21:14 Haraý / hekaýa | |
HARAÝ
Hekaýalar
Aňzakly gyş paýawlap, öz ornuny alabahara berende ot-çöpler gögerip mör-möjekler oýanyp başladylar. Ýazda howa sagatsaýyn üýtgeýärdi, birden bulutlaşyp, şemal turýardy. Asmandaky ak bulutlar bolsa tüýdülen pagta übtüklerini yada salyp, çalaja öwüsýän şemalyň ugruna tarap göç edýärdiler. Gögüň ýüzi ümezlenip, basym ýagyş hem çisgäp başlady. Howanyň amatsyz günlerinde ownukdyr-iri mör-möjekler gaçybatalgaryndan çykmaýarlar. Şeýle bolanda ýyrtyjy guşlaryň gün-güzerany kynlaşýar. Olar awuň gytçylygyndan, iýmitiň ýetmezçiliginden kösenip, obalaryň asmanynda peýda bolýarlar. Amatly aw gözläp öý guşlaryna batyrgaý hüjüm edýärler. Günortandy, goňşymyzyň daň atyp , ýaňy howa ýagtalyp ugranda uçuran kepderileri heniz ketegine dolanmandylar. Adynyň gapdalyna “ kepderi” lakamyny goşup” Ata kepderi” ýa-da “ Ata aga” diýip ýüzlenýän goňşymyzyň gorkudan doly gözleri asmana ser salýardy. Häzir onuň aladasyny ýeňledip biljek adam ýokdy. Munuň hem özboluşly sebäbi bardy. Bir hepde çemesi ozal gyrgy Ata aganyň tohum kepderileriniň ikisini agyr ýaralapdy. Birini bolsa olja alyp gitdi. Şonda Ata aga şeýle bir gynanmak bilen gynandy welin tasdanam möňňürip aglapdy. Dag tarapdan uçup gelen gyrgy guşhananyň üstünden aýlaw gurap başlanda, goýunguşlar, geçiguşlar, torgaýlar we yşyk sütüninde hatar gurap oturan serçeler sümelge gözläp, nirädir bir ýerlere zym-zyýat boldular. Çal mäkiýan hem jüýjelerini amatly ýerde gizlemegiň aladasy bilendi. Gyzyl kekeç horaz simden torlanan towuk keteginden şol ýerdäki towuklar bilen asmana howatyrly garaýardy. Çüňki we dyrnagy ýiti, gözleri ullakan gyrgya nazary düşende, goňur pişigiň tüýleri syh-syh bolup dönüp galdy, aljyrap näderini bilmedi. Soň zymdyrylyp öýe tarap ýumlukdy. Goňşymyz Ata aga süňklek, garaýagyz, burunlak adam. Indi köp ýyl bäri tohum kepderileri köpeltmek bilen meşgullanýar. Baýramçylyk günlerinde, şanly senelerde mekdep okuwçylaryna, çagalara çäreleriň geçýän ýerlerinden uçurmak üçin kepderilerini ynanýar. Häsiýeti agyr bolsa-da obamyzyň ýaşlary bu peşeneli adamy gowy görýärler. “ Kepderiler parahatçylygy alamatlandyrýarlar. Jenneti guşlaryň ekin-tikine ýa-da başga bir zada zyýan berenini gören ýokdyr ” diýip, Ata aga olaryň hemişe tarypyny ýetirýär. Häzir Ata aga gaty sus görünýärdi. Bulaşyk saçlaryny eli bilen gaýta-gaýta daraklap dyran ýerinden” Haýt, haýt!” diýip, ýyrtyjy guşa abaý-syýasat ýöredýärdi Häzir guş keteginiň daş-töweregi alagalmagaldy. Goňşy-golamlar şol ýere ýygnanypdylar. Ata aga bolsa duran ýerinden bir eli bilen tutaýyndan mäkäm tutan kepderisini pasyrdadýardy. Beýleki eli bilen guşlaryň gonaýjak ýerlerine bugdaý sepeleýärdi. Eýesiniň enaýja sykylygyny höwür edinen kepderiler bolsa gonmak üçin ketegiň üstünden halka gurap aýlanýardylar. “ Görýän welin, bu sapar hem peläket zyyanyny ýetirjek ! “ diýen pikir häzir Ata aganyň ýüregine wehim salýardy. Ynha birden guş ketegini gyratlap gögerçinler hosalaly uçup geçdiler. Çak edilmedik waka bolany üçin bu ýere ýygnananlar mysaly başlaryny elleri bilen goradylar. Nebsi otugan gyrgy bir asmana galyp, birden hem daş kimin dürülip aşak inýärdi. Kepderilere gonmaga maý bermäni olary açgözlik bilen kowalaýardy. Tebigy duşmanyndan başyny gutarmak üçin iki ýana çarp urýan guşlar çar tarapa dargadylar. Kepderileriň bir topary ýaşaýyş jaýynyň üçegine girip, zordan gutuldylar. Guşlaryň beýleki bir topary hem her hili galp hereket edip, gyrgydan sypmagyň tärini agtarýardylar. Hernä häzirl olaryň bu hile-tilsimleri şowunady.Yöne gyrgy hen awuny sypdyrarly däldi, çakgan hereket edýärdi. Bu bolsa Ata agany gaty howsala salýardy. Sapar aga hem nowbahar ogly bilen ümedik göwresiniň deň ýarsyny penjireden daş çykaryp, gökdäki bolýan wakalary yzarlaýardy.Şol barmana guşlaryň biri badyny gowşatman öýe kürsäp girdi. Diwara jaýdar degensoň seňseledi. Sapar aga-da,onuň ogly Meretde “Megerem Ata aga degişlidir” diýip, çaklansoňlar ony tutjak bolup azara galmadylar. Ata aga ýanyna ataly ogluň gelenini hem duýman galdy. Häzir onuň keýpi çagdy. Guş ketege ýanaşyk ýerdäki köneje kürsüde oturşuna haýsydyr bir aýdymyň sözlerini eşidiler-eşdilmez halda ýuwaşjadan hiňlenýärdi. “ Kepderi aga, guşlaryň sag-aman gaýdyp geldilermi?” diýip, Sapar agadan öň Meret oňa ýüzlendi. Çaganyň sowalyna ünssiz garan Ata aga : ”Howa, bu sapar, kerderilerim başybitin eýesine gowuşdy” diýip, ýüregindäki begenjini böleşdi. Meýdan guşy diwara süsdürilende seňseläp indi aýňalypdy. Ol Sapar aganyň her hereketinden howatyrlanyp, galpyldap otyrdy. Ol uçdy-da, ilki penjiräniň tekjesine, soň bolsa çanak antennanyň aşagyna gondy. Ertire çenle şol ýerde gozganman, busup oturdy. Ynha, ýene-de meýdan kepderileriniň-gögerçinleriň toplumy guş keteginiň üstünden uçup geçdiler. Gögümtil çal reňkli guş hem şonda kowumdaşlaryna goşulup gitdi. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |