22:44 Hawa, Donald, Kamaladan gorkuber... Ine, sebäbi | |
HAWA, DONALD, KAMALADAN GORKUBER... INE, SEBÄBI
Publisistika
Ak Tama garaýagyz aýalyñ nädip getiriljekdiginiñ gürrüñini etmek üçin raýat aktiwistleriniñ ýekşenbe güni geçiren zum gepleşigi örän arkaýyn ýagdaýda bir million dollar haýyr-sahawat kömegini ýygnady. Kamala Harris prezidentiñ orunbasarlygyndan gönüden-göni prezidentlige saýlanyp bilner. "Kamala bir ogul": Prezidentiñ orunbasary Kamala Harris özünden öñki Barak Obama ýaly ýaş nesli ýanyna çekjege meñzeýär (AP) Jo Baýdeniñ Ak Tama täzeden saýlanmak üçin kandidaturasyny goýjak däldigi mälim edilen badyna jadyly pursatlaryñ biri bolup geçdi: ABŞ-nyñ çar künjündäki garaýagyz aýal-gyzlar işlerini taşlap, toparlanmaga başlady. Ýekşenbe güni öýleden soñ prezidentiñ orunbasary Kamala Harrisiñ geljek aýda demokratlaryñ kandidaty hökmünde saýlanmagyny we Donald Trampy ýeñmegini üpjün etmegiñ ýollaryny ara alyp maslagatlaşmak üçin jemgyýetçilik ýolbaşçylarynyñam gatnaşan zum duşuşygy gyssagly geçirildi. Ilkibaşda müñ sany garaýagyz aýalyñ (munisipalitet başlyklarynyñ, senatlyga kandidatlaryñ, raýat aktiwistleriniñ, raýat hak-hukuklary boýunça ýolbaşçylaryñ) haýyr-sahawat kömegini ýygnama we saýlawçylary hasaba alma strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça çagyryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýärdi. Ak Tama garaýagyz aýaly oturtmak kampaniýasyna gatlakdan gelen kesgitli goldawyñ çykyşyñ görkezijisi hökmünde taýýarlanan bu duşuşyga gatnaşyjylaryñ sany az salymda 40 müñe ýetdi. Olar Harrise bolan mizemez goldawlaryny beýan etmek üçin dört sagatlaryny sarp etdiler. Munuñ bilen birlikde işleýändiklerine degişli şahsy pikirlerini paýlaşdylar, ýolbaşçyda bolmaly artykmaçlyklary aýtdylar we amerikan prezidentiniñ roly üçin jedelsiz aýratynlyklaryna ünsi çekdiler. Harris Baýdeniñ prezidentiñ orunbasarlygyna bellenmezden öñ Kaliforniýada baş prokuror bolup işlän ilkinji afro-amerikan we asly Günorta Aziýadan amerikan zenanydy (bu boýunca jedellerem bar, bu barada soñ durup geçeris). Baýdeniñ Harrisi oruntutary hökmünde goldaýandygynyñ habary demokratlaryñ haýyr-sahawat kömegini toplamagynda şol wagta çenli bolup geçen saýlawlarda bolmadyk görnüşde ýygjamlaşma ýol arçady. Zum çagyryşy wagtynda indi "prezidentlige kandidat Harris" bolan kampaniýa bir million dollardan gowrak haýyr-sahawat kömegi ýygnaldy. Munuñ yzysüresindäki sagatlarda umuman 50 million dollara golaý pul jemlendi. (Deñeşdirmek gerek bolsa, Trampyñ iş wagtyny bozmakda aýyplanyp 34 gezek günäli bilinmeginden soñly 24 sagatdaky haýyr-sahawat kampaniýasynda ownuk-uşak hemaýatkärlerden jemi 52,8 million dollar toplanypdy). Munuñ özi Harrise beriljek uly goldawyñ alamaty, şol bir wagtyñ özünde alternatiwiñ bolup geçmegine ýol berilmejekdiginiñ kesgitliligi. Trampyñ we öñe sürýän jynsparaz, aýallara duşmançylyk edýän garaýyşlaryñ Ak Tama baryp ýetmeginiñ yzyndan garaýagy aýallar herekete geçmegi müwessa bildi. "Garaýagyz aýallary diñläñ" şygary orta atyldy. Ýekşenbe günündäki zumda "Garaýagyz aýallary diñläñ" şygary durmuşa geçirildi. Käşgä bu bäş ýyl edilen bolsady. Garaýagyz aýallaryñ uzak wagt bäri görkezip gelşi ýaly, Trampyñ 2016-njy ýyldaky saýlaw ýeñşi millionlarça akýagyz aýalyñ Hillari Klintona däl-de, syýasy pozisiýasy zenan hak-hukuklaryna aç-açan howp abandyrýan, diñe "aýalyñ jynsy agzasynyñ "dodagyndan" añlaýan" adama ses bermegi bilen mümkin bolupdy. Garaýagyz aýallar amerikan jemgyýetinde deñsiz-taýsyz orna eýe. Millet taýdanam, jynsyýetiñ kesişýän sepgidinde hem deñsiz-taýsyz formada ösen dünýägaraýşa eýe we bulam olara başgalarda bolmadyk perspektiwany açyp berýär. Harrisiñ gaýtalamagy halaýan, ýöne manysy köp adamyñ pikirini bulaşdyrýan "Bolup geçen zatlaryñ ýüküni götermeýän ähtimallyklar" sözi demokrat kandidatlyga duýdansyz göterilmeginiñ yzyndan täze kesgitlilige eýe boldy. Harrisiñ özüneçekijilihi uzak wagta çeken jynsparazlyk we gulçulyk geçmişi bilen hapalanan ABŞ-nyñ nähili üýtgändigini Harrisde görüp bilen garaýagyz we ispan gatançly saýlawçylara, aýratynam aýal-gyzlara ýüzlenýär. Amerikan saýlawçylary-da şeýle. 2020-nji ýylyñ saýlawçylaryndan bäri ses berme ýaşyna ýeten ilatyñ artmagynyñ ýarsy ispan-amerikan jemgyýetiniñ içinde bilup geçdi. Garayagyz aýallar häzirem köp möçberde Demokratik partiýa ýakyn durýar, emma barha az baglanyşyk gurýarlar. Harrisiñ geljek aý Çikagoda geçiriljek Demokrat partiýanyñ Döwlet kongresinde kandidaturasynyñ öñe saýlanan ýagdaýynda bu gatlak ýerinden gozganmaz ýaly ýagdaýa geler. Ýaş nesiller Harrisiñ tarapynda. Onuñ özünden öñki uly we täsirli tarapdar gatlajlaeyna eýe bolanlary öz tarapyna çekmek üçin ýeterlik ukyp-başarnygy bar: Ariana Grande, Demi Lowato, Jon Legend ýaly millionlarça podpisçigi barlar onuñ tarapyndadygyny eýýämden sosial mediýa arkaly mälim etdi. Britaniýaly aýdymçy Catli XCX hem amerikan saýlawlarynda ses bermeýändigine garamazdan sosial mediýada "Kamala bir ogul!" diýip, Harrisi goldady we Harrisiñ at-abraýyny güýçlendirip, Harrisiñ täze internet mimini döretdi. Harrisiñ kandidaturasy garaýagyz jemgyýet üçin çekişmesiz bolmaz. Kaliforniýada prokuror bolup işlän döwründe, aýratynam garaýagyz jemgyýetçiligiñ üstünde uly täsiri bolan köpçülikleýin tussag etmeler sebäpli agyr tankytlara uçrapdy. Narkotiki serişdeleri ulanýandyklary üçin iki müñe golaý adamy aýyplapdy we birnäçesini türmä ýollapdy, emma özünden narkotiki serişdeleri ulanyp-ulanmaýandygy soralanda, hahahaýlap gülmek bilen jogap beripdi. Harrisiñ türmä salan we soñundan boşadylanlardan başga-da, ondan ýamanlyk gören ähli garaýagyz erkekleriñ ýüzleri ulanylyp, mozaika taýýarlanypdy. Harrisiñ prezidentiñ orunbasarlygyna kimi saýlajakdygy heniz belli däl. Käbir synçylaryñ Berni Sandersi saýlasa gowy boljakdygyny öñe sürýändiklerini gördüm. Harrisiñ eýe bolmadyk taýýarja tarapdar gatlagy we çepçi aýratynlygy bar. Emma Baýden ýaly onuñam ýaşy ötüşen we nu ýagdaý kämahal entek akly-huşy ýerindedigine garamazdan öz garşysyna işläp bilýär. Beýlekiler bolsa Harrisiñ has pozitiw birini saýlamaly boljakdygyna ynanýar, belki-de ol öñki harby gullukçylardan, Orta-Günbatar ştatlarda gowy netije gazanyp biljek we hatda belkäm Injil gatlagyny (ABŞ-da ýewangelçi protestantlygyñ ýerli medeniýetiniñ aýrylmaz bölegi bolan sebit -t.b.) birini saýlar. Bärde bir zat anyk. Eger ol häzirden orunbasarynyñ kim boljakdygyny mälim etse, Ak Tama gülüp-oýnap gitse gerek. Awa WIDAL. Çarşenbe, 24.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |