12:58 Hally Şahberdi | |
HALLY ŞAHBERDI (1906-1956)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Geçen asyryň ýigriminji we otyzynjy ýyllarynda türkmen edebi prosesimiziň sakasynda duranlaryň biri Hally Şahberdiýewiň ömür ýollaryna nazar aýlanyňda onuň dürli wezipelerde işläp, bitiren hyzmatlarynyň kiçi-girim däldigine göz ýetirýärsiň. Ol 1924-1927-nji ýyllarda merkezi sowet-partiýa mekdebiniň diňleýjisi. Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedagogika fakultetini (1929-1932-nji ýyllar) tamamlapdyr. “Ýaş kommunist” gazetiniň we “Tokmak” žurnalynyň jogapkär sekretary, Aşgabat pedagogik institutynyň syýasy-ykdysady kafedrasynyň assistenty (1933-1934-nji ýyllar), Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde ilki konsultant, soň bölüm müdiri (1935-1936-njy ýyllar), “Sowet Türkmenistany” gazetiniň tankyt we bibliografiýa bölüminiň müdiri (1936-1937-nji ýyllar), Taryh, dil we edebiýat ylmy-barlag institutynda kiçi ylmy işgär (1937-1938-nji ýyllar) bolup işläpdir. 1938-1944-nji ýyllar bolsa “halk duşmany” hökmünde azatlykdan mahrum edilipdir. 1944-1945-nji ýyllarda Pribaltika frontynyň düşüminde nemes-faşistik basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz söweşipdir. Munuň üçin ol “Şöhrat”ordeniniň 3-nji derejelisi bilen sylaglanypdyr. Söweşden ýaralanyp gaýdypdyr. Uruşdan gaýdyp gelenden soň, Baýramaly etrabynyň “Sosializm ýoly” kolhozynda ýerleşýän 20-nji mekdepde mugallymçylyk, soň bu mekdebe ýolbaşçylyk edipdir (1950-1955-nji ýyllar). 1959-njy ýylda Baýramaly raýsobesi tarapyndan TSSR Ýokary Sowetine görkezmek üçin berlen 77-nji belgili kepilnamada şeýle ýazylypdyr: “Bu kepilnama Hally Şahberdiýewe berilmek bilen, onuň dogrudanam Beýik Watançylyk urşunyň maýybydygy güwä geçilýär Ol Baýramaly raýsobesinde hasaba durýar we pensiýa alýar. 1945-nji ýylyň 12-nji sentýabryndan 1949-njy ýylyň 5-nji sentýabryna çenli ikinji topar maýyby, 1949-njy ýylyň 5-nji sentýabryndan hem üçünji topar maýyplygyna geçirildi”. Başga bir kepilnamada, ine, şeýle ýazylypdyr: “Hally Şahberdiýew 1906-njy ýylda doglan. Ol 1938-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan SSR-niň IIM-a tarapyndan türmä basylan.Türkmenitan SSR-niň Ýokary sudy tarapyndan ol 6 ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum edilen. 1944-nji ýylyň 11-nji aprelinde boşadylan. Altaý LAG-asynda oturan. 1961-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda SSSR Ýokary sudy tarapyndan 1939-njy ýylyň28-nji fewralynda çykarylan höküm jenaýatçylygyň ýoklugy sebäpli ýatyrylýar”. Kepilnama 1962-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda onuň maşgalasynyň soramagy bilen berlipdir. Taryh ylymlarynyň kandidaty K.Baýrammyradow “Söweşjeň edebiýat ugrunda” atly kitabynda H.Şahberdiýewiň işlerine birnäçe gezek salgylanypdyr1. Onuň “Edebiýatymyz nähili ösmeli” (“Türkmenistan” gazeti, 1927, 7-nji awgust), “Köne edebiýaty basmaly hem ýaýratmaly” (“Türkmenistan” gazeti, 1928, 10-njy ýanwar), “Çärjewde şura ýazyjylar soýuzynyň işleri janlanýar” (“Ýaş kommunist” gazeti, 1933, 10-njy sentýabr). “Brigada Orgkomiteta soýuza sowetskih pisateleý w Merwe” (“Ýaş kommunist” gazeti, 1933, 22-nji aprel), “Eý, eziz ene dilim” (“Türkmenistan” gazeti, 1928, 10-njy ýanwar) ýaly işlerini alym öz kitabynda ulanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, TK b/P MK-nyň şol wagtky birinji sekretary Ýa.A.Ponok plenumda eden çykyşynda ýaňky “Eý, eziz ene dilim” goşgusyny antisowet äheňde ýazylan goşgy hökmünde häsiýetlendirip geçýär. Goşgy şeýle setirler bilen tamamlanýar: Oktýabryň şöhlesi dogdy, ýoksullar bilen, Gyş geçdi-de, geldi ýaz, eý, eziz ene dilim. Ýaz aýy geldi indi, düzde ekin ekildi, Iýmişi süýji bolsun, ýagşy tohym sepelip, Bilbil saýrar çagydyr, eý, eziz ene dilim. K.Baýrammyradow öz kitabynda H.Şahberdiýewiň ady agzalan goşgusynda hiç hili antisowet äheňiň ýokdugyny nygtaýar. Şeýle hem H.Şahberdiýewiň geçen asyryň ýigriminji ýyllar türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren hyzmatlary dogrusynda görnükli edebiýatçy alymlarymyzyň işlerinde mynasyp orun eýeledi. A.Kekilowyň, R.Rejebowyň, K.Jumaýewiň “Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi” (A.,1969), B.Şamyradowyň “Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty” (A., 1971 ý.), A.Kekilowyň “Täze döwrüň aýdymçysy” (“Edebiýat we sungat” gazeti, 1973 ý., 25-nji noýabr, makala Mollamurta bagyşlanan, ýöne onuň döwürdeşi hökmünde H.Şahberdiýewiň ady agzalyp geçilýär), K.Jumaýewiň “Ilkinji edebi ädimlerimiz” (“Edebiýat we sungat” gazeti, 1966, 28-nji maý), ýene-de şol awtoryň “Ruhy mirasymysyň öwreniliş taryhyndan” (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1970, №12). G.Gurbansähedow bilen B.Jürmenegiň (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1946, №12), B.Seýtäkowyň “Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym” (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1971, №7) we başga-da birnäçe işlerde öz beýanyny tapdy. H.Şahberdiýewiň aýalynyň dogany Ata Ahmedowyň ýatlamasyna görä, öz döwürdeşi we işdeş ýoldaşy H.Şahberdiýew hakynda edebiýatçy alym, professor Mäti Kösäýew ömrüniň soňky döwründe makala ýazmagy niýet edinen eken. Munuň üçin H.Şahberdiýewden galan arhiw dokumentleriň birnäçesi professor M.Kösäýewe berlipdir. Bu materiallaryň arasynda edebiýatçy alyma degişli 1-nji belgili bloknot 24 sahypa arapça ýazgy, 2-nji belgili bloknot 26 sahypadan ybarat. Onuň iki sahypasy rusça, galan 24 sahypasy hem arapça ýazylan. 3-nji belgili bloknot 17 sahypadan ybarat. Olaryň birýan ýüzi rusça, beýleki ýüzi arapça. 4-nji belgili bloknot 34 sahypa. Olaryň diňe birýan ýüzüne arapça ýazylan. Ýene bir depder, onuň iki kagyzy taryhy ýadygärlikler barada. Başga-da türkmen filologiýasynyň meselelerine degişli maglumatlar. A.B.Poseluýewskiniň ylmy-pedagogik hyzmatlarynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan kitapça – Aşgabat, 1944 ý.; uly albom depder 25 kagyz, iki ýan ýüzüne türkmençe ýazylypdyr. 1-nji sahypadaky (sözbaşy – “Hoş gal indi, söýgüli şäher”). Çernyşewskiniň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa (Morozow ýazypdyr), 1953 ý.; N.K.Gudainiň “L.N.Tolstoý rus halkynyň beýik ýazyjysydyr” diýen kitapçasy boýunça şonuň ýaly sözbaşyda leksiýa ýazmak üçin görkezmeler. Jemi 34 sahypa, türkmençe maşynkadan geçirilen, “Sowet meýdanlarynda” (soldatyň gündelik depderinden). Şuňa degişli türkmençe ýazylan birtopar kagyzlar; “Lenin baýdagy” gazetiniň 1946-njy ýylyň 24-nji maý, 12,23-nji iýun, 19-njy iyulynda çykan sanlary, H.Şahberdiýewiň “Sowet meýdanlarynda” eserinden parçalar. Gynansak-da, professor Mäti Kösäýewiň 1970-nji ýylyň ortalaryndan onuň ýowuz yzarlanmalary we saglygynyň beterleşmegi onuň edebiýatçy dosty hakdaky ýatlamalaryna düýpli päsgel beripdir. Makala ýazylman galypdyr. Golýazmalar institutynyň binýadyny tutan toplaýjylaryň arasynda ýurdumyzda belli şahsyýetler -- Hally Şahberdiýew, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Ahmet Ahundow Gürgenli, Hojamyrat Baýlyýew, Berdi Kerbabaýew, Garaşhan Ýomutskiý, Abdylhekim Gulmuhammedow, Azan Taýymow, Penje Agalyýew, Muhammet Ataşow, Çary Garabekow, Kerim Osmanow we beýlekiler bolupdyr. Hatda Hally Şahberdiýew gyzyny joralarynyň ýanyna iberip, onuň üsti bilen gyzlaryň dilinden läleleri toplapdyr. Halk mirasyna teşne, olaryň ähmiýetine juda içgin göz ýetiren H.Şahberdiýew 1945-nji ýylda B.Garryýewe ýazan hatynda horezmli Afzal şahyryň kitabyny tapandygyny we Beýik Watançylyk urşy hakynda alty bent läle iberýändigini ýazypdyr. Boýnumdaky ak manat, Ak manadym amanat, Uçup barýan samolýot, Agam jana salam aýt. Samowaryň sesi bar, Aýagynda mesi bar, Meniň daýym Salyhdyr, Onda gülüň ysy bar. Hally Şahberdiýew folkloryň tebigatyna, toplamagyň düzgünlerine aýratyn üns beripdir. Ol nakyldyr atalar sözüni, halk aýdymlaryna, ýomaklaryna, dessanlaryna ülkä sepilen merjenler hökmünde baha beripdir. Fillogiýa ylymlarynyň kandidaty A.Nazarow “Mirasa siňen ömür” atly makalasynda Hally Şahberdiýewiň milli mirasymyzy ýygnamakdaky bitiren hyzmatlary dogrusynda söz açyp şeýle ýazdy: “... Alymyň milli mirasymyzy toplamagy we ony ylmy esasda öwrenmegi ündeýän makalalary 1920-nji ýyllaryň ahyrynda yzygiderli çap edilipdir. Bu babatda mirasgäriň “Türkmen taryhyndan köne golýazma tapyldy” atly makalasy ýatlanmaga mynasypdyr”. Makalada nygtalyşyna görä, 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň dürli künjeklerine ylmy iş saparlary gurnalýar we oňa H.Şahberdiýew hem gatnaşýar. Şol iş saparlarynyň birinde, Tagtabazaryň Gulja obasynda ýaşaýan Molla Juma Salar oglunda “Şejereýi terakime” eseriniň golýazmasynyň bardygy ýüze çykarylýar. Alym ýörite baryp, golýazma bilen tanyşýar. H.Şahberdiýewiň makalasynda türkmen halkynyň taryhy gelip çykyşyna içgin aralaşýan golýazmanyň ylmy taýdan ähmiýeti ýüze çykarylýar. Milli mirasymyzyň janköýeriniň yhlasy bilen, Seýitmuhammet Saýýady atly şahyryň şygyr bilen ýazan “Zöhre-Tahyr” eseri hakyndaky gymmatly maglumatlar hem ylmy dolanyşyga girizilipdi. Onuň makalasynda Dänew etrabynda ýaşaýan we halk arasynda Bagşy Baba ady bilen meşhur bolan (öz hakyky ady Hudaýberdi) ýaşuluda saklanýan golýazma hakynda söhbet açylýar . Gynansak-da, H.Şahberdiýewiň makalasynda agzalyp geçilýän golýazmanyň soňky ykbaly näbelli bolup galýar. Geliň şu ýerde ýene bir maglumatyň üsti bilen pikrimizi delillendirmäge synanyşalyň: Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Yüpek ýolunyň yüregi” atly kitabynda Saýady hakda söz açyp, “XX asyrda XVII asyr türkmen şahyry Seýitmuhammet Saýadynyň (asly saýatly) golýazmasy ele salynýar” diýip ýazypdy. Indi alymyň “XVII asyr” diýen senesiniň näçe nätakyklygy, jedeli aradan aýryp bilendigine üns bereliň: Seýitmuhammet Saýadynyň ýaşan döwri babatdaky pikirler şu kitaba çenli az jedel döretmedi. Meselem, edebiýatçy Hally Şahberdiýew ony Mollanepesiň döwürdeşi, XIX asyr şahyry hasaplady. Alym A.Mämmetjumaýew yokarky pikiriň garşysyna “Elbetde, H.Şyhberdiýew öz makalasyny golýazmany tapan badyna (H.Şyhberdiýew Saýadynyň “Zöhre-Tahyr” dessanynyň bir nusgasyny ilkinji gola salan edebiýatçy) gowy öwrenmän ýazypdyr. Ýogsam, ol Saýadynyň Mollanepesden öň ýaşap geçendigini aňladyp duran maglumaty makalasynda-da getiripdir. Ol öz tapan golýazmasynyň “ ...üç ýerinde musulman ýyl hasaby bilen 1221-nji ýyl ýazypdyr” diyip bellese-de, bu senäniň Mollanepesiň heniz dünýä inmedik döwrüne düşýändigine-de üns bermändir. 1221-nji hijri ýyly 1806-1807-nji ýyllara dogry gelýär. Mollanepes bolsa 1810-njy ýylda dünýä inipdir” [Saýady. “Zöhre-Tahyr”, “Miras” 2004. 251sah.] Dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty K.Durdyýew Saýadyny XIII asyra degişli edýändigi hakynda-da adyny agzan kitabymyzda aýdylýar. Professor Halyk Görögly Saýadynyň ýaşan döwrüni “Uzbekskaýa literatyra” atly kitabynda XVIII asyra, soňra XVII-XVIII asyra degişlidigini ýatlaýar. Türkmen alymy Tejen Nepesow şahyryň ýaşan döwrüni XVII asyra, soňra XVI-XVII asyra degişli edýär. Dil edebiýat ylymlarynyň doktory A.Aşyrow Saýadynyň takmynan XVII asyrda ýaşanlygyny belleýär. Professor S.A.Garryýew, özbek alymy T.Nyşanbaýew dagylar bu senäni XVII-XVIII asyrlaryň sepgidi diýip ýazdylar. Umuman, şahyryň ýaşan döwri hakynda dürli pikirler ýaşady. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda bu çaklamalara nokat goýdy we öz kitabynyň edebi nusgalykdygyny ýene bir gezek subut etdi. H.Şahberdiýew hemişe halkymyzyň golýazma mirasynyň gözleginde bolupdyr. Edebiýatçy alym B.Garryýewe (1914-1981ý.) ýazan hatynda Horezm topragynda ýaşap geçen Afzaly atly şahyryň 1700-nji ýyllarda göçürilen golýazma kitaby hakynda gymmatly maglumat berýär. Onuň hatynda Afzaly atly şahyra degişli bolan: “Alym bilýän we bilenini iş ýüzüne çykarýan kilimdir” diýen ýaly many-parasatly sözleriň ençemesi mysal getirýär. H.Şahberdiýew bu şahyryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmegi maslahat berýär we kitabyň gymmatly çeşme hökmünde golýazmalar hazynasynda saklanylmagy hakynda alada edýär. Ýaşaýyş meselelerine dini nukdaýnazardan teswir berýän bu golýazma kitabynyň halk arasynda söýlüp okalýandygy hakda: “Musulman mollalary ony “Ýagşy kitap” diýip, daşyny mydama bukjaly saklaýarlar” –diýlip nygtalýar. Afzaly Magtymguly şahyryň bir golýazmasy hakynda mirasgär A.Gulmuhammedowyň ylmy işinde hem ýatlanyp geçilýär . Golýazma Molla Söhbet müfti diýen adama degişli bolupdyr. Onda Muhammet pygamberiň hadyslaryndan jümleler we astronomiýa, müneçjimlik ylmyna degişli maglumatlar şahyrana setirlerde beýan edilipdir. Ylmy işde Afzaly Magtymyň Garabekewül etrabynda ýaşap geçip, Buhara medresesinde bilim alandygy hakynda maglumat berilýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň Hally Şahberdiýew hakdaky ýatlamasy has-da gyzyklydyr: - Halk arasynda «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýleň dana söz bar. Hakykatdan-da özüniň manyly ömrüni, ýiti zehinini, hyjuwly zähmetini öz halkyna, onuň röwşen geljegine bagyş eden adamlary hemişe hormat bilen ýatlaýarys. Görnükli türkmen edebi tankytçysy, şahyr hem dramaturg Hally Şahberdiýewiň döredijiligi türkmen sowet edebiýatynyň kämillik gözlegine girişen ilkinji döwrüne gabat gelýär.Türkmen sowet edebiýatynyň ýigriminji ýyllaryndaky ýagdaýynyň gözli şaýady bolandygymyz üçin, onuň şol ýyllarda köp sanly synaglary, kynçylyklary başdan geçirendigini bilýäris. Suratda: Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gary Aşyrow (çepde) bilen edebiýatçy alym, professor Nagym Aşyrow. Hally Şahberdiýew öz döwrüniň hakyky intelligentidi, progressiw düşünjeli edebiýatçysydy. Ol öz döredijiliginiň köp bölegini ýaş respublikamyzda sagdynideýaly, realistik mazmunly sowet edebiýatyny döretmek ugrundaky söweşjeň edebi tankyda bagyşlapdy. Onuň ýazýan tankydy makalalary şol döwürdäki tankydy makalalardan batyrgaýlygy, obýektiwligi, hýjuwlylygy, söweşjeňligi, dogry syýasaty goldawlygy bilen tapawutlanýardy. Türkmen edebiýatynyň Oraz Täçnazarow, Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Nurberdi Pomma, Beki Seýtäkow ýaly görnükli wekilleri Hally Şahberdiýewiň türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki hyzmatlaryny hemişe hormat goýmak bilen ýatlardylar. Mäti Kösäýew, Ruhy Alyýew, Saýlaw Myradow, Abdylla Myradow ýaly belli edebiýatşynaslar bolsa onuň tankydy makalalarynyň biziň häzirki günlerimiz üçin-de ähmiýetini ýitirmändigini, olary toplap, çap edip, halk köpçüligine ýetirmegiň zerurdygyny aýdýardylar. Suratda: tankytçy Saýlaw Myradow. Görnükli tankytçy S.Myradow 1977-nji ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň birinji sanyndaky «Şahyryň indiwiduallygy» atly makalasynda «Özüniň köküni halk döreijiliginden, klassyk edebiýatyndan alyp gaýdanam bolsa, öz tebigaty boýunça türkmen sowet edebiýaty täze tipli edebiýata öwrüldi. Onuň gözbaşynda Oraz Täçnazarow, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Hojanepes Çaryýew, Hally Şahberdiýew ýaly talantlar durdy» diýip, Şahberdiýewi türkmen sowetedebiýatynyňigörnükliwekilleriniň hatarynda ýatlap geçyär. Nurberdi Pomma 1960-njyýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çykan «Şahyr lebaby» atly makalasynda şeýle ýazypdy: «Biz üçin TSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýanynda edebiýat birleşmesini açdylar. Oňa Hally Şahberdiýew ýolbaşçylyk edýärdi. Ol birleşme k biziň üçin mekdep boldy. Ondan biz sýužetli eser ýazmagy, gahrymanlary tipleşdirmek, obraz döretmek diýen ýaly birtopar zat öwrendik». Nurberdi Pommanyň aýdyşyýaly,Nurmyrat Saryhanowyň, Aman we Şaly Kekilowlaryň, Amandurdy Alamyşowyň, Durdy Agamämmedowyň, Agahan Durdyýewiň, Hoja Şükürowyň, Hojanepes Çaryýewiň, Rehmet Seýidowyň we ençeme beýleki görnükli şahyr-ýazyjylarymyzyň döredijiliginiň ganat beklemeginde Hally Şahberdiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilen şol birleşme, Hally Şahberdiýewiň öz ýiti zehini talapgärligi uly. “...Biz ýaş ýazyjylar Hally Şahberdiýewe diňe bir mugallym, zehinli tankytçy hökmünde garaman, eýsem ony ýakyn maslahatçy, ýürekdeş dost hökmünde hem sylardyk. Ýazan eserlerimizi metbugata hödürlemezden öň, Halla okap bermäge çalşardyk.Onuň berýän maslahatlary bižiň eserlerimiziň kämilleşmegine köp derejede ýardam ederdi. Aýratyn-da, N.Saryhanow hekaýalaryny ýazan wagtyndaHally bilen köp maslahatlaşardy, onuň maslahatlaryny goldanardy, tankydy belliklerine sarpa goýardy. Bu bolsa onuň hekaýalarynyň kämil bolup çykmagyna kömek etdi. A.Alamyşow hem «Sona» poemasyny ýazanda Hally Şahberdiýew bilen ysnyşykly aragatnaşykda işläpdi. Hally N.Saryhanowyň hekaýalaryna ýokary baha bererdi” diýip, Pomma ýokarda adyny agzan makalamyzda ýatlapdyr. Suratda: (çepden saga) SSSR-iň halk artisti Ata Durdyýew, tankytçy Abdylla Myradow, şahyr Pomma Nurberdi. Türkmen sowet edebiýatynyň kemala gelmeginde hem-de ösmeginde görnükli edebi tankytçy Hally Şahberdiýewiň uly hyzmatlary bitirendigini K.Baýrammyradowyň, B.Şamyradowyň, N.Hojageldiýewiň, K.Jumaýewiňişlerinde-de görmek bolýar. Hally Şahberdiýewiň edebi tankytçy hökmünde bitirenhyzmatlarynyň biri onuň türkmen edebiýatynyň durmuşyndabolup geçýän her birözgerişligi öz wagtynda duýup baha berip bilendiginden ybaratdyr.Ol özüniň batyrgaý ýazylan tankydy makalalarynda hakyky makalalara ters gelýän ideýalara berk gaýtawul berýärdi, ýüze çykýän progressiw şineleri goldaýardy, olaryň ösmegi üçin ýol arçaýardy. Tankytçynyň «Türkmenistan» gazetiniň 1927-nji ýyldaky 6-njy sanynda çap edilen «Türkmen bilim edebiýaty üýşmegi we türkmen edebiýaty», «Türkmenistan» gazetiniň 1927-nji ýylyň 7-nji awgustyndaky sanynda çap edilen «Edebiýatymyz nähili ösmeli?!», «Ýaş kommunist» gazetiniň 1927-nji ýyldaky 19-njy, 20-nji, 21-nji, 22-nji, 23-nji, 24-nji sanlarynda çap edilen «Hakykat her wagtaçyk!» we ençeme beýleki makalalary 20-nji, 30-njy ýyllarda ýaş türkmen edebiýatynyňösmegine düýpli ýardam beren tankydy makalalar boldy. Tankytçy Hally Şahberdiýew ýigriminji, otuzynjy ýyllarda türkmen halkynyň baý edebi mirasyny halka ýetirmäge päsgel beren proletkultçylara garşy berk durup göreş alyp bardy. Elbetde, şol döwürde munuň özi aňsat iş däldi. Mysal üçin, G.Sähedow özüniň «Türkmenistan» gazetiniň 1927-nji ýylyň 40-njy sanyndaky «Türkmençilik pelsepesi we edebi meselelerimiz» atly makalasynda, geçmiş edebiýatymyzyň iň gowy eserlerini tankyt edip, olardan ýüz öwürmegi ündedi. Hally Şahberdiýew özüniň «Türkmenistan» gazetiniň 1928-nji ýylyň 11-nji sanyndaky «Köne edebiýaty ýaýratmaly»atly makalasynda G.Sähedowyň edebi miras baradaky ýalňyş pikirlerini berk ýazgardy we edebi mirasymyzy çap edip ýaýratmalydygyny tankydy nukdaýnazardan, aýawly öwrenmelidigini belledi. Hally Şahberdiýew öz döwründe ýazylan her bir çeper esere içgin beletdi. Olaryň iňesasylary barada metbugat sahypalarynda täsirli makalalar bilen çykyş edipdir. Tankytçy pýesalara, olaryň sahnada ýerine ýetirilişine degişli «Göterim», «Daş myhman», «Göterim” nähili oýnaldy?», «Platon Kreçet» ýaly köp sanly makalalaryň hem awtorydyr. Suratda: Hally Şahberdiýewiň galamdaş dosty Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy. Tankytçy türkmen diliniň problemalaryna, türkmen kinosynyň ilkinji eserlerine, çeper terjimä bagyşlap ýazan makalalarynda gozgalýan meseleler barada möhüm pikirler orta atypdyr. Bulardan başga-da, Hally Şahberdiýewiň ençeme publisistik makalalary, goşgulary, çeper teijimeleri, «Seýdi», «Täze mekdep» pýesalary, «Söweş meýdanlarynda» atly romany bolup, olar özüniň çeperçiligi, sagdyn ideýalylygy, real mazmuny bilen döwrüniň gowy eseri hökmünde tanalypdy. Hally Şahberdiýew Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda meýletinleriň hatarynda Watan goragyna gitdi. Uruşda görkezen edermenlikleri üçin birnäçe orden-medallara mynasyp bolup, ýeňiş bilen dolanyp geldi. «Söweş meýdanlarynda» atly romanynda ýazyjy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda frontda bolup, öz gören we başdan geçiren wakalary hakynda ynandyryjy hem-de gyzykly gürrüňler berýär. Bu romanyň belli bir bölegi 1946-njy ýylda Marynyň «Lenin baýdagy» gazetinde çap edilipdir. Häzirki wagtda görnükli türkmen edebi tankytçysy Hally Şahberdiýewiň döredijiliglni öwrenmek, onuň eserlerini halk köpçüligine ýaýratmak, adynyebedileşdirmek baradaky belli bir işler edilýär. Tankytçynyň döredijiligi barada gürrüň berýän makalalar, kitaplar, ýatlamalar munuň şaýadydyr. Baýramalynyň «Täze ýol» etrap gazetiniň ýanyndaky edebiýat birleşmesine Hally Şahberdiýewiň adynyň dakylmagy hem guwandyryjy wakadyr. Emma özüniň bütin ömrüni, zehinini, gujur-gaýratyny türkmen medeniýetiniň, türkmen edebiýatynyň, ylmyň ösüşine bagyş eden, bu ugurda göreşen adam barada aýdanymyzda bular entek ýeterlik däl. Geljekde görnükli edebi tankytçy Hally Şahberdiýeýiň tankydy makalalary hem-de beýleki eserleri toplanyp neşir edilse, edebiýat taryhyny öwrenijiler, okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma we nusga bolardy. Ýazyjyňyň öz obadaşlarynyň ildeşlerine goýan hormatynyň alamaty hökmünde, onuň ýaşan obasynda öý muzeýini döretseler, obanyň köçeleriniň birine we işlän mekdebine onuň adyny daksalar ýerine düşen iş etdikleri bolardy. Öz medeniýetimize, edebiýatymyza, onuň geçmişine hormat goýýan, geljegine umyt bildirýän ähli edebiýatçylarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň, Hally Şahberdiýewiň ildeşleriniň bu görnükli edebi tankytçymyza mynasypsarpagoýjakdyklaryna ynanýarys. Hally Şahberdiýewiň öňki okuwçylarynyň biri Sylap Gadryhanowyň ýatlamasyndan: --1951 – 1952-nji okuw ýylynda Baýramaly etrabynyň häzirki «Merw» kolhozyndaky 22-nji orta mekdebinde okaýarkak, Hally Şahberdiýew türkmen edebiýatyndan bize sapak berdi. Şol wagtlar oglanam bolsak, onuň örän güýçli edebiýatçylygyna derrew düşündik. Onuň nobatdaky sapagyny uly höwes bilen garşyladyk. Ol ussat mugallym hökmünde, päk ynsan hökmünde meniň aňymda ebedilik galdy. Medeniýetiň, adamkärçiligiň mertebesiniň ýönekeýlikde, dogruçyllykda, päklikde, kiçigöwünlilikdeligini mugallymymyz Hally aga biziň aňymyzda berk ornaşdyrmagy ussatlyk bilen başardy. Onuň özi bu zatlaryň nusgasydy. Hally Şahberdiýew okuwçylaryna adamkärçilik temasyndan we edebiýatdan örän gyzykly gürrüňler bererdi. Türkmeri sowet edebiýatynda ilkinji poemalaryň biri bolan «Sona» poemasynyň döremegi we onuň awtory Amandurdy Alamyşow barasynda uly joşgun bilen aýdardy. Lirika gezek gelende ol Keminäniň «Zülpüň» diýen goşgusynyýatlaman geçip bilmezdi. Ol «Zülpüňi» hezil edinip bize okap bererdi we bu şygryň çeperçiligine, suratlandyrylyşyna özi haýran galardy. Ýene-de ony gaýtadan okap bererdi. Ol bize: «Bu goşgy düşündirişe mätäç däl, ony ýöne keýp edip okap ýörmeli, aýdym edip aýdyp ýörmeli» diýerdi. Şonda men ondan: «Ýoldaş mugallym, siziň pikiriňizçe, Kemine Mollanepesden hem güýçli lirikmi?” diýip soradym. Ol: «Ýok, beýle düşünmek bolmaz. Mollanepesi lirikasyz oýuňa getirmek hem mümkin däl. Mollanepes diýildigi lirika diýildigi. Ondan güýçli lirik şahyr gaýry bardyr ý-da bolandyr öýdemok. Häzir gürrüň anyk «Zülpüň» barada gidýär. Lirika meýdanynda bu goşgynyň aýratyn tagamy, aýratyn ýakymlylygy, adamyny aýratyn bendi edijiligi bar.Munuň şeýledigine siz gijiräk düşünersiňiz» diýip jogap beripdi. Hally aganyň bu jogaby häzirem meniň gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. Indi görüp otursak, Hally aga bize nusgawy şahyrlara düýpli düşünmegi öwredýän ekeni. Men «Zülpüňi» talyp ýýllarymda hem birnäçe gezek okadym. Emma okadygyňça oňa düşünip gidip otyrsyň. Häzirem okasaň, ýene-de köp zatlara, onuň sözleriniň manysyna we çeperçiligine haýran galmak bilen düşünip gidip otyrsyň. Magtymgulyny näçe okadygyňça okasyň gelýär. Ony bütin ömrüň dowamynda okap ýörmeli. «Zülpüňem» şeýleräk ýaly. Beýik türkmen klassyklaryna akylyň haýran! Türkmeniň päk ýürekli, ýiti zehinli, ýokary adamkärçilikli ogullarynyň biri bolan Hally Şahberdiýewiň agyr gussaly geçen ömri ýadyňa düşende häzirem ýüregiň gyýylyp dur. Hally Şahberdiýewem şol döwürdäki intellegensiýanyň ençeme wekilleri ýaly şahsyýet kulty diýlip atlandyrylan şum döwrüň nähak pidalarynyň biri. Sungaty öwreniji merhum Azym Ahmedow hem öz döwründe Hally Şahberdiýewiň ömri we döredijiligi hakda gyzyklanan eken. Biz onuň şahsy arhiwinden tapylan şol golýazmany dolulygyna ulanmagy göwne makul bildik: “-- Hally Şahberdiýew 1920-30-njy ýyllaryň türkmen sowet edebiýatynyň, dramaturgiýasynyň, türkmen edebi tankydynyň ösüş ýollarynda hyjuwly yz galdyran edebiýatçy. Onuň döredijiliginiň özbaşdak kitaplar görnüşinde çap edilip, has giňişleýin öwrenilmäge, adynyň hem ebedileşdirilmäge doly mynasyplygyny nygtasym gelýär. Bu uly edebiýatçynyň gazet-žurnal sahypalarynda galdyryp giden köp sanly işlerini (makalalary, pýesalary, goşgularydyr hekaýalary, ýatlama ýazgylary) toplanyp, geljekde özbaşyna kitap edip çykarmaklyk, edebiýatymyzyň we türkmen edebi tankydynyň taryhyny öwrenmek işine örän mynasyp goşant boljaklygy belli zat. Türkmenistan SSRYlymlar akademiýasynyň Dilwe edebiýat institutynda häzir bu hakda çynlakaý oýlanýarlar. Hally Şahberdiýew 1955-nji ýylda, Beýik Watançylyk urşunyň bedenine salan yzalary sebäpli, agyr keselläp, 49 ýaşynda aradan çykýar. Hally Şahberdiýew uzyn, daýaw, ýüzi nurana, şähdi açyk, öz döwründe edebiýaty öwreniji tankytçy hökmünde tanalýar we teatr ilki dörände gyz rolyny oýnan. Ol döwürde türkmen gyzlaryny teatra çekmek örän kyn wezipe bolupdyr. Ýaş ýigit Hally bolsa owadan, görmegeý oglan bolan. Dünýä edebiýatyny köp okansoň, türkmen ýazyjy-şahyrlaryna öz bilýänlerini öwredipdir. Ol sada, ýönekeý, alçak we sahy häsiýetleri bilen tanalýar. Ol daýhançylygy, awçylygy gowy görüp, boş wagtyny şoliki zada bagyşlaýardy. Ol düme gawun- garpyz, kätebugdaýam ekip alýardy. Obada mugallymçylyk eden wagty taryh, edebiýat, geografiýa sapaklaryndan okadýardy. Ol öz çagalaryny gowy görýärdi. Her gün mekdepden geler wagty bolsa, çagalary ýola garap durardylar. Aňyrdan gelýänini görseler, ep-esli ýerden ylgaşyp öňünden çykardylar. Ol ýogalan wagtyuly gyzy 10 -njy klasda, uly ogly 2-nji klasda, iň kiçi ogly bolsa ýaňy 3 aýlykdy.Umuman, okuwly-düşünjeli adam bolansoň onuň abraýy örän ulydy. Käbir alym-ýazyjylaryň aýtmagyna görä, türkmen edebiýatynyň döremegine işeňňir gatnaşan, onuň ösüşine uly goşant goşan,ilkinji görnükli edebiýatçylarymyzyň biri hökmünde Hally Şahberdiýewiň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar halkyň dykgatyna ýetirilmelidir. Hally aganyň aýalynyň -- Enejan ejäniň gürrüňlerine görä, Hallynyň maşgalasy öň Gökdepede ýaşaýar ekenler. Irki döwürlerde Gökdepede gün-güzeran görmek üçin ýaşaýyş kyn diýip Tejene göçüpdirler. Şol ýerde Hally dogulypdyr. 1906-njy ýylda Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ýokary bilimi, 30-njy ýyllarda Daşkentde alýar.Respublikan gazet-žurnallar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar. Onuň tankydy makalalary ýygy-ýygydan çykyp durýar. Ol goşgulardyr pýesalar hem ýazýar. Bu hakda soňra merhum tankytçymyz SaýlawMyradow öz makalasynda: «Hally Şahberdiýew goşgy-da ýazypdyr, proza-da. Ýöne türkmen edebiýatynyň taryhynda ol esasan söweşjeň tankytçy hökmünde tanalýar” diýip belleýär. Ýaş edebiýat söýüjilere hemaýat bermek maksady bilen açylan edebiýat kuržogyny-da Hally Şahberdiýew ýöredipdir. Bu hakda belli ýazyjy-şahyrymyz PommaNurberdiýew«Kuržoga Hally Şahberdiýew ýolbaşçylyk edýärdi. Ol kuržok biz üçin mekdep boldy. Ondan biz sýužetli eser ýazmagy, gahrymanlary tipleşdirmegi, obraz döretmek diýen ýaly bir topar zat öwrendik» diýip ýatlapdyr. 60-njy ýyllaryň başynda Baýramaly etrap «Täze ýol» gazetiniňredaksiyasynýň ýanynda ýaş edebiýatsöýüjileriň birleşmesi açyldy. Ol Hally Şahberdiýewiň adyny göterýärdi. Körpe gyzy žurnalist Güljahanyň öz kakasy hakyndaky ýatlamasy hem gyzyklydyr: – Göýä öwsüp barýan ýel ýaly, ynsanyň çagalyk hem ýaşlyk ýyllary örän çalt geçýär. Çagalyk ýyllaryňda eşiden zatlaryň hem ýadyňda gowy galýar. Uly agamyz Hoşgeldi aramyzda iň akyllymyzdy. Ol biziň bilen ýürekdeş, mylaýym gürleşerdi. Iň ulymyz bolansoň edep-terbiýe barada biziň bilen gürleşmäge, pikir alyşmaga wagt tapardy. Bize hemişe dogry sözli bolmagy berk sargardy. Maşgalaly bolandan soňra çagalarynyň terbiýesine-de üns berip başlapdy. Tomus aýlary köplenç maşgalasyny, çagalaryny Moskwa şäherine, onuň eteklerindäki tokaýlyga gezelenje alýp giderdi. Käte ol ýerde birki aý gezip gaýdardylar. Özi suratkeş bolansoň tebigy gözelliklere uly sarpa goýýardy. Şol gözel ýerleriň suratlaryny çekerdi. Haçan-da, özi, iş bilen başga şäherlere gidäýse-de baýramçylyklary gutlap, maşgalasyna, çagalaryna telegramma ibererdi. Ejem pahyr bilen çaý başynda oturyp, ýürekdeş gürrüň etmegi göwy görerdi. Şol döwrüňdüşünjeli adamlary bilen ýakyndan dostluk aragatnaşygyny saklaýardy. Goňşy ýurtlaryň ençemesinde onuň dostlary bardy. Olar bilenemýygy hat aragatnaşygyny saklaýardy. Dogruçyl, ak göwünli adamlara uly sarpa goýýardy. Onuňokaýan kitaplarynyň köpüsi dünýä baradaky filosofiki pikirler bilen baglanyşyklydy. Akyldarlaryň ýazan dana pähimlerini gowy görerdi. Öz dogduk obasyny öränhalaýardy. Özleri şäherde ýaşasalar hem ýygy-ýygydan oba gelip, gadymy ýadygärliklere aýlanyp, şol ýadygärlikleriň, köne galalaryň suratlaryny köp çekerdi. Özi hem, her bir işde adalatly bolmagy söýýärdi. Biz ondan terbiýeçilik ähmiýetli hekaýalary, gürrüňleri köp eşiderdik. Biz heniz mana düşmeýän çaga wagtlarymyz özümiň hiç wagt kakamyň garasyny görmänligime, kakasyzdygyma beýleki çagalaryň ýanynda örän kemsinerdim. Ilarasynda kakasyz çagalara ýetim diýýärdiler, men bolsa bu ady götermäge namys ederdim. Kakam baradaky ýatlamalary, esasan-da uly agamyz Hoşgeldi kakamdan eşiderdik. Bir gezegem heniz 3-nji klasda okap ýörkäm, haýsydyr bir baýramçylyk sebäpli birnäçe çagalara sowgat paýladylar. Şonda mugallymymyz «Sowgat hemmäňize berlenok, diňe ýetimlere berilýär» diýdi.Birnäçe okuwçynyň hatarynda meniňem adymy tutup, «Geliň, sowgadyňyzy alyň!» diýip, öňe çagyrdy. Onuň elinde bir köýneklik mämişi pomazy mata bardy. Men şonda özüme «ýetim» diýlenine şeýle bir namys etdim. «Ýetime berilýän zat maňa gerek däl» diýip, sowgat almakdan ýüz öwürdim. Şonda mugallym matany egnine atdy-da, «Almasaň alma, özüm alaýaryn» diýip hüňürdedi. Men ol wagtlar kakam pahyryň Watançylyk urşunda mertlerçe söweşip, birnäçe orden- medaly alyp, düýpgöter saglygyny ýitirip gelenligini ejemiň gürrüňleri esasynda bilýärdim. Haçan-da ýaşulular, ýaşy durugşan zenanlar uly buýsanç bilen kakamyň şeýle gowy, artykmaç adamkärçilikli, ak ýürekli adam bolanlygyny gürrüň berenlerinde, göýä kakam pahyryň özüni gören ýaly, begenerdik. Uruşdan gelensoň, oba mekdebindemugallym bolup birnäçe ýyl işlän kakamjan urşuň salan ýarasyndan heläk bolupdyr. Ejem pahyryň gürrüň bermegine görä, kakam dagy ýagyp duran okuň aşagynda söweşip ýörkäler, ädiginiň içi suwdan dolup gitse-de, ädiginiň suwuny dökmäge maý bolmandyr. Şeýdip aňzakly sowugyň içinde gan döküp söweşipdirler. Biz çagalar öz kakamyz barada diňe şu zatlary bilýärdik. Onsoňam kakamyzyň özüniň arza ýazyp urşa gidendigini ejemizden eşidip, kakamyzyň batyrlygyna, namysjaňlygyna guwanýardyk. Ýaşulular kakamyzyň ylymly, ýiti sowatly, mylaýym, geçirimli, sowukganly adamdygyny hemişe bize aýdyp durardylar. Göýä olaryň hemmesi dilleşen ýaly kakamyzy öwerdiler, onuň ile-güne örän rehimlidigini hem aýdardylar. «Gowy adamyň çagalary hem gowy adam bolmalydyr» diýen düşünje hemişe meniň kellämde at salýardy. Iň ulymyz Hoşgeldi kakamyzy görüp, onuň terbiýesini alansoň, kakam baradaky gyzykly wakalary bize ýygy-ýygydan gürrüň bererdi. Çagalar mekdep internadynda terbiýe-bilim alýan agam rus dilindäki çeper edebiýatlary okamagy gowy görerdi. Bize surat çekip bererdi. Her hepdäniň dynç güni ol öýe gelen wagtynda gyzykly ertekileri, rowaýatlary we hekaýatlary aýdyp bererdi. Gyş günleri ortada ýanyp duran pejiň daşyna çagalar bolup üýşerdik. Şonda uly agamyň gyzykly hekaýatlaryny hezil edinip diňlärdik. Agamyň bir gezek aýdyp beren hekaýaty henizem meniň gulagymda ýaňlanyp dur. Ejemiň doganyna Bibi Ahmedowa diýýärdiler. Onuň ady meşhur halyçy hökmünde giňden tanaldy. Ol ýaş wagty ýanýoldaşy ýogalyp, ýeke galýar, çaga-çugasy ýok. Onuň 1927-nji ýylda dokan 75 sany gölli “Agzybirlik” halysy häzir Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň gaznasynda goralyp saklanýar we öwrenilýär. Ol haly dikligine 15 göl, keseligine bäş göl salnyp dokalypdyr. Meniň kakam hem bu päkize zenany gaty sylar ekeni. Şonuň üçinem özüniň uly gyzy Jöwzany kiçijek bäbek wagty oňa gyzlyk beripdir. Ol Jöwza gyzym diýip ýüzlenerdi. Bibi eje öz gyzyny eliniň aýasynda saklap, ýag iýdirip, ýüpek geýdirip ulaltdy, adam etdi. Onda-da halyçylyk ugrundan okatdy... 1921-nji ýylda Aşgabadyň demirýol klubunda drama sungatyna höwesjeň gatnaşýan rus milletinden bolan ýaşlaryň ýardamy bilen ilkinji mydamalyk hereket edýän türkmen drama topary döredilýär. Şonuň ýaly-da drama toparlary Ene Kulyýewa adyndaky internatda, Aşgabadyň mehaniki tehnikumynda döredilýär. Türkmen çeperçilik-döredijilik intelligensiýasynyň taryhynda iň bir ajaýyp orunlary Aşgabadyň soset-partiýa mekdebiniň ýanynda döredilen drama toparyna gatnaşanlar eýeleýärler. Olaryň arasynda Myrat Kazakow, Bazar Amanow, Galpak Herräýew, Gulluk Hojaýew, Hally Şahberdiýew we beýlekiler bardy. Şol döwürde drama topary mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Şemsetdin Keriminiň “Aýjemal” pýesasyny sahnalaşdyrypdyrlar.Toparda zenan maşgala bolmansoň, Aýjemalyň roluny ýerine ýetirmek hem erkek adama ynanylypdyr. Aýjemalyň kakasynyň roluny Bäşim Durdyýew ýerine ýetiripdir. Eseriň gahrymany Aýjemal hakynda tomaşaçylar: “Gowy we owadan gyz, diňe onuň agzy biraz ulurak-da” diýýän ekenler. Haçanda gyzyň roluny Hally Şahberdiýewe ynanylanda, ol bu roly ynandyryjylykly oýnap bilmerin öýdüp, razylyk bermändir. Ýöne toparyň agzalary onuň bu roly ýerine ýetirmäge yrmagy başarypdyrlar.Ondan soňra bolsa Aýjemalyň daşky keşbini döretmek meselesi iş bolupdyr. Rus drama teatryndan gara reňkli owadan zenan saçyny alypdyrlar, gyz-gelin eşiklerini ýeke-ýekeden hersini bir ýerden ýygnamaly bolupdyr. Şeýlelikde, Aýjemalyň daşky sypaty taýýar edilipdir, roly ýerine ýetirijä bolsa diňe gahrymanyň içki dünýäsini açmak galypdy. Oýun tamamlanandan soň, tomaşaçylar çykalga ýygnanyşyp, Aýjemalyň roluny şeýle gowy ýerine ýetiren gyzy görmek isläpdirler. Ýöne olaryň bu islegi başa barmandyr, çünki teatrdan diňe erkek adamlar we ýaş ýigitler çykypdyrlar. Höwesjeň artistler azerbaýjançadan terjime edip, “Hanyň söýgüsi” atly pýesany sahna çykarypdyrlar. Ol pýesada gazaply hanyň bir batragyň aýalyny elinden aljak bolşy, ony din-adatyň wekilleri bolan işan-mollalaryň aklaýşy, gazabyna bäs gelmedik garybyň olary jähenneme iberişi hakyndaky waka bardy. Ozal tanyş waka bolanlygyna garamazdan, ol waka döwre gulluk edýärdi, ähmiýetlidi. Şol mekdebiň okuwçysy Hally Şahberdiýew 1924-nji ýylda “Täze mekdep” diýen pýesasyny döredýär. Onda köne we täze mekdebiň arasyndaky göreş suratlandyrylýar. Köne mekdebiň edil garşysynda täze mekdep açylýar. Şäherden gelen bir komsomolyň wagyz-nesihaty bilen köne mekdepdäki okuwçylar täze mekdebe gaçýarlar. Köne mekdebiň mollasy hem ýöne ýatmaýar. Ol oglanlaryň her hili dini gürrüňler bilen gorkuzyp, köne mekdep tarapyna wagyz edýär we täze mekdebiň garşysyna göreş alyp barýar. Emma täze mekdep üstün çykýar. Ilkinji dörän pýesalarda, edebiýatyň beýleki žanrlarynda-da her bir eserde täze ýeňýärdi, köne ýeňilýärdi. Bu özem, köplenç aňsat bolup çykýardy. Bu eserde-de şonuň ýaly. Ol wagtlar döredilen eserler, esasan wagyz häsiýetindedi. Wagyz häsiýetli eserlere mahsus zat, günübirin bolup duran wakalara bagyşlanyp, şol döwre gulluk etmek bilen ömrüni gutarýardy. Ol sahnadan ir düşýärdi. Şol sahna eserinde bir gahrymanyň roluny ýerine ýetiren, soň Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolan Sary Garryýewiň ýatlamasyna görä, “Täze mekdep” tomaşaçyny gyzyklandyrypdyr, onuň täsiri uly bolupdyr. Şonuň üçin bu sahna eseri diňe öz mekdeplerinde oýnalmak bilen çäklenmändir. Il arasyna-da çykylyp başlanypdyr. Ýaşuly artistiň tassyklamagyna görä, türkmen dramaturgiýasynyň we türkmen teatrynyň düýbi şol kružoklaryň esasynda tutulypdyr. Görnükli alym we ussat publisist Mämmetdurdy Annagurdow Hally Şahberdi bilen ilkinji gezek Tejeniň Ajyguýy obasynda tanşypdyr. Bu hakda ol şeýle ýazýar: “... Täze tanyşlarymyň arasynda Galpak Herräýew, Hally Şahberdiýew, Hojamyrat Welmyradow, Nurýagdy Garýagdyýew dagy hem bardy. Türkmen döwlet drama teatrynyň ilkinji artistleriniň biri bolan Galpak Herräýew meniň obadaşym bolup çykdy. Onuň kolhozy (GPU) Çary Wellekow kolhozy bilen goňşy ekeni. Meniň ejem bilen kakam şol iki kolhozyň aralygyndaky gonamçylykda jaýlanan ekenler. Ilkinji türkmen edebiýatçylatynyň biri H. Şahberdiýew Galpagyň dosty, ol şonuň bilen gezelenje barypdyr. Çärjew pedtehnikumynyň mugallymy H. Welmyradowyň aýal dogany Ogulgerek Çary Wellekow kolhozynda ýaşaýar eken, onuň adamsy Beghan aga kolhozçy. Ýüpekçilik tehnikumynyň okuwçysy N. Garýagdyýewiň aýal dogany Akgözelem şol kolhozda, onuň adamsy kolhozçy. Galpak bilen Hally deň-duşdy. Hojamyradam şolar töweregidi.Men olardan bärräkdedim. Iň kiçimiz Nurýagdydy. Biz her gün diýen ýaly görşerdik. Ýa Galpak bilen Hally biziň ýanymyza gelerdi, ýa-da biziň üçimiz olaryň ýanyna giderdik. Köplenjem Ýusup aganyň ýanyna ýygnanyşardyk. Çary Wellekow adyndaky kolhozyň başlygy Ýusup Annasöýünow çalasowadam bolsa, köp zatlary başyndan geçiren , durmuş tejribesi baý adamdy. Ol köp geçmiş wakalary gürrüň beredi, halk döredijiligini , folklory oňat bilýärdi. Dürli täzeliklerdenem habarlydy. Edebiýat we sungat meseleleri bilenem gyzyklanýardy. Duşuşan wagtlarymyzda bir topar meseleleriň başy agyrdylýardy. Aýratynam türkmen diliniň ösüş prosesi, täze edebi eserler, sungat problemalary, hususan-da türkmen drama teatrynyň işi barada köp gürrüň edilýärdi, jedelleşigem bolýardy. Hasam beter Hally bilen Hojamyrat ikisi jedelleşerdi. Hojamyrat diýseň degişgen , gepe çeper wäşidi. Özem örän taýýarlykly, eredurli adamdy. Ol jedelde erjel, logiki pikir ýöretmäge ökde bolan Hallydan basylyp durmazdy. Jedel wagtynda ikisem öz pikirlerini tassyklatjak bolup biziň ýüzümize serederdiler. Şonda az geplegiç, ýuwaştap Galpak : “A-how, bizi bir günümize goýuň ahyryn! Hiý, beýle-de bir jedel bormy, biri-birinden beter-aýt! Bir dem-dynjam alalyň-la, how!” diýip gülerdi. Ot ýaly dogumly Hojamyrat (“Jürjen”) zöwwe ýerinden galardy-da, gülmän-işman: “Artist, şun-a dogry aýtdyň!” diýip Galpaga tarap baş atansoň, Halla tarap barmagyny çommaldardy-da,: “Bu bir zandy ýaman-how! Basylanyny, ýeňilenini hem bilenok. Indi bir boýnuňa al-da!” diýip, öňe-yza dyzan bolardy. Sowukganly, parahat Hally bolsa ýerindenem gozganman, äýnegini eline alyp süpürişdirip oturyşyna, gözüni süzübräk ýylgyrardy-da: “Haýýarlyk subutnama däl ahyryn” diýerdi. (M.Annagurdow, Durmuş ýolunda, “Sowet edebiýaty” žurnaly, 1985, №10, 139-sah.) Bularyň jedeline käte menem goşulardym, aýratynam dil meselesi barada. Şol wagtlar türkmen edebi diliniň normalary dogrusynda gürrüň edilende ozaly bilen M.Geldiýew bilen G.Alparowyň 1929-njy ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň grammatikasy” öňe tutulardy. Şol kitap türkmen intelligetleriniň köpüsinde bolardy. Türkmen diliniň söz baýlygy babatynda gürrüň edilende bolsa A.Alyýew bilen K.Böriýewiň “Rusça-türkmençe sözlüginiň” sahypalaryna seredilerdi. Şol kitapdaky ençeme düzgün hem kesgitlemeler, sözleriň we olaryň terjimeleriniň dürli-dürli wariantlary boýunça jedeller edilerdi.. Şu babatda jedel edilende , aýratynam Hojamyradyň gözi açylardy....”(agzalan kitap) Şol döwürlerde ilkinji dramaturglaryň bilim derejesi düýbünden kämil däldi. Olaryň professional endikleri ýokdy. Ata Gowşudow, Şamsetdin Kerimi, Ýakup Nasyrly, Basir Abdullin, Hally Şahberdiýew, Towşan Esenowa, Ýaradanguly (Abdylla Badaýew), Berdi Kerbabaýew, Haldurdyýew ýaly ilkinji dramaturglaryň döreden pýesalarynyň professionallyk derejesi poesiýa, proza žanrlarynyňka deňeçer bardy. Suratda: Hally Şahberdiýewiň 1924-nji ýylda sowet-partiýa mekdebinde okan döwründe onuň mugallymy, ilkinji dramaturg Şemsetdin Kerimi. Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda Hally Şahberdiýew edebiýatçy hökmünde gazet-žurnallaryň sahypalarynda has işjeň çykyş edip başlaýar. Bu döwür türkmen edebiýatynyň ýagdaýy hakynda edebiýatçy alymlar A.Kekilow, R.Rejebow, K.Jumaýew, B.Şamyradow we beýlekiler Düýpli we çuňňur mazmunly işlerini ýazdylar. Işimiziň şu ýerinde biz “Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi” atly işe ýüzlenmmakul bildik. Kitabyň awtorlary A.Kekilow, R.Rejebow, K.Jumaýew şo döwür edebi prosesimiz we onuň wekilleri, olaryň edebi garaýyşlary hakynda pikir ýöredipdirler. Bu işde edebiýatçy Hally Şahberdiýewiň hem ady ýygy-ýygydan agzalypdyr. Elbetde, bu ýöne ýerden däldi. Çünki eýýäm şo döwürlerde sowet-partiýz mekdebini tamamlan Hally Şahberdiýew döwrüň ideologiýasyndan habarly adamdy, mahlasy, täze jemgyýetiň ýetişdiren täze pikirli adamydy. 1928-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenistan” gazetiniň jogapkär redaktorynyň orunbasary A.Gulmuhammedowyň şol gazetiň sahypalarynda onuň “Türkmenistan” gazetiniň “edebiýat sahypasy we ýaş şahyrlar we ýazyjylarymyz” atly makalasy çap edilýär. Awtor makalasynda ýaş şahyr we ýazyjylaryň döredijiliginde geljege umyt döredýän hiç zat görmeýär, ýekeje söz bilen olaryň höwesini hem götermeýär. Tankytçy ýaşlary edebiýat kadasyny bilmezlikde, ony bozmaklykda, eser ýazmak işinde köp ýalňyşlyklar goýbermekde aýyplaýar. Käbir mysallara ýüzleneliň: Amandurdy Alamyşow hakynda ýokardaky makalada şeýle ýazylýar: “Bu ýaş şahyryň şygrynda uslyp, sungat, söz düşüliş, wezin, kapyýa, teşbiýe bozuklygyny gören bir edebiýatçy ýa gülüp ýa-da ökünüp, gülen geň görüp, gülse, ökünen kişi-de, şübhesiz, şahyryň edebiýat ylmyndan habarsyz, hiç bir usul we uslyp bilmezden edebiýat meýdanyna atylmasyndan ökünjekdir”². Şol ýyllaryň zehinli ýaş şahyry Ata Gelenowyň goşgulary hakynda tankytçy şeýle diýýär: “...Bu-da özüniň teşbiýe we kapiýasynda biraz ýalňyşlyklar ýasaýar”³. Başga bir ýaş şahyryň eserleri hakynda: “Bu şygyryň wezin, ölçek, kapyýa, usul, uslyp we teşbiýe taýyndan bozuklygy ýoldaş Alamyşowyňkydan beter...”⁴ A.Durdyýewiň “Bagtly gyz Bagdatda” diýen hekaýasy hakynda: “Bu hekaýanyň nahu sarf taýy-da bozuk. Hekaýanyň münderjesi-de oňat çykyp bilmändir...”⁵. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |