HATYN DAŞLARY
Sowet halkynyñ faşizme garşy göreşde diñe Belorus topragynda 2 million 230 müñ ogul-gyzy gurban boldy.
Ak hem gara mermerden, betondan gurlan Hatyn memorialy... 26 öýüñ deregine 26 sany zañ. Olar bikarar urnup duran ýüregi ýatladyp, her ýarym minutdan depäñde ýañlanyp dur...
Bu öýleriñ, tutuş şu obanyñ adamlarynyñ faşistleriñ eli bilen ýanar oduñ içine atylaly bäri meýdanlara otuz mertebe ot ördi. Ýöne welin Hatynyñ faşizm mergisine nälet okaýan zañlaryny eşitmäge dünýäniñ dürli künjeginden gelýän adamlaryñ akymy henizem egsilenok...
1.
Ak daş, gara daş - zyñylýar göge!
Bir baş, iki baş... Bäş sany çaga
Bäşdaş oýnaýar suwalgy polda,
Daş kän. Çörek ýok tördäki stolda.
Bäşdaş ir bilen, agşamam - bäşdaş,
Şol daş şu öýe - hem çörek, hem aş...
Pola oklaýar, oklaýar göge
Ýylmanak daşlary bäş sany çaga.
Daşlar çakyşýar - gezek aýlanýar,
Çagajyk gulkunyp, şeýle oýlanýar:
Bu daş-a-çörejik, bu-da - kartoşka,
Şulary gapaýsam, ajykman başga...
2.
Tyrk-tyrk! Tyrk-tyrk!..
- Açyñ, balalarym,
Sonýa jan, Tanýa jan, mähek ýalylam,
Anýa jan, Manýa jan, gunça-lälelem!
Tyrk-tyrk! Tyrk-tyrk!..
- Mişa - eşrepim,
Açawer gapym! Açawer gapym!
Men size tokaýdan odun getirdim,
Alaja geçiniñ süýdün getirdim,
Getirdim azajyk böwürslen tapyp,
Hem aldym berýozañ şepbigin çapyp,
Ýygdym men gowusyn gökje ýorunjañ!..
- Eje jan, Eje jan! Eje, eje jan!..
3.
...Obanyñ üstünde şar gara tüsse
Basypdyr öýleri-misli bir gussa.
Çykypdyr daşlara däriniñ ysy,
Hiç öýden çykanok çagalañ sesi.
Adamlar sürenok, ekenok ýerin,
Pos alypdyr obañ azal-pillerin,
Sygyrlar molanok, atlar kişñänok,
Demirçiler külüñ urup işlänok.
Mekdebe gatnanok, ýazanok hatyn,
Ýigrimi alty öýli, çagaly Hatyn.
Gyzlaram sallanyp suwa çykmaýar...
Diñe ýañky öýde bäşdaş şyklaýar...
4.
"Ak daş, gara daş, -
Alla biz bilen!
Dag-daşy sarsdyryp ädigmiz bilen,
Gyrarys baryñyz
Galarys guluñyz-sadygñyz bilen,
Tans etdirs şolara tüýdügmiz bilen!
Ak daş, gara daş, - gutardy asfalt,
Biz sola sowmaly, saklanyñ, Eý, halt!
Hanha, şol oba, bize geregi!
Partizanlar şondan alýar çöregi!
Sowuryñ bu obañ külüni göge,
Gowuryñ, parhy ýok, garrymy, çaga,
Ýetişmesin birem agzyn açmaga!
Bir-iki, bir iki! Eý, çalyñ marşy,
Eñeliñ tiziräk şol oba garşy!
Nebitçi, nebitiñ taýýarmy, seslen?
- Taýýar!!!
Kükürtçi, kükürdiñ taýýarmy, seslen?
- Taýýar!
...Ýañlanýar tokaýda diş garmoşkasy,
Zemini sarsdyrýar ädimleñ sesi:
"Ak dak, gara daş - Alla biz bilen,
Kül eders kelläñi ädigmiz bilen!.."
5.
Ukla, eý jigim,
Hatyn bäbegi.
Nur saçsyn üstüñe
Aýyñ zolagy!
Ukla, Zoluşkam,
Möjekler gelýär.
Eşidýärmiñ, hanha,
Dişini çalýar!
Olaryñ gözleri
Ýalyndan doly.
Dişlerniñ her birem
Hanjar mysaly.
Ukla, eý jigim,
Hatyn bäbegi.
Nur saçsyn üstüñe
Aýyñ zolagy!..
6.
ÝYLDYRYM ÇAKAN DEÝ ÝERIÑ ÇETINDE
OTLUÇÖP ÇAKYLDY AGAÇ HATYNDA...
7
Serpiliñ, möwritler,
Aý-ýyllar pytrañ,
Hatynyñ üstünde
şol gadyn kaddynda,
Ýyldyzlar, peträñ!
Şuw-şuwlañ, tokaýlar kyrk üçde ýaly,
Hüwdüläñ, şemallar, şol gadym taly!
Horazlar gygyryñ,
güjükler, üýrüñ,
Eneler, aýnalañ tutusyn syryñ.
Saz ediñ, salmadan akan akarlar,
Gañrylyñ Gün taýa, günebakarlar!
Paýrap galyñ!
Gadym dünýäñ göwsünden
Ýüregmiñ nälet bilen galşy deý!
Gaýtalanyñ!.. Ýigriminji asyrda
Meñ ganymyñ gaýtalanyp ýanşy deý!
Lowlaýan ganymy syçradyp herýan,
Men bu gün kül bolan Hatyna barýan.
Galdyryp ýyllaryñ agyr gabagyn,
Oýarmaga barýan Hatyn bäbegin.
Barýaryn - meñ adym Wilýam Şekspir,
Meñ adym Pyragy, Gomer, Alyşir.
Meñ adym Lew Tolstoý hem-de Eýnşteýn,
Nirde sen, nirede, Hatyn bäbegi,
Ýaz ýagmyrnyñ ýaşyl düze eñşi deý -
Çeşme bolup joşýan sesiñ eşdeýin!
Alma deý göterip goluma seni,
Almalaryñ arasynda duraýyn,
Ýañyja açylan eljagazlaryñ
Güne uzap, oýnaýşyny göreýin!...
8.
...Ulusam ýok, kiçisem ýok, bu obañ,
Horazam ýok, geçisem ýok bu obañ.
Ne birje tünekden galypdyr derek.
Ne birje siñekden galypdyr derek.
Diñe gije-gündiz beýniñe urýan
Hem gazap, hem nälet, hem ahu-girýan
Zañynyñ sesinden sarsyp dur ýürek!..
9.
...Gadam basyp ak mermere,
Hatynda
Bäşdaş oýnan çagalary ýatlaýan,
Şol mermeriñ gyrasyna basamda;
Lowlap ýanýan otaglara ätleýän.
"Ak daş, gara daş - durmuş hem ajal,
Ömür üçin okan Hatyn mermerin!
Doldurmañ dünýäni çakmak daşyndan
Çagajyklañ bäşdaşyna ýer beriñ!"
Gepleýär, gygyrýar Hatynyñ zañy,
Owazyna mermer maýşyp maýrylýar!
Hatynyñ başynda,
Ynsan döşünde,
Her otuz sekuntdan otly minutlar
Jañ sesinden jarka iki jaýrylýar!
Asmanam, topragam iki jaýrylýar,
Täzeje ýapragam iki jaýrylýar,
Şol kesgin pursatda, diýmek, ynsanam,
Durmuşam, göreşem, döwür-zamanam
Gapma-garşy, bölnüp, ikä aýrylýar, -
Bäşdaşyn oýnaýan çagalar bilen
"Alla bizlik" * sözli toka aýrylýar!
Kimden-kim dürs tutman niýetin-pälin,
Müñkür bolsa şu hakykat barada,
Bilsin ol: Hatynyñ ýoklugy ýaly,
Üçünji pelsepä ýer ýok arada!
Erteki otaryp gije hem gündiz,
Warsaky otaryp gije hem gündiz.
Bu iki aradan pahnasyn urup,
Bu iki aradan yşy gözleýän,
Bu iki arada nogtasyn gerip,
Çeññegine iler kişi gözleýän
Başyña iş düşse
perdesin syryp,
Özi şol tokany guşanar, bilýän!
Dirilik birligi - her janly minut,
Aýatda ilkibaş hem ahyr demiñ!
Şoñ üçin minudy gorap dur bu zañ,
Şoñ üçin hasabat sorap dur bu zañ:
Haýsy perdedendir pelsepäñ seniñ!
10.
...Ýyllar öñe barýar,
Enma hol yzda
Ýüreklerde yza goýan gara dur.
Näme ol: Hatynmy?
Ýasa Lidise?
Ýa-da ýere ýegsan bolan Oradur?
...Beýnimde ýañlan sen, Hatynyñ zañy,
Ýañlan ýüregimde, zañy Hatynyñ,
Ýeke sahypasy saralmaz ýaly
Gazaply ýyllaryñ hakykatynyñ!
Dursuñyz siz minut saýyn näletläp
Ganojagyñ - faşizmiñ ymmatyn...
Siziñ owazyñyz eşidip syzýan
Parahat günleriñ gadyr-gymmatyn!
1974 ý.
Annaberdi AGABAÝEW.
Poemalar