15:51

Haşhaşyn / powest

Taryhy proza
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 466 | Добавил: Bagabat | Теги: Wiktor Pelewin | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 25
0
1 Bagabat  
43
Galan böleginem, nesip bolsa, elim degdiginden terjime edip, ýetirmekçi.

0
2 Bagabat  
43
Haşhaşynlar – XI−XIII asyrlarda dürli yklymlarda işjeň hereket eden, ysmaýyly-nizaritleň döwletiniň aýratyn dini-harby guramasynyň agzalary. Olaryň esasy galalary, mesgenleri häzirki döwürde Eýranyň we Siriýanyň çäklerinde ýerleşýän daglarda eken.
Yslamyň şaýy mezhebiniň ysmaýylylar akymynyň köre-kör ynançlara durky-düýrmegi bilen berlen bu wekilleri, öz duşmanlaryna garşy aç-açan göreşmekden gaça durup, gizlinlikde hem öte rehimsiz hereketleri amala aşyrypdyrlar.
Haşhaşynlaň gülläp ösen döwri hasaplanýan, olaryň taryhda iň adybelli we ilkinji Dag Gojasy (Haşhaşynlaň ymamy, dini, syýasy we harby baştutany) – Hasan ibn Sabbahyň (Hasan as-Sabbah, Hasan-i-Sabbah, 1050-1124) döwründe, olaryň esasy garşydaşy Yslamyň sünni mezhebine eýerijiler tarapyndan dolandyrylýan Seljuk soltanlygy bolupdyr.
Taryha ezber, gizlin ganhorlaryň guramasy hökmünde giren haşhaşynlaryň (haşşyşynlaryň) atlandyrmasy, taryhy ýazgy çeşmelerinde XII asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. Mysal üçin, Fatymy halyfy El Emiriň dolandyran ýyllaryna degişli 1122-nji ýylda ýazylan taryhy ýazgylaryň birinde siriýada ýaşaýan ysmaýyly-nizaritler ilkinji sapar “haşişiýýa” diýen adalga bilen atlandyrylypdyr. Soňra olar babatda bu adalga seljuk seneýazgysy bolan Nusrat al-fatrada (1183ý.), soňra taryhçylar Abu Şamyň (1267-nji ýylda ýogalan) we Ibn Muýassaryň (1278-nji ýylda ýogalan) seneýazgy işlerinde ulanylypdyr.

0
3 Bagabat  
43
Alamut (haşhaşynlaň baş galasy, “Bürgüdiň höwürtgesi” diýmek), döwründe, pars nizaritlerem şol eýýamyň seneýazgylarynda “haşyşylar” diýlip atlandyrylypdyr.
Ýöne, ýokarda agzalan taryhy ýazgylaryň hiç birinde-de haşhaşynlaryň bu adynyň, soňky ýyllarda olar babatda çaklanyşy ýaly, olaryň haşhaşy (neşe ösümligi, kenep, neşe, gaşiş) ulanýandyklaryndan gelip çykandygy hakynda maglumat ýok ekeni. Şol döwürlerde, “haşyşyýýa” diýen adalga, kemsidiji manyda, ýagny “garaçylar, garamaýak halk, astky gatlak” ýa-da “kapyr ýekirilenler, dinsiz merdudlar” diýen manylarda ulanylypdyr (Дафтари Ф. Краткая история исма'илизма: Традиции мусульманской общины / Пер. с англ. Л. Р. Додыхудоевой, Л. Н. Додхудоевой. — М.: АСТ, Ладомир, 2004. — 288 с. — (Историческая библиотека)).
XII asyryň başynda nizaritleň haçparazlar bilen ilkinji çaknyşyklary başlanypdyr. Şol döwürde-de, siriýaly ysmaýyly-nizaritleň ymamy Raşid ad-Din Sinanyň (1163-1193) zamanasynda, günbatarly seneýazgyçylaryň hem jahankeşdeleriň işlerinde, “haşyşy” diýen arap düşünjesinden gelip çykan “assasin” diýen adalga duş gelmäge başlaýar.
Bu adalganyň gelip çykyşy hakda ýokarda beýan edilendäkiden tapawutly ýene-de bir nukdaýnazar: ol arapça: “hasanyýun”, ýagny “hasanylar (hasanyň eýerijileri, müritleri)” diýen manyny aňladan sözden emele gelip, birinji Dag Gojasy – Hasan ibn Sabbahyň okuwyna gol ýapýanlary aňladypdyr ( Петрушевский И. П. Ислам в Иране в VII—XV вв (Курс лекций). — М.: Издательство Ленинградского университета, 1966).
Ýöne, Günbatarda “assasinler” diýip ady tutulýan meşhur gizlin ganhorlar, “haşhaşynlaň” atlandyrmasynyň gelip çykyşy hakyndaky iň ýörgünli we ynama mynasyp çaklama, olary taýynlamakda we olara serpaýlamakda ulanylan neşe ösümligi haşhaşyň (kenebiň, gaşişiň) peýdalanylmagy bilen baglydyr.

0
10 Myhman0430  
778
hälki diýşim ýaly. gaty ynjyk bolaýmasaň bildiribem baranok.

Käte, düýeler geçidiň aňyrsyndan ýitensoň dazzarkeller asmanda asmanda peýda bolýardylar, birnäçe sagatdan soň bolsa Alaweddin daýy ýüzleriň gara matadan örtükli atlylara baş bolup gala dolanýardy.

Emma, hemmeler Alaweddiniň ýagşyzadadygy bilýärdiler, onuň gylyjy diňe kapyrlar üçin gorkulydy.

Galadan çykmak berk gadagandy, şoň üçinem ol howluda kös-söw (köw-söw) syryp, Alaweddiniň öý-öwzar beren beýleki oglanjyklary bilen oýnap wagtyny ötürýärdi

Şonda ony katara – üçburç şekilli, sapy adatça bolşy ýaly tygyny dowam etdirmän, sapy keseligine, içinde ýumrugyňy gizleýän baljygynda ýerleşýän pyçaga – erk etmekde türgenleşdirip ugradylar. (ikinji kese çyzygyň ýalňyş goýlanyny hasap etmeseňem şu sözlem tagaşyksyzrak, nämesiniň tagaşyksyzdygyny bilemok)

Ol birnäçe ýaragly urşujylaryň sowutlarynyň açyk ýerlerine ýyldyrym çaltlygyndaky sanjymlar bilen olardan goranýardy. (şeýleräk bolsa nähili: Ol hem birnäçe ýaragly urşujylaryň sowutlarynyň açyk ýerlerine ýyldyrym çaltlygyndaky sanjymlar suňşurýardy hem-de olardan goranýardy)

Ýöne, gündelik süllümbaýlyk ony eýýäm birmahal gorky-ürküni unutmaga mejbur edipdi.

Bu zatlaň bary Aly(ny) hetden aşa tolgundyrdy.

Aly tirseginde (tirsegine) daýandy.

“Men öldüm” diýip Aly düşündi (pikir etdi):

Men eşitdim (eşidipdim), olar iki bolmaly...

Men hüýri, saňa rahatlyk hem eşret üçin ýollanan.

Aly jenneti hüýrleň aýaklary aňyrsynda aýna deýin süýekleridir laglreň ýülükleri görünýän aýna ýaly diýip eşidipdi.

Oň ýanyndaky gyzlaň welin, el-aýagy adaty ynsanyňkydy, ýöne olaň injiklerinde takyk süňküň üstünde geçýän, reňk zolaklary ýiti gyzgylt öwüsýärdi, bu-da içi görnüp duran süňke çalym edýärdi.

-Baga gideli, jenap,-diýip olar pyşyrdaşyp, çaýkanyp duran Alyny işige garşy itdiler. (şeýle bolsa nähili: Çaýkanyp duran Alyny işige garşy çekip: "Baga gideli, jenap" diýip näz bilen pyşyrdadylar)
dogry pyşyrdaşyp bilen çaýkanybyň biri gyzlara beýleki Ala degişli. onda-da...

Olaryň birleriniň elinde täsin saz gurallary bardy, beýlekileri bolsa ýelpweaçdyr şapalak saklaýardylar, käbirleri bolsa başbitin diýen ýaly ýalaňaç, mukama görä gyjyndyryjy raks oýnan bolýardylar. Olaň hemmesem Alä şadyýandan mylakatly seredýärdiler.

A haçan-da ol hüýrlere baksa-da, ol ajygyp ugraýardy.

Ýöne, onda, nämüçin oň kellesiniň şeýle erbet agyrýandygy hem-de biçak suwsandygy düşnüksiz. (düşündirip bilemok)

Alaweddin ruhana ynsana mahsuslykda matally hem howalaly gepleýärdi,

Olam edil Ala Alamutda berlen başlykly gara ýapynjalydy, onuň ýaragy bolsa agyr, ikelli saply gylyçdy.

Onuň gödeňsiz ýüzünde duýgy düşnügi ýokdy,

uly we ikiçi, haýal we çalt, endikli we endiksiz zatlar ýerlerini çalyşdy, garyşdy, manysyny ýitirdi.

Ýoluň beýleki tarapynda duran Aly, latynlylaň öňbaşçysynyň ýeke galandygy(ny) gördi – ol ürken atyny saklap, söweşiň gidişini synlaýardy. (kese çyzyk hem gerek däl)

Eger-de zyýaratçy nämedir bir zady aňşyranam bolsa, ol hiç hili yşarat etmedi. (egerde sözi artykmaç, hatda sözlemiň manysyny üýtgedesi gelip dur)

0
15 Bagabat  
43
Minnetdar. Düzetdim.

0
4 Myhman0430  
778
powest gyzykly eken. terjimede gowy. birki ýerinde grammatik ýalňyşlyklar bar. olam terjime edilip durka sözlemiň gurluşyna göwnüň ýetmän üýtgedilende goşulmany üýtgetmek ýadyňdan çykýa. şondan bolup biler. özümde-de bolup gördi.

minnetdar Serdar akga. dowamy gelse höwes bilen okaryn.

bilesigelijiligimi gyjyklan ýerleri: 1. haşhaşylar kapişon geýdimikä 2. ol meşhur ot şonýaly täsir edýämikä 3. Alaweddin taryhy şahsmyka ýa awtoryň tapan gahrymanymyka 4. haşhaşylar kerwen taladylarmyka

Wladimir Bartolyň "Alamutyny" okapdym. ol eserde göwnümiň suw içmedik ýerleri bar.

1. haşhaşyň golland kömelegi ýaly täsiri bar edip görkezýä (men çagakam ol otuň samanyny, gozasyny, şiresini, ýanan şiresini içip gördüm).
2. Omar Haýýam, Nyzamyl-Mülk, Hasan Sabbah bir medresede okan (kursdaş) diýýä
3. Hasan Sabbahyň wäşilik duýgusy (çustwo ýumora) güýçli edip suratlandyrýa

isleseň islemeseň içiňde biri iki eseri deňeşdirýä. soňuny okamyzsoň netije çykaraýmasa. häzirlikçe: bartol haşhaşylaň şaýydygyny, onuňam ysmaýyly şahasyndandygyny nygtaýa. wiktor ony agzamandyr.

0
6 Bagabat  
43
Nyzam al Mülküň, Hasan ibn Sabbahyň we Omar Haýýamyň bir medresede okap dost bolandyklary, soňam Nyzam al Mülküň “dönükligi” sebäpli Hasan ibn Sabbahyň döwletiň duşmanyna öwrülip, Nyzam al Mülkden ar almaga başlandygy hakyndaky “barypýatan çypbakaý-çyn rowaýaty” wakany has gyzykdyrmak üçin oýlanyp tapylan çeper toslama diýip hasaplaýaryn.
Nyzam al Mülk – 1019-njy ýa-da 1020-nji ýylda doglup, 1092-nji ýylda-da Hasan ibn Sabbahyň haşşişinleriniň biri, pidaýy Bu Tahyr Arrani tarapyndan öldürilýär. Nyzam al-Mülk eýýäm 1063-nji ýylda Kundurynyň ornuna Togrul soltanyň baş weziri bolup, egnaşyr altyn syýadany asýar;
Hasan ibn Sabbah - 1050-nji ýylda doglup, 1123-nji ýylda aradan çykýar;
Omar Haýýam - 1048-nji ýylda doglup, 1131-nji ýylda aradan çykýar.
Nyzam al Mülk bilen beýleki “iki dostuň” arasynda 30 ýyl aratapawut bar. Üstesine-de, Hasan ibn Sabbah ýaňy 13 ýaşyndaka, Omar Haýýam bolsa 15 ýaşyndaka, Nyzam al-Mülk eýýäm baş wezir. Onsoň şu wagtky zamandan ugur alyp göz öňüne getiriň: özüniň gülläp ösen döwründe 3,9 million inedördül kilometr meýdany eýelän, mähnet döwletiň (mysal üçin, Hindistanyň, territoriýasy - 3 287 263 inedördül kilometr) premýer-ministri, bir-ä 13 ýaşyndaky, beýlekisem 15 ýaşly ýetginjek bilen “bile okaýar” we “dost bolýar”.
Galyberse-de Omar Haýýam Nişapuryň, Samarkandyň, Buharanyň we Balhyň medreselerinde okap ylym alan bolsa, Hasan ibn Sabbah Reýiň medresesinde, özem bada-bat ysmaýylylar akymyna eýeriji hökmünde okapdyr.

0
7 Bagabat  
43
Ýazyjy-şahyrlaň çeper toslamany ulanyp, aňlarda mifleri döretmekleriniň mysaly hökmünde bolsa Moris Simaşkonyň “Искупление Дабира” eserini mysal getirseň bolýar. Şonda awtor Omar Haýýamy ülhit şeraphor hem ykmanda edip görkezýär. Ýöne, Omar Haýýamyň “şeraphonluk” jähtine-de, diňe onuň özüniň we soňraky asyrlarda onuň adyna ýöňkelip galyp, şonuňky hökmünde taryha siňen şygyrlardan ugur almak bilen çäklenmän, gaty seresap çemeleşmelimikä diýýärin.
Mysal üçin, häzirki wagta çenli Omar Haýýamyň ýazan “şygyrlary” hökmünde salgylanylýan 5000-den gowrak rubagydan diňe 300-500 sanysynyň hakykatdanam Haýýamyň özüne degişlidigini, galan rubagylaryň bolsa, ol ýa-da beýleki sebäplere görä, dürli ýyllarda öz ýazanlaryny öz adyndan beýan etmek islemedik Haýýamyň döwürdeş şahyrlarynyň we ondan soňky şahyrlaryň ýazandygy hakynda çaklama bar.
Şeýle-de Haýýamyň “meý” diýen söz bilen üzümiň şiresinden “azdyrylan” seriňi sämediji içgini däl-de “hakykaty”, “Haka bolan yşkdan sermest bolmagy” göz öňünde tutandygy hakynda çaklamalaram bar.
Onsoňam yslam dininiň pajarlap ösen şol döwürlerinde, şerapdan lül-gammar bolup, “metjide omzuny urup geçmegi” teklip edýän adama, Yspyhandaky obserwatoriýa ýaly soltanlygyň iri ylym öýleriniň birine ýolbaşçylyk etmegiň, şol desgalary dolandyrmak üçin goýberilýän döwlet serişdeleriniň we haýyr-sahawatdan toplanýan serişdeleriň ägirt uly möçberlerine erk etmegiň ynanylmajakdygy, şeýle hem onuň Soltanyň we Baş weziriň sarpa goýýan geňeşdary hökmünde özüni ykrar etdirip bilmejekdigi köre hasa ahyry.

0
8 Bagabat  
43
@Myhman0430, eger mümkin bolsa, harp ýalňyşlyklaryny ýazsana! Düzeder ýaly.
Ikilenç, has dogrusy üçülenç ýa-da dördülenç okamaga ýaltanýan.
Onsoňam "глаз замыливается" diýip bir zat bar.
Şo bir zady gaýtalap kän okasaň, gözüň öwrenişýär-de, ýalňyşlary görmän geçip gidýäň.

0
9 Myhman0430  
778
Serdar aga, bary ýogy birki sany gözüme ildi. olaram kän bir büdredip baranok. şonda-da täzeden okap nireleridigini aýdaýyn. birem kese çyzygyň ýalňyş goýlan ýerleri kän. olaram görkezjek bolaryn, elimden geldigiçe. bir ýarym sagadyrak wagt beriň.

0
11 Myhman0430  
778
gerek däl ýerde goýlan kese çyzyklar

Gaýalardyr baýyrlar hemişe görünmeýär – aşakda derýa akýar, her baharda-da, daglarda gar erände ol dolup-daşýar.

Indi ir ertir, beýleki oglanjyklar bilen maşk etmäge – ony howla çykarýardylar.

Onuň aýalaryna gön kemerçe bilen agyr demir böleklerini daňýardylar-da, ellerinem uzadyp durmaga mejbur edýärdiler – eger-de eli ýadap biygtyýar sallansa, ol taýak bilen urulýardy.

Ol dürli agyr zatlary göterýärdi, syryga, kemende dyrmaşýardy, bir elinde bagdaky agajyň şahasyndan aslyşyp, tä barmaklary öz-özünden ýazylýança sallanyp durýardy – eger-de ol gereginden ir aşak gaçsa, onda ol aşagynda serlip goýlan tikenekleň üstüne gaçýardy.

Olary mergenlik bilen agaç gurjaga zyňmagy öwredýärdiler – ýigrimi ädimden ol şoň döşüne çümdürmelidi

Iň kyny, kindiwanja mis teňňäni bir tygdan beýleki tyga – ol ýeke saparam ýere gaçmaz ýaly oklap-gapmakdy.

Ol özünem şeýle takdyr üçin taýýarlaýandyklaryny duýýardy – sebäbi ajala aşyk bolmak, dirilikden ýönekeý bir doýmagy aňladýar ahyry, a bu bolsa oňa eýýäm tas başardyp barýar diýen ýaly.

dördünjini – garaýagyz hamdaky garaja menekli ýaňagyň näzik suduryna, bäşinjini – çokul saça we şuňa meňzeşlere meňzetmek bolýardy.

Ýöne, danyşmentleň sözünden ol bilýärdi – gaýyp dünýä hakda ynsan bilimi kämil däldi. ("danyşment" sözem ýerine düşmedik ýaly, oň ýerine "hadym" diýen ýalyrak söz ulanylsa)

Çarbagda başga-da hüýrler garaşyp durdy – olaryň hemmesi ýigrimä golaý ekeni.

Emma, onuň aňynda barybir müňkürlik ýylpyldap gitdi – sebäbi ony jennetiň bosagasynda garşylan şol iki hüýr çirksiz owadandy, şolar babatda-ha onuň hyýallarynyň kämil däldiigi hiç hili päsgelçilik döretmändi.

Ine munuň bilen Aly doly ylalaşýardy – şeýle pikir düýn ol üçünji näzenini saýlaýarka, onuň öz aňynda-da emele gelipdi.

Emma ol, gahryman işi gaýyrmaga Alaweddiniň ugradýan birinji merdanasy däldi – megerem ol, şeýle pursatlarda adamyň kalbynda nämeleň gopýandygyny ýagşy bilýän bolsa gerek.

Alyň indi “jenneti başdangeçirmeler” diýip atlandyryp biljek zatlary hakda uslypsyz aýdymy zowladyp başlaýardy, onuň bolşundan çürt-kesik aňyp bolmaýardy – ol ýa ussatlyk bilen serhoş sergezdana öýkünýär, ýa-da hakykatdanam özüne miýesser etmäge az galan eşreti öňünden syzyp, melul bolýar.
Jennet bolsa hakykatdanam eýýäm gaty ýakynjakdady – bu babatda Alyda şek-şübhe ýokdy.

Wagt takyk ölçenipdi – olar şäher derwezesine atlylardan birazajyk öň golaýladylar.

Onuň uzyn altynsöw saçlary hem-de keltejigem sakgaly bardy – edil Alaweddiniň ony suratlandyryşy ýaly.

Ýeke-täk seždeçi binaň astynda, çokunyşhanaň öňünde ýüzin düşüp ýatyrdy – bu-da edil öldürilen haçparazyňky ýaly çypar saçly, ýaş zyýaratçydy. Aly göz ýetirdi – ol isaýy sema zikrinde ýatyr, şonuň dowamynda arwah-jynlar kapyrlara, olaryň köňlüniň asmany äleme göterilýändigini ynandyrýarlar.

Şondan soň Alyň diňe ylgap çokunyşhanaň arkasyna geçmäge we garaňky burçda gizlenmäge wagty galdy – dessine-de yzarlaýjylar ybadathana kürsäp girdiler.

Ol jennetde özüne gelip, jadyly şerbeti içensoň, çarbaglyga çykanda oňa diýseň ýaşajyk hüýr garaşýan ekeni – oň ýaşy bolsa on üçdür.

0
16 Bagabat  
43
Äý kese çyzyg-a meň çykaran "hokgam" däl-le. Awtoryňky. Ýöne: "erbet gelşenok, Pelewiniň şu powestini ýazýan wagty ýykgyn eden usulydyr-da" diýen pikir bilen mümkin boldugyndan üýtgetmejek bolýan.
Awtoryň zähmetine hormat hökmünde.

0
12 Myhman0430  
778
kese çyzygyň iň dogry goýlan ýeri

Aly ýapynjaň aşagyndan iki kataram aldy-da, haçparazlylaň serdaryna topulyp, onuň goragsyz böwrüne – sowudynyň teňňeleriniň sepleşýän ýerine sokdy.

aşaky sözlemde kese çyzyk gerek däl. eger sözlemiň habarynyň ýerini çalyşsaň kese çyzyk gerek bolýar.

Ol özüne Alamutda öwredilişi ýaly ýöräp barýardy – iki bükülip, jygba-jyglykdan daşraga tesmäge gyssanýan gartaşan adamyň ýöreýşi dek agsaklap.

Ol özüne Alamutda öwredilişi ýaly – iki bükülip, jygba-jyglykdan daşraga tesmäge gyssanýan gartaşan adamyň ýöreýşi dek agsaklap ýöräp barýardy .

0
13 Myhman0430  
778
bulardan başgada "haçanda" bilen "eger-de" sözi göze düşgünç köp ulanylypdyr. "haçanda" sözünde çyzyjak (defis) gerek däl.

Aly sözüne ýöneliş düşümiň goşulmasy goşulanda kä ýerde ä kä ýede-de a ulanylypdyr.

Alä bu pyçaklar bilen köp zat etdirýärdiler.

dogrusy a bolmaly

Alaweddin kiçijik Ala mähirlidi

ýene gözden sypan bir söz bar eken.

Ol ýerde sekilerdir tälerlerem (telärlerem) barmy?

0
18 Bagabat  
43
"Haçan-da" bilen "eger-de" sözlerinem çiňňirik ýatyran ýaly etdim.
Sag bol.
Gowy boldy.
Özüm-ä hemişe-de redaktor bilen korrektoryň işine gaty sarpa goýýan.
Emma özüm welin, şo bir ýazan zadymy ikilenç "okanjaklamaga" (redaksiýada: "читка" diýýäler :-)) ýaman ýaltanýan.
Ýene-de bir gezek minnetdar. Birgiden ýalňyş çykdy.

0
14 Myhman0430  
778
"dabaý gyzykly bolsun-laý" diýseňiz, ýene käbir sözler (ýa sölemler) hakynda "mikroskop" bilen seretmeseň görüp bolmajak ownuk-uşak pikirlem bar. olaram ýaz diýseňiz ýazaýyn.

0
17 Bagabat  
43
"Geple Çepbe, seňki hepde" :-).

0
20 Myhman0430  
778
merjegiň (lupanyň) aýnasyny galňadyp seredýäs onda.

1. Oňa, oň maşgalasy: “harby alaman wagtynda, ýanyp duran öýüň harabasynyň astynda gurban boldy” diýip aýtdylar. ýa-ha goşa dyrnagy öňe geçirmeli ýa-da ony aýryp sözlemi üýtgetmeli. men-ä ikinjini saýlardym. Oňa: "oň maşgalasy harby alaman wagtynda, ýanyp duran öýüň harabasynyň astynda gurban boldy” diýip aýtdylar. Oňa, oň maşgalasynyň harby alaman wagtynda, ýanyp duran öýüň harabasynyň astynda gurban bolandygyny aýtdylar.

2. Alaweddin kiçijik Ala mähirlidi, oglanjyk bolsa birwagtyň özünde ondan hem-ä elheder alýardy, hemem dälireme derejesinde ony eý görýärdi. (bolmasa ondan eý görýärdi diýen ýaly bolýa)

3. Gala daglaň depesinde, beýikde (durdy) ýerleşýärdi.

4. Onuň (girdaba) uçuta, tarap üzül-kesil kertleşýän diwarlarynyň astyna diwar pytradyjy enjamlary getirmek mümkin däl. (girdap başga zat dämi - towlanyp içine sorýan akym ýalyrak)

5. Galany zabt edip almak ýa-da gabamak mümkin däldig-ä (beýle-de dursun) däldigi, oňa hatda golaýlamagam müşgil.

6. Aly, Alaweddiniň buýsanç bilen: “öz duşmanlarynyň janyny eý görüşi dek ölümi söýýän” diýip agzaýan gahrymanlarynyň mežnuny batyrlygynyň sebäbinem özüçe çaklaýardy. (duşmanynyň janyny eý görmekgi nähili manydaka. eger sorganlaň gany eý görüşleri ýaly bolsa düşnükli. ýöne "özüniň ölmegini, duşmanyň ýaşamagyny eý görýä" manyda bolsa Alyň powestdäki obrazyna ters gelýä. ol powestde duşmanynyň ganyna suwsan, öz ölümine pitiwa etmeýän (ölümden gaçýaram) gahryman ahyry)

7. eger-de kimde kim ynsan jemalyny şekillendirmäge gadaganlygy bozýanam bolsa, onda ol şu nagşy çeken nakgaş däl-de, onuň özüdi, (eger-de kimde kim ynsan jemalyny şekillendirmäge gadaganlygy bozulandygyny pikir edýän bolsa, onda ol şu nagşy çeken nakgaş däl-de, şeýle pikir edeniň özüdi, ýa-da eger-de kimde kim ynsan jemalyny şekillendirmäge gadaganlygy bozýanam bolsa, onda ol şu nagşy çeken nakgaş däl-de, ony (nagşy) synlaýan kişidi,)

8. Diwardaky gapyny saýgaryp ol ony açjak boldy, emma ol (ýapykdy) (birini saýlap bolar) guluplydy, kilitlidi, sürgülidi.

9. “Behişdi hüýr” diýilýän närsäň hemme düzüm bölekleri, biri-birine Alyň garaşyşyndan biraz başgaçarak sepleşýänem bolsa ýerbe-ýerdi. ( “Behişdi hüýr” diýilýän närsäň hemme düzüm bölekleriniň biri-birine sepleşişi, Alyň garaşyşyndan biraz başgaçaragam bolsa, ýerbe-ýerdi)

10. Düýn sen birje gözüň bilen uçmaha jykladyň. ("jykladyň" sözüniň özünden ýöneliş düşümi gelse, birhili, gelişmeýän eken. Düýn sen birje gözüň bilen uçmahyň gapysyndan jykladyň.

0
21 Myhman0430  
778
11. Sen meniň näme diýýänime düşünýäňmi? (Sen meniň näme diýjek bolýanyma düşünýäňmi?)

12. Alaweddiniň barmaklary gymmatbaha ýüzükler bilen bezelendi, güneş maýda ýakutlar, äpet lagl hem-de pişmepisint zümerret ýüzünde ýyldyraýan altynda göz gamaşdyryjy lowurdaýardy. (altyn ol agzalan daşlaň ýüzünde däl-de daşlar altynyň ýüzünde bolmaly dälmi)

13. Latynlylaň baştutany şu gün ýerli ýepiskopyňka (isaýy baş ruhany), günorta naharyna çagyrylypdy çagyrylypdyr, şoň üçinem ol şähere gün ýaşar uçurlary dolanar.

14. Ýarany oňa hiç zat diýmedi, diňe Ala gözüni göterdi-de, sähelçe baş atdy (birhiliräk öz-ä, dädip düşündirjegimi bilemok)

15. Onuň yzyna eýerýänler on adama ýakyndy; (ideýa taýdan yzyny eýerýän ýaly okalýa)

16. Oturgyjy diwara ýakyn süýşürip, Aly oň üstüne ýene-de birini goýdy, soň ýene birini, olaň üstüne özi dyrmaşybam, penjirä ýetdi. (Aly oturgyçlaryň birini diwara ýakyn süýşürdi, oň üstüne ýene birini goýdy, soň ýene-de birini, olaň üstüne özi dyrmaşybam, penjirä ýetdi)

17. Ol jennetde özüne gelip, jadyly şerbeti içensoň, çarbaglyga çykanda oňa diýseň ýaşajyk hüýr garaşýan ekeni – oň ýaşy bolsa on üçdür. (Ol jennetde özüne gelip, "jadyly" şerbetden içdi. Çarbaglyga çykanda oňa diýseň ýaşajyk hüýr garaşýan ekeni – oň ýaşy, bolsa on üçdür)

18. Aly onuň bilen söhbet etmäge synanyşdy, emma ol geplemsek däl ekeni, üstesine-de Pund ülkesinden getirilen gullar deýin sözleri tagaşyksyz ýoýup gürleýär. (Aly onuň bilen söhbet etmäge synanyşdy, emma ol geplemsek däl ekeni, üstesine-de Pund ülkesinden getirilen gullar deýin çalgyrt gepleýär, sözleri aýdyşy tagaşyksyz (ýoýmak - başga manyda ulanmak, manysyny üýtgetmek bolýa dämi))

19. Latyn serkerdesiniň öldürilmegi Mukaddes topragy gozgalaňa saldy, şo sebäpdenem Aly tötän saklawa pete-pet gelmezlik üçin, gijeleri ýol aşýardy. Gündiz ýatýardy. Öldürilen birje gezegem oň düýşüne girmedi, ýöne özüniň ölüme iteren zyýaratçysy welin, birnäçe sapar girdi. Nämüçindir şoňa haýpy gelýärdi, emma Aly bilýärdi, öz ölüminde onuň özi günäkärdi. “Kapyrlyk latynlylaň başyna ýeter,”-diýip ol oýlanýardy:-“eger-de şumat bolmasa-da, haçanam bolsa soň bir wagt, ýöne muň şeýle boljagy ikuçsyz...”.
a) çagalykdan Alamutdan çykarylman ulaldylan kişi onça uzak aralygy, onda-da gijesine ýol aşyp nädip tapdyka b) beýleki pidaýyň özüni bilgeşleýin ölümiň gujagyna atandygy hakda pikirlenip, arany bölmänem kapyrlyk latynlaň başyna ýetjegi hakda pikirlenmegi birhili. logika yzarlanmaýan ýaly. ç) sözlem orginalynda gaty uzyn bolsa terjimede-de şonýaly etme hökmän däl bolaýmasa. bölübermeli, şeýtseň has düşnükli bolýan bolsa.

umuman şeýleräk, Serdar akga. Siz bolaňyzsoň elegiň gözüni inçeltdim. käbir awtor beýtseň gaty görýä. awtor gaty görmese welin dümtünip oturanyňa degýä. keýpli bolýa. hem lezzet alýaň hem kelläňi işledýäň.

düýküleň arasynda birini ýazmandyryn. wordda belläp, soň cope-past edemde aşaky sahypada galypdyr. "ýekeje özi beýdip kürtdürip durmasyn" diýip şu ýerik ýelmeýän.

hakykat-da Aly öz öňünde diňe dürli reňki çyzyklarydyr tegmilleri görýärdi,

birinjide defis gerek däl, ikinjide l goýulmandy.

jan saglyk, iki tarabyňa-da peýdaly boljak uzak ömür, döredijilikde üstünlik we ş.m. gowy we diňe gowy zatlary arzuw edýän. (bulary kapýalaşdyrjakdym welin, ýaltandym-da)

0
23 Bagabat  
43
@Myhman0430, hemme bellikleňňe sag bol. Şu günler başagaýlyk bilen hiç zada elim degmeýär. Elim degdiginden düzedip çykaryn.
Zähmetiňe minnetdar.

0
5 Bagabat  
43
Ysmaýylylara ýaşlygynda goşulan Hasan ibn Sabbah, soňra Müsür-Fatymy halypalygynyň paýtagty Kaýirde bolup, ol ýerde okap, ysmaýyly-nizarit akymy boýunça daýi – wagyzçy, mugallym, halypa derejesini alýar.
1080-nji ýylda ol öz töweregine köp sanly müritleri toplap, özbaşdak beglik gurmagyň kül-külüne düşýär. 1090-njy ýylda ol Günbatar Eýranyň dag etraplarynda ýerleşen, Gazwin şäherine ýakynlykdaky, belent gaýada gurlan Alamut galasyny söweşsiz eýelemegiň hötdesinden gelipdir. Şol ýyllaram onuň yzyna eýerijiler Kuhistandaky birnäçe şäherleri, Rudbar we Kumys jülgelerindäki galalary, Liwanyň we Siriýaň (Şam ýurdy, Halap ülkesi) dag etraplaryndaky birnäçe galalary basyp almagy başarýarlar. Şonda-da ysmaýyly-haşhaşynlaň döwleti döredilýär we onuň taryhy tä 1256-njy ýylda, mongollar tarapyndan Alamut galasy hüjüm edilip alnyp, soňam ýer bilen ýegsan edilýänçä dowam edipdir.
Haşhaşynlaň şeýle uzak wagtlap netijeli hereket eden gizlin aňtaw we ganhorçylyk guramasynyň şowlulygy hut Dag Gojasy – Hasan ibn Sabbahyň döreden ulgamynyň hyzmatydyr.
Ol ilki bilen tutuş Ýewraziýa we Afrika yklymlarynda üstünlikli hereket eden, maglumat ýygnamaga gönükdirilen gizlin aňtaw gullugyny döredýär. Onuň bu ýaşyryn aňtaw ulgamynyň esasy birlikleri hökmünde-de, dürli ýurtlaryň nijeme şäher-obalarynda netijeli hereket eden ysmaýyly-nizarit wagyzçylary, olaryň baran ýerinde döredýän öz messebine eýerijileriň toparlary çykyş edipdir.
Söwdagärleň hyzmatkärleri, döwlet emeldarlarynyň, atly-abraýly begzadalaň gulamlarydyr hyzmatkärleri, hökümdarlaryň, häkimleriň köşklerinde gulluk eden dürli derejeli pynhan müritler, adaty ýaşaýjylar Dag Gojasynyň dünýäden habarly bolmagyny we oňa dürli ýollar bilen toplanan iň syrly maglumatlaryň gelip gowuşmagyny üpjün edipdir.
Haşhaşynlaň baş galasy we ilkinji hem-de ondan soňky Dag Gojalarynyň hemişelik ýaşaýan mekany bolan Alamutda, Hasan ibn Sabbah gizlin aňtawçylary, ýaşyryn ganhorlary taýýarlamgyň mekdebini döredipdir.
Bu mekdebe belli bir wagt tapgyrynda her iki-üç ýüz adamdan bäş-on adam saýlanyp alnypdyr. Dalaşgärler seçilende olaryň diňe bir surnukdyryjy türgenleşiklere döz gelmäge ukyplydygy däl, eýsem olary zerur pikirlere, ynançlara uýdurmagyň aňsatlygy ýaly ölçeglerden ugur alnypdyr.

0
19 Bagabat  
43
Yzyna-da terjime edip ýetişenjelerimi ýelmedim. Ýagny, "eger-de" okaryn diýseňiz, "haçan-da" eliňiz degse :-).

0
22 Myhman0430  
778
käýýemäň ahwetin, Gülkeşde hanym. däli dälidir-dä. ady aýdyp dur. onda eser analizlejek sowat näme işlesin. okaman geçibermeli.
POWESTIŇ gyzyklydygyny, terjimäň gowudygyny aýtdym, terjimeçä minnetdarlygam bildirdim (5-nji teswir).
harp ýalňyşlaryny awtoryň haýyşy boýunça görkezdim (9-njy teswir).
soňkularam awtoryň rugsady bilen ýazdym (18-nji teswir). bular harp ýalňyşy däl.

proza eserinde näme bolup biler
1. sýužet, mazmun - gyzyklydygyny aýtdym. başga tüýsli bolsa terjimeçi terjime etmezdi.
2. gurluşy bolanda nämesi bolýa? kompozisiýasymy? wakaň başlaşy, ösüşi, kulliminasiýa baryşy, soň meseleleň çözülişi hakynda aýtmalymy?
3. eseriň dili - bu hakynda-da aýtdym 21-22. teswir
4. durmuşylygy (ynandyryjylygy) - muňa-da çalaja degdim

rusça bilmämsoň deňeşdirip bilemok.

teswiriň başy maňa, ortasy hemmelere, soňy awtora degişli öýdýän. soňky sözem maňa degişli bolsa minnetdar. dälem bolsa minnetdar.

size-de jan saglyk, uzak ömür, bagt we ş.m. gowulyklary arzuw edýän.

0
24 Bagabat  
43
Ýene-de azajyk goşdum.

0
25 Myhman0430  
778
"bir zada biynjalyk edýä. nämekä?" diýip oýladym. tapdym. -dy/-di ler eken.

soň "asyl nusga sadyk galmak üçin edilen bolaýmasyn? Pelewin eke-de zol "БЫЛ, БЫЛА, БЫЛО, БЫЛИ" diýdi durdumyka?" diýip, internetden gözletdim. diňe fragmany barken. жаль.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]