17:27 Hažžyk bilen suwulgan | |
HAŽŽYK BILEN SUWULGAN
Goşgular
Göräýmäge ikisem bir süýrenji, Biri eý görülýär, biri ýigrenji. Hersiniñ özüne laýyk ady bar, Olar hakda rowaýat bar bir geñsi. Öñ zamanda ýakmak üçin birini, Ýygyp otlapdyrlar odun baryny. Hažžyk üflänmişin ýandyrjak bolup, Suwulgan tersine söndürjek bolup, Suw getirmek üçin suwa ylganmyş, Şoñ üçinem suwulgan at galanmyş. Hažžyk bolsa üfläp göm-gök bolupdyr. Şol sebäpli gökdalak at galypdyr. Damagyn çişirip sary kelpeze, Bir mahalky otdur öýdüp Günmüze, Heniz-henizlerem üfläp ýörmüşin Çöpe çykyp, Güne gargap ýörmüşin. Dünýäm haýyr işden bolsa-da doly, Ýöne arasynda şol hažžyk ýaly, Öçüp barýan ody köredýänler bar Hažžygyñ nebsini ýöredýänem bar. 1978 ý. Ogulsoltan TAGANDURDYÝEWA. | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |