08:00 Synag / gülküli kyssa | |
SYNAG
Satiriki hekaýalar
Lukmançylyk institutynyñ talyby anatomiýa dersinden synag tabşyrýar. Onuñ bijesine düşen sowallara beren jogaplaryna göwni ýetmedik mugallym: - Seniñ sowallara beren jogaplaryñ-a ugry ýok. Saña goşmaça sowallaram berip göreýin. Hany, aýt, köriçege näme iş bitirýär? - Aý, mugallym, bu wagtlar gözli bolup iş bitirmek añsatmy. Özi köriçege bolsa, oñarýan oñly işi ýokdur. Şonuñ üçindir-dä, köplenç onuñ kesilip, zyñylyp goýberilýäni - diýip, talyp mugallymyñ ýüzüne garaýar. Mugallymam onuñ jogabyna güljegini, gaharlanjagyny bilmän, ýene-de bir sowal berýär: - Dalak nämä gerek? - Kakam-a mal soýanda "Şu iýilýän zat däldir" diýip, dalagy gapdala zyñyp goýbererdi. Eger image ýaramaýan bolsa, başga ýerde-de geregi ýokdur-la şonuñ. - Hä, şeýlemi? Onda saña iñ soñky sowal. Kirpik nämä gerek? - Kirpik gyz-gelinlere reñk çalyp, jaýtardyp goýmak üçin gerek. Onuñ erkek adama nämä gerekdigini men-ä bilmedim, mugallym - diýip, mugallymyñ ýüzüne garanda, ol saklanyp bilmän, gülüpdir-de, soñundanam: - Seniñ bilimiñ üçin-ä ikilik, toslama ökdeligiñ üçinem bäşlik, synaga täzeden taýýarlanyp gel - diýip, çykaryp goýberipdir. Nurberdi DÄDEBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |