11:35 Seýliñ mübärek, ildeş! | |
SEÝLIÑ MÜBÄREK, ILDEŞ!
Goşgular
Oguzhan neberesi, Görogly kabylasy. Kaşgarynyñ taýpasy, Magtymguly tiresi... Sen-sen kowmum-şejeräm, Arkadaşym-gardaşym Gör-bak çykdy kaýlardan Seniñ ol gara başyñ!.. Sesiñ geldi Kümmetden, Sesiñ geldi Hyratdan, Aşdyñ ýüz bir döwletden Geçen ýaly syratdan. Sending bu gün Mekana, - Hoş gördüm, sapa gördüm, Ojak atly dükana Zannyñda wepa gördüm, Süññüñde wepa gördüm! Sözle, sözüñ Kerbelañ Ýa Dymşygyñ sazymy, - Pereñde owaz eden Şol Gyratyñ özümi?! Paşmagyñda Istambul, Londonlañ tozy görner, Gözüñde garagumly Oglanlañ özi görner, Ojarlañ közi görner. ...Aýyrmasyn ylahym, Gül meñzin ýapragyndan, Sogurmasyn Allahym Perzendin topragyndan! ...Oguzhan neberesi, Görogly kabylasy Sapar-seýliñ mübärek, - Ilñi ýüzñe sylasy, Ýurduñy alna sylasy, Eheý, türkmen balasy, Türkmen atañ çagasy!.. 1992 ý. Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |