TÄZE TILSIMADYÑ OÝNY
Tehnikanyñ ösüp barşyny sähel ünsden düşürseñ, yza galjagyñ ujy iki däl. Ine, şu el telefonyna näme diýjek?! Ol bize diñe özara habarlaşmaga ýardam etmän, kelläme dynç bereýin diýseñ aýdym aýdyp, göwnüñi hoşlap dur. Birine salam ýazaýyn diýseñ galam, kagyz gözläp oturasy iş ýok, gerekli harplaryny basyşdyr-da, bir düwmäñ kömegi bilen ugradyp goýber. Onuñ üçin poçta-da gerek däl, beýlekem, edil şol pursatda seniñ hatyñy almaly adam okap oturandyr. Eger surata düşesiñ gelse, el telefonyñ surat apparaty bolup dur, durmuşyñ bir pursatyny hereketi, sesi bilen düşürip goýaýyn diýseñ, wideokamera bolup dur. Birden kelläñe bir zatlar gelip, ony hem ýazasyñ gelse, eliñdäki telefonyñ kompýutere öwrüler. Irden wagtynda turup bilmerin diýseñ jyrlaýan sagadyñam işini edip otyr. Wagtyñ, aý-günüñ hasabyny aýtmak, howanyñ ýagdaýynyñ nähilidigini habar bermek onuñ üçin itiñ añsady. Öñ biziñ üçin kyn bolan zatlar, indi jübümizdäki telefonymyz üçin ap-añsat. Radio diñläsiñ gelse-de, hatda telewizora tomaşa etmek isleseñem, gürrüñi ýok. Alys ýerdäki kitaplary okasyñ gelse-de, gerek ýerlerine basyşdyr-da, eliñdäki telefonyñ ýüzüne seredäý, kitap sahypa-sahypa bolup gözüñ öñünden geçip durandyr. Garaz diýýän-ä, elimizdäki el ýalyjak telefon biziñ köp işlerimizi öz üstüne alyp gidip otyr. Ýöne her näçe tehnikanyñ ösüşi bilen aýakdaş gitmäge çalyşsagam, käte yza galaýýan wagtymyz bolýar.
Ine, mende tehnikanyñ ösüşi bilen baglanyşykly şeýle bir waka boldy. Men öñ bazara gidenimde ýadymdan çykaýmasyn diýip almaly zatlarymyñ sanawyny bir kagyza ýazyp, alyp giderdim. Täze gelin edinenimizden iki aý geçenden soñ, bir gün bazara gitjek bolanymda aýalyma "Gerekli zatlary ýazyp ber" diýsem, gelnimiz ýuwaşlyk bilen elindäki telefony aldy-da, gaýynenesiniñ ýanyna barup, almaly zatlarymy telefona ýazyşdyrdy. Soñam gaýynenesiniñ üsti bilen telefonyñ hiç ýerine basmasamam, bazara baramsoñ, almaly zatlarymy özüniñ aýdyp berjekdigink duýdurdy. Menem "bolýa" diýdim-de, telefonymy jübime salyp, ýola düşdüm. Ýolda ulag köp boldumy ýa-da men haýalrak deprendimmi, bilmedim, heniz bazara ýetmänkäm, jübimden bir täsin ses çykyp başlady:
- Käşir, kelem, ýeralma, tüwi, sogan, alma, nar, mäş...
Almaly zatlarymy doly sanap çykansoñ, telefonym dymdy. Öz ýanymdan oña sagbolsun aýdyp, ulagymy goýulmaly ýerde ýerläp, bazara gitdim. Şol pursadam jübimden ýañky täsin ses ýene-de çykyp başlady:
- Käşir, kelem, ýeralma, tüwi, sogan, alma, nar, mäş...
Töweregimdäkiler sesiñ nireden çykýanyny biljek bolup ýaltaklaşdylar. Menem telefonymy ellemäge çekinip, töweregime ýaltaklan boldum. Bolsa-da, ol sanawy aýdyp bolansoñ çalt dymdy.
Men almaly harytlarymy alyp başladym. Ýañy birki zady alanymdan jübimden ýene-de hälki ses çykyp başlady.
- Käşir, kelem, ýeralma, tüwi, sogan...
Men bialaç el telefonyma ýapyşdym. Ony öçürjek bolup her zat etdim, bolmady. Görüp oturaam, gelnimiz onuñ her wagt-her wagt gaýtalanyp durmagyny düzmegi unutmasa-da, maña ony nädip öçürmegi öwretmegi unudypdyr-a. Meniñ telefona dümtünip duranymy gören sogan satýan gelin:
- Dogan, gelnejem hiç zady ýatdan çykarmazyñ ýaly seni has berkidip goýberipdir-ow - diýip güldi. Maña-da:
- Hawa, şeýle edipdir öýdýärin - diýip, onuñ gülküsine goşulaýmakdan başga ýol galmady.
Ýöne şondan soñ welin, gerekli harytlary juda çaltlyk bilen alyp başladym. Öñümden çykan zadyñ nyrhynam soraman, başgasynam gözlemän alyşdyryberdim. Men näçe haýdap söwda edenem bolsam, ähli zady alyp bolýançam telefonymam şol sanawyny ýene-de üç gezek dagy sanap ýetişdi. Ulagyma münüp öýe gelýänçäm näçe gezek gaýtalanyny dogrusy, sanabam durmadym. Düşen ýagdaýym üçin, öýe gelemsoñ, hiç kime gaharlanmadymam. Sebäbi tehniki ösüşden yza galanyma öýdäkiler däl-de diñe özümiñ günäkärdigimi bilýärdim. Şonuñ üçin şol pursatdan başlap, çagalarymy özleriniñ her bir öwrenýän täze tehniki özgertmelerini maña-da öwretmeklerini borçly etdim.
Nurberdi DÄDEBAÝEW.
Satiriki hekaýalar