16:31 Garyn tansy / poema | |
GARYN TANSY
Poemalar
Prologly hem epilogly, ençeme monologly, gadymy geçmişden hem häzirki günden bir jüp sahnaly DRAMATIK POEMA ▶ PROLOG E l k y s s a. Iki müñ ýyl mundan ozal grek filosofy Diogenden nahary haýsy wagt iýmeli diýip sorapdyrlar. Filosof: - Barly adam islän çagy iýmeli, garyp tapan çagy - diýip, jogap gaýtarypdyr. ("ÝUNESKO-nyñ Kurýeri"). T o g a l a k z a t : - Biz-ä garnymyzy ýerden tapamzok, Iññän gymmatly zat biziñ garnymyz! Ýatamyzda ýyljak aýamyz bilen Ýapyp ýatýas garnymyzyñ ýarny biz. Diñläp ýatýas içegeleñ arzyny, - Gije o deýýuslañ hersi bir kelle: Birisi "nan!" diýip urunyp ýatsa, Beýleki "suw!" diýip kakýar heşelle! J u w a n a d i d e : - Maşalla, Jan maşalla!!.. T o g a l a k z a t : - Ýañsylama! Sen taryhy bileñok, Birmahallar ýagyrnymyz, döşümiz Buýram-buýram çöpür tüýden doluka, Guýrugmyzam türrämizden sallanyp, Uzynlygy öz boýumyz ýalyka, Ilki bilen dynyp şol äteñetden, Soñra taşlapdyrys tüýleñ barny biz, Ýöne welin sakyrtga deý ýelmeşip, Galypdyr biz bilen biziñ garnymyz! Şondan bärem içegeler ýognaşyp, Uzalyp gidipdir öl ýerde ýaýnap, Indi adam garnyn ýeriñ daşyna Gös-göni üç ýola bolýarmyş aýlap! J u w a n a d i d e : - Durawer, naýynsap, durawer bir dem, - Zeminem iýäýme, dilimläp-paýlap!.. T o g a l a k z a t : - Toba, toba!.. Tañrym! Elheder aman!.. Ten ber senem hakykata, betgüman: Golaýyna gelse, göle, köşegem Ýok eder bu garyn sürüsi bilen, Dilime degirsem awy deý burçam, Ýuwdar ol ujunyñ çürüsi bilen! Ýuwdar-da ol, soñra üwäp goýberer Döwletli düzleriñ arpa-bugdaýyn, - Dünýäniñ ýagdaýna belet bolsamam, Bilemok men öz garnymyñ ýagdaýyn! J u w a n a d i d e : - Buldy iýsem, daga çalyp, ýag deýin, Bitirmezmi, eý waý, garnymyñ teýin?! T o g a l a k z a t : - Ýene ýañsylaýar... Gulak goý onda! Halkara jenjelem, Ganly jeñlerem, Jellatlaram, Ýürek-bagry doñlaram, Zyndandyr sürgünem, Mergi-gyrgynam, Biparhlygam, gopbamlygam, mesligem, Pidullygam, haýýarlygam, pesligem, Erkekden - heleýem, Heleýlerden - jalaýam Ýasaýan garyn! Dostlugy, söýgini, Horram duýgyny, Müñlerçe sowaly, Arzuw-hyýaly, Päkligi, şohlugy, keýpiçaglygy, Ynsaby, wyždany, hatda saglygy Ýuwudýan garyn! J u w a n a d i d e : - Heý, ýapa degýärmi bu aýdýanlaryñ? T o g a l a k z a t : - Hut seniñ garnyñdan geçýärin zamun! Bu şeýle bolupdy. Şeýle-de bolar! Bu - kanun! Ömrylla mizemez kanun! J u w a n a d i d e : - Meger, netikaza, garynlak zabun, Zäherli ýylandan alansyñ tälim!.. T o g a l a k z a t : - Ha-ha-ha-ha-ha!.. Saña birje zady edeýin mälim! Şindi Aristotel inmänkä dünýä, Gelmänkä jahana entek Eflatun, Adam bilen möjek emişenmişin Kenarynda Tigr bilen Ýefratyñ! Beýewan içinde uçraşyp olar, Eneli ogul deý gujaklaşanmyş, Şonda ýumşaşanmyş möjegiñ zanny, Adamyñky bolsa möjekleşenmiş!.. J u w a n a d i d e : - Sanardan has köp bolsa-da sany, Hiç mahal bolmandy "myş-myşda" many! T o g a l a k z a t : - Uýmasañ diýlene meñ sözüm bilen, Onda synla baryn öz gözüñ bilen, - Açýan sahnany! ▶ I BÖLÜM E l k y s s a. Şweýsariýaly alym Žan Žak Babeliñ hasaplamalaryna görä, Adam ata bilen How ene dünýä ineli bäri bu ýagty jahanda on dört müñ bäş ýüz on üç gezek uly uruş turupdyr. Şol jeñlerde jemi gyrlan adamyñ sany üç milliard alty ýüz müñ bolup, ol san planetamyzda häzirki ýaşaýan adamlaryñ sanyna barabarrak bolypdyr... Diýmek, ynsan döräli bäri, bu goja Zemin ozal bir gezek owarrama gidipdir. ("ÝUNESKO-nyñ Kurýeri") J u w a n a d i d e : - Garañkyñ içinde bir belent gaýa... Depesi degip dur ýyldyza-aýa... Nämedir bi. T o g a l a k z a t : ...Ýuwaş!., Gaýa däl bi, - Diriligiñ binýady! J u w a n a d i d e : - Dirilik binýady? Ha-ha-ha-ha-ha!.. T o g a l a k z a t : - Tüket! Göreñokmy hol Garazady, Gaýanyñ başynda düýrlenip otyr! Eteginde bolsa bu gaýañ... J u w a n a d i d e : - Gör-le! Bir-birine meñzeş tümmekler ýatyr! T o g a l a k z a t : - Tümmek nirden!.. Mazar! Hasapsyz gubur!.. J u w a n a d i d e : -Eý, gudrat, ählisi gymyldaşyp dur! T o g a l a k z a t : - Seret, bir guburyñ açyldy üsti, Uzaldy guburdan rysaryñ desti! R y s a r : - Galkanyñy ýarjak naýzam elimde, Döwletli diýarlar, ýurtlar öñümde, Girsem gan çaýkaýyp haznaly ile, Dalaşsam inçe bil hüýrleri bile, Şol ýerde oýnaryn kiçiräjik rol, - Ýaşasyn korol! J u w a n a d i d e : - Görden çykyp, ýene göre ýykyldy! T o g a l a k z a t : - Oña derek han nökeri dikeldi! H a n y ñ n ö k e r i : - Egnimde sowudym, elimde ýaýym, At üstünde geçer her günüm-aýym, Goltuga ýygarys malyny dünýäñ, - Medet bergil hanymyza, Hudaýym! J u w a n a d i d e : - Olam aşak ýykyldy! T o g a l a k z a t : - Gör, muşkotýor dikeldi! M u ş k o t ý o r : - Öñe, muşkotýorlam!.. Ýenç! Sünç! Öldür! Gyr! Eşigiñ deregne ak kepen geýdir! Gañryşyna gaýtsa ýekeje şylha, Aýagyndan tut-da, diwara çylpa! J u w a n a d i d e : - Ne elhenç sesler bu! Bu ne gabahat!.. T o g a l a k z a t : - Ýuwaş! Sem bol!.. Gymyldady Garazat! G a r a z a t : - Bir dem gulak goýuñ gijäñ sesine, Diñläñ şytyrdysyn bu aç dişleriñ! Palta deý azylañ pelsepesine Gijeler seýil etsin seniñ huşlaryñ! Ähli gelen-geçen bir dem ynjalman, Ne sebäpden çalyp ýatyr dişini? Sebäbi men, sebäbi men - Aç Böri Seýran edip sallançagy hem göri, Ýöredýärin ähli beýniñ işini! Diri ýören saýasynda aýatyñ, - Janly-jandar bary - meniñ raýatym! J u w a n a d i d e : - Ýer-gök lerzan bolup, gök gümmürdeýär! Bu niçik alamat, niçiksi nyşan?!.. G a r a z a t : - Eý, ynsan!.. Ha-ha-ha... Kyrk garyn owunjak jandar! - Gardaşyn gemrende kim ony indär?!.. Tur diýsem, Turar ol, Ýat diýsem, ýatar! Ur diýsem, Urar ol, At diýsem, atar! Men Aç Böri - hinim ynsan beýnisi, Şonda gurýab men iñ porhan meýlisi! J u w a n a d i d e : - Gör-le, gördäkiler agdarlyberdi! T o g a l a k z a t : - Böriñ sesi olañ gulagna degdi! G a r a z a t : - Ha-ha-ha-ha... Hiçiñ çeññegimden sypyp bilmersiñ, - Garnyñdadyr Aç Böriniñ hilesi! Nirä diýsem, ýörärsiñ sen şol ýana, - Zannyñdadyr Aç Böriniñ hilesi! Ganyñdadyr mamalarmyñ mamasy! Ha-ha-ha-ha... J u w a n a d i d e : - Gymyldadyp gadym guburlañ teýin, Nätmekçi bolýarka ýene betpygyl? T o g a l a k z a t : - Sen añardan galarakdyr bu oýun, Gowusy gepleme... Özüñe sygyn. Ýalkaryñy dile, boldajyk boýun! G a r a z a t : - Tur, leşgerim, tur! Gyr, leşgerim, gyr! N ö k e r : - Zaluwatlam, dikel! Ýörişe şaýlan! Syr-da gylyjyñy, jahana aýlan! Çozalyñ-da gapyl illeñ üstüne, Kelle baryn togarlalyñ dessine! J u w a n a d i d e : - Ýer süýşýärmi? Ýa bir gara leşgermi? Ýa gözüme görünýärmi hemmesi? "Dur!" diýip gygyrsam sesim eşdermi?" T o g a l a k z a t : - Özüne ýetikdir olaryñ sesi... Bir zady belläp goý olaryñ häzir Ählisiniñ "eljuk" diýýär añrysy, Doýmaz-dolmaz gapjyk ýaly garnydyr Bu gullañ serdary, Bulañ tañrysy! Gör, hanha, gykuwlap daglara siñdi, Döw dursun bu belañ öñünde indi!.. ▶ JUWANADIDÄNIÑ MONOLOGY E l k y s s a. Angliýadaky Romsis ybadathanasyndan işçiler diwara ýelmenen bir gadymy suraty goparanlarynda suwagyñ añyrsyndan gizlin tekje açylypdyr. Ol tekjäniñ içinden bolsa, sekiz ýüz ýyl mundan ozal gizlenip goýlan bir ajaýyp bägül çykypdyr. ("Правда"). Pyntyklary ýaran adaja ýeller, Baýyrlara ören sadaja güller, Maýsalar, arçalar, zeýtun, hurmalar, Guguldaşyp geçip barýan durnalar, Eý, goja zeminim, Eý, nurly asman, Bu ýagty jahana birek-biregiñ Damagyn çalmaga geldimi ynsan?! Ganyndan gan beren öz balasynyñ Ganyny almaga geldimi ynsan?!.. ...Ine, maña berilipdir iki el, Golda diýip kötel ýolda ýadany, Çöken göwünlere nuruç saç diýip, Beripdirler ýene goşa didäni! Iki aýak beripdirler her zaman Ýortup ýetmek üçin iliñ dadyna, Berilipdir maña bu şirin zyban Ýetmek üçin iliñ göwün şadyna! Eý Böri! Eý guduz! Eý, dolmaz garyn! Ne apat, ne eýmenç bu oýunlaryñ!.. Urmak üçin berlen bolsa bu eller, Gyrmak üçin berlen bolsa bu eller, Bogmak üçin berlen bolsa bu eller, - Ikisinem eginimden oburyñ! Çakmak üçin berlen bolsa bu gözler, Ýakmak üçin berlen bolsa bu gözler, Akmak üçin berlen bolsa bu gözler, Ikisinem ýeñsämizden soguryñ! Çapyñ aýagymy, berilen bolsa, Ýortsun diýip öz garnynyñ ugrunda, Dilimi goparyñ, awyýa batyp, Gan öýdürjek bolsa kişiñ bagrynda! Ynsan ogly ýagty jahan ýüzüne Gelen bolsa ýaýmak üçin gahryny, Gelen bolsa ýylan salyp goltugna, Pürkmek üçin bir-birine zährini, Men peşe öñünde dyza çökerin Hem-ds baryp derýalara dökerin Gursakda garrajak ýürek mährimi! Eý, Böri! Eý, mahluk! Eý, aç ýuwdarha! Dirilik dikrary senmidiñ tenha?!.. E l k y s s a. Ynsanyñ ömri - söýgüden başlanýar. Ynsanyñ, är-aýalyñ biri-birine bolan yşky näçe güýçli bolsa, olardan önen çaga şonça owadan bolýar. (Okalan kitapdan). T o g a l a k z a t : - Doga okaýarmyñ? Samyrdyñ näme?.. Kimdir biri gelýär bu ýerik, hanha! Tanadym! Gaçaly... aşyklar asyl!.. J u w a n a d i d e : - Oh, jahan ýagtyldy! Gör, neneñ hezil!.. Gitmäli, göreli... Gelsinler entek. T o g a l a k z a t : - Dilini diñleseñ Aşyk-Magşugyñ, Azdyrarlar! Ýoldan çykarlar, tentek! Aç Börini mündireris gazaba... J u w a n a d i d e : - Olaryñ elinde bäbejik bar-la?.. T o g a l a k z a t: - Bäbek nirden? Ol-a oýunjak... Gurjak. Gaçaly, gaçaly, görmesin bizi! J u w a n a d i d e : - Sen gidäý! Men daşa gizlenip durjak, Göwnümi göterýär aşyklañ ýüzi... T o g a l a k z a t : - Şolaryñ roýundan inýär, belalar, Geldiler! Men gidýän, göräýmänkäler! M a g ş u k : - Gurjajygym, gurjajyk, Oýnap ber sen, turdajyk, Sözläp ber sen, durdajyk, Paşmagyñy geýdejik, Hany, ylga, eýjejik! Waý, ýykylaýdy!.. A ş y k : - Bäbek bolýar entejik! M a g ş u k : - Bäbek bolýar?.. Hany, bil-dä, göreýin, Meniñ gurjagymyñ näçe ýaşy bar? A ş y k : - Heý-de, gurjagyñam ýaşy bolarmy? M a g ş u k : - Ähli zadyñ başy bar. Näme bolman? A ş y k : - Ol-a hökman! Başnyñ baram, soñnuñ baram bigüman! Ýöne... gurjak bir kiçijik oýnawaç, Ondan-a... Ýañakdan ýekeje posa! M a g ş u k : - Goýaweri! Birden biri göräýse... Dag başyndan duran, eý belent agaç, Bil sen gurjagymyñ näçe ýaşy bar? Bilenok. Dymýar. A ş y k : - Gurjak bir oýnawaç diýýän-ä saña... Ondan-a... Ýañakdan ýartyja posa! M a g ş u k : - Bolmaz, oglan! Birden atam geläýse... Köp asyrdan bäri duran, eý gaýa, Bil sen gurjagymyñ näçedir ýaşy? A ş y k : - Gurjagyñy näbilsin daglaryñ daşy! Ondan-a... M a g ş u k : - Bilmediler... Men-ä bulara haýran. Onda diñle, özüm aýdypjyk berýän: Görýärmiñ ho-ol ýekeje ak ýyldyzy? A ş y k : - Elbetde, görýän! M a g ş u k : - Şol meniñ iñ gadym mamamyñ gyzy! A ş y k : - ??? M a g ş u k : Meñ mamamyñ mamasynyñ mamasy... A ş y k : - Bäý-bä! M a g ş u k : -...Dünýä inip, kesilende göbegi, Ilkinji ýyldyzjyk bezäpmiş gögi! A ş y k : - Hawa? M a g ş u k : - Şonda şol mamama oýnasyn diýip, Gurjak ýasap beripdirler eline, Ulalyp, durmuşa çykanda mamam, Gurjagam äkidýär täze öýüne. "Gyzym bolsa, muny şoña bererin!" - Diýip, gurjajygy ýükde ýatyrýar. Soñra gyzy bolýar... Gyzam ulalyp, Öz gyzyna berýär ony ýadygär! Şoñ üçin gurjagym gelýändir öñden... A ş y k : - Wah, lebiñden! Gand-u-şeker lebiñden Ýekeje posa!.. M a g ş u k : - Gökdäki ýyldyzy sanap gör, hany, Mamamyñ gurjagy döräli bäri, Ýyldyzça bolanmyş gyzlañam sany! A ş y k : - Men saña ynanýan, akja ýyldyzym, Ýöne biziñkileñ ogul bor bary! M a g ş u k : - Gyzymyz bolaýsa, erbetmi eýse?.. A ş y k : - Olam bolýa. Ýöne häzir bir posa... Men şu gije awa gidýän ahyry! M a g ş u k : - Onda awdan gelensoñ... Dirijie towşanjyk getirmiñ maña? A ş y k : - Sañamy? Ynansañ, men... men saña Bagş etmäge taýýar külli älemi!!.. M a g ş u k : - Gaýdaly, ezizim... Gurjajygymam, Gör, ýadapdyr. Ýatyraýyn balamy Hem aýdyp bereýin oña mamamyñ Mamalarmyñ mamasynyñ hüwdüsin. A ş y k : - Alaç ýok, nädeýin... Posañ deregne Diñläýerin seniñ mamalañ sesin!.. ▶ HÜWDI E l k y s s a. Her sekundyñ özünde Ýer togalagynda bir müñ sekiz ýüz sany apy-tupan gopýar. Ol harasatlaryñ köpüsi adamzadyñ başyna ir sagat ýedi bilen sekiziñ aralygynda inýär... ("Правда") Daban astyñ ~ mazarystan, Gulpak üstüñ ~ mawy asman, Eý, bäbejik, bolma ahmal, Tupan içre ýele geldiñ! Ýagşylarga salgyl dowa, Ýamanlardan görmeý nowa, Atañ ~ Adam, eneñ ~ Howa, Mübärek, sen ile geldiñ! Şaýyñ tutsañ alys ýola, Mähriñ bergul saga-sola... Dertli görseñ, derdin sora, Dertler bilen bile geldiñ! Gylyç daksañ billeriñe, Pena bolgaý illeriñe, Balam, zemin ýollaryna, Göwün küýsäp dola geldiñ! E l k y s s a. Ynsanyñ başyna müşgillik inse, onuñ dadyna ýetişjek ýene ynsandyr. Şonuñ üçinem adamlaryñ kalby jomart, ýüregi sahy gerek. (Ýaşulularyñ gürrüñinden). J u w a n a d i d e: - Wah gitdiler!.. Düýş deý gaýyp, ýitdiler! G a r a z a t : - Peläketler! Ýagşam bir iş etdiler! Ýyldyz!.. Ýürek!.. Söýgi!.. Posa!.. Sizmi? Siziñ toýuñyzy döndärin ýasa!.. Çala ahmal bolsam, ine boljak iş! Bir ýeri taşlaýsa gylyjyñ ruhy Şol ýerde alyşjak adamlañ sulhy! Mähirmi, söýgümi, posa dörejek, - Çala ahmal bolsam, ine boljak iş! Ýok! Leşgerim, dolan-da, ýene bärik üýş! Perzent! Zürýat!.. Kowum, nesil, nebere!.. Ol gyz çaga küýsäp, ýüwürdýär hyýal. Toý tutup, etjekmiş şowhun, dabara, Söýgiñ ömrün uzaltjakmyş ol aýal! Ýok! Bes etdirip şolañ köpelmegini, Bes etdirip ýere tohum sepmegin, Ýandyryp, kül edip, gurjaklañ baryn, - Öwüs hazan ýelim, Öwüs epgegim!! Ha-ha-ha-ha-ha!!! J u w a n a d i d e : - Üf-f!.. Dünýe ot öwüsýär! Bu ne elhenç ýel?! T o g a l a k z a t : - Eý, bärik gel! Haýpyñ gelsin özüñe, - Bakma diýdim aşyklaryñ ýüzüne, Bu Aç Böri görkezer señ gözüñe! Gör, ahyry, men-ä üşejek bolýan, Sen bolsañ, ot alyp, gowrulyp barýañ! J u w a n a d i d e : - Dogrudanam, ýanýan... ýanýan... Barha ot alýan! T o g a l a k z a t : - Eliñi ber, galmak isleseñ diri, Bahymrak arkañy arkama daýa!.. Hanha, entäp gelýär ýene-de biri, Gaç! Goja gelýär bu taýa!.. G o j a : - Keramatly, Hemaýatly eý gaýa! Kylgyl meniñ nalyşyma pitiwa: Guratdyñ bakjamy, Bagym guratdyñ, - Ýagmyryñ eýlegil ilime rowa! Nem damdyr tamdyr deý gyzan kaklara, Kepmejek gözbaş ber boş bulaklara, Harmanymyz jyda düşüp çäjinden, Neresse çagalar çişdi ajyndan! Keramatly, hemaýatly, eý gaýa, Il-günüm ýollady meni gaşyña, - Ygal eçil, - Baky guluñ bolaýyn, Tä ölinçäm tagzym edip daşyña! Bir dem gözýaşyny kepedip obañ, Rehm eýle-de, ýere demiñ sal, gaýam! Eneleriñ nalyşyny diñdirip, Öwezine şu çal başy al, gaýam! G a r a z a t : - Aşyk-magşuk küje, bu üflis küje... Eý añkasy aşan, aljyran goja, Maña seniñ o çal başyñ ne derkar?! G o j a: Sözle, gaýam, näme gurban bermeli? Men taýýar! Hemmämiz taýýar! G a r a z a t : - Köpüñ geçip, azyñ galanam bolsa, Akylyñ-a sakgalyña degenok!.. Ýagşyja pähim eýle - bu gün iliñe Öñki ýagan ýagmyr neçün ýaganok? G o j a : - Aklym haýran. Men-ä bilip bilemok. G a r a z a t : - Onda şu sözleri gapla sen kellä: Siziñ arañyzda söýgi diýlenje Yşarat ýaýrapdyr soñky mahallar! G o j a : - Eý, Tañrym! Eý, Alla! G a r a z a t : - Ynsan zanny ýugrulandyr ýigrenje, Şondan sababerseñ, gurar nahallar! Zagpyrana dönüp menzilleriñiz, Depäñize çykar doñuzlaryñyz!.. Şoñ üçinem, obañ ýagmyr islese, Zar bolsa ygala güñ düzleriñiz, Seni däl, Ibersin başgany! G o j a : - Kimi? G a r a z a t : - Şol gurjakly zenany. G o j a : - Biziñ gyzlarymyzyñ bary gurjakly?.. G a r a z a t : - Söýgi hakda ertekiler aýdýany! G o j a : - Kimdir ol! G a r a z a t : - Obañyzyñ iñ görmegeý jenany!.. Eçildirmek üçin ýagmyr hudaýyn Diñe şol gerek, Kyl şony taýyn! Geçirseñem mundan müñ bir hatyny, Şol gyzdan özgesi bolar biderek! G o j a : - Aýyt, gaýam, ol jenanyñ adyny, Il-günün beladan gutarmak üçin Geler ol, geler! G a r a z a t : - Sypyryp egninden ähli zadyny, Oña hol harsaña dañmaly bolar! G o j a : - Öljek çagalañ hatyrasyna Geler! G a r a z a t : - Ol suwsuz-çöreksiz oñmaly bolar! G o j a : - Adam kast eýlemez mertebesine, - Oñar! G a r a z a t : - Onuñ kükregini ýolbars parçalap, Penjesini boýar gyzyl ganyna! Onsoñ ony alyp gider... Ha-ha-ha! Göni ýagmyr hudaýynyñ ýanyna! G o j a : - Kimdigin aýan et, aýtma-da yzyn! G a r a z a t : - Kimdigin? Ol-a, mahluk goja, señ söwer gyzyñ!.. G o j a : - Eý, toba! Balamda näme ýazyk bar? Ol naçar bir garyp awça hyrydar... G a r a z a t : - Söýgini ýaradýan hyrydar ýürek, Parçalap kesere bize şol gerek! Bilgil, ykrar bolsa söýgi diýlen zat, Başyñyzdan sowulmaz bu harasat! Söýgi baýnadykça ~ bu apat artar! Artar-da, ýurduñy demine dartar! Gülzaryñ-öwzaryñ kül bolar ylla! G o j a : - Hak-Alla! Hak-Alla!! Hak-Alla!!!.. ▶ ATANYÑ MONOLOGY E l k y s s a. "Türkmen diliniñ sözlüginde" (Aşgabat, 1962) "Donor" diýen söz şeýle düşündirilýär: "ýaralylaryñ hem syrkawlaryñ damaryna goýbermek üçin öz ganyny berýän adam". "Uly Sowet Ensiklopediýasynda" bu täsin sözüñ baryp gadymy latyn dilinde emele gelendigi habar berilýär. Ýüregimi bereý diýsem, almazlar, Garagymy bereý diýsem almazlar, Men haýsy harsaña uraýyn başym, Eý, ýalñyz, dikrarym, eý, göwünhoşum! Neýläýin, kül boldum, men aglaý-aglaý, Göz guwanjym, balam, ah, gara mañlaý!.. ...Süpür gözýaşyñy! Çalyñdan utan! Ýoluña göz diken iliñden utan! Gyzyñ derkar bolsa derdine iliñ, Ogluñ derkar bolsa derdine iliñ, Ýer tutupdye bakyp beslän nahalyñ, - Nämedi armanyñ - şol bagta guwan! Agysyna aglap birek-biregiñ, Özge üçin özün dözmese ynsan, Bir-biriniñ gursagynda goş basan Şatlyk-gaýgysyny syzmasa ynsan, Bir-birinw örüp ömür tanapyn, Muhabbetin şoña düzmese ynsan, Gerek bolsa, öz ömrüni gap bilden Özge ömür üçin üzmese ynsan, Megerem, bir mahal bolardy haýwan! Bolardy haýwan!.. ...Toý tutulyp, kernaý-surnaý saýrasyn, Men gurban berer men eziz zürýadym! - Teşne ýere tylla damja paýrasyn, Dep eder men iliñ dady-perýadyn! J u w a n a d i d e : - Bu ne gudrat sözler! Bu ne geñ goja! Barmydye eşiden, heý, beýle zady? Şamçyrag parlaýar janly ýürekde, - Nämedir bu parlak çyragyñ ady?! Şuglasyndan tylla uçgun bölündi, Kalba düşdi, nurlandyrdy durkumy! Boldum birden bir gez beýgelen ýaly, Täze bir dessanyñ boýlap burkuny! Indi kär eýlemez maña melamat, Sözle, eý Togalak, bu ne keramat?! Eý, Togalak!.. Togalak!.. Ehe-he-heý!.. Seslen-how!!!.. Eýýämhaçan nirä bolduka sumat? Gidipdir... Gaçypdyr gara zaluwat! Geläýmez ol indi bu jelegaýa! Güm boldy! Güm boldy!.. Bäh, seret muña: Gasynlak mañlaýyn gysymlap ýene, Eýýäm goja gaýdyp gelýär bu taýa. Ýanynda-da gyzy, obadaşlary, Saz edip gelýär-le garr-u-ýaşlary?! Gizleneýin... Biraz synlasyn ilki, Soñra menem bular bilen goşulyşyp giderin, belki!.. O b a l y l a r : - Nowgülimiz, Now-gül, Jan-tilimiz Nowgül, Bu nägehan belany, Başymyzdan sow-gul, Başymyzdan sow-gul! G o j a : - Adamlar, ýuwaş!.. Gyzym, çyk bäri! M a g ş u k : - Ine, çykdym, atam! G o j a : - Eý, Nowgülüm, janym, çeşmimiñ nury, Köñlümiñ kuýaşy, ýüregmiñ tary, Sen halas eýleýip iliñi indi, Nowjuwan çagyñda bolmaly gurban! M a g ş u k : - Meniñ üçin kanun atamyñ pendi, Obamyñ sargydy meñ üçin perman! G ö w r e l i a ý a l l a r : - Ýalka, gyzym, dünýä injek perzendi, Uly iliñ derdine bol, gyzym, derman! H e m m e l e r : - Nowgülimiz, Now-gül! Ýürekbagym, Nowgül, Arkadagym, Nowgül, Bu nägehan tozany, Hökmürowan hazany Başymyzdan sow-gul, Başymyzdan sow-gul! G o j a : - Gyzym, biz seni daşa dañmaly... M a g ş u k : - Dañyñ. G o j a : - Dañyñ!.. Puryja-möhleti belli däl, gyzym, Sen bu ýerde nansyz-suwsuz oñmaly, M a g ş u k : - Mert bol, atam, oñaryn. G o j a : - Seniñ gül bedenñi ýolbars parçalap, Penjesini boýamaly ganyña... M a g ş u k : Başa düşenini çekerin, ata. G o j a : - Onsoñ seni alyp gider şol ýolbars Jähenneme... hudaýlaryñ huzurna... M a g ş u k : - Töwellam bar... G o j a : - Aýt, gyzym... Kalbyñda söz busurma. M a g ş u k : - Birje töwellamy kabul et, ata: Janyñy köýdürip, gyýylma öte... G o j a : - Razy bol, jan balam!.. Eýleme pygan! O b a l y l a r : - Hoş gal, Nowgüljan! - Nem eçil, asman! - Eý bela, sowul!! J u w a n a d i d e : - Menem olañ yzlaryndan galmaýyn, Tä ölinçäm, gulluk edip şol goja Bolaýyn ogul! E l k y s s a. Alymlar "posa" sözüniñ dürli dillerde düýbüniñ birdigini tekrarlaýarlar. (Meselem, fransuzça - buze, rusça - поцелуй we ş.m.). Posa bilen polat gylyçlaryñ hem gynyna saldyrylan mahallarynyñ bolandygyny rowaýatlar habar berýär. - Waý, bir özüm galdym... Hemmeler gitdi! Ne beýle tiz garañkyrýar töwerek! Waý, eje jan!.. Atam!.. Waý, çyda, çyda, Ýene-de azajyk gaýrat et, ýürek! Geler ine häzir gelmeli ýolbars, Geler-de dyrnagyn döşümden ötiýr, Bir gara suw inip beýnime şobat, Gözümi awadyp, gaflata batyýr.. Şol mahalam, belkem, asman gümmürdäp, Meýdana gözýaş deý düwmejik damar, - Gapymyzda süllerenje gämikler Bäbekler deý ene topragy emer, Emer-de daýanar, boý alar olar, Hoşalar agralyp, ýere baş eger... Ak tamdyrdan çykan gyzylja köke Çagalañ agzyna bal bolup deger. Gözi ýerne gelip ýetginjekleriñ Ejelerniñ ýüzne hyrydar garar, Kömelekleñ ysyn getirjek şemal Bäbekleriñ maýsa gulpagyn darar... Waý, eje!!.. Çybşyldy eşdildi-le, waý! Hanha bir zat has-has edýär garalyp!.. Ýüregim çatlaýar!.. Waý, demim gysýar, Bokurdagma gara keçe oralyp!.. A ş y k : - Ah, demim demime ýetmejek bolýar!.. Halys boldum. Ýeke pursat duraýyn! Ah, biçäräm, sökdüm sansyz deräni, Seni sorap indi nirä baraýyn?! M a g ş u k : Waý, Tañrym! Waý! Waý! Waý! Wa-aaý... A ş y k : - Nowgülüm! Nirde sen? Sesiñ geldi, Nowgülüm?! M a g ş u k : - Bärde men! Bärde!! A ş y k : - Ah, tüm dünýe ne eýmenç señ gijeleñ, Çar tarapym gyýçak harsañ-la kileñ! M a g ş u k : - Waý-waý! Seret! Çykdy ýene Aý!! A ş y k : Ezizim! Naçarym! Nabadym-balym, Äber, mähribanym, tiziräk eliñ! M a g ş u k : Seniñ aýalaryñ ýyljakdygyny, Tirs-tirs edýär barmaklaññam boguny! A ş y k : - Wah, o hiç-le ýürek ýaryljak bolýar... M a g ş u k : - Gürsüldäp, süññümi lerzana salýa... A ş y k : - Gör-le, ýañagyñdan düwmejik akdy... Hany dur... Sylaýyn ýañagym bilen! M a g ş u k : - Waý, seret, alysda ýyldyrym çakdy! A ş y k : - Çakdy ol señ mähriñ-melegiñ bilen. M a g ş u k : - Gyjygymy getirýäñ eñegiñ bilen... A ş y k : - Kirpigiñden ýene bir düwme bökdi! M a g ş u k : - Ýyldyrymam ýene gaýtalap çakdy! A ş y k : - Wah, indi düşündim, ýyldyrym ýakyp, Näme diýjek bolýanyny Burkudyñ... M a g ş u k : - Näme? A ş y k : - Burkut aýdar: "Ýagmyr bolsa geregñiz, Yşkyñyzy posa bilen berkidiñ!" M a g ş u k : - Müm-m-m-m... Wäk! Ýalançy!.. A ş y k : - Düýn gelmeli öýlänçi Seret ahyr, Şitirdäp, damjalar damyp ugrady, Husut Burkut guýdy ýañja bir käse, Şoñ üçinem ýene... ýene bor posa! M a g ş u k : - Indi boldy... Gör, köpeldi damjalar! A ş y k : - Wah, ýañy bolupdyr ikije käse, - Ýene bir posa! M a g ş u k : - Müm-m-m... Boldy, boldy! Ýagyş indi güýjedi! A ş y k : - Dilberim, Lebleriñ ýañy süýjedi! Ýene üç posa - bolsun bäş käse! M a g ş u k : - Bu ne gudrat ýagyn! Bu ne gudrat sil Obamyzsa toý tutýandyr uly il! Beýle sili görmändim men hiç mahal! A ş y k : - Ýagyş däl bi - lebleriñden damýan bal, Bu silleñ gözbaşy - aşyk ýüregi! M a g ş u k : - Seret, bu towlanyp akýan bulagy! A ş y k : - Akyp, ýakar ýaly ýerleñ baryny, Bagş eýle posañdan ýene birini! M a g ş u k : - Indi boldy. Gidäýeli?.. Ezildik!.. A ş y k : - Ýag ýagyşym! Dünýe bolsun hezillik! Öpüşiñ aşyklar, posa alyşyñ, Siz boluñ häkimi älem-jahanda Bolçulyk döredýän jomart ýagyşyñ! Posa bilen dogsun, ynsan, her günüñ! Didäm üste ornuñ seniñ, - Ýör, gülüm! ▶ TOGALAKZADYÑ MONOLOGY E l k y s s a. Okeaniýa syýahat eden nemes professory Gans Newerman Gwineýa obajygynda özüniñ gören bir wakasyny şeýle gürrüñ berýär: "Makleuga tiresinden bolan Keban atly bir tanşym aýaly bilen sene-meneleşdi-de, ony öldüräýdi. Kebanyñ aýalynyñ eti şol bada oba adamlaryna paýlanyp, lak-luk atyldy..." Newermanyñ bu syýahaty biziñ zamanamyzda, 1933-34-nji ýyllarda bolupdyr. (G.Newerman "Deheweýiñ ogullary" /"Сыни Дехевея"/, Moskwa-1960) Garazat! Nirde sen? - Aç Böri seslen! - ...Guradypdyr ony aşyklañ demi, - Eredipdir ony asmanyñ nemi... Zyýany ýok! Özge obalara tutup ýüzümi, Men aşyklañ ýok ýerini taparyn! Gardaşyña gol gowşuryp, Garazat, Şoñ gara egnine serpaý ýaparyn! Goşawjym dolduryp gara ýigrençden Ýer ýüzüne tohum deýin seperin! Adamlar ýene-de gyrar bir-birin, Çarhlar dişlerini, ýuwduna başlap, Baky şeýle bolar, Aýyt, eýsem, ynsan Nirä gitsin gara garnyny taşlap?! I bölümden soñ II bölümden hem öñ okalyp geçilmeli setirler M i k e l a n ž e l o : Ýalbarýan, gap sesñi, oýatma meni, Zamana gelipdir haramdan joşa, Bu işlere ýanman, gaflata batyp, Öwrülmek isleýäñ doññaradaşa... H a ý ý a m: Içipdir şer işden gerk-gäbe pelek, Paýhas ýete bilmez bu geñ pygyla. Ýöne kalby dörseñ sen sansyz gezek, - Töründe uçrarsyñ taýsyz lagyla! Ş i l l e r : Harçañlaşyk tygy, güm bol dünýeden, Örül, köñül tary, birek-birege, Dost-ýarlyk duýgusy, ynsan sarpasy, Mähir bilen aralaş sen ýürege! ▶ II BÖLÜM E l k y s s a. Gannowerli professor E.Pastel bilen kliwlendli professor M.Mesarewiç kyrk sany alyma baş bolup, üç ýyllap ynsanýetiñ geljegini öwrenipdir. Alymlaryñ gelen netijesi şeýle: dünýämiziñ barýan häzirki ýoly göni betbagtçylyga iterýär. Şu zeýilli çakdanaşa ösüşiñ ugry üýtgedilip, mundan ozalky kada-kanunlaryñ ählisi ýañadan gözden geçiriläýmese, zemin ýumurtga togalaýmaly bolýar. ("Литературная газета") Müsür!.. Gadymy durmuşyñ gadym mekany, Sallançagy duýgym bilen añymyñ! Aýpaltalañ, tir-kemanlañ dükany Hem ilkinji daýhan bilen alymyñ! Zeminiñ ilkinji çilinden çykan Guşgursak bugdaýyñ ilki şinesi, Ýürekdir beýniniñ ezýetni çeken Ilkinji Yşky hem ilki Hilesi! Goýnundan sogrulup äper şäherleñ, Sypyp neýon köçeleriñ destinden, Neçün öwran-öwran, şam-u-säherler, Adamlar ýol salýar seniñ üstüñden?! Asmana okdurlyp, deñize kürsäp, Taşlap, kosmos asyrynyñ bossanyn, Gelýärler, bir pursat demlerin dürsäp, Aýlanmaga meşhur gadymystanyñ?! Atomy eýerläp, lazeri münen, Ýyldyza-da gadam basan bu eýýam Ýa ähli açyşy, ýeñişi bilen "Çakdanaşa ösüş" duýdumy eýýäm? Neçün bu gün ynsan geçmişhanasy Tükeniksiz ýolagçydan dolup dur? Dürli ýurduñ, dürli halkyñ balasy Ähremleñ görküni ýüze sylyp dur? Gelipmidir bu adamlañ köpüsi Küýsäp gadym gullañ şu binasyny? Ýa Gulzum-Suesiñ altyn gapysy Çagyrýarmy olañ aglabasyny?.. ...Akja sahna aýyñ ýagtysy düşýär; Märeke ýygylyp şol ýere üýşýär: - Bu agşam bu ýerde näme bar, jenap? - Ou! Siz bihabarmy? Men size haýran! Häzir ine, çalyp gül ýüzne gülap, Tans etjek bu ýerde bir gara jeýran! Ine-de, märeke añk bolup, bada Unudýar dünýäni, dini hem jynsy: Ähremleñ öñünde, ak Saharada Başlanýar gadymy şo-ol "Garyn tansy!" Ýarym-ýalañ zenan gelýär gül seçip, Gowur ýatýar... Hiç kimden ses çykmaýar. Diñe janly damarlara ýelmeşip, Goşarlarda sansyz sagat şyklaýar... E l k y s s a. Halkara ylalaşygy esasynda 1975-nji ýylyñ 31-nji dekabrynda bütindünýä wagty bilen 00 minut 00 sagatda deslapky wagt takyklanyşygy geçirilip, dünýä sagatlarynyñ dilleri bir sekunt yza süýşürildi. ("Правда") Şyklaýar sagatlar, sagada üläp Asyrmyzyñ her aýyny, her günün, - Adamlar otyrlar beýnide eläp, Adamzadyñ gadym hereket-ümün: Ýarym-ýalañ zenan açýar-da ýüzün, Gollaryn galdyrýar, gujaklap gögi, - Şeýdip añladýar ol asman gümmezin, Asman gümmeziniñ bolmazmyş çägi! ...Sagatlar şyklaýar, minuda üläp Asyrmyzyñ her pasylyn, her ýylyn, - Adamlar otyrlar beýnide eläp, Adamzadyń gadym hereket-ümün: Gümmeziñ astynda ýasap gündizi, - Misli baky ýagtylygyñ uýasy - Nurlanýar zenanyñ görkana ýüzi, - Baky şamçyragmyz - Gögüñ Kuýaşy! ...Sagatlar şyklaýar sekunda üläp Asyrmyzyñ her ädimin, her demin, Adamlar otyrlar beýnide eläp, Adamzadyñ gadym hereket-ümün: Kuýaşyñ astynda - baky juwan Nil, Juwan syna... dartylyp dur ýaý kimin; Kuýaşyñ astynda - bir gysymjyk bil, - Ynsan başy - ene göbekli zemin! Akja gollar gara gijä duwlanyp, Gözler, gaşlar, al ýañaklar nur saçýar, Mämeler titreşip, ak bil towlanyp, Deprekleriñ sesi asmana göçýär!.. E l k y s s a. Hirosimanyñ üstüne atom bombasy taşlanmazynyñ öñ ýany hem-de şol bomba taşlananynyñ yz ýany şäheriñ üstünden uçan Klod Izerli gözi bilen gören eýmenç weýrançylygyndan ýaña ençe ýyllap sañsara dönýär. Ol ajalyny isläp öz wenasyny kesýär. Sud edilmegini talap edýär. Häkimler bolsa ony dälihana ýygnaýar. (N.Mihaýlow, Z.Kosenko "Ýaponlar", M., 1965). Demirgazyk Irlandiýadan tä Filippinlere çenli aralykda partizanlary gyrmak üçin ulanylan ýarag, şol ýaragy çykaran amerikan firmalaryna ep-esli girdeji beripdir. ("Шпигель"). ...Kimseler kürsüde goýup syrtyny, Kimse çykman ýumşak "Mersedesinden", Synlaýar tansçynyñ hereketini Hem gybatyn edýär oñ kesesinden: l- j e n a p : - Men-ä, ser, düşemok bu ekzotika, Ýalañaç gyz Ýewropada kän ahyr! Munça wagty bihal harçlap Afrika Boş oturmak bize uslyp däl ahyr! ll- j e n a p : - Siz mamla... Elbetde... Minnetdar örän... Meniñki çaklañja çörek zawody. II- jenap : - Çörek zawody? Onda näme gyssanýañ? Özelenýäñ öýñe gaýytjak bolup? Geçmän ýatjak gümany ýok çöregiñ! Aýtsam men saña gönimden gelip, Dogrusy, men şony sizden... gabanýan, Siz nanbaýlar diñe özñüzi bilip, Çenden boladýañyz halkyñ höregin, Bar küýüñiz - ýurtda, özge ülkede Çişirmeklik aksiýalañ maýasyn! - j e n a p : - Ýalñyşýañyz... Käte çörek, bulka-da Bolatmasañ tozdurýandyr eýesin! - j e n a p : - "Bolatmasañ!.. " Ah-ah! "Çörek zawody!" Biziñki, bilseñiz, pişek zawody!!! Prezident dynçlyga berse puryja, Çykdygymyz biläýgin biziñem puja! Bu gün ýoñ bolupdyr öñ ýeten ile Pakt, ylalaşyk... uruşlañ ýerne! Soldatlar gitmese Wýetnam, Angola, Garaşaýyn kimleñ agsap gelerne? Parahatlyk bolsa dünýäniñ ýüzi, Meniñ zawodlarmyñ bary bir püçek! Synmasa hiç kimiñ bilegi, dyzy, Meniñ öz goltugma girer ol pişek! D i w a n a : Sowulyñ ýolumdan, diri meýitler! Bes ediñ!.. Irdim men pelsepäñizden! Bes ediñ, bes ediñ, egri hasamy Indermänkäm siziñ dik depäñizden! Mañlaýymy ýaryp hol gara daga, Men häzir uçmaly ýene-de göge!.. - j e n a p : - Bu ne boluş? Bu ne üflis-diwana! D i w a n a : - Meni tanañokmy? Men bir kölege! j e n a p : - Polisiýa!!. Ýol görkeziñ haýwana! D i w a n a : - Rahatlanyñ. Goýberäýmäñ balaga!.. Kölegäni tutup bolmaz. Men gaýýan, Tutjak bolup arrygñyzam gynamañ! - j e n a p : - Serediñ-le! Asyl bize bu haýýar Azm urýar-la... gorky etmän, sylaman? - j e n a p : - Ol gitdi, köşeşiñ... Gitdi gümüne! Gowusy üns beriñ sözmüñ soñuna, - Siz banbaýlar arzan satýañyz nany, Garny dok köpelýär, Ýatlañ Wýetnamy: Doýurmadyk bolsa siziñ çöregñiz Powestkasyn ýyrtan ençe betnamy, Artybam bilerdi maýyplañ sany! - j e n a p : - Elbetde, kä ýurtlar edilip lerzan, Köpüräk lowlasa uruşyñ ody, Çöregem bolmazdy muñ ýaly arzan, Menem firma öwürerdim zawody! - j e n a p : - Siz neneñ görýäñiz tansçy gyzy, Görüñ aýagyny, süñki ýok ýaly, Hut şeýle maýyşgak täze protezi Ýasamaklyk firmamyñam hyýaly! D i w a n a : - Men güm boluñ diýdim bu ýerden! Men irdim! Men ynha, uçmaly ýene! - j e n a p : - Eý, poliseý, näme dursuñ añkaryp, Bu haýwany çetiräge çeksene! D i w a n a : - Seniñ ýanyñdakam janly-jemende Degrip bilmez, tentek, maña barmagyn! Señ özüñem çök düşersiñ öñümde, Gaýdyp beýle samsyk buýruk bermegin! - j e n a p : - Ýelkenñe ýel berip durşuñ-a, haýwan, Şundan göni gabrystana ýüzerli! Ölmeziñden ozal men rugsat berýän: Ha-ha... Sözle, kim sen? D i w a n a : - Men ~ Izerli! I hem II - j e n a p : - Izerli??? - j e n a p : - Bagyşlañ, ser... Bagyşlañ tanamanymy Özümiñ söýgüli gahrymanymy! II - j e n a p : - Özümiñ? Ol nähili özümiñ? Ýok! Ser Izerli ýurdumyñ şöhraty! Ser, bagyşlañ!.. Günäkär gaty... Aljyran gojalañ hatasyn ötüñ! D i w a n a : Men irdim! Güm boluñ! Güm boluñ, ýitiñ! Bes ediñ! Doýdum men pelsepäñizden! Göterliñ bu ýerden egri hasamy Indermänkäm siziñ dik depäñizden! Mañlaýymy urup hol gara daga, Ynha men uçmaly ýene-de göge! E l k y s s a. Ýaraglanşyk üçin ýer togalagynda ýylda 300 milliard dollar harçlanýar. ("ÝUNESKO-nyñ Kurýeri"). Aşgabatly A.Amanow Sowet parahatçylyk fonduna öz gazanjyndan ýylda üç manat iberýär. (Metbugatdan). ...Bäş müñ ýaşan ähremleriñ astynda Joşup dowam edýär ajaýyp oýun, Juwan syna gadymystan üstünde Towlanyp, toýlaýar dirilik toýun! Kimseler düşenip gazet baryny, Kimse çöküp ak raýyşyñ gerşine, Düzüşip otyrlar ýürek taryny Gadymy sungatyñ jady kirşine... E n e : - Oýna, gyzym, seniñ akja gollaryñ Kepderi deý mydam gökde galgasyn! Örtünmeli bolma naçar dullaryñ Ömrüni köýdüren gara çalmasyn! Ý e t g i n j e k : - Oýna, uýam, pyýala dek gözleriñ Dolup dursun mydam güneş nurundan. Üzülmesin gülälekli düzleriñ Läleleri Gara zülpüñ taryndan! Ý i g i t : Oýna läläm, öz ilimiñ gözeli, Garagöz jereni gadymy Niliñ! Waspyn etsin herne şahyr gazaly, Ol çomuç gollaryñ, ol inçe biliñ!.. ...Reaktiwler ýañlandyryp asmany, Hemralar arşda mukamyn çalýar, Turbalar tüsseläp, bogup ynsany, Zeminden Zäherli bulutlar galýar, Nirededir Tokioñ bir ýerinde Stakanlap satylyp dur kislorod, Belfastdamy ýa Liwanyñ çetinde Obajygy ýalap barýar ýanar ot. Genetikler girip ýerzeminine, Täze mergi ýasap otyr mikropdan, Ýúzlerini tutup Käbe iline, Müwezzinlrr azan okýar mährepden!.. Gadymy ähremleñ gaşynda bolsa Urunýar, towlanýar ynsan synasy: "Ýaşamak isleýäs bu giñ dünýäde, Ret bolsun adamzat Hirosimasy!" ...Oýna, zenan, - zemin aby-köwseri, Huzuryña gelen başyny egsin! Ýaldyraýan mämeleriñ her biri Bäbegiñ agzyna bal bolup degsin!!! ▶ EPILOG E l k y s s a. Häzirki wagtda nähoşlap ölýänleriñ 40 %-i ýürek keseline uçran adamlardyr. Eýmenç çykuw (rak) bu babatda ikinji orunda durýar. (W.Nikolaýew "Ýeke-täk planetada", M., 1975). Ýok! Garyn däl indi gamy hemmäniñ! - Ýürek derdi köpelipdir dünýäde, Öñünden artypdyr basyşy ganyñ. Arzuwy - emeli ýürek döretmek Jigeriniñ ýarsy ýanan ynsanyñ! Zeminde başlapdyr Nuh eýýamyndan bäri görülmedik iñ ägirt bir zat: bir-birini gyrýanlygna düşünip, indi nirä barýanlygna düşünip, Ýer Şaryny ýarýanlygna düşünip, Ýüregin tutupdyr bu gün adamzat! Durmuşyñ tagamna goşup asaly, - Güýje bütindünýä ýürek keseli! fewral, 1976. © Annaberdi AGABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |