19:24 Hally Şahberdi / dowamy | |
Suratda: ilkinji türkmen edebiýatçylarynyň biri Abdylhekim Gulmuhammedow. A.Gulmuhammedowyň bu makalasy ýaş şahyrlaryň birnäçesinde nägilelik döredipdir, olara erbet täsir edipdir. Hatda A.Alamyşow özüniň gazetde çap edilen bir goşgusynda hem özündäki nägileligi beýan edipdir. Bu goşgy, bir tarapdan, gödek hem adalatsyz tankydyň ýaş şahyra eden zyýanly täsirini görkezse, ikinji tarapdan, onuň (A.Alamyşowyň) tankydyň öňünde (goý, ol adalatsyz hem eken-dä) ejizlik edenligini, birbada ruhdan düşenligini görkezýär. “Türkmenistan” gazetiniň 1928-nji ýylyň 28-nji fewralynda çykan sanynda H.Şahberdiýewiň “Kim üçin ýazypdyňyz?” diýen makalasy çykýar¹. Bu makalada A.Gulmuhammedowyň ýokarda gürrüňi edilen çykyşyna garşy gönükdirilip ýazylypdyr. H.Şahberdiýew A.Gulmuhammedowyň dilini, ýaşlara gödek sözler aýdyşyny, gopbamsyramagyny adalatly tankyt edýär. H.Şahberdiýewiň bu makalasyna A.Gulmuhammedow özüniň “Dogry düşünjeli edebiýatçylar üçin ýazypdym” atly makala bilen jogap berýär². Bu makala gazetiň bäş nomerinde çap edilýär. Emma onuň mazmuny ýaş şahyrlara we ýazyjylara hiç hili peýda berip bilmedi. Tankytçy bu gezek hem dil, goşgy düzülişiniň formal kadalary hakynda garşydaşy bilen dawa edişmekden daşa çykyp bilmeýär. “Türkmenistan” gazetiniň sahypalarynda adatdan daşary giň orun berlen bu çekeleşik soňra “Ýaş kommunist” gazetiň sahypalaryna geçýär. Bu gazetde ýene-de H.Şahberdiýew “Hakykat her wagt açyk! (A.Gulmuhammedowa jogap)” atly makala bilen çykyş edýär3. Bu makala ýaşlar gazetiniň birnäçe nomerinde çap edilse-de, A.Gulmuhammedow bilen bolgusyz dawalaşmak çäginden daşa çykyp bilmeýär. Hatda H.Şahberdiýew, ýaşlaryň tarapyny tutan kişi bolup, jedele başyny gyzdyryp, olary nädogry ýola itekleýär, ýazyjy, şahyr bolmak üçin okamagyň, ylymly bolmak ugrunda çalyşmagyň hökman däldigini subut etmäge çalyşýar. A.Gulmuhammedowyň soňky makalasynda hakyky şahyr we ýazyjy bolmak üçin edebiýatyň kada-kanunyny, taryhyny oňat öwrenmegiň gerekligi hakynda ýaşlara beren dogry maslahatynyň tersine gidip, H.Şahberdiýew şeýle ýazýar: “Bize galan ýerinde bolsa, açyk aýdýarys, bu teklipler ýaş şahyr-ýazyjylaryň geregin aňlap berilýän nesihat däl, görkezilýän ýol däl. Bu nilli jemhuriýetlerde dil, edebiýat ylmy işçilerini taýýarlamakdan ötri Leningrad şäherinde açylan “Türkmen seminariýasynyň” okuw programmasydyr. Bular şahyr, edebi ýazyjynyň bilmeli bilimleri däl, ylmy dil-edebiýat işçileriniň bilmeli bilimi Gulmuhammedow dagynyň öwrenmeli ylmydyr”1. Bu iki tankytçynyň soňky çykyşlary (A.Gulmuhammedowyň “Dogry düşünjeli edebiýatçylar üçin ýazypdym!” diýen makalalary) köp wagtda edebi tankyda meňzemän, iki adamyň özara sögüşine, men-menlik tekepbirligine ýakyn bolupdyr. Olar bir-birlerine çap organlarynda ulanylmasy mümkin bolmadyk: “Wah, nadan biçäre!”, “...Siz bolsa basyrganýarsyňyz, zada düşünmän gomparýarsyňyz...”, “Utançsyz, haýasyz”, “Öýünde ýok köjelik, nä gününe hojalyk...” diýen ýaly paýyş sözleri aýtmak derejesine ýetipdirler. Umuman aýdanymyzda, bu iki tankytçynyň makalalaryna gazetler näçe bol orun beren hem bolsalar, olar çeper edebiýatyň möhüm meselelerini orta atyp, olary çözmäge hyzmat edip bilmediler. Olaryň çekişmesi başda, nähili-de bolsa, täze türkmen sowet edebiýatynyň käbir meseleleri bilen bolan hem bolsa, emma soň boýnyýogynlyga, bolgusyz jedele öwrülip gitdi. Şunuň netijesinde bir ýyl dowam eden bu çekişme ýaş türkmen sowet edebiýatyny ösdürmekde, onuň kadrlaryny terbiýelemekde garaşylýan netijäni bermedi. Emma 1928-nji ýylyň dowamynda ýaş şahyr we ýazyjylaryň döredijiligi, olaryň wezipesi hakynda oňat materiallar birsyhly çap edilip durulýar. Olarda çeper edebiýatyň möhüm meseleleri orta atylýar, ýaşlara anyk maslahat berilýär. Hally Şahberdiýew goşgy-da ýazypdyr, proza-da. Ýöne türkmen edebiýatynyň taryhynda ol esasan söweşjeň tankytçy hökmünde, onda-da iri planly realistik eserleriň emele gelmegi üçin tankytçy hökmünde tanalýar. Täzeligiň tarapynda duran Hally Şahberdiýew türkmen edebiýatynyň taryhynda nähilirol oýnadyka? Biziň rewolýusiýadan öňki edebiýatymyzda dessanlar, halk eposlary diýäýmeseň, epiki häsiýetdäki sýužetlieserler, köptaraplaýyn işlenilen realistik obrazlar ýokdy. Durmuş weli şeýle eserleri talap edýärdi. Öňdebaryjy medeniýet belli bir akaba düşüpdi: agyr senagatyň, ösenoba hojalygyň, täze medeniýetiň ilkinji kerpijinden uly binasynyň boýuny ýetiren gahryman halkyň belent edermenligini diňe sanlyja bentden ybarat goşgy bilen görkezmek mümkin däldi. Munuň üçin dogrudanam zamananyň özüne mynasyp köp planly epika gerekdi. Hally Şahberdiýew döwrüň şol mätäçligini duýan ilkinji awtorlaryň biridi. Şol döwürde Amandurdy Alamyşowyň «Sona» poemasynyň başyndan külpet inse-de, H.Şahberdiýew ýaş şahyryň niýetine dogry düşünipdi. Ony A.Gulmuhammedowyň tankydyndan gorapdy. A.Alamyşowyň «Sonasy» 20-nji ýyllaryň türkmen poeziýasynda ýaşlaryň durmuşyndan ýazylan ilkinji epiki eserleriň biridir. Şahyryň özi-de ýaşdy. H.Şahberdiýew diňe bir A.Alamyşowy däl, şol döwrüň ýaşlarynyň köpüsine özüniň hemaýatyny ýetiripdi. Merhum Pomma Nurberdiýew ölmeziniň öň ýanynda ýazan ýatlamalarynyň birinde şol döwür hakynda gürrüň edip, «Kružoga Hally Şahberdiýew ýolbaşçylyk edýärdi. Ol kružok biz üçin mekdep boldy. Ondan biz sýužetli eser ýazmagy, gahrymanlary tipleşdirmegi, keşp döretmek diýen ýaly bir topar zatlary öwrendik» diýip ýazypdy. Beki Seýtäkow, Ruhy Alyýew dagylar hem H.Şahberdiýewi diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Indi şu wagtlar köne mirasa nähili aýawly hem seresaply çemeleşmelidigi baradaky meşele düýp-teýkary bilen çözülip, yzly-yzyna şahyrlaryň ýubileýleri geçirilip ýörkä, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Kemine... ýaly şahyrlar hakynda gürrüň etmek aňsat. Emma 20-30-njy ýyllarda geçmişiň medeni mirasyndan nähili peýdalanylmalydygy hemme taraplaýyn çözülmänkä, olar barada gapma-garşy pikirler dowam edýärkä, anyk bir zat aýtmak, pikiriňi hem iş ýüzünde subut etmek aňsat däldi. Hally Şahberdiýew öz döwrüniň ylymly, taýýarlykly intelligenti hökmünde geçmişiň medeni mirasyna nähili garamaly diýlen meselede olaryň eserlerini çap edip ile ýaýratmaly diýen prinsipial pozisiýany eýeläpdi. Onuň Magtymgulynyň goşgularyny, «Köne türkmen edebiýatyny ýaýratmagy basmaly hem ýaýratmaly» (çap etmeli), «Köne türkmen edebiýaty we komsomollar» atly makalalary öz döwründe aýgytly rol oýnady. H.Şahberdiýewiň hem-de ençeme beýleki adamlaryň tagallasy bilen Türkmenistanyň ýazyjylarynyň 1934-nji ýýlyň 8-12-nji maýynda bolan birinji gurultaýy köne medeni mirasy türkmen edebiýatynyň bir bölegi hökmünde kabul etmegi, ony il içinde onuň çeperçilik tärlerinden öwrenmegi makul bilipdi. Edebiýatyň munuň ýalydüyplimeselelerini çözmäge H.Şahberdiýewde ýeterlik ylym, bilim, zehin, teoretiki taýýarlyk bardy. Ol 1924-1927-nji ýyllarda merkezi sowet - partiýa mekdebini gutarypdy. Soň 1929-1932-nji ýyllarda Orta Aziýa döwlet uniwersitetinde okuwyny dowam etdiripdi. Şu ýagdaýlaryň hemmesi oňa edebiýatyň düýpili teoretiki meselelerine içgin aralaşmaga, ol meseleleriň dogry çözgüdini tapmaga mümkinçilik berýärler. Zehinli tankytçynyň edebiýatda sýužetli eser döretmek hem geçmişiň edebi mirasyny öwrenmek meselesi baradaky pikirleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Onuň hem öz sebäbi bar. Şu meseleleriň ikisini-de ýaşlar bilen baglanyşdyryp alypdyr, öz döwrüniň dörediji ýaşlaryny, ylaýta-da komsomollaryny şu meseläni çözmäge çagyrypdyr. Bu gün taryhyň şaýatlyk edişine görä, tankytçy şol niýetine-de ýetipdir. Hally Şahberdiýew bilen Ata Gowşudowyň dostlukly gatnaşyklary olaryň bile bir redaksiýada -- “Ýaş kommunist” gazetinde işlän döwürlerinden gaýdýardy. Ata Gowşudyň “Perman” romanyny ýazmaga girişmeginde-de Hally Şahberdiniň tagallasy az däldi. Bu hakda Ruhy Alyýew şeýle ýazýar: Ata Gowşudow heniz 1936-njy ýylda meniň bilen bir howluda goňşy bolup ýaşan wagtynda, bir oturylyşykda Gökdepe hadysalary hakynda arap elipbisi bilen ýazylan 5-6 sany ymymy depderi maňa görkezeni heniz hem ýadymda. Ol depderler Gökdepe urşy hakyndaky rowaýatlar we halk arasyndaky ýatlamalardan doludy. Ýazyjy soňabaka şol taryhy waka hakynda “Perman” romanyny ýazmaga başlady. Onuň birnäçe baplaryny otuzynjy ýyllaryň ahyrynda we kyrkynjy ýyllaryň başlarynda respublikan gazet-žurnallardan çap etdirdi. Şol romana awtor eseriň baş gahrymany Permanyň adyny dakypdy. “Permany” ýazmak Ata aňsat düşmedi, sebäbi şol ýyllarda biziň taryhçylarymyz Gökdepe urşuny anyk öwrenip, oňa kesgitli baha bermändiler.Şol ýagdaý ýazyjy üçin uly kynçylyk döredipdi. Edil şol zerarly, Atanyň romany uzaga çekdi. Ol öňünde duran kynçylyklara garamazdan, romanyň üstünde yzygiderli işledi. Bir gün çaý başynda, türkmen edebiýatynyň ilkinji tankytçylaryndan biri Hally Şahberdi bilen otyrkak, Ata ýagdaýdan zeýrenip: – Taryhy roman ýazmak aňsat däl ekeni. Munuň üçin ýazyjylykdan başga-da, gowy taryhçy bolmaly ekeni. Puşkin “Kapitan gyzy”, Alekseý Tolstoý “Petr 1” romanlaryny ýazanlarynda, meniň ýagdaýymda bolmandyrlar. Olaryň golastynda rus taryhyna degişli tom-tom kitaplar bolupdyr.Meniň golumda bolsa hiç zat ýok diýen ýaly. Bu ýagdaýda taryhy roman ýazmak, hakykatdan hem agyr ekeni. Berdi aga “Aýgytly ädimi” ýazanynda, 1916-njy ýyl gozgalaňyna baha bermek oňa-da aňsat başartmady. Ýöne onuň ýagdaýy meniňkiden gowudy. Ol ýazan hadysalarynyň janly şaýady bolupdy – diýdi. – Ata rewolýusiýa hem aňsat zat däldi, ony halk amala aşyrdy. Biz şeýle bir döwürde ýaşaýarys. Bu döwürde hemme zady biziň özümiz başlamaly. Ýazyber, ýalňyş bolsa ýalňyşyňy aýdarlar.Romany ýazan adamyň romanyň ýalňyşlaryny düzetmäge-de güýji ýeter – diýip, Hally Atanyň ýüzüne garap ýylgyrdy. Ata ýene Halla ýüzlendi: – Diýmek, hem roman ýazmaly, hem soň taýak iýmeli. Hezillik. – Ata, sen mydama Göroglynyň, Keýmir körüň neslidigiňe guwanýarsyň. Bu gorkaklyk saňa-ha gelşenok. Özüň hem türkmen komsomolynyň weteranlaryndan biri. Men seniň bolşuňa haýran. Halk nakylynda "Serçeden gorkan, dary ekmez" diýýärler. Sen tankytdan gorkjak bolsaň, onda galamy goýmaly – diýip, Hally oňa prinsipiýal äheňde göwünlik berdi. Bu gürrüňleriň uzaga çekeni meniň ýadymda. Şondan soň Ata her hili kynçylyklara garamazdan, “Perman” romanyny ýazmagyny dowam etdirdi. Ruhy Alyýew ýazyjy N.Saryhanow hakdaky ýatlamasynda hem Hally Şahberdiýew bilen bile işleşen döwrüni ýatlaýar: “…N.Saryhanow bilen meniň tanyşlygym otuzynjy ýyllaryň başlarynda milli gazetleriň birleşen redaksiýasynda bolupdy. Ol şol ýyllarda ýönekeý soldatka, “Türkmenistan” gazetiniň garamagynda çykýan “Gyzyl Goşun” atly harby gazetde işleýärdi. Gazetiň redaktory komissar Berlinerdi. Ol Nurmyradyň döredijilik ukybyna göz ýetireni üçin, ony harby gazetiň redaksiýasyna işlemäge alypdy. Ynha, meniň öňümde takmyn otyz ýyl mundan öň, sowet metbugatynyň baýramy mynasybetli, şol wagt milli metbugatda işlän ýazyjydyr žurnalistleriň birlikde aldyran suraty ýatyr. Bu suratda B.Kerbabaýew, G.Burunow, A.Durdyýew, D.Haldurdy, H.Şahberdiýew we başgalary bilen bir hatarda harby eşikli N.Saryhanowyň hem suraty bar...”¹. Suratda: Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow (sagdan birinji), Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nikolaý Tihonow, Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh (Moskwa). “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1946-njy ýylyň 11-12-nji sanlarynda Gurbandurdy Gurbansähedow bilen Begenç Jürmenegiň “Hakykaty ýoýup görkezýän ýazgylar” diýen at bilen makala çap edilipdir. Awtorlar makalada Hally Şahberdiýewiň ideýa taýdan durnuksyz we çeperçilik barada şübhe döredýän “Söweş meýdanlarynda” (soldatyň gündelik depderinden) diýen “bolgusyz we bihepbe eseriniň Marynyň oblast “Lenin baýdagy” gazetinde çap edilmeginiň duşundan perwaýsyz geçip bolmajagy” hakda ýazýarlar. Makalanyň awtorlary Beýik Watançylyk urşunyň içinden geçen Hally Şahberdiýewi özüni sowet soldaty hökmünde örän oňaýsyz ýagdaýda goýandygy üçin sowet soldatynyň paýhaslylygy, ugur tapyjylygy, batyrlygy, ýönekeýligi we beýleki gowy sypatlarynyň hiç birinde soldat Hally Şahberdiýewde görünmeýär diýen netijä gelnipdir. Nämemişin, onda Sowet Goşunyna, sowet ýaragynyň güýjüne pugta ynam ýokmuşyn. Söweşe gidilmeziniň öň ýanynda soldatlaryň öňünde çykyp söz sözlemek oňa miýesser edýär. Şonda özüniň bütin watançylyk duýgusyny, duşmana bolan gahar-gazabyny joşgun bilen bildirmrk deregine, ol öz aýdan sözlerine özi-de ynanmanmyşyn. Makalada “H.Şahberdiýewiň özüniň şowakörlügini we äýnek dakynýandygyny her ädimde ýatladyp, özüniň ejizligine duýgudaşlyk döretjek bolýar” diýilýär. “H.Şahberdiýewiň gazak ýoldaşy Lugmanowyň ýatlamalarynda onuň ogluny gepledip: “Ejem käte baýanyny çalyp aglaýar” diýdirmegi, bölüm komandiri Dawydowy gepledip: “Iň ýagşy oglanlar ölýär. Petýany bilýärsiňiz, nähili ýagşy oglandy. Ýaş, düşbi, dogumly, şadyýan. Ol hem öldi! – diýdi. Gürrüň kesildi. Her kimiň ýüzi-gözi sallandy” diýdirmegi, H,Şahberdiýewiň özüniň Lugmanowa ýüzlenip: “Munçakly gyrgynlary gören, her gün ajal bilen oýnap gezen adamlar näme diýip bir ýoldaşy ölende aglaýar, ölen bir ýoldaşyny ýatlanda pozulýar” diýmegi, Lugmanowyň oňa: “Adam barynyň ýüregi ezilipdir - goý” diýip, Dawydowyň bolsa: “ýagşy ýigitler ölýärler” diýip, gynanç bilen gaýtalap jogap bermegi, hüjümiň öň ýanynda “zaryn aýdymlaryň” aýdylmagy we şulara meňzeş şekillendirmeler sowet soldatlarynyň sussuny pes görkezjek bolmakdan başga zat däldir” diýilýär. Makalanyň başga bir ýerinde bolsa şeýle diýilýär: “H.Şahberdiýew sowet adamlarynyň gazaply uruş günlerinde başlaryndan geçiren sap duýgularyna-da şübhelenýär” diýlip, muňa ýazgydan bir mysal getirýärler: “Şäheriň çetinde uzyn boýly bir garry ene öňümizden çykdy. Ol gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, eňräp – Frontda öleni bardyr! – diýip bozuldylar.” Kim bilýär, ol näme üçin aglaýar. Belkem, ol şu gyzyl ýüzli ýigitleriň ýazgydyna aglaýandyr”. Tankydyň awtorlarynyň bu mysaly getirmek bilen H.Şahberdiýewi günälejek boluşlary, dogrudanam ýabygorly. Urşuň ähli hupbatlaryny başdan geçirip gelen ýazgynyň awtorynyň hiç kime şübhesi ýok. Çünki awtor aglap barýan enäniň obrazyny durmuş hakykatyna laýyk getiripdir. Emma ýekeje günem däriniň ajy tüssesini datmadyk, ellerine söweş ýaraglaryny almadyk tankydyň awtorlary uruşda edermenlik görkezip gelen H.Şahberdiýewegahrymançylygyň nämeligini öwredýärler. Olar, ine, şeýle söýleýärler: “Ýok, ýoldaş Şahberdiýew! Siz şeýle duşuşykda sowet soldatlarynyň duýgularyna we garry enäniň duýgusyna hiç düşünmänsiňiz. Nemeslerden azap çeken garry enäniň göz ýaş döküşini görensowet soldatlary bozulyp, gaýta olaryň ýüreklerinde duşmana bolan gahar - gazap ody tutaşýardy. Garry ene bolsa beýik Watany goraýan gyzyl ýüzli ýigitleriň, öz ogullarynyň ýazgydyna aglaman, gaýta olaryň paýyna düşen asylly wezipä guwanyp, duşmandan ar almaga özüniň gözýaşy bilen pata berýärdi”. Ine, saňa gerek bolsa ýasamalygyň nusgasy! Emma muňa garamazdan, awtorlaryň hakykat şeýledi diýmesi bilen akylly – başly okyjy ynanmaýardy. Olaryň “H.Şahberdiýew hakykaty ýoýup görkezýär” diýmelerine-de hiç kim ynanmaýardy. Belki-de, olaryň öz ýazan zatlaryna özleri hem ynanmaýardylar. Beýik Watançylyk urşunyň edermen esgeri Hally Şahberdiýewiň okyjylara hödürlenen “Söweş meýdanlarynda” atly dokumental powesti türkmen edebiýatynda urşuň yzysüre ýazylan ilkinji eserleriň biridi. Söweş meýdanlaryndaky ýatlamalaryň arasyndan heniz wagtam geçmändi. Emma tankydyň şu we beýleki ýagdaýlary nazara alman, awtoryň “ýüzüne şapbat çalynmagy” düşnüksizdi, bu biziň göwnümize bolmasa, emelsiz bir emeldarlaryň talaby boýunça ýazylan, bir warsaky diýip bildik. Bu günki gün H.Şahberdiýewiň eserinde beýan edilen wakalaryň taryh üçin niçik gymmatlydygy öz-özünden düşnükli. Hally Şahberdiýew 1949-njy ýylda N.Aşyrow bilen M.Kösäýewiň “Edebiýat” 5-nji klaslar üçin okuw kitabyna bellikler edipdir. Bu makala “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1950-nji ýyldaky 4-nji sanynda çap edilipdir. Ol okuw gollanmasyndaky halk döredijiligi, epos we dessanlar, klassyk edebiýat, halk şahyrlary, XX asyryň başlaryndaky edebiýat we sowet edebiýaty diýen bölümler hakynda gürrüň edipdir. Türkmen klassyk edebiýatynyň halypasy, beýik milli türkmen şahyry Magtymgulynyň M.Kösäýew tarapyndan erteki formasynda ýazylan terjimehalynyň örän oňat çykandygyny belläp, onuň okuwçylar tarapyndan biçak gyzygyp okaýandygyny we öwrenilýändigi aýdýar (makala ýazylan döwürlerde Hally Şagberdiýew Baýramaly etrabynda mugallymçylyk edýän ekeni – A.Ç.). Meşhur türkmen klassyk şahyrlary Seýdiniň, Zeliliniň we Keminäniň mümkin boldugyça 5-nji klasa laýyk eserleri alynsa-da, olaryň terjimehalynyň düzülişiniň Magtymgulynyňky ýaly gyzykly we düşnükli çykypdyr diýip bolmajagyny, awtorlaryň kitabyň indiki neşirlerinde muny göz öňünde tutup, has ykjam işlejekdiklerine umyt baglanylýar. XX asyryň başlaryndaky edebiýat diýen bölüminde Molladurdynyň we Körmollanyň nusgalary ýerleşdirilipdir. Awtoryň pikiriçe, zehinli halk şahyry Körmollanyň “Bolşewik” diýen goşgusy türkmen sowet edebiýatynyň ilki başdaky eserlerinden biri. Şonuň üçin awtorlar ony halk şahyrlary bölüminden sowet edebiýaty bölümine geçiren bolsalar, onuň ýerine düşjekdigi bellenilýär. Okuw kitabynda ýazyjylaryň birenteginiň terjimehallarynyň, eserlere berlen düşündirişleriň birnäçesiniň we edebiýat teoriýasyndan maglumatlaryň okuwçylarynyň düşünmekleri üçin agyr dilde ýazylanlygyna mysallar getirilipdir. Ine, şeýle mysallaryň birinde: “Iliň durmuşy, gylyk-häsiýeti, sosial ýagdaýlary we söýgi temasynda ençeme liriki şygyrlary bilen hem-de şuýokarky temalara degişli şorta degişme sözleri bilen il arasynda uly söýgi bilen ady tutulýan şahyrlaryň biri Keminedir” diýlip ýazylypdyr. Makalanyň awtory okuwçylaryň bu sözlemde beýan edilen çylşyrymly pikire we “sosial”, “liriki” ýaly sözleriň manysyna düşünip bilmeýändiklerini adalatly belleýär. Şeýle hem öýe berlen ýumuşlaryň birenteginiň agyrdygy aýdylýar. Muňa mysal hem getirilýär. Mysal üçin, Ata Salyhyň goşgularyndan: “Lenin – biziň söýgüli serdarymyz”, “Stalin – biziň söýgüli serdarymyz” diýen temalar boýunça düzme ýazmak görkezilipdir. Kitapda sözlügiň ýeterliksiz düzülendigi hem awtoryň gözünden sypmandyr. Elbetde, okuwçylar üçin okuw kitaplarynyň düşnükli dilde bolmagy zerurlykdyr. Hally Şahberdiýewiň baryp-ha geçen asyryň ellinji ýyllardaky gozgan meseleleriniň hem şu günki hem wajyplygyny ýitirmändigine göz ýetirýärsiň. Häzirki günler-de okuw gollanmasyna düzýänleriň käbirleriniň düşnükli bolmagly diýen talaba eýermeýändikleri bar. Mysal üçin, okuw gollanmasyna öňden gelýän düşnükli “stil” terminini alaga-da, “uslyp” sözüni ulanmagy hiç bir jähtden dogry däldir. Bu diňe ýaş aňy bulaşdyrmakdan başga zat däldigi görnüp dur. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti ilkinji gezek “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1945-nji ýyldaky 11-12-nji sanlarynda we 1946-njy ýylyň 1-2-nji sanlarynda çap edilýär. Şonuň yzysüre Hally Şahberdiýew powestde öňe sürülýän ideýa-çeperçilik mazmuny we ähmiýeti dogrusynda gyzgyny bilen žurnalyň 4-nji sanynda “Şükür bagşy” makalasy bilen çykyş edýär. Halk sazandasy öz hünäriniň güýjüne daýanyp, agasyny ýesirlikden azat etmek ugrunda alyp baran göreşinde örän batyrlyk, tutanýerlilik we başarjaňlyk görkezendigini awtor dogry belläpdir. Onuň gowy sypatlary eseriň esasy çeperçilik gymmatyny has hem ýokary göterýär. Söz ussady N.Saryhanow “Şükür bagşy” powestinde geçmiş hakynda nähili ýazmagyň hem ajaýyp göreldesini görkezipdir. Ol öz gahrymany edip geçmişiň häkim synplarynyň wekili bolan han-begleri däl-de, halk sazandasyny alypdyr. Ol geçmişiň ýaramaz taraplaryny däl-de, onuň watançylyk, aýdyň maksatlylyk, batyrlyk, başarjaňlyk ýaly ýagşy zatlaryny ýokary göteripdir. Ol geçmişdäki gowy zatlary häzirki zamana hyzmat etdirýär. Şeýlelik bilen, N.Saryhanowyň geçmiş hakynda örän dogruçyllyk bilen ýazan “Şükür bagşy” powesti bu günki günüň iň möhüm wezipesi bolan watançylygy ösdürmek wezipesine hyzmat edýär. Bu powestiň terbiýeçilik ähmiýeti hem, ine, şundadyr. N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň asyl manysy sazyň gudratly güýjüni görkezmekdir. “Ol bu manyny öz powestinde örän ökdelik bilen beripdir”1 diýip, awtor bellemek bilen mysala ýüzlenýär: “... Dutar gepläýjek bolýardy... Oturmak tertibini bir ýaş aýal pozdy. Ol birdenkä el bilen galdyrylan ýaly bolup, oturan ýerinden zowwe galdy-da, hemmäniň gözüniň öňünde somalyp durdy. Onuň gözlerinden ýaş boýurdap dökülýärdi...” Ol gyz alyp gaçylyp getirilen gyzdy. Onuň hanyň gyrnagy bolup ýörenine ýedi ýyl bolupdyr. Şunça wagtyň içinde onuň yzyndan gelen bolmandyr. Ozal hem gahary gelip duran han: – Näme beýdip dursyň? Dälirediňmi? Otur! – diýip gygyrýar. –Meni şu dutaryň zaryn sesi turuzdy. Häzir meni agladyp duran hem şol. Men onuň sesinden öz ata-enelerimi, önüp-ösen ýerlerimi we bütinilimi görýärin. Şeýle bolansoň, men neneň aglamaýyn! – diýip jogap berýär. Şükür bagşy öz sazy bilen hany hem ýesir edýär. Han kellesiniň gyzgynyna: – Indi , sazanda, doganyňy alyp gidip bilersiň, ýaňky Gulamy ýeňen heňiňi bolsa ýene bir çalyp ber-de, bu gyzy hem alyp git- diýýär. Awtor “bu ýerde ussatlyk bilen sazyň güýç- kuwwatyny wasp edýär” diýip ýazýar. Şeýle hem tankytçy ýazyjynyň powestinde wakanyň barşy hakynda umumy sözler bilen habar bermeýändigini, ol hereketleriň baryny anyk görnüşde suratlandyryp görkezýändigini, munda adamlaryň diňe daşky görnüşleri däl, içki ruhy hallary-da giň suratda beýan edýändigini dogry belläp geçýär. Şükür bagşy bilen Gulam bagşynyň dutar çalyşmakda, jedelli ýaryşlary bu powestiň kulminasion nokadydyr. Bu çekişmäni ýazyjy ökdelik bilen çeper berip bilipdir. Muny tankytçy şeýle beýan edýär: “Onuň sada dili diýermiň, näzik duýgulary diýermiň, mydam göz öňünde duran janly sypatlary diýermiň, garaz, salgyny berip bolar ýaly däl. Ony okap otyrkaň, dutaryň zaryn owazy eşidiläýjek bolýar”. Awtoryň dogry belleýşi ýaly, “Şükür bagşy” powesti sungatyň iň belent arzuwy bolan sadalygyň we hakykatyň bir nusgasy boldy. Bu powest türkmenprozasynyň iň ýagşy göreldelerinden biri hökmünde biziň edebiýatymyzyň taryhynda ömürlik ýaşap, onuň awtorynyň adynyň-da hormat bilen tutulmagyny gazandy. Edebiýatçy alym, professor Nagym Aşyrowyň ýatlamasynda Hojanepes Çaryýew, Hally Şahberdiýew bilen bilelikde Daşkent şäheriniň okuw jaýlarynda okan döwürlerindäki duşuşyklaryň biri hakynda gürrüň berilýär: --- Hally Şahberdiýew meşhur türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň ýaňyrak özbaşyna kitap edilip çykarylan “Amyderýa” poemasyny görkezip: – Okadyňmy? – diýip, Çaryýewden sorady. – Hawa, okadym. – Okan bolsaň, hany, bu hakda seniň pikiriň nähili? – Umuman, poema maňa ýarady, ýöne kemçilikleri hem ýok däl. – Meselem? – Meniň pikirimçe, eserde şekillendirilýän döwrüň sosial äheňleri ýeterlik görkezilmändir. Poemanyň şygyrlaram birhili agyrrak ýaly. Ondan buýanynam, men ýörite bir zat ýazmak niýeti bilen okamsoň, öz belliklerimi häzir gowy aýdyp bilmesem gerek. – Men seniň aýdanlaryň bilen ylalaşýaryn. Mundan başga-da, poemany okanyňda awtoryň natural şekillendirişe has köpräk üns berenini duýýarsyň. Hormatly ýazyjy Amyderýanyň egsilmez suwuny ýörite bellejek bolup, onuň şowhunly akymyna – jeýhun häsiýetine çakdanaşa üns beripdir, derýa kenarynda duş gelýän zatlary, ýakasyndaky ekerançylyk meýdanlaryny ýöne süpürip barýan ýaly... – Sen näme, poema hakynda bir zat ýazmakçymy – diýip, Hojanepes Çaryýew ondan sorady. Hally Şahberdiýew: – Hawa, ýazmakçy – diýip, kitabyň sahypalaryna gyzyl galam bilen eden belliklerini görkezdi. Onsoň Hojanepes Çaryýew: – Wagtam bir çen boldy, ertir bolsa hemmämiziň leksiýamyz bardyr, birneme taýýarlansak nädýär? – diýip, öý eýesinden rugsat sorady. Ol bizi tramwaýa barýança ýola saldy. Ine, halkyň wepaly ogly, sowet edebiýatynyň görnükli wekili Hojanepes Çaryýew bilen meniň ilkinji tanyşlygym şular ýaly ýagdaýda – doganlyk Özbegistanyň merkezi Daşkent şäherinde köp ýyl mundan öň bolup geçdi we ömürlik ýatda hem galdy. Gepiň gerdişine görä, şuny hem aýtmak gerek – Hally Şahberdiýew duýgur tankytçy, bilimli edebiýatçydy. Ol şo ýyllarda hem Leniniň, Plehanowyň, Belinskiniň, Çernyşewskiniň edebiýat baradaky teoretiki işlerini öz originallary boýunça okaýardy. Men sapagymy okadyp, SAKU-wyň okuw jaýyndan çykyp barýarkam, gapynyň agzynda Hojanepes Çaryýew pete-pet geldi. Salamlaşdyk, saglyk-amanlyk soraşdyk. Onsoň ol: – Şu gün agşam biz teatra gitmekçi, belki, bile gideris – diýdi. – Gidäýeris. Agşam men belleşen wagtymyz bularyň ýanyna geldim we hemmämiz birlikde teatra ugradyk. Özbek döwlet drama teatry o döwürde köne şäherde bolýardy. Bize Hamza Hekimzadanyň “Baý we batrak” eserini görkezdiler. Men bu eser bilen öňden tanyşdym, şeýle hem bolsa üns berip diňledim, artistler örän taýýarlykly ekenler, biçak gowy oýnadylar. Teatrda otyrkak, käwagt bir gözümiň gytagy bilen H.Çaryýewe seredýärdim. Ol “hemme zady unudan” ýaly, başdan-aýak gözüni gyrpman spektakla seredýärdi. Diňe käbir özbekçe düşünmedik sözlerini ýuwaşlyk bilen menden soraýardy. Oýun gutaransoň men ondan: – Ýeri, nähili? – diýip soradym. – Örän gowy zat, uly täsir galdyrdy. Batragyň, onuň gelinliginiň we baýyň obrazlary üýtgeşik işlenipdir, hiç ýatdan çykar ýaly däl. Umuman, Hamza Hekimzada biçak güýçli ýazyjy, men onuň käbir zatlaryny okadym – diýdi. Onsoň ýene sözüni dowam edip: – Şu hili zatlary biziň öz durmuşymyzdanam görkezmek boljak. Ýöne biziň gowy dramaturglarymyz entek gaty az – diýdi. Ýolda men ondan: – Siziň özüňiziň şular ýaly bütewi eserler ýazmak pikiriňiz ýokmy? – diýip soradym. – Bar, ýazyjy hemişe geljekde ýazjak zatlary barada oýlanmaly bolýar. Ýöne olary haçan we nähili ýazjagymy entek açyk göz öňüne getirip bilemok. Geçmiş edebiýatmyzyň klassygy Mollanepesiň meşhur “Zöhre-Tahyr” dessanyny sahnalaşdyrmagy niýet edýärin. Onsoňam, ýaşlykda adagly edilen bir gyzyň ykbaly barada eşiden bir sýužetim esli wagtdan bäri öz ugruma goýanok. Şulary ýazyp bolaýsady... Öňürti bilen, elbetde, okuwy gutaryp sag-aman Aşgabada barmaly, galanyny şo ýerde görüberýäs-dä. Gürrüňimiz şu ýere gelende, biz aýrylyşmaly bolduk. • Ogly Baýramyň gürrüňlerinden: - Kakam Aşgabatda dürli ýerlerde işlän döwründe ýaş ýazyjy-şahyrlary ýakyndan goldap, olara ugrukdyryjy maslahatlaryny yzygiderli aýdyp, olaryň zehinleriniň toplanmagyna itergi beripdir. Mysal üçin, şol döwürde Amandurdy Alamyşowy erbet tankytlapdyrlar. «Sona» poemasy we beýleki ýazan goşgulary üçin. Emma kakam ol barada gowy pikirde bolup, onuň ýagşy taplanmagyny gazanypdyr. «Söndi» poemasynyň adyny üýtgedip «Sona» diýip atlandyrmagy we başga-da ençeme ugrukdyryjy maslahatlaryny aýdyp, bu ýaş şahyra ýol görkezipdir. Şondan soňra «Sona» poemasy öz döwründe iň meşhur poema bolup, ýaşlaryň gyzyklanmasyna mynasyp bolupdyr. Irki döwürde Magtymguly şahyryň döredijiligine yza galak hökmünde garap, ony çap edip ýaýratmagy gadagan edipdirler. Kakam Magtymgulyny halka ýaýratmagy, onuň döredijiligine öz döwrüniň wakalary bilen baha bermegi öwredipdir. Magtymguly öz döwrüniň şahyry. Terbiýeçilik we watançylyk ähmiýetli örän peýdaly, giň dünýägaraýyşly goşgulary bar diýip, Magtymgulynyň garşysyna çykyş edýänler bilen metbugatyň üsti bilen köp gezek çaknyşmaly bolupdyr. Magtymgulynyň goşgularynyň çap edilmegi ugrunda tagalla baryny edipdir. Bu barada edebiýatçy alymlaryň çykyşlarynda hem aýdylýar. Obamyzda Abdy mugallym diýip bir mugallymymyz bardy. Ol kakam bilen bile işleşipdir. Onuň aýdan bir sözi ýadymda. Ýagny, «Hally aga öz ýazýan makalalary bilen halky hem okadýardy welin, biz mugallymlary hem okadýardy.Şeýle giň dünyägaraýyşly we mähriban ynsanyň bizi okadandygyny soň düşündik.Okadan okuwçysy Alty Saparow, soňra köp ýyllar şol mekdebiň müdiri bolan tejribeli mugallym boldy. Ol şeýle diýipdi. «Hally mugallymyň gürrüňleri, geçýän sapaklary örän ýatda galyjydy. Ol her bir sapagy täsirli düşündirmegi başarýardy. Ol halk döredijiligine, dessançylyga-da öränçuňdan düşünýärdi we bize-de düşündirýärdi. Birnäçe wagt geçeninden soňra biz şeýle çuňňur dünýägaraýyşly, ylymly, ýokary medeniýetli ynsanyň elinde okanlygymyza indi düşündik» diýýärdi. Biz çagalary juda gowy görerdi. Biziň üçin gapymyzda joýa gazyp, ilki gawun-garpyz ekdi. Soňra joýalary köpeldip, gyzyl, gara, gelinbarmak, monty ýaly üzümleri ekdi. Ak tudana getirýän tut hem ekdi. Gapymyz ir-iýmişden doly boldy . Biz çagalar şol ir-iýmişlerden hezil edinip iýip, kölegesinde kölegeleýärdik, oýnaýardyk. Biz dürli ir-iýmişlerden, gawun-garpyzlardan, ir ýetişýänzamçalardan iýip hezil edinýärdik. Kakam bizçagalary örän gowy görerdi. Käte bolsa bize gyzykly ertekileri, rowaýatlary gürrüň bererdi. Şu setirleriň aýtoryna 1989-njy ýylyň iýunynda professor Nagym Aşyrow bilen söhbetdeş bolmak miýesser edipdi. Şonda ýaşuly edebiýatçy bile bir ýerde işleşen kärdeşlerini hem ýatlapdy.: -- Otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda Dil-edebiýat institutyna stawropolly zenan maşgala Merýem Bogdanowa ýolbaşçylyk etdi.Ol 1936-njy ýylda Aşgabatda geçirilen birinji lingwistik gurultaýa gatnaşypdy we doklad bilen çykyş edipdi. Türkmenistanyň hökümrti onuň Aşgabatda galdyrylmagyny haýyş edýär.Gaty sowatly aýaldy. Adamkärçilikli maşgalady. Ol nstitutyň işgärleriniň öňünde edebiýatdan kitap döretmek meselesini goýdy.Öwrenip ýörenimiz gadymy edebiýatdy.Halk şahyrlarynyň döredijiligini öwrenmek Nepes Hojaýewe tabşyryldy. Durdy Gylyjy, Ata Salyhy, Baýram şahyry, Hally şahyry ýeke-ýekeden Aşgabada çagyryp, olardan bilýän zatlaryny ýazyp aldy. Öz goşgularyny hem-de beýleki dessanlardan.Ýarym aýlap, bir aýlapiş edinýärdi.1939-njy ýylda Nepes Hojaýewiň tagallasy bilen Ata Salyhyň ýygyndysy çap boldy. - Nepes Hojaýew kimdi? - Ol folklorçydy. Arman uruşda wepat boldy. Ahmet Gürgenli gadymy edebiýat bilen meşguldy. Hally Şahberdiýew täze edebiýat bilen gyzyklanýardy. Ýöne ol neressäň ykbaly başga boldy. Ýazyjy işe girişen wagty türmä basyldy. Ol edebiýata ökde adamdy. Hally Daşkentde biziň tamamlan institutymyzy bir ýyl öň tamamlapdy. Ol özi edebiýatçy bolsa-da şol institutyň syýasy, sosial-ykdysadyýet bölüminde okady. Türkmen sowet edebiýatyny biz ikimiz işlemelidik. Ol gitdi, men ýeke özüm bu ugurdan işlemeli boldum. --Birki agyz Hally Şahberdiýewiň soňky ykbaly hakda-da aýdaýsaňyz? --Soň ol türmeden geldi.Köp ýatmady. Baýramala gitdi.Şo ýerde mugallymçylyk etdi.Aşgabada-da käte gelýärdi. “Aý, men indi mugallymçylyk etjek.Ylmy iş siziňki. Käte görşüp durarys” diýdi. - Şo döwürde siziň işleýän ylmy-barlag institutyňyzda başga-da basylan boldumy? - Ýalňyşmasam, Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiniň özi hem girip çykdy. Bogdanowa-da girip çykdy. Olar 37-de gidip, 38-de geldiler. Soň Medine Isgenderowna Aşgabatdan göçüp gitdi. Onuň deregine Şaja Batyrowy direktor edip bellediler. * * * Şu ýerde biz geçen asyryň ýigriminji we otuzynjy ýyllarynyň türkmen edebi prosesiniň näderejede çylşyrymly bolandygyny, sowat derejesiniň çäklidigindenmi ýa döwrüň ideologiýasy zerarly başgaça pikirlenýän adamlaryň birehimlik bilen agyr zulmatlara sezewar eilendiginiň mysaly hökmünde tankytçy Hally Şahberdiýewiň “Türkmenistanda edebi hereket” atly makalasyna ýüzlenmegi makul bildik: “ Oktýabr ynkylabyndan soň, Türkmenistanyň syýasy we ykdysady göterilişi (ösüşi) esasynda giň köpçülik medeni-edebi hereketi döredi. 26-27-nji ýyllardan bäri wagtal-wagtal edebiýatçylaryň birleşmek hereketleri-de bolup geldi. Bu ugurda ullakan dabara bilen başlanan we ullakan galmagal bilen ýatyrlan birinji edebiýat guramasy “Türkmen bilim edebiýat jemgyýeti” boldy. Bu jemgyýetiň edebiýat ugrundan eden işi türkmeniň ynkylaba garşy köne edebiýaty toplamak we ony basdyryp çykartmak töwereginde boldy. Köne ýazma edebiýatyndan-da, halk edebiýatyndan-da material toplady we olary basdyrmaga taýýarlady.Döwlet Mämmet goşgularyny basdyryp çykardy. Türkmen bilim edebiýat jemgyýeti milletçi ýazyjy, dil-edebiýat mugallymlary, taryh höwesjeňleri we metbugat işgärleriniň guramasydy. Öňki wagtda okamagaemkan tapan baý we işan mollalaryň oglanlary ynkylapdan soň köp wagtlar medeni frontda ili oryn (ogryn) tutup geldiler. “Türkmen bilim edebiýat jemgyýeti” şu türkmen buržuaziýa milletçi zyýançylaryň açyk guramasy boldy. M.Geldiýew, A.Gulmuhammedow, B.Berdiýew, Han Ýomudskiý, O.Şamyradow, Böriýew, Kerbabaýew, Kerimi dagy ýaly buržuaziýa milletçileri bu jemgyýetiň ýolbaşçylarydyrlar. Bular bu “edebiýat jemgyýeti” arkaly köpçülik arasynda bütinleýin milletçilik ruhunda edebiýat agşamlary, edebiýat leksiýalary we başga işler alyp bardylar. Suratda: türkmen sowet edebiýatynyň kerpijini goýanlaryň biri şahyr Ýakup Nasyrly. Partiýa we şura jemgyýetçiligi bu jemgyýetiň türkmen feodal urugçylyk edebiýatyny hiç bir tankytsyz basyp ýatyrmak, köpçülik arasynda milletçilik ruhunda wagyz nesihat ýöretmek we täze edebiýaty ösdürmek üçin ýaşlara ýolbaşçylyk etmäge üns bermezlik ýaly işlerini ýüze çykardylar. Sahatow we başga ýoldaşlar olaryň bu boluşyna garşy göreşdiler, ol jemgyýetiň öňünde dogry wezipeler goýuldy. Köne edebiýaty marksistlik tankydy bilen ylmy kitaphanalar üçin basdyrmak we ösüp barýan ýaş edebiýatçylara ýolbaşçylyk etmek talap edildi. Ondan soň olar näme etdiler? Hiç bir zat, ýene edebiýat jemgyýetini dargatdylar. Olaryň bu hereketi çyn ýüzlerini ýüze çykardy. Olar bu “jemgyýeti” şuralar hökümetine garşy ýerli milletçilik wagyz-nesihatlaryny ýaýratmak üçin gurupdyrlar. Bu soň synpy göreş ýiteldikçe açyk ýüze çykmaga başlady, milletçileriň bir ýolbaşçysy A.Gulmuhammedow 28-nji ýylyň başynda ýaş komsomol şahyrlarynyň goşgularyna ýersiz-ýere garşy göreş açdy. Ol bir tankydy makalasynda Alamyşow we Ata Nyýazowyň “Sorag we jogap” diýen goşgusyna we başgalaryna nädogry tankyt bilen hüjüm etdi. Bu hakykatda ösüp barýan milli formaly, sosialistik mazmunly türkmen edebiýatyna garşy göreşdi. Şura mekdeplerinde we komsomolda terbiýelenen ýaşlary Gulmuhammedowçylaryň bu reaksionlyk ymtylyşlaryna elbetde garşy çykdylar. Bular 1929-njy ýylda “Ýaş kommunist” gazeti ýanynda ýaş edebiýatçylar üýşmegini guradylar. Ýaş edebiýatçylar üýşmegi Gulmuhammedowçylara garşy göreşse-de, bu göreşe partiýanyň täsiri we ýolbaşçylygy bolsa-da – işeňňir çlenleri arasynda ownuk buržuaziýa garaýyşlary-da bardy. (H.Şahberdiýew bu ýerde öz eserlerinde we tankytlarynda synpy göreşi açyk görüp bilmezlikleri, edebiýatyň şekiline artyk berilmekleri göz öňünde tutýar – A.Ç.) 1929-njy ýylda Türkmenistanda edebiýat guramasyny düzmekçi bolan ýoldaşlar bolsa-da güýçli bir gurama iş ýüzüne çykaryp bilmediler. Hakykatda 29-njy ýyldan tä 32-nji ýyla çenli Türkmenistanda täsirli bir edebiýat guramasy bolmady. Diňe 32-nji ýylda BK(b)P MK 23-nji aprel kararyndan bäri Türkmenistanyň giň möçberde, uly umyt bilen ösüp barýan ýaş şura edebiýatçylary “Şura ýazyjylar soýuzyna” birleşmek ugrunda dyryşýarlar (dyrjaşýarlar – A.Ç.)... Hally . (“Medeni ynkylap” žurnaly, № 3, 1933 ). Könäniň ýumrulyp, täze durmuşyň adamlaryň aňyna çalt ornaşýan döwründe, eýýäm ýigriminji ýyllaryň ortalaryna sowet-partiýa mekdebini, şonuň yzysüre Daşkentde Orta Aziýa döwlet uniwesitetini tamamlan oba oglany başga hili pikirlenip hem biljek däldi. Munuň üçin birhiç kimden ýüz görmezek Hally Şahberdini niç bir weçden ýepbekläsiň gelmeýär. Ýigriminji ýyllaryň ortalarynda “Täze mekdep” piýesasy drama kružoklarynyň sahnalarynda yzygider görkezilipdir. Bu eseriň awtory Hally Şahberdiýewiň ady tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolandygynyişimizde belläpdik. Edebiýatyň çylşyrymly meseleleri dogrusynda düýpli makalalary okyjylara hödürlän Hally Şahberdiýew döredijiliginiň kämilleşen döwründe-de ünsüni edebiýatyň drama žanryndan birjik-de sowmandyr. “Türkmenistan şura edebiýatynyň” 1933-nji ýylyň 3-nji sanynda “Türkmenistanyň şura ýazyjylar soýuzynyň gurama komitetiniň we Türkmenistan dramaturglar komitetiniň, hemme ýazyjysy, şahyr we dramaturglara jarnamasy” çap edilipdir. Jarnamanyň aşagynda Türkmenistan şura ýazyjylary soýuzy gurama komitetiniň başlygy H.N.Çaryýewiň, dramaturglar komitetiniň wagtlaýyn başlygy H.Şahberdiýewiň atlarynyň durmagy biziň bu aýdanymyzy hem tassyklaýar. Biziň aýdanymyza ýene bir mysal, ýaňky ady agzalan žurnalyň şol sanynda “Edebiýatçy” lakamy bilen Hally Şahberdiýew “Türkmen teatrynyň dramaturgiýa meselesi” atly makala bilen çykyş edipdir. Makalada ol ine, şu zatlara üns beripdir: “...7-8 ýyl öň-de okuwçylaryň oýun krujoklaryndan başga ýörite teatrymyz ýokdy. Bu mahal bolsa ýüzläp klub teatr kružoklaryndan başga Türkmenistan döwlet milli teatry, kolhoz teatry, Gyzyl goşun teatry we Daşhowuz teatry işleýändigini görýäris. Bu teatrlarda professional artislerimiz bar, režissýerlarymyz ýetişip barýar. Türkmenistan milli teatrymyz zähmetkeşler köpçüligi arasynda uly ygtybar gazandy. ... Biziň ýaş dramaturgiýamyzda feodalizmiň dini we harby edebiýatynyň üýtgedilmän dos-dogry sahnalaşdyrylan eserleri-de bar. A.Basyr tarapyndan sahnalaşdyrylan “Soltan Sanjar mazy” we “Ýusup-Ahmet” pýesalary feodalizm ideologiýasyny ýaýradýan eserlerdir. Biziň dramaturgiýamyzda milletçi buržuaz elementleri tarapyndan ýazylan eserler-de bar; Ş.Keriminiň “Aýjemal”, Baraýewiň “Bu bolşa seret”, Kerbabaýewiň “Tirýekkeş”, A.Basyryň “Deňsizlik” diýen pýesalarydyr. Bu pýesalarda ižtimagy deňsizligiň deregine maýyplyk, saglyk we garrylyk-ýaşlyk deňsizligi görkezilýär. ....Şeýle bolsa-da şu wagt dramaturgiýa höwesli ýaş güýçlerimiz kän. Öten ýyl halk magaryf komissarlygynyň ýagşy pýesa ýazmak konkursyna 16 adam türkmen dilinde gatnaşdy. Soňky ýyllarda ýaş ýazyjylarymyzdan Çaryýew, Ata Nyýazow, Ş.Kekilow, M.Gylyjow, B.Soltannyýazow, Jürmenekow we başgalary-da dramaturgiýa gatnaşmaga gatnaşýardylar. Alty Garlyýew “Pagta” pýesasy kolhoz teatrynda uly şöhrat tapdy. Çaryýew, Ş.Kekilow we Gylyjowyň kollektiw bolup ýazan “Garagum” pýesasy we Bagyrowanyň “Gülbahar” pýesasy öten ýylda konkursda ýagşy bolup baýrak almaga bellendi. Şu wagt A.Basyr “Zöhre-Tahyr” dessanyny, Ata Nyýazow “Batrak” poemasyny sahnalaşdyrýar.... Teatrlarymyzyň we dramaturglarymyzyň bir-birleri bilen baglanyşygyny güýçlendirmek gerek. Her bir möhüm pýesalar artistleriň arasynda gürrüň edilende dramaturglar-da gatnaşmaly, teatrlar ýerli ýaş şura dramaturglarynyň pýesalaryny köpräk oýnap, olary öz ýalňyşlary üstünde terbiýelemeli. Dramaturgiýa seminariýasyny guramaly. Döredijilik ýygnaklaryny tertipli suratda geçirip durmaly. Dramaturgiýa kanunlaryndan türkmen dilinde kitaplar çykarmaly. Ýaş dramaturglar belli bir temadan eser ýazanda bir ýere gitmek zerur bolsa döredijilik komandirowkasyny bermeli.... Görşümiz ýaly, öz döwrümiň görnükli tankytçysy ýurdumyzyň teatlarynyň sahnalarynda döwrebap eserleriň peýda bolmagy üçin hiç hili güýç-gaýratyny, zehinini gaýgyrmandyr. Okyjylar üçin gyzykly maglumat bolar niýeti bilen gürrüňi edilýän žurnalda türkmen awtorlary özleriniň haýsy eseriň üstünde işleýändiklerini hem habar beripdirler: H.Çaryýew “Oslagsyz otyrkalar” powestiniň, Ş.Kekilow “Aşgabat komissarlary hakda hekaýanyň üstünde işleýändigini, A.Nyýazow “Batrak” poemasyny sahnalaşdyrýandygyny, A.Kekilow “Kolhoz gurluşygy” hakda poema ýazýandygyny, A.Durdyýew “Türkmenistanda ynkylan günleri” powestini, Kemal Işanow “Odunçy” atly powestini (1916-njy ýylda şu wagta çenli wakalar), Çary Babanyýazow rewolýusiýadan öňki waka – hekaýany, M.Gylyjow sesli kino üçin “Pagta hasyly üçin göreş” ssenarini, Ata Berdiýew “Ýetim hakyna ýetişdi” poemasyny, Ata Gowşudow sahna eserini (öňki durmuş), T.Esenowa kärizgenler hakda bir hekaýany, Boris Şuwalow “Pionerlere bagyşlanan” poemany, Bagşy Jürmenekow synpy göreş hakynda bir powýesti, Hydyr Derýaýew türkmen zähmetkeş aýallarynyň ynkylapdan öňki we soňky ýaşaýyşlary hakynda iki bölümli bir romanyň birinji bölümini ýazýandygy habar berlipdirler. Şeýle hem tatar dramaturgy Rahmangulowyň Aşgabada gelenligi aýdylypdyr. Bu bir gep ugruna aýdylýan zat. Hally Şahberdiýew frontdan gaýdyp gelensoňam türkmen edebiiýatynyň meseleleri, edebiýat täzelikleri bilen gyzyklanmagyny dowam etdiripdir. Muňa onuň 1945-nji ýylyň dekabrynda ýaşap ýören Baýramaly etrabynyň şol wagtky “Täze ýol” obasyndan edebiýatçy alym Baýmuhammet Garryýewe iberen haty hem güwä geçýär. Onuň bu döwri hakynda alym Tejen Nepesowyň galdyryp giden ýazgysy gyzyklydyr (“Edebiýat we sungat” gazeti, 1995-nji ýylyň 29-njy sentýabry). Hally Şahberdiýew aşgabatly alyma bir köne goşgy bilen ýazylan kitabyň bardygyny habar berip, awtoryň özüni horezmli “Afzaly” diýip görkezendgini aýdýar. Afzaly öz kitabynyň ýazylan wagtyny 1111 sene (häzirki hasapdan 1699-1700 –nji ýyllar) diýip, goşgy bilen görkezýär. “Daşy gaty gaply, kagyzy gadym wagtyň kagyzy bolup, gaty saralypdyr. Dili-çagataýça, mazmuny – bütin ýaşaýyş meselelerini dini nazardan çözüp berýär. Içinde: “Alym bilýän we bilenini iş ýüzüne çykarýan kilimdir” -- “Bende asydyr, hata eder”, “Bir Alla ýalňyşmaz” diýen ýaly gyzykly pikirler bar. Musulman mollalary ony “Ýagşy kitap” diýip, daşyny mydama bukjaly saklaýarlar. Bu kitap öten türkmen şahyrlaryna dos-dogry, täsir eden bolmasa-da, şol wagtdaky höküm süren dini dünýä bolan garaýşy görkezýän bir kitapdyr. Magtymgulynyň: “Alymlar ylmyna amal etmedi” diýip tankyt etmegi şu awtoryň görkezen alymlyk şertleriniň bozulmagyny görkezmekdir. Muňa görä-de şu kitaby alyp, Golýazma fonduňyzda saklap, derňelse zyýany bolmazdy. Eger kitabyň eýesine nebsi otugar ýaly puljagaz berilse, almak boljak. Eger alarys diýseňiz, men sözleşmäge ýaltanmaryn. Ýoldaşlyk salamy bilen, H.Şahberdiýew .22.XII. 1945”. Hatyň ýanynda folklor materiallary-da bar. Ine, bir bent: “Boýnumdaky ak manat, Ak manadym amanat, Uçup barýan samolýot, Agamjana salam aýt!”, Ýene-de bir bent: “Semawaryň sesi bar, Aýagynda mesi bar. Meniň daýym Salyňdyr, onda gülüň ysy bar”. Toplaýjynyň düşündirmegine görä, Salyh şol obaly bolup, fronta giden Salyh Ahmedowdyr. Folklorçylaryň täsin ýol we tär bilen söz ýygnaýany mälimdir. H.Şahberdiýew gyzlar folkloryny toplamak üçin öz gyzlaryny töwerekdäki gyzlaryň arasyna ugradýar, olaryň aýdýan folklor bentlerini ýat tutup gelmeklerini öwredýär. Bu bentler 1945-nji ýylyň 22-nji dekabrynda toplanypdyr. Şol bentleriň ine-de ene birisi: “Otly gelýär diýdiler, Zogun çalýar diýdiler. Aýnaly poçtyň içinde, Kakaň gelýär” diýdiler. Alym Tejen Nepesow gürrüňini dowam edip, horezimli Afzalynyň kitaby babatda aýdylanda, alymlar G.Nazarowyň, M.Annamuhammedowyň dürli wagtlarda Çary Afzal, Afzal, Afzaly Magtym, olaryň durmuşy, şygyrlary, astronomik mazmundaky goşgulary hakda, olaryň çeşmeleri barada aýdandyklaryny belläpdir. Afzalynyň göçürme nusgalarynyň Daşkende ýeteni hakda-da ýatlaýarlar. Tejen Nepesowyň Çärjewden Kerkä, Marydan Guşga çenli golýazmalary yzarlap giden wagty Daşkentden özbek alymlarynyň bu ýerlerde baryp 1930-1940-njy ýyllar arasynda bolup, golýazmalary toparlap alyp gidenini aýdypdyrlar. Tejen Nepesow öz ýazgysynda folklor materialyndan bu gezek H.Şahberdiýewiň läleleri we bir aýdymyň tekstini ýazyp iberendigini ýazýar. Läleler Ogulsapar Myrat gyzyndan alnypdyr. H.Şahberdiýew halk poeziýasyny, stilini, manerasyny tanaýany üçin, tüýs folklor dürdänelerini saýlap tututupdyr. Aýdymdaky şeýle bent gyzyklydyr: “Çynaryň başynda şelpeli ýaprak, Daýymyň başynda woýenni papak, Faşistleň gözüne gum bilen toprak. Iller, Alla diýeliň, gidenler gelsin!”. “H.Şahberdiýew ýerli materialy ylmy-derňew işde ýewropa alymlarynyň metodlaryna görä degşiripdir. Rus folklorçylarynyň köp ylmy-barlag ýazgylary oňa tanyş bolupdyr” diýip, T.Nepesow folklorçynyň iş usulyna oňat baha beripdir. Ýigriminji we otuzynjy ýyllarda ýüze çykan eserlerde naturalistik tendensiýa ýykgyn etmekligi agtarýanlar hem tapylýardy. Görnükli edebiýatçy alym Kaýum Jumaýewiň ýazyşy ýaly (“Türkmen sowet prozasynyň döreýşi we ösüşi” A., “Ylym”, 1986, 134 sah.), “Ýaňy-ýaňylar ganaty bekän, aýaklanyp başlan türkmen sowet edebiýatynyň nusgalarynda, elbetde, bärden gaýtmalar, aşa ýönekeýlik ýaly faktlaryň barlygy we bolanlygy, onuň soň-soňlar hem dowam edenligi öz-özünden düşnüklidi”. Beýle ýagdaý, almyň dili bilen aýdanyňda, sadaçyllyk edebiýatyň ähli žanrlarynda-da prozada-da, poeziýada-da, dramaturgiýada-da, edebi tankytda-da duýulýardy, gamyş ganatdy, praktikada hem entek ösgün edebiýatlardan at gaýtarym yzdady. Şoňa garamazdan, her bir žahryň dosry ýol bilen barha ösýändigi we kämilleşýändigi duýulýardy. Gürrüňi edilýän döwürdr edebiýatyň dürli meseleleri bilen metbugatda çykyş edýän tankytçy Hally Şahberdiýewiň sesi gowşak däldi, has maksada okgunlydy. Ýazyjy Ýakup Nasyrly 1925-nji ýylda “25 ýyldan soň” atly eser ýazan ekeni. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda ol muny täzeden işläp, okyjylara hödürläpdir. H.Şahberdiýew bu eseri okap, düýpli seljerme bilen “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1936-njy ýylyň 5-6-njy sanlarynda çykyş edipdir. “Еl. Nаsyrlynyň bоlsadysy” diýliр аtlandyrylan bu mаkala “25 ýyldаn sоň” аtly rоman hаkyndady. Rоmanda 25 ýyldаn sоň suw ýetmеzçiligi kеmsiz çözüljеk. Аmyderýadan ulу kаnal çеkilip, Garаgum çöllеri suwаryljak. Köрetdag etrаplarynda bоlsa hоwadan еmeli ýоllar bilеn ýаgyş ýаgdyryljak wе аrtezian guýulаry gаzylyp suw аlynjak. Şеýlelik bilеn, ТSSR-de ýеr-suw gуtçylygy bolmаýar. Dаşary ýurtlаrda ýаşaýan türkmеnler hеm gаçyp gеlip, bu jеnnete öwrülеn ýеrlerde оrnaşjaklar. TSSR-iň 25 ýyllygynda ýol meselesi-de oňat çözülýär. Türkmenistanyň hemme ýerlerine demir ýollar we asfaltlanan ýollar çekiljek. Awiasiýa we radio bolsa merkeziniň ýerlerdäki sazlanyşygyny has hem aňsatlaşdyrar. Ýazyjynyň mahlasy 25 ýylyň içinde ýurdyň ösüşleri hakda pikir ýüwürtmesi hyýaly bir zat hem däldi. Gürrüň bu ýerde eseriň çeperçilik derejesi barada. Hally Şahberdiýew bu eseri roman diýip atlandyrsa-da belli alym Kaýum Jumaýewiň muny powest diýip atlandyrylyşy hakykata gabat gelýär. Çünki muny edebi žanryň eserden talap edýän kada-kanunlaryna doly gabat gelmezligi bilen düşündirse bolar. Eseriň mazmumyna gysgaça nazar aýlalyň: Eseriň gahrymanlary Marlen, Eýranly student Çarydurdy türkmen gyzy Maýsa. Çarydurdy Maýsa aşyk bolýar, oňa özüniň aşyk bolandygy halda köne pikirli bir hat ýazýar. Maýsa haty alandan soň, Çaryny ýanyna çagyryp, oňa gaharly jogap berýär. Çary näme etjegini bilmän, çykalga tapman, arak içip başlaýar. Günleriň birinde ol Maýsany gündiziň güni seýil bagyndan ogurlap daglara tarap alyp gaçýar. Muny eşiden kowgyçylar, şol sanda Maýsanyň aşyk ýigidi Marlen hem kowgyçylara goşulyp, Maýsanyň gözlegine çykýarlar. Gidip baryşlaryna, Marleniň gözi suwsyz horlanyp, süllerip duran ekinlere gözi düşýär-de, kowguçylardan galyp, emeli ýagyş ýagdyrmagyň ugruna çykýar. Eserde täze bilen könäniň garpyşygy gidýär. Leninsöý, Marlen, Maýsa bular täzäniň tarapdary. Eýrandan Aşgabada gelip okaýan Çarydurdy köneçil pikirde. Ol Eýranly Mollanyň ogly. Tankytçy H.Şahberdiýewiň dili bilen aýtsak, “25 ýyldan soň romanynda TSSR-iň geljegi, başga ýollar, çeper edeýiýat kanunlaryndan daşary usullar bilen aňladylypdyr. Onda biz TSSR-iň geljeginiň özüni görmeýäris; emma ony onda gatnaşýan adamlaryň dokladlaryndan, jedellerinden we pikirlerinden aňlaýarys. TSSR-iň geljegi hakynda esasy maglumatlar Leninsöýüň dokladynda, Marleniň jedellerinde we Maýsanyň oýlarynda berlipdir”. Eserde çeper suratlandyrma derek awtoryň guraksy aýdýan sözleri agdyklyk edipdir. Mysal üçin, Garagumda täze dörän medeniýeti Marleniň gözünden şeýle görkezilýär:“Ozalky wagtlar, hatda on ýyl mundan ozal jugrafiýa kartalarynda uly gum düzi halynda görünýän bu ýer, indi Engels adyndaky ullakan şähere öwrülipdir. Engels şäheri Garagum düzüni suwarýan uly kanalyň ýakasynda salynyp, onuň uly gidrosatnsiýasy, konserw, kükürt, pagta we başga zawodlara energiýa berýär”. Bu guraksy sözleriň toplumydyr. Bu sözler okyjyda täsir döretmeýär. Bu hakda tankytçynyň pikiri şeýle: “Bu Annagylyç ahunyň (Ýeri gelende aýtsak, Annagylyç ahun diýilýäni köne medrese bilimini alyp, soň täze mekdeplerde çagalara bilim beripdir. Ol türkmeniň uly hudožnigi Yzzat Gylyjowyň kakasydyr – A.Ç. )” ,“Jugrafiýa” kitabynyň dili bilen ýazylan setirleri okanyňda latyn harplaryndan başga hiç bir zat gözüňe görünmeýär. Çeper edebiýaty okanyňda, durmuşy görüp, mähriň ganmajak bolsa, ondan näme boljak?...” Mahlasy, tankytçy H.Şahberdiýewiň eser baradaky belliklerini okap, onuň ýerliklidigini, awtor üçin örän peýdaly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ol Ýakup Nasyrlynyň türkmen dilini o diýen gowy bilmeýändigini hem belläpdir. Muny ol degerli bellikler bilen delillendiripdir. H.Şahberdiýew eseriň dilinde kemçilikleriň örän köpdigini hygtapdyr. Eseriň, umuman, ylmy-syýasy dilde ýazylypdygyny hem aýdypdyr. Awtoryň çeper suratlandyrma, meňzetme, metofera we ş.m. durmuşy çeper suratlandyrma serişdelerinden mätäçlik çekýändigine üns çekipdir. Muňa garamazdan, awtor şeýle romanyň ýazylmagynyň ähmiýetini hem belläp, geçipdir. Umuman, şol döwrüň proza eserleriniň dili hakynda aýdylanda, diňe Ýakup Nasyrlynyň hem däl, eýsem beýleki türkmen heniz kämil däldigi hakda edebiýatçy alymlarymyz belläp geçipdirler. Edebiýatçy alym Kaýum Jumaýewiň şol döwrüň ýazyjylaryndan Berdi Kerbabaýewiň, Agahan Durdyýewiň eserleriniň diliniň beýleki galamdaşlaryndan belli bir derejede tapawutlydygyny adalatly belläpdi. Ýeri gelende aýtsak, ýazyjy Ýakup Nasyrlynyň dili bilen şahyr Ýakup Nasyrlynyň dilini deňeşdireniňde-de bu tapawudyň uludygyna göz ýetirmek bolýar. Şahyryň döreden şahyrana eserleri-goşgulary, terjime şygyrlary türkmen edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen folklory, edebiýaty we teatr sungatynyň taryhy babatda H.Şahberdiýewiň ýazgylary gymmatly hazyna öwrüldi. • Hally Şahberdiýewiň makalalarynyň sanawy Magtymgulynyň goşgulary, “Türkmenistan” gazeti, 1927-nji ýylyň 3-nji awgusty. Türkmen taryhyndan köne golýazma tapyldy, “Türkmen medeniýeti” žurnaly , 1928, №2-3. Sap goşgy bilen ýazylan “Zöhre we Tahyr”, “Sowet Türkmenistany”, 1936-njy ýylyň 1-nji sentýabry. Ýaňy gurluşygymyza başlanýar, “Türkmenistan” 1924-nji ýylyň 21-nji noýabry. Goşgy “Biçäre Kätibi ýazdy bu haty” diýip gutarýar. “Täze mekdep” pýesa. Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasy, inw.№ 1235, sah. 73 Köne edebiýaty basmaly we ýaýratmaly, “Türkmenistan” 1928-nji ýylyň 10-njy ýanwary, №8 (1107). Kim üçin ýasypdyňyz?, “Türkmenistan” 1928, №49 (1148) Hakykat her wagt açyk, “Ýaş kommunist” gaz., 1928, №19, 20, 21, 22, 23, 24. Köne türkmen edebiýaty we komsomollar, “Ýaş kommunist” gaz., 1928, №6 (28). Türkmen bilim-edebiýat üýşmegi, “Türkmenistan” gaz. 1927, №6 (859). B. Kerbabaýewiň “Adatyň gurbany” atly poemasy hakynda. , “Şuralar Türkmenistany” gazeti, 1929-njy ýylyň 16-njy iýuly. A.Garlyýewiň “Aýna” pýesasy, “Sowet Türkmenistany”, 1936-njy ýylyň 4-nji maýy. “Göterim”, “Sowet Türkmenistany”, 1937-nji ýylyň 14-nji fewraly. “Galtamanlar”, “Şuralar Türkmenistany”, 1934-nji ýylyň 9-njy ýanwary. “Rewizor”, “Şuralar Türkmenistany”, 1934-nji ýylyň 24-nji marty. Ot gelini, “Ýaş kommunist”, 1936-njy ýylyň 24-nji ýanwary. Platon Kreçet, “Sowet Türkmenistany”, 1937-nji ýylyň 26-njy marty. Biziň ýurdumyzyň gyzlary, “Şuralar Türkmenistany”, 1933-nji ýylyň 30-njy noýabry. “Soltan Sanjar”, “Lenin baýdagy” 1946-njy ýylyň 6-njy iýuly. Türkmenistanda edebi hereket. “Türkmen şura edebiýaty”, 1933, № 3 Türkmenistanyň dramaturgiýa meselesi, “Türkmen şura edebiýaty”, 1933, №3. Söweş meýdanlarynda, “Sowet edebiýaty” ž. 1946, № 11-12. “Şükür bagşy”, “Sowet edebiýaty”, 1947, №4 Zynhary- halk şahyry, “Sowet edebiýaty”, 1947, №6 “Çalyşan portfel”, “Sowet edebiýaty”, 1949 (47), №4 “Edebiýat”, “Sowet edebiýaty”, 1950, № 4 Gyzgyn güler, “Sowet Türkmenistany”, 1937-nji ýylyň 6-njy sentýabry Terminal, “Türkmen sowet edebiýaty”, 1936, № 3-4 Garyp meniň dostum däl, “Sowet Türkmenistany”, 1936-njy ýylyň 21-nji noýabry. 25 ýyldan soň, “Sowet Türkmenistany” 1936-njy ýylyň 16-njy dekabry “Enäniň ýoýulan terjimesi”, “Sowet Türkmenistany” 1936-njy ýylyň 21-nji dekabry. Edebi žurnalymyz hakynda, “Sowet Türkmenistany”1936-njy ýylyň 30-njy dekabry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||