16:14 Täze ýyl hakykaty | |
TÄZE ÝYL HAKYKATY
Goşgular
(kosmonawtlardan) Ýer Günüñ daşyndan tamamlap ýolun Başky ugran nokadyna ýetende, Üç ýüz altmyş sapar, soñam bäş gezek Okunyñ daşynda "aşyr atanda", Geçip ýetişmänkä sähelçe salym (Göz açyp-ýumasy adaja pursat!) Kuýaşa garanyp bakdy-da telim, Demin dürsemäge dilän dek rugsat, Sorady: "Öten ýyl ugramda mundan Känmidi, az ýagyrnymyñ ýarasy? Näçesi bitişdi, gutuldy onuñ, Aýt maña, eý Älemiñ Çyrasy?!" ...Barha lowlap şonda Günüñ göwresi, Gökdäki bulutlar pytraşyp gitdi, Zemine howlugyp tylla şuglasy, Gaýalar lagyl deý öwüşgin atdy. Çogunyñ ýakymy-mähri köpelip, Barha gözelleşip Günüñ jemaly, Her şöhlesi ota-çöpe sapylyp, Ýeri bagyrtlanda enesi ýaly, - Köpeldi Zeminiñ Indiki ýazda Göwsünden dürterip çykjak gämigi, Bolady çölünde, derýa-deñzinde Dogjak keýgi, Işbillejek balygy. Artyp gitdi baglanyşjak nikasy Hem jägildäp dünýä injek nesili, Juwan görke gelip eneleñ alny, Ýazylaýyn diýdi gamly gasyny. Kemeldi-de, köpelmedi guburlar, Niçeme ýigidiñ uzady ýaşy, Ýüzleri ýagtylyp million gelinleñ, Hakykata döndi bal ýaly düýşi... Derýalar çuñaldy, Beýgeldi daglar, Giñedi şäherler, obalar, öýler, Ýyl çalşyk pursaty Zemini baglap. Äleme ýañ saldy bagtyýar toýlar!.." Ýer ýeñil dem aldy, Ýene bir ýüki Taşlan dek boldy-da mawy gerşinden, Beýik hyruç bilen dowam eýledi Täze menzilini Günüñ daşyndan. Buzlar eräp, diýdi: "Bihal ötmedi Müñ Dokuz Ýüz Segsen Ýedinji ýylyñ!" Ýazlar döräp, diýdi: "Ýerim, ýitmedi Jahan dynçlygyna arçalan ýoluñ! - Ýaýlalañ ýylady, Maýlady üstüñ, Kepmedi bulagy Pähim, Ynsabyñ, Alnyñda Bir ýylda ençeme esse Artdy garamaty indi ynsanyñ!.." ....Hawa, ynsan gujagynda Zeminiñ Maýmyndan saýlanyp, Döräli bäri BIR ýarag hemişe dönüpdi IKÄ, Azalman, Artypdy gülledir däri, - Ine-de, taryhda ilkinji sapar Ýaragy kemeltmäñ tapyldy ýoly, Diriligiñ gönezligin partlatman, Eý, ene Zeminim, eý, eziz Mekan, Ýaşyñy uzaltmañ açyldy ýoly!.. Aýlan, Ýerim! Parla, Kuýaş! Dowam et Arzuwlaryñ Wysallara saparyn. Kyýamatdan rüstem geler Dowamat, Gyrmak bormy, heý, Dirilik Sapagyn?! Şonuñ üçin ynam bilen barýarys Bu gün ýyldyzlara tutup ugry biz. Hem gerşi arşda batyryp dere, Bir-birne golaýlan zemindeşlere Iberýäs şu şygry biz! Annaberdi AGABAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1988 ý. | |
|
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |