13:46 "Hawa, men şol" / gülkülli kyssa | |
«HAWA, MEN ŞOL»
Satiriki hekaýalar
Arada bir gün gazet satylýan dükandan gazetleri alyp seredişdirip durkam bir gazetiň dördünji sahypasyndaky öz suratymy görüp haýran galdym. Gözüme ynanman, içgin-içgin seretdim. Hut öz suratym. Diňe bir suratymam däl, men hakda ýarym sahypa makala-da bar ekeni. Derrew awtoryna seretdim. Ýazan meniň döredijiligim bilen içgin gyzyklanyp ýören tanyş oglan ekeni. Şol wagt güpbe ýadyma düşäýdi, bäş-alty günlükde özüm hakda bir zatlary sorapdy. Näme etjegem diýmän, soragyna jogap beripdim. Gazetde ýazylan zatlaryň gyzyksyz-a ýokdur welin, özüň hakda näme ýazylanyny bilmek has gyzykly ekeni. Şol duran ýerimde makalany okap başladym. Okadygymça ýüzüm-gözüm üýtgäberýän ýaly duýuldy. Arasynda: «Öte geçen ýaly-la şu ýerde» diýip, gaýtadan okap gördüm. Ýazylan zatlar dogrudy. Owadan sözler bilen çeperleşdirip ýazylan bolansoň birhili has ösdürilen ýalam bolup görüniberýän ekeni. Garaz, ýarty sahypa makalany bir demde okap çykdym-da, bir salym ýazylan zatlar hakda oýlanyp durdum. Soňam içimden: «Hawa, men-laý şol» diýip, işe tarap ugradym. Eýýäm keýpimem al-asmanda. On-on bäş metr ýol geçenimden ädim urşumyň üýtgänini aňdym. Öň ädimimi darrakdan çalt-çalt ätýän ýalydym, indi ädimimi giňräkden alyp, epeý-epeý basyp barýan. «Bäh, adam pahyr çig süýt emen-dä, sähelçe süýji sözüň ediberişini» diýip, öňki ýöreýşime gaýdyp geljek bolýan welin, aýaklarym eger-eger diýen edenok, täze öwrenen ädimini gaýtalap barýar. Öň garynja tutjagyň gözi ýaly köwşümiň burnundan öňüni görmeýän gözlerim ho-ol öňlerden bir zatlary gözläp ýör. Ine, şeýdip barşyma iş ýerimiň gapysyndan ätledim. Barşyma-da iş stolumda oturyp, işe girişdim. Öňler her gün gelşime kofe içip, nepesimi durlandan bolup işe girişerdim. Bu gün welin, ýerime geçmänkäm nepesim dup-dury, kofelik iş ýok. Haýdap gyssagly ýetişdirmeli makalamy ýazmaga başladym. Baý-baý munuň bolaýşyny, öň itinip zordan işledilýän galamymam bu gün öz höwesine kagyzyň ýüzünde ýüzüp barýar. Adaty günlerde bir günläp iş bolýan makalanyň bir sagatda bellisini etdim. Gaýtalap okap görýän welin, sözlerimem öňkülerimden has täsirli, çeper, sözlemleriň gurluşam has akgynly. Garaz, özümiň göwnüm ýeten makalamy boldum edip, stoluň bir burçunda goýanymdan, gapy açyldy-da, kärdeşlerim girdi. Olaryň ýüzlerinden men hakda ýazylan makalany okandyklary bildirip dur. Hersi meniň elimi gysyp gutlady. Özleriniňem maňa garaýyşlarynyň üýtgäni bildirýär. Olaryň birem makalada öte geçilipdir diýjek bolanok. Hemişe maýyny tapsa, meniň bilen gödek degişmegi gowy görýän Setdara näme diýjek, şonuňam gözleri gülüp, erni ýyrşaryp duranam bolsa, dili dişinden bäri geçenok. Kärdeşlerim birsalym ondan-mundan gümür-ýamyr edip, ýerlerine ugranlaryndanam jaň gelip başlady. Birsalym tanyş-bilişleriň, galamdaşlaryň gutlaglaryny diňledim. Olaryň diýenine hä berseň-ä, makalany ýazan henizem bärden gaýdanmyş. Entegem meniň döredijiligim, özümiň gowy taraplarym barada aýdara zat känmiş. Meniň özüm üçin-ä şu ýazylanlaram artygy bilen ýetik. Onda-da olara hoşallyk bilen «Hä, hawa» berdim. Olardan soň ahyry aýalyma gezek ýetdi. Telefony alanymdan: «Aý, oglan, bu gün seniň üstüň gyzyl el boldy-la, jaňlaşyp bilmän geçdim. Makalany okadyňmy?» diýdi. Onuňam sesi dagy üýtgäp, has mylaýymlaşypdyr. Öň jaň edende: «Öýde sogan, käşir, hyýar, ýeralma, mäş, tüwi gutarandyr, gaýdanyňda alyp geleweri» diýýän aýalym, bu gün hiç zat iýmän oňaýjak ýaly, olaryň biriniňem adyny tutanok. Diňe makalanyň gowy ýazylandygyny aýtdy. Garaz, şol gün günüň nähili geçenini bilmedim. Edil howada gaýyp gezen ýaly bolup öýe geldim. Öýe girenimden ogullarymyňam maňa garaýyşlarynyň başgaçadygyny aňdym. Olaryň biri elimdäki gaýyş torbamy alyp, goýmaly ýerinde goýdy, ýene biri ömür etmeýänini edip, köwşümi aýagymdan çykararyma mähetdel, men eglip ýetişmänkäm, alyp derrew süpürişdirip tekjede goýdy. Üçünji oglumam olardan galmajak boldumy, nämemi, heniz çykarmaga-da synanyşmadyk penjegimi sypdyryp alagada, asawaçdan asdy. Olaryň ýüzleri meniň ýaly kakalarynyň bardygyna buýsanýandyklaryny ap-aýdyň edip dur. Baý-bow, bir günüň içinde bolan munça özgerişe çydap bilseň çyda-da. «Öwgini, at-abraýy götermäge-de injik gerek» diýýärdiler-ä ýaşulularymyz. Ertesi gün iş ýerime golaýlaberenimde köwşüniň burnuna seredip gelýän Döwlet aga gözüm düşäýmezmi? Edil aýaklaryma gandal urlan ýaly sakga duraýypdyryn. Döwlet aga diýýänim ýazmak-pozmakda heniz-henizler meniň ýetip bilmejek derejelerime bir eýýämler ýeten, özi hakda ýazylan ençeme makalalary okap gören ýazyjy. Şonda-da onuň özüni juda sada alyp barşy, meniň bir günde alan ýelimi bir pursatda çykaryp goýberdi-de, pyssardaýdy. Şol pursatda: «Ýaşululardan öwrenere, sapak alara zat köp-how» diýip oýlandym. Nurberdi DÄDEBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |