22:25 Kasas kyýamat galmaz | |
KASAS KYÝAMATA GALMAZ
Ozalbaşda bir zady ala-böle ap-aýratyn edip nygtasym gelýär. 25-nji nоýabrda Aşgabatda görlüp-eşdilmedik gabahat işi guramak bilen В.Şуhmyrаdоw, N.Наnаmоw, Н.Оrazоw, S.Yklуmоw, G.Jumаýеw alahöwren toplumynyň öz matlaby we olaryň hakyna tutan pitneçileriniň öňünde goýan wezipeleri döwletimiziň ýolbaşçysy Saparmyrat Türkmenbaşynyň janyna kast etmekdi. Ýöne döwletimiziň başynyň täji Saparmyrat Türkmenbaşyny sahnadan düşürjek bolup arrygyny gynan ol hyýanatçylar aýdyň bir hakykata göz ýetirenoklar. Türkmenbaşy özüniň durky, aň. Köňül baýlygy, parasatly syýasaty, anyk-anyk maksatnamalary, il-gününi Altyn asyrda, ebedi eşretli durmuşda ýaşatmaklyga bolan belent yhlasy, hyjuwy, mukaddes Ruhnamasy, özüniň nurana keşbi bilen bireýýäm külli milletiň kalbynda müdimilik orun aldy, ol göýä üleş-üleş bolup özüniň eziz iliniň, agzybir ilatynyň ýüreklerine paýlandy. Şeýle Serdary, ýolbaşçyny ýene bir ýurtdan tapaýmak çetin bolsun gerek. Ýene bir pursat. Il-günüň hatda atlaryny-da dile almagy özüne peslik bilýän bu haýynlar “biz - oррozisiýaçylar” diýip döşlerine urýarlar. Aslynda bolsa bu ýerde oppozsiýanyň “o” harpam ýok. Sebäp oppozisiýa diýmegiň esasy şerti – Baş Maksatda, öz ýurdunyň ilatyny eşretli durmuşda ynamly, bagtyýar, ruhubelent, keýpiçag ýaşatmaklda häkimiýet, hökümet bilen bir bolup, bitewi bolup, şol maksada eltýän dürli usullary, ýollary saýlamakdyr. Sebäbi bir maksada barýan ýollaryňam uzagy, gysgasy, gönüsi, aýlawlysy-öwrümlisi, tekizrägi, çarkandaklyragy bolýar. Aýt pikiriňi, ber teklibiňi, ýumrujy däl-de, dörediji, gurujy güýç bol, goý, il-gün saňa-da diňşirgensin, seniň aýdýanyňam sallarlap görsün. Ýöne aýdýan-a, şeýle akylly-başly, özüni ykrar edip bilýän oppozisiýa diňe Baş Maksat, ahyrky beýik niýet bir bolanynda, umumy bolanynda döräp, ýaşap bilýär. Indi meni ýatsam-tursam, bir zat haýran galdyrýar. Ýeterlik derejede ylymly-bilimli, ýokary döwlet wezipelerinde işlän bu hyýаnаtçy haýynlar şu agzalan açykdan-aýdyň, ýönekeý iki hakykata – Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň, ýolunyň türkmen milleti üçin ebediligine, şeýle hem, hernäçe орроzisiýа tarapdary bolsaňam, seniň baş maksadyň öz döwletiň, häkimiýetiň baş maksady bir bitewi bolmalydygyna düşünmeýän bolsalar ýa-da oňa bilkastdan göz ýumýan bolsalar, onda bu ýerde örän güýçli, örän diýenetdiriji sebäp bolmaly. Ol sebäbem il-halk indi gowy bilýär. Ilat muny Prezidentimiziň, hukuk gotaýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hut öz dilinden eşitdi. Näletkerde atalardan dogan bu zannyýaman pitneçiler halk emlägine hyýanat edip gelen gara nebisleriniň ýesirleri. Bularyň haýsy biriniň ýakasyndan tutsaň-da, bitin ýerini, meniňki bolsun diýer ýaly eden işini tapmarsyň. Surat 1: Bоris Şуhmуrаdоw Воris Şуhmуradоw, 1949-njy ýylda doglan, žurnalistika ugurdan okuwy gutaryp, ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap Päkistanda we Hindistanda КGВ-niň içаlysy bolan. Içalyçylyk käri – dürli hyşy-wyşylary, ýalan-ýaşryk zatlar ýazylan hatlary ýaýratmak, adamlaryň arasynda harçaňlaşyk guramak. 1992-nji ýyldan 2001-nji ýylyň güýzüne çenli Türkmenistanda dürli ýokary wezipelerde, Hytaýda ilçi bolup işlän. Bu döwürde onuň baş aladasy döwletden pul-mal ogurlamak, ülpetlerini, ilen-çalanlaryny, dogan-garyndaşlaryny wezipeli işlere ýerleşdirmek, dürli toparlanyşyklary döredip, arapozarlyk etmek bolupdyr. Ýigrimi bäş million iki ýüz ýetmiş müň amerikan dollaryna satan uçarlaryndan, iki million bäş ýüz müň dollara satylan dokuz müň awtomatdyr onuň oklaryndan, müňlerçe dollarlara ýerlenen top oklarydyr minalardan daşgary onuň sport, diplomatiýa ulgamlarynda eden pul pyssy-pyjurlyklary-da sanardan kän. Ol kakasynyň zannyýamanlygynyň, ganojaklygynyň hakyky mirasgäri. Onuň kakasy Оrаz Şуhmуrаdоw 1930-1939-njy ýyllar arasynda başda NKWD-niň şugulçуsy, soňra işgäri bolup, şol ýyllardaky we ellinji ýyllaryň başyndaky tutha-tutluklara, basha-baslyklara, atha-atlyklara gönüden-göni gatnaşan. Onuň NKWD-däki resmi käriniň “okаtyjy” (“adаm atyjy”, jеllat), ýagny, tutulýan bendeleriň ganyna galyjy, janalyjy bolandygyny Saparmyrat Türkmenbaşy teleýaýlymda gürrüň bereninde, meniň uzak Роlşada gitlеrçileriň Оswensim atly konsentrasion zyndanynyň äguirt muzeýinde eşiden sözlerim ýadyma düşdi. Ýolbeledimiz bizi şol eýmenç zyndana aýlap ýörşüne: “Ine, şu ýerde nebdileriň geýimlerini çykardyp, bir ýere üýşürdýän ekenler-de, “indi hol gapa giriň-de, suwa düşüp tämizleniň, soýkalaryňyzy soň beýleki gapydan alarsyňyz” diýýän ekenler. Ol bedibagtlaram girdikleri gapyny gulplap, depelerinden “B” siklony” diýen ajal gazyny goýberýän ekenler”. “Оkatyjy” Оrаz Şуhmуradow adam janyny almaga şol jellatlardan-da döwtalap bolan ýaly. Ol hem idilip getirilen bendä: “Hany, çykarynyň-da, şu gapa girip, egniňe bir suw al, tämizlen” diýer eken. Gapy ýapylmanka-da ýaňky pahyry öz eli bilen göni ýeňsesinden atar eken. Оrаz Şуhmуrаdowyň dagda-derelerde-de ençeem adam atyp, ganyna galan, mukaddes kitaplary, şol sanda Gurhаny oda atyp ýakan elleriniň titrewükligi ýadymda, görüpdim soň-soňlaram, ömrüniň ahyryna deňiç aýrylmandy. Garaşsyzlygymyza, Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soň, megerem, bütüki ganhorlaryň, näletkerdeleriň diňe eli däl, tutuş süňňi-de titräp gezdi. Onuň ömrüniň ahyrky günlerinde bogazyndan zat geçmändigi ýöne ýere däldir. Bu atanyň oglunyň bolsa bogazyndan şunça haram geçiren süňňi Çуnmaçynda titredi. Ol bu ýerde ýurdumyzyň ilçisi bolup işläp ýörkä özüniň ähli pyssy-pyjurlyklarynyň üstüniň “hä” diýmän açyljakdygyna gözi ýetip, Watany terk edip, assa gaçan namart edip, ýat illere ökje göterdi. Surat 2: Nurmuhаmmеt Наnаmоw Nurmuhаmmеt Наnаmow diýilýän hem şol tetelli päliazan bir atanyň dogmasy. Onuň kakasy Çаrу Наnаmyň kimdigini bu ketdäniň ozalky orunbasary uly ýygnaklaryň birinde telewizorda aýtdy. Bu adamyň Moskwa baranynda ilki özüniň 2-3 otagly myhmanhana jaýyny eýeläp, soňra bolsa hasapçysynyň abyrsyz ýüki alyp gelşi, ol ýüküň bölek-bölek edilip, paýtagtyň ketdelerine, olaryň aýallaryna sowgat edilip eltilişi, muzduna iň täze oba hojalyk tehnikasynyň Ç.Наnаmowyň sowhozynda synag edilip, zähmet üstünliklerini gazanylyşyndan meniňem habarym bar. Onuň ikiýüzli “adamkärçiliginden” men bihabar däl. Altmyşynjy ýyllaryň başyna men ýaş žurnalist hökmünde Tejeniň tarp ýerlerinde gurlan täze sowhoza ýaşlaryň zähmet gahrymançylyklaryny ýazyp görkezmek üçin döredijilik saparyna bardym. Ol wagtlar şol jelegaýlarda abat ýolam, ulagam ýokdy. Günem depämi jazyrdadyp, ýandyryp gelýärdi. Zordan sowhoza ýetdim, zordan başlygy tapdym. Ol kiçiräk bir, otagyň äpişgelerini garaňkyradyp, üsti nazy-nygmatdan doly ägirt tegelek stoluň başynda bir özi günortanlyk edinip oturan eken. Ýörite bir aýalam oňa hyzmat edýär. Başlyk “geç-goý” diýmänsoň, men habarymy dik aýak üstünde aýtmaly boldum. Çаry Наnam iýip oturan tagamyndan zordan başyny galdyryp, gözüni alartdy-da, bir agyz: “Ýazjak bolsaň, bar, partorgymy tap, şol gürrüň berer” diýip, ýene damagy bilen boldy. Meniň şolbada ýeňse damarym tutup, “sowhozyňam gursun, beýlekiňem!” edip, “Niredesiň Aşgabat” diýäge-de göni gaýtdym yzyma. Aç-suwsuz, tozanly ýoldan, halys surnugyp, pyýadalap barýardym. Birdenem öňümden “Wolga” maşyn çykyp, dünýäni ala-tozan edip, deňimden geçip saklandy. Içinden şahyr Gаra Sеýitliýеw çykdy. “Ýer-ow, ýaş şahyr, nirä barýaň, hany mün maşyna!” diýip, meniň hyk-pykyma garaman ýene yzyma alyp gidip, ýaňky başlygyň gapysynda saklandy. Gаra Seýitlini gören Çаry Наnаm iki ýana zowzullaberdi. Gapysyny açyp, bizi haly düşekli, per ýassykly içki jaýa geçirdi, göz açyp-ýumasy salymda hälki aýala şa desterhanyny ýazdyrtdy. Meni hem hamana ozal görmedik-de, indi ýitirip-tapan ýaly hormatlady. Men bu adamynyň şol alarylyp bakan gözlerine ýene bir toýda uçradym. Toýçy bary üýşen kiçiräk otagda bir äpet adam gyşaryp ýatan ýerinden aldygyna elektrodutar çalyp, töwerekdäkileri äsgermän, jaýy göçürip, halys ýürege düşdi. Menem ahyrsoňy gyzmaçlygymy edip, oňa “Senem indi, ýaşuly, goýaýsana şonyňy” diýdim. Ana şonda ol maňa ýene alarlyp bakdy. Soň maňa: “Eý, samsyk, ol Çаry Наnаm ahyry” diýdiler. Hawa, ine şu adamyň dogmasy ozal maddy-tehniki üpjünçilik boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň başlygy bolup işlän döwründe 1993-nji ýylda Orsyýete ýurdumyzyň emlägini, ýagny, on üç million 347 müň 217 amerikan dollarlyk nebit önümlerini satdym edip, onuň 8 million 480 müň 623-sini jübä urýar, ýene şol önümden Owganystana satyp müňläp dollar (60 müň) şeýtel alýar. Türkiýede ilçi bolup işlän döwründe 1996-njy ýylda kyrk bäş müňden gowrak dollar hökümet puluny ýuwudýar. Bir gezeginde elli gram, ýene birinde bäş ýüz gram tuirýеgi serhetden geçirip, çekmek üçin Ankara äkidýär. Surat 3: Sараr Yklуmоw Näletkerdeler S.Yklуmоwyň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary bolup işläninde halys para almaklyga ýatyp, gaýry pyssy-pyjurlyklar edip, Aşgabatda gyzyl kerpiçden bir tarapy 46, beýle tarapam 26 kondisionerli köşk saldyranlygynam, Н.Оrаzоwуň Merkezi bankyň başlygy bolup işläninde haram pul baryny kisä urup, öz oýnaşynyň jaýyny 20 müň amerikan dollaryny töläp, abatlaşdyrandygynam, G.Jumаýеwiň diňe dermanhanalaryň 39-yna eýelik edip, olarda gaýry önümler bilen bir hatarda ynsanperwerlik kömegi diýip berilýän dermanlaram satandygyny halk bilýär. Surat 4: S.Yklуmоwуň Oba hojalyk ministriniñ orunbasary bolup işlän döwründe gurdurаn Aşgabat şäheriniň häzirki Gurbansоltan eje şaýolunyň ugrundaky jaýy Olaryň özlerem janlarynyň suw üstündedigine indi gowy düşünýärler. Onsoň bu haramzadalar çeňňege ilmänkäler ýa ileninden, Н.Оrаzоwyňky ýaly kimisi ýaranlarynyň üsti bilen Özbegistana gidýän otla atlanyp, kimisi uçarlara münüp, dyr-pytrak bolup, neneň Ýurdy terk etmesinler, dönükligiň ýoluna düşmesinler, “Biz орроzisiýаçylardуrуs” diýip, öz ata Watanynyň üstüne jöwjemesinler! Surat 5: Нudаýbеrdi Оrаzow Ýöne halk “Kasas kyýamata galmaz”, “Eli bilen eden egni bilen çeker” diýip hak aýdýar. Bizem bu wenezzyna dönükleriň, tüýkesme ogrularyň, rehimsiz jellatlaryň berkden-berk jezalarynyň beriljekdigine birjik-de şübhelenemzok. Annaberdi AGABAÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. “Türkmenistan” gazeti, 06.12.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |