07:52 Ezizowyñ emri bilen -8: Salamdan soñky sözüm budurki... | |
SALAMDAN SOŇKY SÖZÜM BUDURKI...
Edebi makalalar
Gurbannazaryň hatlary... Şahyryň gazet-žurnallarda işlän ýyllary, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň edebi, konsultanty bolan ýyllary onuň goly bilen respublikamyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýaş-u-ýaş däl şahyrlara, awtorlara iberilen namalaryň, meniň pikirimçe, sany-sajagy bolmaly däl. Olaryň köpüsiniň, elbetde, «iki agyz redaksion jogap» bolmagy-da mümkin. Ýöne şol kelteje namalardan-da, köplenç halatda «Gurbannazar görnüp dur», onuň gynanjy-begenji ýa awtor hakyndaky aladasy, degerli maslahatlary açyk aýdyň okalýar... häsiýeti, edim-gylymy aňşyrylýar. Olardan ýekejesini mysal getireýin. Ine, Gurbannazaryň baryp-ha 1973-nji ýylda o mahallar eýýäm mazaly adygan ýaş şahyr Sary Durdyýewe (käri wraç) ýazan gysgajyk jogap haty. «Salam, Sary! Hatyňy aldym. Seniň igençleriň hemmesi esasly bolansoň, men-ä, dogrusy, näme diýjegimem bilemok. Seminaryň öň ýüzünde (gürrüň ýaş ýazyjylaryň respublikan seminary barada – A.A.) seniň ýygyndyňy şo durşuna maslahata goýmak pikiri döredi. Emma men oňa garşy çykdym. Sebäbi şeýle maslahatyň indiden soň saňa näme berip biljegini bilemok. Şeý diýbem Ata Abdyrahmanowa* aýtdym. Şol seminardan soňam iki aýlyk rugsada çykyp, ýaňy-ýakynda işe başladym. Saňa elimden gelen kömegimi berjekdigime ynanýanyň üçin, indiki maslahat şeýle: häzir poemalaň meniň öňümde ýatyr... Men olary 5-10 günde okap bolaryn. Ýene sen şu haty alan badyňa maňa jogap ýaz. Eger seni Marydan öz maslahatyňa çagyrmaly bolsa, siziň edaraňyzda kimiň adyna hat ýazmaly? Häzirlikçe şular. Galanyny soň ýazaryn, Häzirlikçe hoş, sag bol. Gurbannazar. II.X.73ý.»[i] Şeýle hatlary şol döwürdäki ýaş şahyrlar az almandy. Ýöne, gynansak-da, öz wagtynda men olara gazet üsti bilen haýyş edip, ýüz tutan hem bolsam, ol golýazmalary häli-häzire çenli gola salyp bilemok. Şahyryň hatlarynda onuň «janly sesi», «diri şekili» bar. Olar edebiýat ylmy üçin, munuň bilen geljekde gyzyklanjak adamlar üçin bahasyna ýetip bolmajak material! (Şuňa dogry düşünýän Sary Durdyýew meniň konsultant döwrümde Ýazyjylar soýuzyna hatlaryň ikisini öz eli bilen iberdi, bizem şu ýerde oňa öz minnetdarlygymyzy bildirýäris). Şahyr G.Ezizowdan öz öýünde golýazma ýadygärlik galmagyny isleýänler, elbetde, azlyk edenok. Belkem-de, şol hatlar Ýazyjylar soýuzyna indi iberiler – olary, hemmeler okap, görüp biler ýaly, Döwlet arhiwine tabşyryljakdygy düşnükli zad-a! ...Hawa, Gurbannazar «has uzyn hatlary» Özbegistana goşun gullugyna gideninde ýazyp ugrady. Azyz aga ogluna, gowy görüp, mahal-mahal «Kürenim», «Kürräm» diýer eken. Gurbannazaram keýpi tutanynda, Goşundan maňa ýazýan hatlarynyň käbirine «Kur de Ban Aziz» diýen bolup, fransuzçalap, gol çekerdi. Görüp otursaň, şu-da bir detal-da... Biz şu ýerde, esasan, şahyryň goşun sapyndan ýazan hatlaryny, hatlaryndan parçalary ýerleşdirdik. ■ Gurbannazar EZIZOW – Annaly BERDIÝEWE. [i]SALAM, ANNALY! Şu gün saňa hat ýazmaga wagt tapdym. «Edebiýat we sungat» (çylara) bir topar salam iberýän. Özüň çotuňy kak-da, deň ýetirjek bol. Gullugymyň iki aýa golaý wagty geçdi. Ilkibada her günüm rezin ýaly süýnýärdi welin, indi birneme öwrenişip ugradym, gözýetim birazajyk giňedi (polkuň haýatyndan birazajyk aňry süýşdi)... Şeýdibem ýedi aý okamaly. Soň bizi liniýalar... boýunça dargadýarlar. Edil häzir gullugyň mende galdyran täsirleri juda bulaşyk. Aşgabatda wagt biderek ýere sowrulan bolsa, bu ýerde ony kowalap tutup bolanok. «Şahsy wagt» diýip, naharyň öň ýüzünde boşadýarlar, olam ýaka tikmäge, ädik süpürmäge, sakgalyň ösen bolsa, sakgal syrmaga gidýär. Käwagt dürli ýollar bilen birazajyk wagt utmaga mümkinçilik bolýar. Ep-esli goşgy ýazdym. Üç-dört günlükde olaryň bäşisini Kerime iberipdim. Senden haýyş etjek zadym: goşgularyň göni özüňe gönükdirilmäni üçin kine etjek bolma. Kerim ol goşgular barada gysgajyk giriş sözi ýazmakçy. Annaly, eger aňrujy ýagdaýy bolsa, şolary çaltrak çykarjak bolaweri. Köp wagtdan bäri «Sungatda» gara beremok. Gullukdakaň goşgy çyksa, üýtgeşik bolar eken. Arada «Otuzynjy ýyllaryň...» rusçasy geldi. Gaty begendim. «Edebiýat we sungatyň» sanlary gelip durýar. Annaly, martda türkmen ýazyjylarynyň gurultaýy boljak diýip eşitdim weli, şonuň jany barmy? Eger şeýle bolsa, onda nähili meselelere garaljak? Birküç günlükde Berdinazardan hat aldym Moskwada türkmen ongünlügi geçjekmiş. Görýän weli, yzda täzelik kän ýaly. – Bary meni gyjyndyrýar. Annaly, şunlukda hatymy gutarýan. Elimiň degdiginden ýazyp duraryn. Senden bir haýyş: «Sungatda» bolup durýan täzelikler barada habar berip dur. Iň soňky öýjügine çenli size wepaly G.Eziz. 21.2.1965ý. – Annaly, eger goşgulary çykarsaňyz, gazetiň bir ekzemplýaryny bärik ýollaweri. SALАM, ANNАLY! Hуýalym öňki hаtyñ уzy bilеn sаňa ýеne bir zatlаr çуrşamakdy. Uzаk wаgtlap wоždeniýede (hаrby gulluk bilеn bаglanyşykly işdе – А.A.) bolаnymyz sеbäpli sаňa ýаzyp bilmеdim. Diňе şu gün ýazmаga mümkinçilik taрdym. Mеn ýagdаýym bаrada sаmrap, sеniň еdebiýat wе sungаt bilеn dyňzаp durаn bеýniňe hüjüm еtmäýin. Тank bilеn gуzyklanýan bоlsaň, оl hаkda barаnymdan sоň iňňän düşnüksiz (gоşgularymdanam beter) wе tukat lеksiýa okаp berеrin. Häzir gürrüň edеbiýat bаrada gidеr. Öňki ibеren gоşgularymyň nähili täsir еdendigini bilеmok. Нer hаlda, nämе üçindigini bilеmok, A.Atajаnyň (A.Atаjanowyň – A.A.) tаnkydyndan sоň, оlaryň çуkmagyna sabуrsyzlyk bilеn gаraşýan. Häzir pоema ýаzyp ýörün. Şu wаgtky рlan bоýunça оl ulу bоlmaly. Нäzir müňе gоlaý sеtir ýаzdym. Tеmasy ýаşlyk, оnuň döwrе, gеçmişe, Lеnine wе umumаn öz borjuňа, durmuşdаky оrnuna gаtnaşygy... Нäzirki ýazаn bölümlеrimiň öň gutаrnykly diýiр hasаp edеnlerimi siziň gаzetiňize hödür etmеkçi. Dоlulygyna, Кerim bilеn gürlеşdim, žurnаlda çуkýar. Annаly, egеr mümkin bоlsa, tеlefon jyňňуrdylarynyň, pоlosalaryň, kоrrekturalaryň wе sеniň käriňе mаhsus aladаlaryň arаsyndan syрynyp, bölеkleri оkap gör. Egеr göwnüňе mаkul bilsеň wе оny çаp etmеgi mümkin diýiр tаpsaň, edеbiýatdan özüni dаşda duýýаn mеrhemetli ýаş şahуrsumagyňyzyň deрesi gögе ýеter. Ähli edеbiýat wе sungatçуlara mеniň tаnkist salаmym. Gurbаnnazar. 18.VI.65 ý. SALAM, ANNALY! Adatda hatlar: «Seniň hatyňy okadym we jogap ýazmaga oturdym» diýip başlanýar. Men bu jümläniň birinji ýarymyny köki-damary bilen aýyrmaly bolýan. Görýän weli, «Edebiýat we sungat» aljyradýar öýdýän. Bähbit bolsun. Ýadymdan çykmanka aýdaýyn: eger ýakyn günleriň birinde kelläňe maňa hat ýazmaly diýen ajaýyp, bahasyna ýetip bolmajak pikir gelse, özüňi gurşap alan ýazmak hyjuwyňa birneme howlukma diý. Şu aýyň 7-sinden soň, meniň adresimiň üýtgemegi mümkin. Okuwlary gutaranymyzdan, soň, liniýalara iberjek ýalylar. Poemany beýle tiz çykararsyňyz öýdüp kelläme-de gelenok. Düýn gazeti alyp, haýran galdym. Taňryýalkasyn. Annaly, çala igenmek isleýän: «E.S» üçin gelşiksiz bir zat – harp ýalňyşyny köp goýberýärsiňiz. Käýerde bir harpyň üýtgedilmegi sözüň garşylykly manysyny aňladýar. Mende: «Horlanan hem şemal ýalan ýüzümi...» Sizde: «Horlan Man...», «Okean» bölüminde bir setiri goýubam gidipsiňiz. Şu zatlara üns berjek boluň... T.Draýzeriň «Finansisti» mana juda ýarady. Ony okap, mende şeýle pikir döredi: eger aňrujy mümkin bolsa, meniň zähmetimiň hakjagazyny öýe iberiň. Ýa-da Annaberdi alar ýaly et. Umuman, özüň ugruny tap-da, şu taýa gelmez ýaly et. Bu ýerde birinjiden-ä, maňa puluň geregi ýok, ikinjidenem, gerek bolaýanda-da, perewodyň maňa gelip ýetjegi gümana. Şu haýyşymy ýerine ýetir. Poemanyň bölekleri hakda adamlaryň pikiri nähili? Şu meseläni näbelli eýýamlarda, geljek zamanlarda ýazjak hatyňda şöhlelendir. A indi –häzirki zamanda, hoş! Dialog: G.N. – Hatymy gutaraýsam nädýä? Annaly – Şeýtsene, ýogsa, ýürege-de düşdüň. 6/7-65 ANNALY, SALAM! Hatyňa bir gün gijä galyp jogap berýän. Agşam ýazmak hyýalym bardy, onda-da «çepe» sowlup ÇP-ä uçradym. Netijede-de – kuhnýa. Han aga, kuhnýaň ähli çemçesi, çanagy ýatdan bilinýändir (ine bu çanagy çepe aýlap ýuwmaly, a muny – saga, ol garany ýuwman geçirsegem, hiç kim bilmez). ...Poema çykanyndan soň Kerimden hat aldym. Ol poemany howlukman, çaltlyk bilen awgustyň 15-ne ýetişdir diýýär. Hudaý saklasyn! Men Balzak bolaýanymda-da, bu möhlete ýetişdirip biljek gümanym ýok. Şindi onuň ýaňy ýary bolupdy. Häzirem ondan sowaşdym. Hiç ýazyp bilemok. Günde bir synanýan, emma bir setirem bolanok. Ýa halys ýadalypdyr, ýa-da öýe gitmek möhletiniň ýakynlap gelmegi täsir edýär. Annaly, eger öňki iberen 4 sany goşgymy (men olary poemadan öň iberipdim) çykarmak hyýalyňyzda bar bolsa, şeýle: örän haýyş edýän – «Üýtgeşiklik ýok» hemem Lermontow hakdaky goşgyny ýyrtyp-ýyrtyp, owram-owram edip ýak we külüni çarhy-pelegiň öwrümine goşulmaz ýaly bir ýerde gizle. Olar maňa juda ýaranok we nähili pikir bilen size iberenime düşünip bilemok. Olaryň deregine iki sany opus (latynça «eser» sözüni aňladýan «opusy» döredijilik adamlary kämahal «hokga», «nysak» manysynda-da ulanýarlar – A.A.) iberýän. Okap gör, eger göwnüňe ýarasa, galan-gaçanlar bilen goşup, ýeri we wagty gelende, çykaryp goýber. Eger ýaramasa, nätmeliliginiň ýoluny ýokarda salgy berendirin. (Azajyk dur, men galamymyň ujuny çykaraýyn)... Şu hata iki goşgyny salyp iberýän. «Edebiýat we sungata» we ony ruhlandyryjylara ýalkymly salam. Iň soňky demine çenli siziň sakçyňyz, Gurbannazar. Hatyňa garaşýandygymy ýadyňdan çykarsaň, geçilmejek günä etdigiň bolýar. Dialog: G.N. – Annaly, indi gutaraýsam nädýä? Annaly – Şeýtsene, ýogsa halys ýüregime-de düşdüň. Men howlukmaçlyk bilen hatymy gutarýan. 2.VIII.65 ý. Annaly, bagyşla, edil şu wagt oglanlar dowul ýaýradyp otyrlar, jaňy bar bolsa-da ahmal: aýyň 5-i töwerekleri bizi lineýka iberjekler ýaly. Diýmek, sen ýene maňa hat ýazmak bagtyňdan mahrum bolmaly boljak. Men saňa ýazyp duraryn. ■ Gurbannazar EZIZOW – Annaberdi AGABAÝEWE «Eger komandirowkadan gelen bolsaň, Annaberdi, salam! Şeýlelik bilen, alty aýlyk hindi ýagyşynyň möwsüminiň gelşi ýaly, ýene-de hatlar sezony (möwsümi – A.A.) başlandy. Hatymy – haýran galmaly zat – ikimiziň arkaýyn oturypmy, ýatypmy, turupmy, hudaý bilsin nädip, garaz, derdinişmäge mümkinçilik tapmanymyzdan başlasym gelýär, Berdinazarlarda2 «bir hili» boldy. Nurularda3 ondanam beter «birhili» boldy. Gepiň gerdişinde: Nury hakynda galan täsir – men entek janly genini göremok we onuň kompaniýada özüni genilerçe alyp barşy bilen hem tanyş däl. Her halda, mende Nury geniniň roluny oýnajak bolýar diýen duýgy oýandy. Hudaý bilsin – Marsdan düşenmi, Aýdan düşenmi, garaz – ne zemnoý (bu zeminiň adamy däl – A.A.). Men, mysal üçin, Amanjyk (Agajyk4) bilen özümi erkin, daňydan boşan ýaly duýup bilýärin. No s nim nikak ne smog slitsýa woýedino. Poçemu? Po-moýemu, on wo wsem – slyşit tolko swoýu muzyku5. Hut şu ýagdaý hem meni skowywat etdi (guruşdyrdy – A.A.). Bu meniň ilkinji bulaşyk tanyşlykdan soň Nury hakyňdaky pikirim we onuň hakykat bilen hiç hili baglanyşygynyň bolmazlygy mümkin.6 Ýöne gep munda däl, gep ikimiziň, Halylyň7 başymyz jem bolup derdinişip bilmänligimizde. Mende soňky wagtlarda gaty ýakymly ynam döräpdi. Men oňa sizden aýrylanymdan soň düşünip galdym: gazetler «üçlük hakynda»8 bir topar gürrüň etdiler. Meni gürrüň gyzyklandyranokdy, şol üçlügiň biri-biri bilen ekstaza goşulyp (hyjuwa girip – A.A.) bilýänligi begendirýär. Biz ähli ýagdaýlarda bir-birimiziň dilimizi tapýardyk ahyry! A biziň jedellerimiz hakda eýýäm edebiýat dünýäsinde anekdotlar döräp başlapdy. Häzir seredip otursam, şol gyzgyn jedelleriň her birinden soň biz biri-birimize has ýakynlaşýas ekenik. Eger ikimizem H.Kakaýewiç1 ýaly öýli-işikli, telefonly, holodilnikli, diwanly bolan bolsak, gör, nähili «rodstwo duş» («ruhy garyndaşlyk», ýakynlyk – A.A.) dörärdi!2 Aşgabatdan ugranymda, siz bilen şu zatlar hakynda derdinşimek arzuwyndadym. Munuň juda sentimental bolmaty-da mümkin. Ýöne dostluk idilliýasynda näme üçin sentimentalizm bolmaly dälmiş!.. Ü («ü» harpynyň uly görnüşini ýazyp bilemok) üç goşgy ýazdym. Gelenim bäri jemi – 8 goşgy. We bir zada akyl ýetirdim: juda «öz-özüme» gidýän. Öňem goşgularymyň düşnüksizligi hakdaky primitiw tokmakdan ýeňsäm mozol (ýara, ýagyr – A.A.) weli, indi hasam beter. Birküç günlükde «Ynam» atly goşgy ýazdym. Hyýalym: biziň Staline, Hruşewa we ýene-ýene şular ýalylara bolan ynamymyzyň çüýräp barşy hakda pikir agzamak boldy. Goşgyny bir okasam, oňat ýaly, aýdylýan zat az, aýdyljak bolunýan zat kän. A başga bir gezek okasam, özümem düşünemok. Gepiň tümmek ýeri, ine şol goşgy: YNAM Öňde-soňda kellä geljek zatmydy?! Daşyňdan görenler muňa ynanmaz. Wagt kerwen kimin yranyp barýar. Ýykylýar, ýumrulýar, synýar ynamlar. Ýykylýar, ýumrulýar ýadygärlikler Olar daşlygyna öwürilýärler. Diwarlardan portretler syrylýar Hem ýeliň ugruna sowurylýarlar. Halk bolsa ýene-de gurýar, döredýär, Onuň bar niýeti, islegi päkdir. Olar ynanýarlar beýik geljege, Ine şu ynama synmaklyk ýokdur. Ýene ýyllar geçýär. Agarýar saçlar. Küle dönüp barýar çeken çilimmiz. Ellerniň hünärniň synanlygyna Çalaja aglaýar heýkelçilemmiz. Öz (ýa-da özüniziň) pikiriňi(zi) ýaz(yň)! Ýene baryp gaýtmak hakda iş kylýan.1 Nähili boljagyny bilemok. Eger bir ýyllyk Ukaz maňa degişli bolaýsa, ne ýagşy!2 Ýene 5 aý galýar. Häzir men wnenobatdaky (binobat, nobatdan daşary – A.A.) narýada durun. Komandirimize gaharym ge-gelip, . . . . . . . dygyny aýtdym. Gulluk birneme gowşady. Okuw diýäýmeseň, galan wagtlary boş we men ol wagty şeýle uzyn, bulaşyk hatlar ýazyp öldürýän. Annaberdi, meni saňa iberen «Oýlanmalam» gyzyklandyrýar. Seniň ony gazetiňde çykarmajagyň çynyňmy? Eger şeýle bolsa, juda agyr işdigine garamazdan, edebiýatyň hatyrasy üçin, onuň geçmişi we geljegi üçin «Ed. we sun.» («Edebiýat we sungat» gazetiniň, – A.A.) öýmüze taşlap bilmezmiň? Eger oňa barmany kyn görýän bolsaň, men onuň ýoluny salgy bereýin. Sen haýal etme-de, bir toplum goşgy ýaz we şolar bilen bile eltäý. Ýöne sizde çyksa, oňat boljakdy.3 Özüň nähili? Näme täzelik? Kerim bilen oňuşyp gezip bilýämiň?4 Berdinazary görýärmiň?, ol näme işleýär? Ýogsa-da, indi mende goşgularmy podstroçno (setirme-setir – A.A.) terjime etmäge wagt bar. Sen adres bereýin diýýärdiň. Eger şeýle bolsa, birinjiden-ä, maňa adres ber, ikinjidenem, şol ýere özüň ilki bir duýduryş hatyny ýaz. Ýagşymy? Onda hatymy soňlaýan. Don Sezar Kur do Ban wikont Nazar Azizskiý». ANNABERDI, SALAM!5 «...Bir azajyk gulluk barada... Kyn. Juda kyn. Wagtal-wagtal kelläňe pis pikirler gelýär. Birnäçe gün mundan ozal öň bir oglan özüni atdy. Hudaý saklasyn. Hiç zat hakda pikir etmeli däl, – ýatyrýarlar, turuzýarlar... (isleseň-islemeseň) 5 gradus sowukda tomusky kluba kino äkidýärler, dynç güni ýedinji dere çenli işledýärler. Men tankist (tankçy – A.A.) bolmaly. 22-sine tank sürüp, «otliçno» baha aldym. Örän oňat maşyn. Bärde 7 aý okamaly. Soň bizi Türkmenistan boýunça liniýalara ugratjaklar. Aşgabada on adam gitmeli. Şolaryň biri bolup bolsa, ne ýagşy! ...Elim sypynsa, goşgy ýazýan. Häzir «XX» atly poema ýazyp ýörün. Eliň sypynsa, öýe baryp dur, ejemiň hal-ýagdaýyny sora, onuň ýeke özüdir, kakam Garagumda işleýär. Meni gyzyklandyryp biljek täzelikler barada ýazyp dur».1 «Salam Annaberdi!2 Hatyňy we gazetiňi aldym. Dogrymy aýtsam, hatyň üçin gaty begendim. Ony şu ýazyşyňdan başga tonda (äheňde – A.A.) ýazan bolsaň, näme jogap berjegimi biljek däldim. Biri-birimize düşünişmegimiz oňat zat. Aslynda, düşünişjek bolmagymyzyň özi nämä degmeýär. Ýogsa şonuň ýaly sebäp bilen tekepbirlikden arada düwün galmagy mümkindi.3 Üç-dört günlükde ikinji gönükme boýunça tank sürdük. Dörtlük aldym. Öwürmekde biderek ýalňyş goýberdim. Umuman, gulluga öwrenişip barýan. Ýöne giden 2 ýyl gulluk etmeklik ýadyma düşende, derim gysylýar. Martda gurultaýyň boljakdygy4 we meniň oňa gatnaşyp biljekdigim hakdaky habar hakykata öwrülse, meniň üçin başga sylag gerek däl. 1-nji mart – meniň doglan günüm ahyry! Barmak hakynda Kerim bilen gürleşseňiz, gaty oňat boljak.5 Şu hakda özüň oýlanyp gör. Eger Ýazyjylar soýuzynyň adyndan bir kagyzjyk iberseler, meni goýbermekleri mümkin. Ýene-de bir zat: men bu ýerde iýul aýyna çenli okamaly. Şondan soň biziň hemmämizi liniýalara (Guşgy, Termez, Družba we ş.m.) dargadýarlar... Eger Aşgabada düşsem, gulluk edýänem diýjek däl. Gelenimiz bäri eden işim: 5 sany goşgy ýazdym, Siziň gazetiňiz üçin erbet wkusly tomaşaçylar («çeperçilik düşünjesi, gözýetimi pes, ösmedik» manysynda – A.A.) we okyjylar hakda makala ýazýaryn. Olar «Simledäki söýgini»6 görüp, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärler we «Şükür bagşydan»7 çykyp gidýärler – oýlanyp gör, eger siziň gazetiňize laýyk gelse, indiki hatymda iberjek.8 Goşgulary şu gün ir bilen Kerime iberdim. Ol okap görüp, «Sungata»1 hödürlär. Eger şol goşgular çyksa, saňa iki haýyş: 1) Şol gazetiň birini maňa ýolla. 2) Maňa bärde pul gerek däl. Şonuň üçin goşgularyň gonoraryny al-da, öýe elt (düşünemok: men saňa puly almak üçin «dowerennost» ibermelimi? Eger şeýle bolsa, «dowerennost» has takyk nähili ýazylýar? – kopiýasyny2 iber). «Rewolýusiýa»3 üçinem näme berilse, öýe elteweri. Şu haýyşlarymy bitirseň, gaty minnetdar boljak. Annaberdi, özüň nähili? Oglanlar bilen duşuşyp-oturyşýarmysyňyz? Jedel edilýärmi? Öz şahsy durmuşyňda nähili täzelikler döreýär? ...Ýogsa-da, bir zat edeli-le. Eger martda meniň barjagym äşgär bolsa, ýagny birden goýberseler, siz oglanlar bolup (men seni, Halyly, Öwlüýägulyny4 göz öňünde tutýaryn) Samarkanda5 geliň. Bu ýerde bir salym (bir-ýarym gün) gezeris, soň otlynyň üstünde mesawy gürleşip, Aşgabada gaýdarys. Iň söýýän zadym! Siziňem gezelenç etdigiňiz bolar. Hä? Sen nähili pikir edýäň? Şuny Halyldyr Öwlüýäguly dagy bilenem bir maslahatlaşyp gör. Aşgabatdan Samarkanda ýol dogry bir sutka (bir gije-gündiz – A.A.). Üç gün işden boşap bilseňiz – hop! Meni eýýäm şu ideýa gurşap aldy. Halyla hat ýazdymmykam diýip, özümi aldap ýörsem nätjek! Şu gün ýa erte oňa hökman ýazjak. Wagtlaýynça awans – telefonda salam aýyt. Annaberdi, entegem ýazjak weli, wagt juda az, häzir bizi ýatyrýarlar. Hatyňda meni gyzyklandyryp biljek, ähli täzelikler barada ýaz. G. Eziz, 10/1-65 ý.» «SALAM, ANNABERDI! Şu gün (dynç güni) senden hat aldym, göni jogap ýazmaga oturdym. Seniň her hatymda tank hakda ýazýanlygymy belläniň jüpüne düşen zat. Sen bir zada düşün: men juda köp ýerden hat alýan. Olaryň hemmesine jogap ýazmak hökmany zat. Meniň wagtymyň arkaýynlykda oturyp ýazmaga azlyk edýänine bolsa, sen düşünýärmikäň diýýän. Hut şu sebäbe görä, men ähli hatlamda diýen ýaly şol bir wakalar, täsirler hakynda gürrüň berýän. Haty oňat ýazasym gelýär, emma nätjek. Şeýlelikde, biderek boş sarnamalar, setir doldurmak üçin tapylan sözler peýda bolýar. Häzir men diňe bir umyt bilen ýaşaýan: martdaky Aşgabada düşmek umydy. Şonuň üçinem bärde elimde gelenini edýän: komandirleriň garşysyna gidemok, okuwyma oňat ýetişjek bolýan. Ýöne birküç günlükde Öwlüýäguludan hat aldym. Ol meni bir azajyk ynjalyksyzlandyrdy. Çynmy ýa ýalan – bilemok, ýöne Öwlüýägulynyň aýtmagyna görä, ýazyjylaryň gurultaýy noýabra geçiriläýen ýaly. Elhenç habar. Herne hudaý, ýalan bolsun-da! Ýogsa, sizem gelip, bile gitsek, gaty oňat boljak.1 Gullukda bary-ýogy iki aý bolsam-da, köp zada täzeçe düşündim. Aşgabat we onuň adamlary häzir meniň elimiň aýasynda. Bar pikirim, ýazýan goşgularym şol hakda (hatyma düşünmeseň, bagyşla, dyzymyň üstünde ýazýan – ýer ýok). Indi barsam, nähili ýaşamalydygyny biljek. Her hatymda şu bela gullukdan igenmejek bolup jan edýän, özümi horlaýan weli, ýene bolanok. Ýitirýän zadymyň ululygy, känligi göz öňüme gelýär-de, ýene durup bilemok. Men gullugyň manyly geçýän sagatlaryndan nägile däl. Onuň näçe boş tarapy bar! Eger özüň görmeseň ynanmarsyň. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . Ara bir gün düşdi.2 Ýene haty dowam edýän. Uzyn gije gar ýagyp, irden ol dyza ýetdi. Gar – meniň üçin tukatlygyň simwoly. Göwnüme bolmasa, indi bütin ömrümi harby eşikde geçiräýjek ýaly bolup durun. Ýogsa, demobilizasiýanyň ajal ýaly gutulgysyzdygyna gözüm ýetýär. Soňky günler ýekeje setirem ýazyp bilemok. Eger şu günler wagtym bolsa, düýbünden öňkülerime meňzemeýän goşgular goşaýjak ýaly. Umuman, goşgy hakda köp pikir edýäň. Edebi dilde aýtsam – teoretiki pikirler. Ony kämilleşdirmek. Bir wagtlar arzuwym Magtymgulyny modernizlemekdi. Şol juda real arzuw. Eger onuň geniallygyny hasap etmesek, stilini, äheňini gönüden-göni ulansa boljak.3 Arada eksperiment hökmünde goşgy goşdum. Ilki ol eksperimentdi. Magtymgulynyň atyrlygy («agraslygy, goýazlygy» manydy bolmagy mümkin – A.A.) we häzirki zaman temasyny birleşdirmek maksadynda özümiň iň oňat goşgymy goşdummykam diýýän. Näbileýin, hiç kellämden gidenok. Şol güwläp dur. Bary-ýogy «çagaňyzy söýüň» diýen jümleden dörän goşgy soňabaka döwür, biziň jemgyýetimizde höküm sürýän «Ahilles dabany», ata we ogullar barada gitdi oturyberdi. Meniň ol goşgyny beýle gaty söýmegimiň asyl sebäbi şindi hiç bir goşgymda döwür hakda şeýle aýdyň gürrüň edip bilmändim. Bu öwünmegem däl, öz güýjüňe baýrynmagam däl, diňe öz döreden eseriňden lezzet alyp bilmek. Men entek hiç wagt goşgymdan şeýle lezzet alamok. Aşakda şol goşgyny getirjek. Söýüň çagaňyzy! Söýmekden armaň! Säherler oýanyp, öpüň bir salym. Eline tutduryp ullakan alma, Pata berip, uzak ýollara salyň. Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de, Gelerler eşitse çagyranňyzy, Bir dilegim – şatlyk bilen gussada Oňatlyga ündäň çagalarňyzy. Utanmaň, gizlemäň ýüzleriňizi, Dymmaklygy, ýygralygy owradyň, Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň. Ýogsa çendan bilýärisem öňünden, Emma «Äý!» diýýäs-de, baryn syr edýäs, Ilki dymyp geçip onuň deňinden, Soň tankyt edere adam döredýäs.1 Ýok, bu islegmiz däl. Perwaýsyzlyk bu. Islämzok adamyň peselenini, Ýöne ownuk işde unudaýýarys Döwrüň iň agyrly meselelerni. (Bu ýerde birinji bent gaýtalanýar) s o ň: Görduňizmi: öz işine gümramy Ýa-da onuň edýän işi galatmy, Hyýal etmäň göz ýummaga, dymmaga! Siz öz söýgiňizde boluň gazaply! Şu we ýene-de 4 goşgyny (jemi 5), jemläp, arada Kerime iberdim. Ol goşgulara annotasiýa ýazyp, «Sungata» hödürlemelidir. Şu hat bilen «dowerennost» iberýän. Onuň aşagynda bir ýerde «gol, peçat» (möhür – A.A.) diýipsiň. Şol peçada düşünmedim. Ol kimiň, nämäniň, niräniňki bolmaly?2 Annaberdi, indiki hatyňda ýazyjylaryň gurultaýy meselesini anyklaweri. Seniň henize, şu güne çenli öýli-işikli bolmak hakda belli netijä gelmezligiň oňat däl. Bu hakda, enşalla, otlynyň üstünde... Ä m i n! Agşamky barlagy gitmeli. Hatyňa garaşýan, G.Eziz. 25/1–65ý.»3 «SALAM, ANNABERDI! Hatyňa biraz gijä galyp jogap berýän. Şu günler ekzamenler bilen garabaşyma gaý. Ýadymdan çykmanka aýdaýyn: şu hatyň jogabyny 7-nji iýuldan gijä galman maňa gowuşar ýaly et. Sebäbi şu çislodan (şu günden – A.A.) soň bizi başga bölüme ibermekleri mümkin. Iberselerem, ibermeselerem, sen meniň hatyma garaşyber. Ýagdaýlam hakda hiç hili täzelik aýdyp biljek däl – odnoobraznoýe žizni teçeniýe.1 Hemme günler bir-birine meňzeş. Bir zat: şol ilkinji hatlarymda gürrüňini eden poemamy ýazýan, bar güýmenjäm, mydarym şol. Häzir müňe golaý setirini ýazdym. Dogrusyny aýtsaň, ol poema-da däl-de (umuman, özümem düşemok), aýry-aýry goşgular, ýöne hemmesi bir ideýanyň töwereginde aýlanýar. Poemanyň gutarnykly diýip hasap eden birnäçe bölümlerini «Sungata» iberipdim. Olara nähili ýarajagynam bilemok. Ol dolulygyna žurnalyň2 şu ýylky çykjak ahyrky sanlarynyň birinde çap ediler. Ýazgylary eger Saýlawa3 eltmedik bolsaň, känbir howlugybam durma. Umuman, özüň seret. Ýazgylary şindem dowam edýän. Barýançam onuň äpet göwrüme eýe bolmagy mümkin. Şu wagta çenli senden jogap almanymdan soň, hat aragatnaşygy bolar öýdüp, pikirem edemokdym. Sen Moskwa gidensiňem öýtmändim. Men seniň ýene bir zat üçin kakynyň tutup ýörmükän diýip pikir etdim. ...Annaberdi, her halda her geçen gün bilen Aşgabada ýakynlaşyp barýan. Ýene bäş aý galdy. Häzir başga bir «myş-myş» çykdy: bizi ondanam ir goýberjek ýalylar. Nury H-den näme habar? Ol Moskwadan geldimi? A. Halyl? Walla, oňa hatam ýazamok. Bir hiliräg-ä bolýar. Umuman, häzir ähli boş wagtymy şol poema bagyş edýän. Diňe sanlyja ýere bolaýmasa, hat ýazyp bilemok. Poemany sentýabrda Kerime iberdim. Samarkantda oturan ýerimden seniň, Halylyň, Kerimiň swidaniýaňyzy (duşuşygyňyzy – A.A.) özüm guraryn. Poemamy okarsyňyz, a men siziň pikiriňize garaşaryn. Özüň nähili? Düýbünden sesiň çykanok-la? Geleňsizlnge özüňi beýle aldyrmazlar. Geçen gezek baranymda, seniň bilen köp zat barada gürleşmek hyýalym bardy... Oturyp, özümiz hakda, geljek barada gutarnykly berk pikire gelmek gerek. Onsuz şu gidişimize gitsek, biziň abraýymyz üçin oňat däl. Bulara boş, gury jümleler diýip düşünme. Hatymy soňlaýan. Gurbannazar. 27/VI-65ý.4 ■ BELETLERIŇ BELLIKLERI Gurbannazaryň hüý-häsiýetine, edim-gylymyna belet adam az däldi, sebäbi, şahyryň tirkeşip gezen dost-ýary, hemşerisi bir eliň barmaklaryny basyp sanardan kändi. Şahyr aradan çykansoň, ony mähirli hoş söz bilen ýatlap ýazanlar-da ep-esli bardy. Şonuň üçinem men bu ýerde Gurbannazara belet adamlaryň metbugatda çap bolan ähli ýatlama-bellikleriniň «näçeden bir» üleşini alýandygymy hatda özümem bilemok, – juda ujypsyzja bir bölegidigini welin, aňýan. Bu üç ýazgynyň ikisi Gurbannazaryň ýogalanynyň yzysüre (5-nji oktýabrda) «Edebiýat we sungat» gazetiniň G.Ezizow bilen Ýu.Rýabinine bagyşlanan ýörite sahypasynda hoşlaşyk sözi görnüşinde, üçünjisi hem şol gazetde soňra çykypdy. * * * ...Gurbannazaryň aňy örän çalt işleýärdi. Ýoldaşlary onuň ýanynda täze goşgularyny okap bereninde, ol derrew (hatda goşgy okalyp gutarylmanka-da) nämäň nämedigine örän çalt düşünerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby bardy. Goşgy gowy bolsa, elindäki çilimini ýadyndan çykarardy. Janyna ýaramasa – çilimini çuň-çuň sorardy, garşy-garşy otlardy. Soňra bolsa «bolýa» ýa-da «gowy» diýerdi. «Bolýa» diýdigi – goşgynyň bolmadygydyr: goşguda hiç hili täzelik ýok, öňki goşgularyň ýaly goşgy diýdigidir. Birnäçeler onuň «bolýasyna» öwgi diýip düşünerdiler, begenerdiler. Ýöne şol hem zyýan etmezdi: Gurbannazara «bolýa» diýdirmegiň özi-de kiçi zat däldi. «Gowy» diýdigi – onuň çynydyr, ýüzüňe-gözüňe seredişi-de üýtgeşikdir. Hereketleri-de ap-aýrydyr. Gowy goşgudan soň derrew özüniň-de goşgy okasy geler. Erbet goşgudan soň dymar. Goşgy hem okasy gelmez. Kerim Gurbannepesow. Men-men diýip, daga köňül bagladym, Seni görüp, kiçiligme agladym, Boýumy boýuňa deňän haladym, Toba edip, öňüňde çökerin, daglar... Şu mahal şu setirleriň ýadyma düşýär, dost! Sen kiçilikden ýaňy ululyga ýetişip barýardyň... ...Sen «sada bolsun ogul bilen gyzyňyz» diýip arzuw ederdiň. Özüňem şol sada ogullardandyň. Seniň bilen bile duz-emek bolan on dört ýylymyň içinde men muňa mäkäm göz ýetirdim. Sen ýeke bir şahyr däldiň. Sen ata-babaň kesbini ýöreden zergärdiňem. Ezberlik bilen gülýaka gaşlaýyşyň heniz-henizlerem gözümiň öňünde. Sen az-owlak dutaram çalardyň. Seniň eserleriň sadadan gözel bolmagyna şol gözel senetlerden baş çykarmagyňam haýyr edendir. Ýöne hemme zatlardan öňürti sen Adamdyň... Annaly BERDIÝEW. * * * ...Gurbannazar tapylgysyz ýigitdi, tapylgysyz şahyrdy. Ol gyzyla berimsiz adamdy, inçeden uzyn boýludy. Mawy gözleri hemişe mähirden doludy. Degişmäni gaty gowy görerdi. Ýomak atyşmakda-da hiç kimden pes oturmazdy. ýüreginden turan degişmelere bolsa, hezil edip gülerdi... Öwezmyrat BABAÝEW. __________ * TSSR Ýazyjylar soýuzynyň Mary oblasty boýunça şol mahalky konsultanty. __________ 1 Hatyň ýazylan wagty belli däl. 2 Ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow. 3 Kompozitor Nury Halmämmedow. 4 Kompozitor Aman Agajykow. Gurbannazar bir ýola Amanyň öýünden çykman diýen ýaly «onuň bilen çagalar aýdymynyň siklini döredipdi. Şolaryň birini – garagol horaz hakdakysyny – has şowly çykansoň, begenjinden hiňlenip berşi ýadymda: «Bök, bok, bök! – bökýär-siň. Çok, çok, çok! – çokýarsyň!». Bu tekstiň nirededigini bilemok. 5 «Ýöne Onuň bilen bir jan-tene öwrülmek başartmady. Näme üçin? Meniň pikirimçe, ol ähli zatda diňe bir öz sazyny eşidýär», 6 Dogrudanam, munuň şeýle bolup çykanyna Gurbannazar soňra mazaly göz ýetirdi: Nury ikisi ýegre dost, «ruhy garyndaş» bolup gitdi hem-de bize bilelikde döreden ençeme ajaýyp eserlerini galdyrdy. 7 Halyl Kulyýew. 8 Edebiýatymyza gelýän «üçlük» hakynda (G.Ezizow, H.Kulyýew, A.Agabaýew) «tagan aýagy üç bolar» diýip, ilki sapar metbugatda söhbet açan Kerim Gurbannepesowdy. __________ 1 Gurbannazar goşun gullugyndan Aşgabada az wagtlyk rugsada ozal bir ýola gelip gidipdi. 2 Şol döwürde harby gullukçylaryň bir bölegi üçin gullugyň möhletini bir ýyla çenli azaldýan Ukaz çykdy. 3 Gürrüň, megerem, şahyryň indiki hatynda agzalýan makalasy hakynda barýan bolmaly. Men ol döwürde «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory bolup işleýärdim. 4 Hoşgylaw, giňgursak şahyr Kerim Gurbannepesow bilen-de belli bir eseriň ýa setiriň üstünde meniň jedelleşäýmäm bardy. 5 Şu hatyň ýokarda getirilen hatdan ozal ýazylyp, gullukdan iberilen ilkinji hat bolmagy-da ähtimal. __________ 1 Hatdan diňe bäş sany gödek söz düşürildi. 2 Bu hatdam parça alyndy. 3 Ara näme tow düşeni ýadYmda ýok. 4 Türkmenistan ýazyjylarynyň nobatdaky gurultaýy göz öňünde tutulýar. 5 Kerim Gurbannepesow şol döwürde «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktorydy. 6 Kinofilmiň ady. 7 Kinofilmiň ady. 8 Gürrüň, megerem, birinji hatda agzalýan «Oýlanmalar» hakynda barýar «Nika maşyny», «Gyzjagaz hemem ýene-ýeneler» atly bu makala 1967-nji ýylda «Ýaş kommunistiň» 21-nji mart sanynda çap edildi. __________ 1 Şahyr Halyl Kakaýewiç Kulyýew. 2 Ol döwürde biziň ikimiz hem kaňkap ýören sallahdyk. Halylyň köneje diwanly, tatyrdawuk holodilnikli jaýy bize öýli-işikli, özbaşdak hem «uly» adam bolmagyň aňrybaş dünýäsi bolup görünýärdi. Telefony bolsa – Aşgabadyň taryhynda görlüp-eşidilmedik zat! – köp etažly şol jaý «symlaşdyrylanda», Halylyň üstüne gelip, «gerekmi?» diýip çekip beripdiler. __________ 1 «Edebiýat we sungat» gazeti. 2 «Nusgasyny» manyda. 3 Şahyryň meşhur goşgusynyň ady. 4 Ýazyjy Öwluýäguly Möwlamow. 5 Şahyryň harby gullugyny geçen şäheri. __________ 1 Dogrudanam, gurultaýyň geçmeli wagty üýtgedildi. Gurbannazaryň-da, biziň-de Samarkantdan dört bolup otla münüp gaýtmak arzuwymyz hasyl bolmady. 2 Şu ýerde Gurbannazaryň ruçkasy-da, syýasy-da täzelenipdir, reňki başga. 3 Şahyryň bu sözlerine meniň öz düşünişim bilen gyzyklanan okyjy bu barada «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1988-nji ýylyň bäşinji sanynda çap edilen makalamdan okap biler. __________ 1 Şu bendiň soňky iki setiriniň astyny Gurbannazaryň özi çyzypdyr. 2 Kanseliýar kagyzlaryna şahyryň duranja ýeridi. 3 Hat bolşy-bolşy ýaly, dolulygyna çap edildi. __________ 1 «Şol birsyhly akymy-da durmuşyň»... 2 «Sowet edebiýaty» žurnaly göz öňünde tutulýan bolsa gerek. 3 Tankytçy Saýlaw Myradow. Ol, megerem, şol döwürde «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdi. 4 Hatdan bäş-alty sany jümle düşürildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |