23:46 Häsiýetler hakynda kitap 1: Adam kellesiniň görnüşleri | |
HÄSIÝETLER HAKYNDA KITAP / «Kyýafatnama»
BEÝIK TAŇRYNYŇ ADY BILEN Ynsan jisimlerini kyrk säheriň dowamynda gudratly elleri bilen ýugrup, barlyga getiren Allanyň birligine çäksiz şükürler bolsun! Mukaddes hadysda şeýle buýrulýar: «Adamyň topragyny kyrk säher elim bilen ýugurdym». Adam ogullarynyň ruhlaryna başlangyç we ahyrky ylymlary öwredip, jisimler äleminden içki (ruhy) äleme ýol görkezen, ähli barlyklary Ýaradana tükeniksiz hamdy-senalar bolsun! Gurhanda şeýle buýrulýar: «We Adama ähli närseleriň adyny öwretdi» . Ynsany ähli mahluklardan hormatly we üstün eden gudraty güýçli Perwerdigär Gurhany-Kerimde şeýle diýýär: «Hakykatdan hem, Biz adam bolanlaryny eziz-mähriban kyldyk» . Ýaradyjy Amuzgar ynsan toparyny aýry-aýry etdi, emma Muhammet ymmatyny olaryň ählisinden bilimli we ýokary kyldy. Mübärek aýatynda ol şeýle buýurar: «(Eý, Muhammediň ymmaty) Adamlar üçin ýaradylan milletleriň iň ýagşysy bolduňyz» . Barlyklaryň iň mertebelisine we ýaradylanlaryň iň ýagşysyna köp salawatlardyr salamlar bolsun! Ýedi gat asman-u ýedi gat ýer mahluklaryň iň Ýagşyzadasynyň hormaty we muhabbeti üçin ýaradyldy. Perwerdigärimiz inderilen kitabynda şeýle buýurýar: «Eger sen bolmadyk bolsaň bu älemleri ýaratmazdym». Perwerdigärimiz Muhammet ymmatyny özge pygamberleriň ymmatyndan rüstem we eziz kyldy. Perwerdigärimiz gadym Kelamynda (Gurhanda) şeýle diýýär: «Ol sizi ýerde halypa eden» . Allatagala özüniň Ledun ylmy bilen ynsanlara kämil şerigata ýol görkezdi. Gurhanda ýene şeýle buýrulýar: « ... perişdeler we ylym adamlary adalat bilen höküm ediji ýalňyz Alladan özge hiç hili Taňrynyň ýoklugyna, diňe Onuň Özüniň barlygyna güwälik berdiler. Hiç hili Iläh ýok, diňe Onuň özi bar» . Ähli ymmatlaryň afzaly we Adam ogullarynyň iň bilimlisi bolan Perwerdigärimiziň ilçisi Muhammet pygamberiň maşgalasyna, çagalaryna, sahabalaryna salamlar we salawatlar bolsun diýdi. Hezreti Muhammet şeýle diýýär: «Meniň sahabalarym size dogry ýoly görkeziji ýyldyzlar kimindir». Allatagala hamd-u senalar, Onuň habyby Muhammet alaýhyssalama köp salamlar we salamlar aýdanymyzdan soňra, şu eseriň arap dilinden türki diline terjime edilmegine sebäpkär bolan ejiz bende Muhammet ibn Iýas şeýle diýýär: «Her bir ynsanyň şekiliniň we ýaradylşyndaky tertibiniň özüne mahsus özboluşly tarapy bar bolup, ol ynsanda tebigy ýagdaýda ýüze çykýandyr. Eger tebigy häsiýetinde ýagşylyk bar bolsa, ony ygtyýarsyz äşgär eder. Eger tebigy häsiýetinde ýaramazlyk bar bolsa, ony hem äşgär eder. Meger, her kişi öz tebigy häsiýetine laýyk tagalla edip köp ýaramazlyklardan saklanar». Bu babatda ençeme kitaplar we rowaýatlar getirilendi. Emma ählisinden has takyk we has ýokary hasaplanyp, türkmen diline geçirilmek üçin terjimeçi tarapyndan şu arapça risala saýlanylyp alyndy. Bu risalanyň ady: «Görüş we aň ýetiriş ylmyndaky edep we syýasat kitaby» («Kitabyl-edeb wes-syýasa fi ylmyn-nazar wel farasa») bolup, ony belent mertebeli alym, asyrynyň ýalňyzy, döwrüniň ýeke-tägi Abu Abdylla Muhammet ibn Abu Talyp Ensary Dymaşky 757-nji (1356-njy) ýylda jemläp, ýazyp, ony takyk we aýdyň deliller bilen beýan edipdir.Ol deliller şu aşakakdakylardan ybaratdyr: Birinji delil. Kitapda Gurhan aýatlary, ýagny Allatagalanyň sözi getirilýär. Aýat: «Elbetde, munda möminler üçin aýat ― görelde bardyr» ; «Olaryň pakyrlaryny görnüşinden bilersiňiz» . Ikinji delil. Pygamberleriň soňkusy Muhammet alaýhyssalamyň sahyh hadysy getirilýär. Muhammet pygamber şeýle buýurýar: «Çuň garaýyşly möminden gorkuň!. Hakykatda ol Allanyň nury bilen seredýändir». Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam ýene şeýle diýdi: «Hakykatdan hem Alla gözel we gözel zatlary söýýändir»; «Dogruçyllyk we jomartlyk meniň ymmatymyň ýaşulularyna mahsusdyr. Sahylyk we batyrlyk meniň ymmatymyň orta ýaşlylaryna mahsusdyr. Ýöne siz meniň ymmatymyň kiçi ýaşlylaryndan gorkuň». Üçünji delil. Bu delil kämil akyl bilen getirilýär. Ynsanlaryň birnäçesinde belli bir ahlak ýörelgeleri bardyr, birnäçe ynsanlarda bolsa ol ýokdur. Meselem, uzyn boýly ynsanlaryň aglabasy ýuwaş, sabyrly we asuda häsiýetlidir. Gysga boýly ynsanlaryň aglabasy aljyraňňy, harsal we gaharly häsiýetlidir. Şuňa meňzeş ahlaklar birnäçe kişilerde ygtyýarsyz ýüze çykarýandyr. Kämil akyl şol ýüze çykan hereketi adamyň ýaradylyşyna bagly mynasybetlik bilen delillendirýär. Dördünji delil. Ol tebigy ýaradylyş, ýagny durk bilen baglydyr. Meselem, bir kişi gaharjaň ýa-da söwdaýy (sähwe) bolsa, onuň boýy gysga, göwresi inçe, bedeni arryk, tebigaty gyzgyn bolar, ýagny tebigy ýaradylyşy bilen bagly bolar. Emma ol kişi şu häsiýetine baglylykda batyr we gaýduwsyz bolar, hyýal-pikiri tolkun atmasy we gahar-gazaby zyýada bolar. Şonuň üçin ol ýaradylan keşbine-tebigatyna baglylykda belli bir bitewi maksat tutunmaz, kemçilikli bolar, kiçi bolar, özgäniň yzyna eýerer. Emma bir kişi giň göwrümli ýa-da äwmezek bolsa, ol tebigy ýaradylyşyna baglylykda boýy uzyn, süňňi irimçik, aram tebigatly bolar. Emma ol kişi şu häsiýetine laýyklykda kämil, akylly-başly, ynamdar, sabyrly, ýuwaş häsiýetli bolar, dünýewi işleri saýgarmak we seljermek bilen, oýlanyşykly hereket eder. Ol kişi ýaradylyşy boýunça belli bir tutumly maksat tutunyp, hemişe „Iň gözel şekil-şemaýylda” bolar. Bäşinji delil. Bu risalada beýik danalaryň we belent mertebeli alymlaryň ýedisiniň delilli sözleri getirilipdir. Ol ýedi alymyň her biri bu zatlary akyl-paýhasyň we köňül gözündäki ýiti garaýyşlaryň kömegi bilen dykgat edip bilipdirler hem-de olary öz kitaplarynda jemläp ýazypdyrlar. Ol alymlaryň birinjisi dana Eflatun, ikinjisi dana Arastu, üçünjisi dana Mansur Hajyp, dördünjisi dana Muhammet Razy, bäşinjisi dana Iýlawys, altynjysy ymam Idris Şapygy, ýedinjisi Şyh Muhyeddin Agrabydyr. Altynjy delil. Ol adamy halkyň (halk köpçüliginiň) akyl ýetiren zatlarydyr. Meselem, at, gatyr, düýe ýa-da guş almaly bolanlarynda, halaýygyň içinde tejribe bilen, ýiti saýgaryş bilen, şol alynmaly zadyň neneňsidigini bilýän birnäçe kişiler bardyr. Olar «Bu atyň pylan ýeri şeýledir», «bu at ýagşydyr», «bu at ýaramazdyr» diýip jogap bererler. Ol kişiler şol atyň ýuwaşlygyny, ýowuzlygyny, ýüwrükligini ýa-da ýorgalygyny onuň tebigy ýaradylyş alamatlaryndan bilerler. Şundan ugur alyp, ynsanlaryň hem daşky alamatlary boýunça onuň ýagşy ýa-da ýaman pygyllydygy barada netije çykarylýar. Ýedinji delil. Ol meňzeşliklerdir. Meselem, her kişiniň haýsydyr bir ýerinde ýa-da hereketinde bir haýwana meňzeşligi bardyr. Onsoň, ol kişide şol haýwanyň häsiýeti ýaly häsiýet peýda bolar. Meselem, bir kişiniň syraty arslana meňzese, ol kişi batyr, haýbatly we gaýduwsyz bolar. Emma bir kişiniň syraty goýna meňzese, ol kişi ýuwaş, ýumşak we zatdan bihabar (gapyl) bolar. Sekizinji delil. Tarykat eýeleri we hakykat sütünleri köňül gözgüsine degişli ylymlar we mübärek sap akyl bilen kudus äleminden nazar edip, Ilähi magrypatyň nur öwüşgini bilen beýan edip: «Her kimiň aýratyn keşbi bolup, onuň hem şol keşbe laýyk özüne mahsus aýratynlygy bardyr» diýip höküm edipdirler. Olaryň bu diýen sözlerinde asla hata ýokdur. Dokuzynjy delil. Beýik patyşalaryň sözlerini getirýänler we taryhçylar her bir kişini bir sypat bilen beýan edip, „Onuň bu hereketi öz şekiline laýykdyr” diýip, düşündiriş beripdirler. Onunjy delil. Bir ata ýa-da ene bir oglany beýleki bir oglandan artyk tutup, öwüp, tejribe kuwwaty bilen: «Onuň pylan ýeri şeýledir, şeýle adam bolsa gerek» diýip netije çykarar. Şonda olaryň tejribe güýji bilen çykaran netijeleri köplenç dürs çykar. * * * Şu kitaba nazar edip, netijelerini parasatyň kömegi bilen hökümleri çykaran kişiniň birnäçe zada dykgat etmegi gerekdir, şonda ol hergiz ýalňyşmaz. Meselem, bir kişide bäş sany ýaramaz häsiýet bar bolsa, onda alty sany ýagşy häsiýet hem bardyr. Bäş ýagşy häsiýet bäş ýaramaz häsiýete garşy durar we bir ýagşy häsiýet galar. Beýle ýagdaýda ol kişi öz-özünden ýagşy häsiýetli bolmaly bolar. Käbir häsiýetler utanja ýa-da howpa duçar bolanda bir lybasdan başga bir lybasa hem geçip biler. Şonda ol şol keşbiň hökümine laýyk iş etmekden ejiz geler we häsiýetini üýtgeder. Meselem, baý, hal-ýagdaýlary hemişe oňat bolan birnäçe kişiler, tötänden, takdyr-ýazgyt bilen başyna garyplyk düşende, birnäçe görnüşli ýaramaz, şer häsiýetlerini ýüze çykararlar. Emma dürli ýaramazlyklar, şer we bozuk işler bilen meşgullanýan käbir kişiler bolsa, eline mal-baýlyk düşmek bilen ýa-da utançdan ýaňa ýere girmek bilen, ýa-da bir howpa duçar bolmak bilen häsiýetini üýtgedip, ýagşy häsiýetleri ýüze çykaryp biler. Birnäçe kişiler ynam-ygtykat bilen şekiliň özüne mahsus aýratynlygyny ýatyryp hem biler. Meselem, örän ýaramaz häsiýetli bir kişi Gurhan okamak, tesbih aýtmak we öwüt-nesihat diňlemek bilen ýaramaz häsiýetini üýtgedip, ýagşy ahlakly bolup biler. Şeýle hem örän ýagşy häsiýetli bir kişi islegi öte artmak, öjükdirmek, bir zady ýiti küýsemek ýa-da aşyk bolmak bilen, ýagşy ahlagyny üýtgedip, ýaramaz ahlakly bolup biler. Bir gorkak kişi batyr kişi bilen ýoldaş bolsa, onuň gorkak häsiýetleri gidip, gaýratly bolup biler. Başga bir kişi bolsa birki namarda ýoldaş bolmak bilen gaýduwsyzlygyny ýitirip biler. Şonuň üçin şekile seredip baha berýän köňül gözel dykgat eýelerine şu aýdylan ýagdaýlary tutuşlygyna hasaba alyp, şondan soň şekile görä höküm (netije) çykarmagy zerurdyr. Bolmasa, hata goýberip, awtor ýalňyşypdyr diýip güman etmesinler. Her kimiň haýsydyr bir haýwana meňzeş we çalymdaş tarapynyň bolýandygy sebäpli her kimiň şekiliniň üsti bilen ahwalyna düşünilmegi üçin bu ýerde haýwanlaryň sypatlary-da beýan edildi. Her bir şäheriň özüne mahsus bir tebigatynyň bolýandygy üçin bu ýerde olar hem beýan edildi. Şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, bu kitaba «Kyýafatnama» («Häsiýetler hakda kitap») diýlip at berildi. Her şekiliň görnüşlerini beýan etmekden ötri, olar ýigrimi alty bapda ýerleşdirildi. Olarda nähili häsiýet bar bolsa beýan edildi. Haýsysynyň ýedi sany dana akyldarlaryň haýsysynyň pikiri bilen baglydygyny aňlatmak üçin her akyldaryň ady bir harp bilen bellenildi. «Nun» (n) harpy Eflatuny, «taý» (t) harpy Arastuwy, «sad» (s) harpy Mansury, «ra» ® harpy Muhammet Razyny, «aýn» (a) harpy ymam Şapygyny, «bi» (b) harpy Muhyeddin Arabyny , «sin» (s) harpy hekim Iýlawusy, «hä» (h) harpy bolsa bularyň ählisiniň şol pikiri ykrar edýändigini aňladýar. Harpsyz getirilen mysallar bolsa pars dilinde «Kyýafatnama» eserini ýazan Abdyryzzak Kaşana degişlidir we olar onuň eserinden terjime edildi. Beýik Allatagala islän zadyny ýaradyjy, islän zadyny höküm edijidir. Birinji bap: Adam kellesiniň görnüşleri Kelle bedeniň ybadathanasydyr. Bäş sany daşky sypat, ýedi sany içki sypat kellede jemlenendir. Ynsanyň beýleki haýwanlardan duýgy we akyl taýdan artyk bolmagy kellede ýerleşendir. * * * Ähli danalar aýdypdyrlar: «Bir kişiniň kellesi agzasyna görä bolsa, togalak bolsa, depesinde damarlar we ýaralar bolmasa, biraz ýeňsesine egilýän bolsa, boýny biraz pes (kelte) bolsa, iki gulagynyň ýokary ýany depesine çykynça bina kimin düz bolsa ― bular ol adamyň akylynyň ýetik, düşünjesiniň ýiti, pikiriniň dürs, hyýal-oýunyň dogry, ýatkeşliginiň örän güýçli we ahlagynyň gözeldiginiň delilleridir». * * * Arastu, Mansur we Muhammet Razy şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi bedenine laýyk bolmasa, ýagny kiçi bolsa, onda bu ýokarda beýan edilen sypatlaryň ters tarapy bolup, ol adamyň kemakyldygynyň delilidir». * * * Muhyeddin, Arastu, Muhammet Razy şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi togalak, uly we ýokarylygyna uzamasa, onda bu ol adamyň ýokary hümmetli, düşünjeli hem dogruçyl adamdygynyň delilidir». * * * Hekim Iýlawus şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi öňe garşy az-kem egrelen bolsa, onda bu ol adamyň niýetiniň ýamandygynyň, nebsiniň özünden üstündiginiň, isleglerine garşy gidip bilmeýän, höweslerine tabyn bolýandygynyň delilidir». * * * Abdyryzzak Kaşany şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi ýokardan aşak basylan ýaly ýap-ýasy bolsa, onda bu ol adamyň harsydünýädiginiň, ynanç-pikiriniň ýamandygynyň delilidir». * * * Mansur, Muhammet Razy şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň gulaklary kellesiniň iki gapdalyndan has çykyp duran bolsa, onda bu ol adamyň göripdiginiň, erbet häsiýetlidiginiň, nebsewürdiginiň, ýaramazlyga meýillidiginiň, şähwetparazdygynyň delilidir». * * * Eflatun we Arastu şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesiniň öňi, yzy we gapdallary ýumry bolsa, onda bu ol adamyň nadandygynyň, nebsewürdiginiň harsaldygynyň, üýtgäp durýan hüsiýetlidiginiň delilidir». * * * Eflatun şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi yza tarap egriräk we ýeňsesi ýumry bolsa, onda bu ol adamyň alymdygynyň, üşüklidiginiň akylynyň we ahlagynyň gowudygynyň delilidir». * * * Eflatun şeýle diýýär: «Eger bir kişiniň kellesi örän uly bolup, bedenine uýmasa (laýyk bolmasa), onda bu ol adamyň akmakdygynyň, niýet-oýunyň bozuk we pikiriniň mydama üýtgäp durýandygynyň, belli bir pikiriniň ýokdugynyň delilidir». _______________________________________ Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 31-nji aýaty. Gurhanyň 17-nji («Gijeki seýr») süresiniň 70-nji aýaty. Amuzgar – sapak beriji, öwrediji, Hudaýyň bir sypaty. Gurhanyň 3-nji («Imranyň öýi») süresiniň 110-njy aýaty. Bu ýerde Muhammet pygamber göz öňünde tutulýar. Inderilen kitap ― Gurhan. Bu jümle “inderilen kitabynda” diýlip getirilse-de, aýat däl-de hadysdyr. Bu hadysy köp hadysçylar ygtybarsyz hasaplaýarlar. Gurhanyň 6-njy («Engam») süresiniň 165-nji aýaty. Ledun ylmy – Alla tarapyndan berilýän ylym, ussatsyz, Ylahy ylham bilen öwrenilýän ylym. Gurhanyň 3-nji («Imranyň öýi») süresiniň 18-nji aýaty. Bu ýerde awtor, ýagny Muhammet ibn Iýas özüni göz öňünde tutýar. Gurhanyň 15-nji («Hijr») süresiniň 77-nji aýaty. Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 273-nji aýaty. Sahyh hadys ― ygtybarly (dogry) hadys. Gurhany-Kerimiň 95-nji (“Injir”) süresiniň 4-nji aýaty. Kudus älemi – mukaddes (ruhy) älem, ylham älemi. Tesbih – Allany ýatlamak, Hudaýtagalany zikr etmek. Bu ýerde şeýle diýilse-de, kitabyň dowamynda şäherleriň aýratynlyklary barada hiç hili maglumat getirilmändir. Ýokarda "Muhyeddin Agraby” görnüşinde getirilipdi. Asyl nusgada diňe her akyldara degişli harp goýlupdyr. Emma bu terjimede has düşnükli bolar ýaly belgilenen harp däl-de, şol harpa degişli danalaryň atlary dolulygyna getirildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |