi. Onuň çykyşynyň mazmuny ýalňyşmasam, ine, şeýleräkdi: - Obalarda feldşer ýetenok. Bolaýan ýerinde-de ony ulagdyr däri-derman bilen üpjün edip bilemzok. Ýoldaş Atabaýewiň aýdyşy ýaly, Lenin okrugynyň ilaty Amyderýa bilen suwsuz ýatan çölüň aralygynda ýaşaýar. Ýeriniň ep-esli bölegi bolsa ekine ýaramsyz. Munuň üçin biziň Saýat kanalyny geçirmegimiz gerek. Eger-de şeýtmesek, alnyp barylýan işleriň öňüne böwet basdygymyz bolar – diýip, Çary özüniň ýolbaşçylyk edýän okrugynyň ýagdaýy barada gurultaýyň delegatlaryna janygyp gürrüň berdi. Ol şonda partiýa ýaçeýkalarynyň ýetmezçilik edýändigini, şeýle hem obada işleýän partiýa işgärleriniň uly alada bilen gurşalyp alynmagy hakda-da aýdypdy. Gurultaýda Çary çykyş edip bolandan soň, Halmyrat Sähetmyradow maňa söz berdi. Men esasan öz çykyşymy Daşhowuz okrugynda tire-taýpa serdarlaryna garşy alyp baran göreşimize bagyşladym. Ýadyma düşýär, 1925-nji ýylyň ýanwarydy. Bütin okrugda açlyk başlanypdy. Ine, şonda Sowet hökümeti açlyk çekýän okrugyň ilatyna ýeterlik däne paýlap berdi. Bu bolsa tire-taýpa serdarlarynyň aldawyna düşen garyp-gasarlaryň täze hökümete bolan ynamyny has-da berkitdi. Olar özleriniň ýeke-täk arkadaýançlary – Sowet häkimiýetidigine, her hili talaňçylardan özlerini gorajagyň hem şol häkimetdigine oňat göz ýetirdiler. Elbetde, biziň şol döwürde gurultaýda gozgan meselelerimiz bu günki ýaş ösdürimler üçin birhili geňräk ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Emma olar şol döwür üçin ownuk zatlar däldi. Ol kynçylyklary ýeňip geçmek üçin uly gujur-gaýrat, uly pähim-paýhas talap edýärdi. Türkmen halkynyň gaýduwsyz ogly, şeýle uly pähim-paýhasa gulluk eden adamlaryň biridi. Şu ýerde men ýene-de bir wakany ýatlap geçesim gelýär. Ol 1929-njy ýyla degişli. Men o wagtlar partiýanyň Kerki okrugynda sekretardym. Ýigrimi ýedi ýaşly Çary Wellekow Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň ikinji sekretarlygyna saýlanypdy. Ol şol ýylyň başlarynda Kerki okrugyna baryp gördi. Şol günler Gyzylaýak raýonynda beýleki raýonlardan göçürilip getirilen daýhanlaryň ýygnaklary geçirilýärdi. Olar her obadan 10-15 hojalykdan göçüp gelipdirler. Ol toparlaryň hemmesi-de bir tire-taýpanyň adamlarydy. Olar hemme ýerde özbaşlaryna kolhoz edilmegini, başga tire-taýpalaryň adamlary bilen goşulyşmazlyklaryny talap edýärdiler. “Biz bir-birimizi gowy tanaýarys. Tanyş adamlar bilen işleşmek, ýaşamak ýeňil düşjek” diýýärdiler. Çary Wellekow ikimiz Gyzylaýaga baryp, ol ýere täze göçüp gelen daýhanlar bilen gürrüňdeş bolup gördük. Çary Wellekow olaryň hal-ýagdaýyny sorady. - Kolhozlaryň gurluşyna siziň göwnüňiz ýetýärmi? Durmuşyňyz nähili? Nähili kömege mätäç? – diýip, olaryň öz pikirlerini çekinmän aýtmaklaryny haýyş etdi. Bir ýaşuly orta çykdy-da, şeýle diýdi: -Biz kolhoza girmäge garşy däl. Biz ýer hem suw diýip obamyzy, dogan-garyndaşlarymyzy, tanyş-bilişlerimizi taşlap gaýtdyk. Biz täze ýurda göçmäge razylyk berenimizde, kolhoza girmäge hem razylyk beripdik. Ýöne şonda biz öz-başymyza kolhoz bolar ýaly edilmegini, bizi ýat adamlar bilen goşmazlyklaryny haýyş edipdik. Gepiň gysgasy, Hojambazdan gelenler özbaşyna kolhoz bolsunlar, Burdalykdan gelenlerem özbaşyna. Bu ýeke meniň islegim däl, göçüp gelenleriň ählisi şuny isleýär. Menem şu zatlary şolar aýt diýensoňlar aýdýaryn. Biziň ýekeje haýyşymyz bar. Bizi özbaşymyza kolhoz etseňiz bolýar. Çary Wellekow degerli mysallar bilen ol ýaşula hem oturanlara kolhoz gurluşygynyň esasy prinsiplerini düşündirdi. Kolhozlaryň iri, mehanizmleşdirilen hojalyklar bolmalydygyny aýtdy. Çary Wellekowyň gürrüňlerinden soň daýhanlar rahatlandylar. Haýsy raýondn gelendiklerine garamazdan, bileleşip, kolhoz gurmaklyga razy boldular. Çary Wellekow başga-da köp ýerlere aýlanyp gördi. Işleriň gidişi bilen içgin tanyşdy. Üstünliklerimizi, kemçiliklerimizi belledi. Köp-köp peýdaly maslahatlar berdi. Uly göreşleriň jümmüşinde 1931-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäherinde, pedtehnikumyň jaýynda professional-tehniki mekdepleriň okuwçylarynyň I konferensiýasy geçirildi. Respublikada ilkinji gezek geçirilýän bu konferensiýa 200-den gowrak delegat gatnaşýardy. Ol Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň karary bilen geçirilýärdi. Ine-de, garaşylan pursat gelip ýetýär. Prezidiumda Merkezi Komitetiň sekretary Çary Wellekow we TSSR ýer işleri halk komissary Hajy Atabaýew peýda bolýar. Konferensiýany Hajy Atabaýew açyp, çykyş etmek üçin Çary Wellekowa söz berýär. Ol şonda uly söz sözledi. Onuň ýalkymly sözleri okuwçylaryň göwünlerine ganat bekledipdi. - Kadr meselesi syýasy meseledir. Synpy duşmanlarymyz muňa oňat göz ýetirýärler. Şonuň üçinem olar muňa berk garşylyk görkezýärler. Olar okuw programmalarymyzyň sosiolistik mazmunyny ýoýup görkezmäge dyrjaşýarlar – diýip, ol aýdypdy. - Biziň okuwçylary kabul etmek meselesine aýratyn üns bermegimiz zerur. Gynansak-da, bu iş bizde öz akymyna gidýär, has takygy, oňa býurokratik nukdaý nazaryýetinden çemeleşilýär. Biziň ilkinji nobatda bu meseläniň oňyn çözülmegi üçin halk köpçüliginiň berk kontrollygyny guramagyny ýola goýmagymyz gerek. Okuwa olaryň özleri saýlap-seçip iberer ýaly şert döretmeli. Okuwa iberilenler işçiler synpynyň göreşine wepaly ýigitler we gyzlar bolmalydyrlar, olaryň her biri sosializmiň gazananlaryny ýüregi bilen goramagy başaryp bilýän adamlar bolmagy gerekdir. Munuň üçin ilki her bir fabrikdir zawod bilen, her bir kolhoz bilen içgin gatnaşykda bolmaly. Meniň şu ýerde, konferensiýanyň işini dowam etdirip duran pursaty bir gynandyryjy wakany gürrüň edip beresim gelýär. Arada men prosfessional-tehniki mekdeplerde bolup gördüm. Okuwçylar bilen gürrüňdeş boldum. Şonda men: “ Siziň şu ýerde okamakda maksadyňyz näme?”, diýip sorag bilen olara ýüzlendim. Eýsem-de bolsa, olar nähili jogap berendir öýdýäňiz? Olaryň köpüsi belli bir jogap berip bilmediler. Jogap berenlerem, “Aý, men-ä sowadymy çykmaga geldim”, “Gazet okap bilsem bolýar” diýdiler. Okuw jaýyna näme üçin gelenligiňi bilmezlik gowy däl. Men-ä muny nähili atlandyrjagymy bilemmok. Ýok ýoldaşlar, beýle ýagdaý bilen ylalaşmak bolmaz. Her bir okuwa gaýdan adamyň näme üçin okamalydygynyň düýp manysyna çuňňur düşündirmelidiris. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary hökmünde Çary Wellekow respublikada kadr meselesine aýratyn üns berýärdi. Ol kadr meselesine ýeterlik ähmiýet bermezlige uly duşmaçylykly hereket hökmünde baha berýärdi. Hakykatdanam, şeýle pikirdäki adamlar tapdyrýardy. Olar “nobaty gelse” diýen nädogry pikire gulluk edýärdiler. Eýsem-de bolsa, olar nämäni tutaryk edinýärdiler. Bu tetelli adamlar ilkinji nobatda, önümçilik planyna duwlanyp, gaýry zerur meseleleri görseler-de, görmezlige çalyşýardylar. Has gyssalyberse olar: “Ilki esasy wezipäni bir ýerine ýetireli, onsoň kadr meselesinem görüberýäs-dä” diýýärdiler. Çary Wellekow şeýle pikirdäki adamlara berk gaýtawul berýärdi. Olaryň “bu nobaty gelse, görüberýäs-dä” diýen pikirleriniň bolşewik prinsipinden gaty daşdadygyny ýazgarýardy. - Olaryň bu pikiri biziň üçin ýat bolmalydyr – diýýärdi. Soňundanam “näme üçin” diýen soragy keserdip goýýardy. Sebäbi önümçilik planyna amal etmek üçin ilki bilen kadr meselesinden başlanmaly. “Çünki plany düzýänem şolar, ony ýerine ýetirjegem şolar ahbeti!” diýip aýdýardy. Ol bäşýyllygyň belent sepgitlerini eýelemek üçin azyndan on müň sany orta bilimli hünärli spesialistleri taýýarlamak arzuwy bilen ýaşaýardy. “Häzir biziň üçin bu spesialistler gaty zerur” diýärdi. Olary gysga wagtyň içinde taýýarlap ýetişdirmelidi. Eger-de önümçilik plany bilen kadr meselesini utgaşdyryp alnyp barylmasa, öňde durýan wezipeleriň aňsat-aňsat çözdürmejegini her gezek ygtaýardy. 1931-nji ýylyň awgust aýynyň iň soňky günleridi. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary Çary Wellekow öz kabinetinde birnäçe adam bilen gürleşip otyrdy. Ol ýadaw görünýärdi. Çary Wellekow birki gün mundan öň Maryda, Tejende bolup, birtopar hojalyklara aýlanypdy. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, ol raýonlarda gören-eşiden zatlary barada, käbir hojalyklarda dörän ýaramaz ýagdaýlar, olaryň öz wagtynda öňüni almak babatynda gürrüň edýärdi. Has takygy, şol günler partiýanyň Merkezi Komitetinde nobatdaky plenuma uly taýýarlyk görülýärdi. Plenum oba hojalygynyň meselelerine bagyşlanýardy. Merkezi Komitetiň sekretary öz argynlygyny duýdurmazlyga çalyşýardy. - Brigadalary döretmek hakda ozal telim gezek gürrüň edilipdi. Men ýene-de bir gezek ýatladýan. Brigadalar haýal döredilýär. Döredilende-de, oňa aýratyn ýer bölünip berlenok, onuň ýer sürer ýaly öküzem ýok, adamam - diýip, sözüne azajyk dyngy berdi. Ýer işleri halk komissary Hajy Atabaýewiň oturan tarapyna nazar aýlady. Halk komissary Merkezi Komitetiň sekretarynyň öz adreslerine aýdýan belliklerini bloknotyna bellik edýärdi. Sekretar mamlady. Arada onuň özem Tejeniň kolhozlaryna aýlanypdy. Çary Wellekow adyndaky kolhozda hatda zähmet günem ýöredilmändir. Awans bolsa diňe bütin hojalyga berlipdir. Aýtakow adyndaky kolhozda bolsa plan birsyhly ýerine ýetirilmän gelýär. Ol şu zatlary pikirinde öwrüp otyrdy. Hajy öz ady tutulanyndan bloknotyny bir gyra süýşürdi-de, başyny galdyrdy. - Hajy, seniň ýakyn wagtda Mary okrugyna gitmegiň zerur. Komandirowka gitmeziňden öňünçä, ýene-de bir gezek duşuşarys. Ol ýerde näme üçindir brigadirleri çalyşmak ýoň bolupdyr. Bir Mary raýonynyň özünde az wagtyň içinde 53 sany brigadiri işinden aýrypdyrlar. Olaryň köpüsini bolsa işden boşatmaga esas ýok, elbetde, olary öňki işlerinde goýmak gerek – diýip, Çary Wellekow ýene-de sözüne dyngy berdi: Respublikanyň ähli ýerinde täze durmuş ugrundaky göreş okgunly alnyp barylýardy. Köp hojalyklarda daýhanlar kolhozlaryň özleri üçin uly arkadagdygyny göz ýetiripdiler. Emma köp ýerlerde entek baý elementleri garyp daýhanlary aldap, kolhoza garşy küşgürýärdiler. Käbir ýerlerde bolsa olar aç-açan göreşe girýärdiler. Çary Wellekow şu zatlar hakynda birsalym oýlandy-da, golaýda Tagtabazar raýonynda bolup geçen bir wakany oturanlara gürrüň bermäge başlady. Muny oňa Maryda komandirowkada bolanda gürrüň beripdiler. Baý elementleri oba aktiwistleriň birnäçesinden öç almagyň ugruna çykypdyrlar. Kolhoz ýolbaşçylary kimiň näçe pagta ýygnandygynyň hasabyny ýöredipdirler. Bu Saryçöp obasyndaky baýlaryň hem-de olaryň pikirdeşleriniň aşa gaharyny getiripdir. Olar kolhoz işini bökdemek niýeti bilen, daýhanlary öz taraplaryna çekmek isläp, olaryň işe çykmazlyklaryny gazanypdyrlar. Olar leningradly işçi, ýigrimi bäş müňçi Kurýatknikowy bolsa gorkuzmakçy bolupdyrlar. Olar oba Sowetiniň başlygyna “Eger-de Kurýatnikow ýaly işlejek bolsaň, seniňem başyňa ýeteris” diýip haýbat atypdyrlar. Kolhozy şondan soň şeýle tetelli adamlardan arassalap başlapdyrlar. Ilkinji ýygnakda Seýitjan diýen tire serdary “Eger-de meni kolhozdan kowsaňyz, hemmämiz gideris” diýip, aç-açan aýdypdyr. Şol günüň ertesi kolhoz başlygynyň orunbasary Rozy Saparowy Seýitjan baýyň adamlary suwa salma ýenjipdirler. Onuň dadyna Kurýatnikow ýetişipdir. Olar oba kolhozynyň başlygyna, kolhozyň mirabyna, başga-da birnäçe kolhozça “öldüreris” diýip haýbat atypdyrlar. -Bu zatlaryň ählisiniň başynda Seýitjan baý dur. Sap ýürekli daýhanlary Sowet hökümetiniň garşysyna öjükdirýänem şol. Elbetde, Seýitjan baý, onuň ýaranlary öz almytlaryny alarlar. Ýöne ýoldaşlar, haýal deprenýäs. Köp ýerde geçirimlilik edýäs. Bu bolsa biziň peýdamyza däl – diýip, soňky jümläni has batlyrak aýtdy-da, oturanlara birlaý göz gezdirdi. Wagtyň birçene barandygyna garamazdan, Merkezi Komitetiň sekretarynyň kabinetindäki gürrüň uzaga çekdi. Gezek magaryf halk komissary Amanmyrat Annanurowa ýetdi. Onuň komissar edilip bellenenine entäk gaty köp wagtam geçmändi. Bolsa-da ol komissarlykda işiň gidişi hakda Merkezi Komitetiň sekretaryny habardar etdi. Çary Wellekow ony üns bilen diňledi-de, oňa sorag bilen ýüzlendi. - Amanmyrat, Ýolötendäki wakadan habaryň bamy? – diýdi. Komissar aljyrajak ýaly etdi. Onuň dogrudanam ol waka barada habary bardy. Ýöne gijiräk eşdipdi. Ol munuň üçin özüni günäli saýdy. Bolan zat şeýledi: raýkompartiýada mekdeplerde täze okuw ýylynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Asyl görlüp oturylsa, mekdepleriňem ýekejesem täze okuw ýylyna taýýar edilmändir. Okuw kitaplary hakda-da hiç hili alada edilmändir. Mekdep klaslaryny ýyladar ýaly ýekeje-de gury çöp getirilmändir. Bu gözboýagçylyk üçin magaryf bölüminiň müdiri, mugallymlaryň ençemesi işden boşadylypdyr. Magaryf halk komissary şu zatlar hakda dem salymda pikir öwürdi-de; - Habarly, ýoldaş Wellekow – diýdi. - Habarly bolsaňyz, nädip, beýle ýagdaýa ýol berip bilidiňiz-dä? - Günäkärler işden boşadylan. Olaryň ýerine halk komissarlygy işi täzeden düzedip biläýjek adamlary gözleýär. - Haýal gözleýäňiz! Onsoňam, esasy günä, raýon ýolbaşçylarynda. Olaryň görkezmesi bilen magaryf bölümindäkileriň ählisi bütin tomsy bilen pagta meýdanyna sürlüpdir. Bu ýolberilmesiz ýagdaý. Şonuň üçinem siziň özüňiz ertiriň özünde, Ýolötene gitmegiňiz gerek. Mekdeplerde ýekeje sagadam okuw togtadylmaly däldir. Munuň biziň häzirki birinji derejeli wezipämizdigini hut meniň adymdan raýondakylara aýdyň! – diýip, Çary Wellekow ýerinden turup, iki-baka gezmelemäge başlady... Çary Wellekow ýolbaşçy sowet apparatyna aldaw ýoly bilen aralaşan her hili milletçileriň, duşman elementleriniň hakyky keşbini paş etmekde uly gaýduwsyzlyk görkezýärdi. Ol Aşgabat şäherinde jogapkärli wezipäni eýeläp oturan bir jenaýatçynyň uly toparlanyşygynyň üstüni açmakda-da batyrgaýlyk görkezip, halk köpçüligine aýan edipdi. Ol jenaýatçynyň üsti köp wagtlap açylman gelýärdi. Ol jenaýatçylaryň, öz ilen-çalanlarynyň, hemşerileriniň bähbitlerinden ugur alýardy. Şeýle hem ol öz wezipesinden peýdalanyp, öz hemşerlerini her hili ýol bilen ýolbaşçy işlerine hödürleýärdi. Bu betniýet adam asly garyp adamlaryň ösmegine päsgel döredýärdi. Çünki olar onuň diýen adamlaryndan däldi. Emma ol kulakdyr söwdagär, jenaýatçy bolmagyna garamazdan, öz garyndaşlaryna giň ýol açýardy. Ol öz täsirini garyndaşlarynyň bähbidini partiýanyň, işçiler synpynyň bähbidinden ileri goýýardy. Bu garyndaşparaz, tireparaz adamyň esasy maksady şeýledi. Galan zatlar onuň üçin ikinji derejelidi. “Goý, baý bolsun, jenaýatçy bolsun, meň tirämden bolsa bolýar” - ol adam bu bet pygyldan ugur alýardy. Çary Wellekow bu tetelli adamlary halk köpçüligini paş etmekde uly rol oýnapdy. Ol respublikaň metbugatda olaryň berk ýazgarylmagyny guraýardy. - Bu aýgytlaýjy pursatda biziň has eserdeň bolmagymyz zerur. Biziň duşmanyň her ädimini yzarlamagymyz gerek – diýip, berk nygtaýardy. Ýazyjylar hakda alada Çary Wellekow Türkmenistan SSR Ýazyjylar soýuzyny döretmekde we onyň birinji guraltaýyny geçirmekde uly işler alyp bardy. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň ikinji sekretary ýarym asyr mundan öň sowet ýayjylarynyň Bütintürkmenistan birinji gurultaýynda çykyş edip, ýazyjylara, ine, şeýle sargyt edipdi: - Şäherdäki asuda otagyňda oturanyň bilen gowy eser öz-özünden döräbermeýär. Munuň üçin durmuşy öwrenmelidir. Durmuşy diňe zawod-fabriklerde, kolhozlarda uzak wagtlap bolmaklygyň netijesinde öwrenip bolýar. Birki günüň içinde ekskursiýa edeniň bilen ýa-da myhmançylykda bolanyň bilen durmuşy öwrenip bolmaz. Ýöne gynansak-da, biziň aramyzda şeýle ýazyjylar bar. Olar bir kolhozyň durmuşyndan uly bir göwrümli zat ýazmak üçin birki gün ýeterliik diýip düşünýärler. Arada men ýaş ýazyjylaryň biri bilen gürrüňdeş bolanymda, onuň bütin bir aýlap Çärjewde bolup, ýekeje gezek hem onuň kolhoza baryp gaýdandygyny bildim. Ol bu kolhozyň durmuşyndan uly bir zat ýazmakçy bolýandygyny ýaňzytdy. Türkmen ýazyjylarynyň köpüsiniň çeper edebiýatynyň dürli žanrlary bilen iş salyşmaýandygy gynandyryjy ýagdaýdyr. Aýratyn hem bu proza hem-de dramaturgiýa babatynda şeýledir. Şu günki ýazyjylaryň şu žanrlar bilen çynlakaý iş salyşmaýanlygy hakdaky sowalyň ýüze çykmagy tötänleýin däl. Sebäbi muny biziň köptaraply sowet durmuşymyz talap edýär. Diňe bir goşgy setirleri bilen ýurdumyzda ägirt uly özgerilişikleri okyjylar köpçüligine dolulygy bilen ýetirmek mümkin däl. Türkmen durmuşyndan pýessalaryň döremeginde teatr hem haýal deprenýär. Eýsem-de bolsa, bu babatda ol özüniň ilkinji nobatda guramaçy bolmalydygyny unudýar. Biz iň gowy pýessalar üçin konkurs yglan edipdik. Emma gynansak-da, bu ugurda hiç hili uýtgeşiklik bolmady. Aýry-aýry ýoldaşlar şowsuzlyga uçrap, özlerini ýitirýärler, göwni çökgünlige ýüz urýarlar. Bu düýbinden nädogrydyr. Şeýle hem ýaş ýazyjylaryň köpüsiniň bilim derejesi hem o diýen öwerlik däl. Şonuň üçin olaryň öz sowatlaryny taplamaklary gerek. Şeýle hem olaryň rus dilini öwrenmekleri gaty möhümdir. Biziň aramyzda Magtymgulydan, Zeliliden, Seýdiden öwrenere zat ýok diýýän ýazyjylarymyz ýok däl. Bu örän gynandyryjy ýagdaý. Meniň pikirimçe, häzirki wagtda biziň ýaş ýazyjylarymyz Magtymgulydan gaty köp zat öwrenip bilerdiler. Dil baýlygy diýermiň, durmuşy dogruçyl beýan etmek diýermiň, garaz, zeleli-hä degmezdi-dä! Tankydy ösdürmegimiz gerek. Tankytlanylýan ýoldaşa uly zepel ýetirmezden ony anyk mysallar arkaly ynandyrmaly. Awtoryň ýalňyşlaryny paýhaslylyk bilen ýüze çykarmaly. Şeýle edebi tankyt awtoryň döredijilik işine itergi bolmalydyr. Biz tankyt edilmeli diýlende, adamlaryň gözüniň oduny almaly diýip düşünmeli däldiris. Ýok. Onuň beýle bolmaga haky ýokdur. Alamyşowyň “Söndi” atly eserini mysal alalyň. Bu eser Alamyşowyň uly döredijilik başarnygyndan habar berýär. Ýöne ol birtopar kemçiliklerden halas däl. Munuň üçin biziň Alamyşowy kontrrewolýusionlykda, milletçilkde aýyplamagymyz hakykata laýyk gelýämi? Elbetde, ýok. Alamyşow ýaş ýazyjy, onuň ýalňyşmagy gaty ähtimal, ýöne biziň oňa degerli hemaýat etmegimiz weli, örän zerur... • Soňlama Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok Çary Wellekow bilen ençeme ýyllap bile işlemeli bolupdy. Ol Çary Wellekowyň uly guramaçylygyna, köp babatlarda her bir meselä pähim-paýhasly çemeleşýndigi üçin oňa uly sarpa goýýardy. Şol döwürde iş wagtynyň gutarandygyna garamazdan, agşamyna işlemeklik däbe öwrülipdi. Bu köp edaralarda, halk komissarlyklarynda-da şeýledi. Merkezi Komitetiň sekretarlarynyň hem iş kabinetlerinde gijäniň birwagtyna çenli çyra sönmeýärdi. Bu ýerde uly, wajyp meseleler çözülýärdi. Bu ýerde her bir meselä aýratyn üns berilýärdi. Ine, şol agşamlaryň birinde Ýakow Abramowiç bilen Çary Wellekow möhüm bir mesele hakda gürrüň edýärdiler. Ýakow Abramowuç galyň äýnegini elýaglygy bilen süpürip, iki-baka gezim edýärdi. Çary Wellekow bolsa özüne mahsus agraslyk bilen gürleýärdi. Bu 1935-nji ýylyň aprel aýynyň oratalarydy. Şol gün Ýakow Abramowiç bilen Çary Wellekow gijäniň bir wagtyna çenli gürrüň etdiler. Bile geçilen ýoluň aýry-aýry pursatlaryny, Sowet häkimiýetiniň işi üçin jany-teni bilen berlen, emma şu güne ýetip bilmän jyda düşülen mähriban ýoldaşlaryny ýatladylar. Şondan kän wagt geçmändi. Çary Wellekow wagtlaýynça gözel Aşgabat bilen hoşlaşyp, Moskwa, Gyzyl professura institutyna okuwa gidipdi. Ol ýolbaşçy üçin çuňňur bilimiň gerekdigine oňat düşünýärdi. Emma oňa okuwy tamamlamak miýesser etmändi. Ol hem 1937-nji ýylda 35 ýaşynyň içinde, atylan agyr töhmetiň pidasy bolupdy. Çary Wellekow Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň birinji we soňky gurultaýlarynda Merkezi Komitetiň çlenligine, Bütinsoýuz Kommunistik partiýasynyň 15, 16, 17 gurultaýlaryna hem-de Bütinsoýuz 16-njy partiýa konferensiýasyna delegat saýlanypdy. Ol 1925-nji ýyldan Türkmenistan SSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň çlenidi. Türkmen halky öz söwer oglunyň ýadygärligine çuňňur hormat goýýar. Tejen şäherinde bir köçä onuň ady dakyldy. Häzir onuň aýaly Galina Iwanowna, ogly Ezizçary Wellekow Soçi şäherinde ýaşaýarlar. Çary Wellekowyň göreşiň simwolyna öwrülen ömür sahypalary hemişe ýatlanar durar. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |