18:04 Hekaýalarda çeper keşpleriň sazlaşygy | |
HEKAÝALARDA ÇEPER KEŞPLERIŇ SAZLAŞYGY
Edebi tankyt
Häzirki zaman kyssa eserleriniň häsiýetli aýratynlyklary hakynda gürrüň edilende, turuwbaşdan görnetin göze ilýän bir aýratynlygyň bardygyny bellemek gerek. Garaşsyzlyk döwrüniň ilkinji ýyllarynda döredilen kyssa eserlerine ser salanyňda, ýazyjylarymyzyň sýužet gurluşynyň yzygiderligine, eseriň wakasynyň ýygjamlygyna, dartgynlylygyna, sýužet parçalarynyň (epizodlarynyň) özara baglanyşygynyň berkligine uly üns berip, başlandyklaryny duýmak bolýar. Tema meselesinde taryhy we taryhylyga ýakyn bolan köp sanly eserleriň döredilip, olarda okyja nätanyş wakalaryň beýan edilmegi döwrüň eserleriniň ikinji bir aýratynlygyny döredip bilipdir. Dogry taryhyň heniz syrly sahypalarynyň çeper aňda şinelemegi elbetde, okyjylar köpçüligini biparh goýmandyr. Ýazyjylarymyzyň taryhy wakalary beýan etmekdäki käbir çeper toslamalarynyň okyjy tarapyndan taryhy hakykat hökmünde kabul edilen ýerleriniň hem bolandygyny ýeri gelende bellesek kem däl. Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň ilkinji ýyllarynda taryhyň syrly sahypalary hut çeper aňyň üsti bilen açylyp, okyjyny özüne maýyl edip bilen gahrymanlar döredilip başlandy. Geçmişimiziň dikeldilmegine, onuň döwürleriniň özara baglanyşygynyň ýüze çykarylandygyna garamazdan, häzirki wagtda hem taryhy eserlere bolan gyzyklanmanyň dowam edýändigini bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, ýazyjylarymyz döredýän eserleriniň okyjy üçin gyzykly we täsirli bolmagyny gazanmakda dürli edebi tilsimleri agtaryp, täze-täze edebi çemeleşmeleri hödürleýärler. Esasy zatlaryň biri-de, eserlerimiziň gahrymanlarynyň okyjyny ynandyryp bilýändiginde. Bize şeýle aýgytly netijäni ýaýdanman aýtmaga goltgy berýän ýazyjylarymyz bir ýa iki dal. Biz şu söhbetimizde olaryň biriniň döredijiligini gepbaşy edinmegi dogry bildik. Ýazyjy Ahmet Halmyradow özüniň köp sanly nowelladyr hekaýalary bilen türkmen okyjysynyň göwnüni awlap bilen söz ussadydyr. Her bir hadysa, meselä, ynsan häsiýetine bolan hiç kimiňkä meňzemeýän şahsy garaýşy ýazyjynyň eserlerine aýratyn duýgurlyk, estetiki gözellik berýär. Ýazyjynyň eserlerinde gozgalýan meseleleriň durmuşylygy onuň çeperçiligine ýugrulyp, okyja ruhy lezzet berýär, şol durmuşy hakykatyň dowamynda hereket edýän çeper keşbiň ündeýän zatlary bolsa okyjyny oýlanmaga, netije çykarmaga imrindirýär. Bu sazlaşyk bolsa, hakyky çeper eserden talap edilýän derwaýyslykdyr. Ahmet Halmyradowyň çuňňur duýgyny, durmuş pelsepesini we çeper ussatlygy özünde jemlän eserleriniň biri-de «Göçegçi gussa» hekaýasydyr. Bu hekaýa liriki görnüşli bolup, ol durmuş hakykatyna ýugrulandyr. Hekaýa ýazyjynyň hut özi liriki gahryman hökmünde gatnaşýar. Şeýlelikde, hekaýadaky bu liriki häsiýet gahrymanyň duýgularynyň yzyna düşjekligi turuwbaşdan äşgär bolýar. Hekaýa liriki gahrymanyň durna baradaky şahyrana oýlanmasy bilen başlanýar. Baş gahryman durnany ýakyndan synlap görende, onuň gözelligi we ynsan ýüregine ýakyn bolan keşbi hakynda çeper piker ýöredýär. Ýazyjynyň sadadan yzygiderli piker ýöretmegi okyjyny gürrüň edilýän zada çekmekde juda ygtybarly edebi serişdedir. Liriki gahryman tenhalykda gezip ýören durnanyň keşbini ine, şeýle suratlandyrýar: «Gudraty güýçliniň döreden bu nepis zynatyna haýranlar galýardyk. Onuň uzyn aýaklary kümüşsöw ganat— perleri, nester ýaly çüňki, messan-messan ýörap, saga-sola towlanyşy…Biz göýä asman perisini synlaýan ýaly bolýardyk». Wagtyň geçmegi bilen öz işlerine gümra bolup, adamlardan hiç hili howpuň abanmaýandygyny duýan durna olara ýakynlaşypdyr. Eseriň baş gahrymany ýekelikde gezim edýän durnanyň Myrat aganyň kümesine has ýakyn barýandygyny görüpdir. Ýazyjy Myrat aga bilen durnanyň arasynda özara baglanyşygynyň bardygyny şeýle sözler bilen açyp görkezýär: «Ýöne her gün öýle namazyndan soň, Myrat aga alma gülli gyzyl termosy bilen ak käsesini eline alyp çykýar welin, menem dürbimi elime alýaryn…Honha, Myrat aga donuny ýelbegeý atynyp, agsaklap, ýuwaş-ýuwaşdan durnanyň düşlän ak depejigine tarap bäş-on ädim ädýär-de aşak oturýar. Soň-onsoň telpegini ýassyk ornuna tirsekläp, çep gapdalyna gyşaryp, termosyndan käsesine çaý guýýar. Onsoň özüniň «geň myhmanyny» synlamaga başlaýar». Ahmet Halmyradowyň köp eserlerinde hereket edýän gahrymanlar ýaly Myrat agany hem eýýäm gartaşan, belli bir ýaşa ýeten ýaşulynyň keşbinde janlandyrylypdyr. Awtor gartaşan gahrymanynyň keşbi bilen durnanyň owadan keşbini, görnüşini birleşdirmek, sazlaşdyrmak üçin liriki içgepletmä gezek berýär. Bu tilsim içgepletmede baş gahrymanyň özüniň içki dünýäsine garyp sazlaşmagyna has gowy ýardam berýär. Ýazyjy bu tilsimi aşakdaky içgepletmä ynanýar: «Nirelerden gelip, nirelere barýaň, janawar? Allatagala seni ne beýle üýtgeşik, owadan edip ýaradypdyr. Sen kimsiň? Melekmiň ýa perişdemiň? Biziň öwlüýämize zyýarata geldiňmi ýa? Ýaraly bolsaň, ýaraňa melhem edeýin…Ýok, golaýyňa barsam, ürker gidersiň. Sen gowusy gitme, şu ýerdejik geziber. Bizem seniň ýaly bu dunýede ötegçi bir myhman ahbetin. Myhman diýilýäne hormat edilýändir. Bizem bir ýere barsak, şükür, hormatymyz-sylagymyz bar. Belki, ahyryýetde-de şeýle bolgaý…Sen bir habarmyň ýa?». Ýeri gelende, şu jümleleri dykgat bilen okap, monologyň awtorynyň ýaşulydygyny duýmak bolýar. Çünki, durmuş, ýaşaýyş baradaky şeýle pelsepewi pikir ýöretmeler tüýs türkmen ýaşulusyna mahsus. Muny türkmen durmuşynyň tebigatyna siňen milli ahwal bilenem delillendirip bolar. Ynsan ýaşulylyk basgançagyna ýetende, il-günüň gün-güzerany, dünýäniň gurluşy, bu dünýe we ahyrýet hakynda oýlanmak, oňa başardygyndan akyl ýetirmek ýaly häsiýet-endigine eýe bolýar. Bu birinjiden. Ikinjiden, monologdaky mylakatlylyk, hoşamaýlyk, hüşgärlik ýaşululyga has-da mahsusdyr. Üçünjiden. Ýaşululyk görnetin görünýän zatlar bilen kanagat etmän, ähli zatlaryň düýp-teýkaryny görmäge, asyl gymmatyna we ähmiýetine ýetmäge, içgin aralaşmaga ýykgyn edýär. Durna Myrat aganyň kalbyndaky bu gylyk-häsiýete aýratynlyklara düşünmese-de, ony duýmagy başaran bolmaly. Janly-jandarlara mahsus ýiti duýgurlyk durnanyň Myrat aganyň golaýynda gorky-ürküsiz, arkaýyn gezim etmeginiň hem esasy sebäbi bolsa gerek. Galyberse-de, ýazyjynyň durna dünýäsi bilen adam kalbynyň golaýlygy hakda okyja ýatlatmak isländigini-de ýatlasak ýerlikli bolardy şu ýerde. Dogry, ýokardaky parka Myrat aga bilen durnanyň arasynda birbada göze ilmeýän hemdemligiň bardygyna yşarat etse-de, ýazyjy ynsan bilen guşuň arasyndaky ýakynlygyň nämededigi hakdaky pikirleri okyjynyň öz aňyna goýýar. Liriki gahrymanyň günlerde bir gün asmanda gykuwlap barýan durnalaryň hataryny görüp, tenhalykda galan durnanyň olara goşulmaga meýil eden hem bolsa, ganat ýaýyp, uçup bilmedigini: «Biziň durnamyz uçmady. Birje gezek hyýallanyp, ganatlaryny ýaýyp, ylgan ýaly etdi-de duruberdi. Onuň göçegçi guşlara goşulyp gidip bilmeýändigine hiç bir kömegimiň degmejekdigine ýüregim gyýyldy. Şonuň üçinem onuň bu alaçsyz ýagdayyny görmejek bolup, işläp ýören oglanlara tarap gitdim. Bular ýaly zady göreniňden görmäniň gowy. Onsoň Gun ýaşdy, garaňky düşdi. Durna-da tümlüge siňip, bir ýerlere sumat bolup gitdi» diýen jümläni okap, durnanyň ýaralylygy, mejalsyzlygy hakda ýa-da haly pes durna bilen Myrat aganyň ýakynlygy hakynda-da piker öwrülse hem ýalňyş bolmaz. Bu pikirem okyjyny oýlanmaga mejbur edip, lezzet paýyndanam binesip etmez. Ýöne, ýazyjynyň hödürleýän başga bir filosofiýasy okyjynyň göwnüne jüňk bolaýmasa. Biziň göwnümize bolmasa, ýazyjy ýokarky jümlede «ötegçi guşlar» diýen jümlä has agram salan ýaly. Sebäbi Myrat aga bilen golaýlyk durnany adam durmuşyna, ynsan kada-kanunyna has golaýladypdyr. Indi onuň «ötegçi guşlara» goşulasy gelenok. Mahlasy, durna ynsanlaşypdyr. Gahrymanyň durnanyň uçup bilmedigine gyýylmasynyň bir sebäbi-de şu ýerde bolmagy mümkin. Sebäbi durnanyň dünýäsiniň ynsanyňka golaýlygy, onuň ynsanlaşmaga ukyplylygy, ýöne onuň guşdugy gahrymany iki oduň arasyna atypdyr. Ol — durna guş, uçup bilenok, ynsanlaşypdyr, ýöne ynsanyň ählisi Myrat aga-da däl-de, birden... Indi durnanyň garaňkylyga siňip, sumat bolmagy hakda bolsa ýazyjyny ünjä goýan ýokarky «birdeniň» manysyny gözläýmeli. Gepiň gysgasy Ahmet Halmyradowyň bu eseri gaty inçe filosofiýanyň syrly we durmuşyň çeper beýany. Bir gün Myrat aga ulagly oba gidende, onuň ogly Jepbaryň gelip, durnany horjunyna salyp gitmegi bilen hekaýa kulminasion nokadyna ýetýär. Oglunyň «iş bitireninden» habarsyz Myrat aga külbesine gaýdyp gelende, durnasynyň birnäçe gün bäri gelmeýändiginden howatyrlanýar, gam-gussa çekýär. Ahyr liriki gahrymanyň işläp ýören ýerine ýönelip, soramagy ýüregine düwende, olar gojany gynandyrmazlyk kararyna gelýärler. Ýazyjy bu gürrüňdeşligi we liriki gahrymanyň içgepletmesini şeýle çeper teswirleýär: «Beeý, inlier diýýän-ä, meniň şojagaz ýerde bir durnam bardy welin, heý, siziň habaryňyz barmydyr? Onuň reňki soluk, hasratdan doly gözlerine seretmäge daşdan gaty ýürek gerek, olam bizde ýok. Hamala bu bolan işe özümiz günäkär ýaly başymyzy aşak salyp otyrys». Her näme-de bolsa gojany köşeşdirmelidi. Şonuň üçinem men: «Düýn-öňňin-ä bir durna gözüme kaklyşdy, Myrat aga. Ýöne men-ä ol uçup gitdimikän öýdýän. Ýerden-ä bir göterilen ýaly boldy» diýip, ýalan sözlemäge başladym. Gürledigimçe-de şu pursatda hakykaty aýtmazlygyň nähili zerurdygyna düşünýärdim. Aýtmaly däl ýerinde hakykaty aýtmaly däl. Şu-da bir hakykatdyr. Myrat Aga görgüli biziň ýanymyzda-da uzak oturyp bilman, kümesine tarap gyrmyldap gitdi». Görnüşi ýaly, liriki gahryman durnanyň öldürilendigini bilse-de, Myrat aga ýalan sözlemeli bolýar. Ýazyjy Beýik Magtymguly Pyragynyň: Ýalançy Taňrynyň duşmany diyrler, Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr —diyen sözlerini çeper serişde hökmünde ulanmadyk hem bolsa, hekaýanyň bu parçasyny okap, şu şygyr setirleriniň hakydaňa geljekdigi ikuçsyzdyr. Ýeri gelende bellesek, türkmençilikde «ýalançylygyň jaý ýeri» diýlip, ölüm-ýitimde aýdylýar. Bu ozaly bilen, birdenkä şum habary eşiden adamyň özüni ýitirmezligi ýa-da güýçli emosional sarsgyny geçirilmezligi bilen baglanyşyklydyr. Hekaýanyň mazmunyndan we ýordumyndan Myrat aganyň ýeke-täk syrdaşy, ýürekdeşi durnadygy juda aýdyňdyr. Ahmet Halmyradowyň «Göçegçi gussa» atly hekaýasynyň okyja yetirýän täsirinde hem şol meňzeşlik aýdyň duýulýar. Hekaýanyň: «Aýlar-ýyllar geçdi gitdi. Myrat aga pahyryň dünýeden ötenine-de kän wagt bolupdyr. Ýöne her yyl şindi- şindilerem ýazda ýa güýzde dünýäni owazdan dolduryp durnalar geçende nähilidir bir saý-sebäp bilen göçünden galan ýalňyz durnanyň hemem ýekesiräp ýören garry gojanyň bir pursatlyk duşuşygyny ýatlap, birhili bolýaryn» diýen sözler bilen tamamlanmagy, toýnuk gurnap barýan durnanyň geçip giden ynsan ömrüne meňzetmesi bolup ýaňlanýar. Ýazyjy Ahmet Halmyradowyň çeper keşbi açyp görkezmekdäki ýazyjylyk ussatlygy onuň eserleriniň ýokary edebi hiliniň bolmaklygynyň girewidir. Ýokardaky seljerilen eserden hem görnüşi ýaly, ýazyja garrylaryň, ýaşuly nesliň keşplerini açyp görkezmek has-da oňat başardýar. Çeper sözüň üsti bilen keşp döredip, ony mümkingadar bitewülikde okyja ýetirmegiň örän ýokary ýazyjylyk ussatlygy talap edýändigini ýene-de bir gezek tekrarlasymyz gelýär. Biziň pikirimizçe, ýazyjy Ahmet Halmyradow şeýle ussatlyga ýetmegi başarypdyr. Biz bu pikirimiziň hakykatdan daş düşmeýändigine onuň metbugatda yzygiderli çapdan çykýan eserleri-de güwä geçýär. Akgözel MUKYMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. Çeşmesi: “Garagum” žurnaly, 5/2022 | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |