22:39 Hemişelik wekil: Öwezgeldi Atabaýew | |
HEMIŞELIK WEKIL
Taryhy şahslar
Türkmen halkynyň merdana ogullarynyň biri, bütin ömrüni Lenin partiýasynyň işine bagyş eden Öwezgeldi Atabaýewiň durmuş ýolunyň käbir sahypalary hakda söhbet etmekçi. Öwezgeldi Atabaýew asyryň başlarynda Bäherdendäki rus-ýerli mekdebini tamamlady. Bu mekdep ilki 1897-nji ýylda Bäherdeniň Bamy obasynda açylypdy. Onda Goriý mugallymçylyk seminariýasyny tamamlan Ependiýew bilim berýärdi. Mekdep 1898-nji ýylda Bäherdene geçirilýär. Ilkinji gyş mekdebiň ýanynda Bäherdene gatnap okaýan çagalar üçin internat açyldy. Mekdepde rus dili (ýazuwy, dili), arifmetika, taryh we geografiýa, türkmen dili we ýazuwy okadylýardy. Öwezgeldi Atabaýew hem şol mekdepde okap, tälim aldy. 1920-nji ýylda Bäherden raýonynyň oba komitetleriniň gurultaýy açylypdy. Ol ýerli ilatyň materiýal taýdan goldaw bermegi netijesinde her obada täze sowet mekdebini açmaly diýen karar çykardy. Ö.Atabaýew hem Nohurdaky sowet mekdebiniň ilkinji müdiri boldy. Meniň sohbetdeşim indi altmyş sekiz ýyldan bäri Kommunistik partiýanyň çleni, soýuz ähmiýetli personal pensioner Annaguly Artykow. Ol Beýik Oktýabryň janly şaýady. Türkmenistanda sosializm gurluşygynyň ähli döwürlerinde aktiw iş alyp baran adam. Annaguly aga Daşhowuz okrug komitetiniň jogapkär sekretary, TK(b) MK-nyň guramaçylyk bölüminiň müdiriniň orunbasary, TSSR magaryf halk komissary, ýer işleri halk komissary, partiýanyň Kerki okrug komitetiniň jogapkär sekretary, respulikanyň Kolhozsentr prawleniýesiniň başlygy, dokma senagat halk komissary, döwlet plan komissiýasynyň başlygynyň orunbasary, partiýa we sowet guramlarynda ýolbaşçy wezipelerinde işledi. BK(b)P-niň XVI konferensiýasynyň hem-de XVI gurultaýynyň, LKSM-nyň Bütintürküstan hem-de Bütinrussiýa (1920) konferensiýalarynyň delegatlygyna saýlanan Annaguly Artykow öz dosty Öwezgeldi Atabaýew hakda şeýle ýatlaýar: - Men Öwezgeldini ilkinji gezek 1922-nji ýylda Daşkentde gördüm. Ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň oba hojalyk bölüminde okap ýören ekeni. Ol özüniň Nohur obasyndan gelendigini aýtdy. Bu ýerde başga-da türkmen oglanlary okaýardy. Şolaryň birem Döwlet Mämmedowdy. Olaryň ikisem şol wagt bolşewikler partiýasynyň çlenidi. Ýeri gelende aýtsam, Döwlet okuwynyň daşyndan uniwersitetiň prorektory hem bolup işleýärdi. Ol Daşkentde türkmen dilinde çykýan gazetiň redaktory bolupdy, Türküstan K(b)P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminde işläpdi. Soň ol Türküstan respublikasynyň ýustisiýa halk komissarynyň orunbasary, sosial-üpjünçilik halk komissary bolup işläpdi. Türkmenistana gelip uly ýolbaşçy wezipelerde işledi. TK(b)P MK-nyň Ispolbýurosynyň hem çlenidi. Bu meniň dostum Döwlet Mämmedowyň durmuş ýoly hakda kiçijik ýatlama. Indi bolsa Öwezgeldi hakda aýdaýyn. Biz onuň bilen bada-bat tanyşdyk, dostlaşdyk. Onuň uniwersitetde abraýy uludy. Ol özüniň ýürekdeşligi, hoşniýetliligi, dosta wepalylygy bilen özüni adamlara aldyrypdy. Okuwyny gutarandan soň ony Türkmenistana işe iberdiler. Bu ýerde oňa jogapkär wezipe ynandylar; ol indi Traktorsentra ýolbaşçylyk edýärdi. Soň ol Daşkentde Türkmenistanyň hemişelik wekili boldy. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda Moskwa işe çekildi. Ol bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna ýolbaşçylyk etdi. Meni bolsa Daşkende, onuň ýerine işe iberdiler. Men bu ýerde bir ýyl işlänimden soň, Moskwa W.Molotow adyndaky Bütinsoýuz ýeňil senagat akademiýasyna okuwa gitdim. Meniň ýanymda maşgalam hem bardy. Şonda jaý meselesi ýüze çykdy. Muny eşiden Öwezgeldi maňa-da aýtman, kireýine ýaşamak üçin jaýyň gözlegine çykypdyr. Ol şonda biziň üçin Nowolesnoý köçesinden jaý tapandygyny aýtdy. Biz höwes bilen o ýerik göçüp bardyk. Onuň şeýle dostluk kömegini diňe men däl, onlarça adam alandyr. Ispaniýada uruş başlandy. Şonda ýüzlerçe ispan maşgalalary Moskwa geldi. Olary ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmelidi. SSSR Halk Komissarlar Soweti şo döwürde Moskwa gelen ispan maşgalalaryny ýerleşdirmek barada karar çykardy. Şuňa görä, belaruslaryň hemişelik wekilhanasynyň jaýy ispanlar üçin berilmeli edildi. Wekilhananyň işgärlerini bolsa Türkmenistanyň wekilhanasyna göçürdiler. Şonda hemişelik wekil Öwezgeldi Atabaýewiň nähili gujur-gaýrat bilen işländiginiň, uly guramaçylyk görkezendiginiň, ispan çagalary üçin uly alada edendiginiň şaýady boldum. Öwezeldi birnäçe ýyllap Moskwada hemişelik wekil bolup işlänsoň, ony Aşgabada işe çagyrdylar. Megerem, otuz altynjy ýylyň ahyrlary bolsa gerek, ony TSSR ýeňil senagaty halk komissarynyň orunbasary edip bellediler. Şo wezipedenem ony otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda ýygnadylar. Oňa “halk duşmany” diýen agyr töhmet ýöňkeldi. • Taryhy sprawka Öwezgeldi ilkinji türkmen magaryfçysy we publisisti Muhammetguly Atabaýewiň inisidi. M.Atabaýew Nohur obasynda rus-ýerli mekdebini açýar. Ýöne oňa bu mekdepde uzak işlemek miýesser etmeýär. Ol 1916-njy ýylyň 2-nji martynda ýogalýar. Onuň işini Öwezgeldi Atabaýew dowam etdirýär. • “Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleri inspeksiýasynyň 1916-njy ýylyň 14-nji awgustyndaky 2102-njy buýrugyndan: "Asgabat erkekler gimnaziýasynyň dört klas bilim berýän kursyny tamamlan Öwezgeldi Atabaýew şu ýylyň birinji sentýabryndan Nohur obasyndaky rus-ýerli uçilişesiniň müdirligine bellenýär. Uçilişeler inspektory I.Belýaýew”. Öwezgeldi Atabaýew bu obadaky ilkinji sowet mekdebiniň hem ilkinji müdiri boldy. Onuň bilim-terbiýe beren okuwçylaryyň birtopary uly partiýa we sowet işlerinde işlediler. Ellinji ýyllarda TSSR Halk Hojalygy Sowetiniň başlygy bolup işlän Gurban Rejepow SSSR Ýokary Sowetiniň deputatydy. TK(b)P MK-nyň býurosynyň çlenidi. Annamämmet Öwezow bolsa birnäçe ýyllap partiýanyň Aşgabat şäher komitetine ýolbaşçylyk etdi. Öwezgeldi Atabaýew Daşkentde Türkmenistanyň wekilhanasyna ýolbaşçylyk eden döwri respublikanyň ilkinji ädimlerine gabat gelýär. Daşkentde okaýan türkmen ýigitleri we gyzlary onuň hemişelik aldasyny duýýardylar. Olar üçin Daşkent şäherindäki Gogol köçesiniň 39-njy jaýynyň gapysy mydama açykdy. Olaryň ýokary we kämil bilim almaklary üçin Atabaýew güýjüni gaýgyrmaýardy. Bu hakda ine, şu aşakdaky dokumentler hem güwä geçýär. • Öwezgeldi Atabaýewiň hatlaryndan: Magaryf halk komissary, ýoldaş Pereňliýewe! Kopiýasy: MK, agitprop, ýoldaş Sähedowa! Kopiýasy: HKS, ýoldaş Atabaýewe! Türkmen magaryf institutyna degişli bagçylyk hojalygynyň ýagdaýyny öwrenip, ol hakdaky akty ibermek bilen, Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy şu aşakdakylary habar berýär: şeýle bagçylyk hojalygy barka, tomusda kursantlary öýlerine goýbermegi kadaly däl ýagdaý asap edýäris. Heý bolmanda, okuwçylaryň gylla ýarysy, tomus döwründe hojalygyň dürli pudaklarynda işlemekleri üçin bu ýerde galdyrylmalydyr. Iki ýyldan bäri bagy zyýanly mör-möjeklerden arassalamak ugrunda iş geçirilýän bolsa-da, ol gözgyny ýagdaýda. Şonuň üçin hem Magaryf halk komissarlygy tarapyndan goýberilen serişdäni doly harçlap, onuň ýene bir ýyldan girdeýji bermegini gazanmaly... Bu hojalykdan ýüz öwürmek Türkmenistan respublikasy üçinem, şeýle hem magaryf instituty üçinem hiç bir jähetden maksada laýyk däl. Çünki bu ýerde okaýan geljekki oba mugallymy üçin oba hojalygyndan doly tälim almaga ähli şertler bar. TSSR-iň hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Atabaýew. 1926-njy ýylyň 9-njy sentýabry.” Atabaýewiň hatynda gürrüň edilýän bag 104 desýatin ýerden ybaratdy. Ol Daşkendiň etegindäki Ýaňyýol wolostynyň territoriýasynda Kaufman demirýolynyň ugrunda ýerleşýärdi. On alty müň alty ýüz agaç ekilen bu bagyň ykbaly hakda Ö.Atabaýew soňam alada edipdi. Ö.Atabaýew pespäl, kiçigöwün adamdy. Käbir adamlar ýaly özüni iş edenden görkezjek bolup, uly wezipelere ymtylmaýardy. Iş başarjalygy bilen, uly guramaçylyk zehini bilen özüni tanadýardy. Şu sypatlary üçin ony hemme ýerde sylaýardylar. Respublikanyň partiýa we hökümet ýolbaşçylary hem bu bolşewik hakda gowy pikirdediler. Eýsem-de bolsa, oňa has uly, jogapkär wezipeleri hem hödürleýärdiler. Emma ol öz ýeriniň hemişelik wekilhanadadygyny, özüniň hut şu ýerde zerurdygyny aýdýardy. Geliň, gowusy bu hakda dokumentlere ýüzleneliň: “Daşkent, Türkmenistanyň hemişelik wekili Atabaýewe. Çaltyrak Aşgabada gelmegiňe garaşýas.Indiden soň, bellenen işiňe täzeden garamak meselesi mümkin däl hasap edýärin. Atabaýew, 7-1-33 ý” “Halk Komissarlar Sowetine, Atabaýewe, Orta Aziýa býurosy Öwezgeldi Atabaýewi Orta Aziýa möçberindäki işe çekmek meselesini orta atýar. Şonuň üçinem onuň Aşgabada gitmek meselesi yza çekilýär. TSSR HKS-niň başlygynyň orunbasary Sady Ungalbaýew. 1933-nji ýylyň 15-nji ýanwary.” “TSSR HKS-nyň başlygy Atabaýewe Hormatly Konstantin Sergeýewiç! Merkezi Komitetiň sekretariýaty meni TSSR ýer işleri halk komissarynyň orunbasary hem-de kadrlar sekretarynyň müdiri wezipeesine bellemek hakynda karar edipdir. Popok we Çary Wellekow ýoldaşlaryň meniň täze işim hakdaky meselä ýaňadan seretmeklerini, maňa häzirki işimde – wekilhanada ýene-de bir ýyl işlemäge mümkinçilik bermeklerini gaty haýyş edýärin. Galyberse-de, Daşkentde TSSR-iň hemişelik wekili hökmünde Orta Aziýa ýolbaşçylary bilen men işjeň we şahsy gatnaşyklary ýola goýdum. Bu gatnaşyklar respublika üçin wekilhananyň bitirmreli tabşyryklaryny oňyn çözmegine uly ähmiýeti bar. Şeýle hem 1932-nji ýylyň dowamynda men indi dördünji ýola bir işden başga bir işe iberilýän. Aşgabatdan meni Orta Aziýa Traktorsentrinde işlemek üçin iberilipdim. Ýöne bu edaranyň ýapylmagy bilen men SSSR Ýer işleriniň halk komissarlygynyň Orta Aziýa boýunça upolnamoçynnysy bolup işe başladym. Ol ýerdenem wekilhanada işe başladym. Indem Aşgabada işe çagyrýarlar. Täze işim bilen baglanyşykly meselä seredilende meniň maşgala ýagdaýyma-da göz öňünde tutmagyňyzy haýyş edýärin. Häzir aýalym daşary ýurt dilleri kursunda okaýar. Ol ýene bir ýyldan okuwyny tamamlaýar. Eger-de men Aşgabada işe iberilsem, onda onuň okan okuwynyň netijesiz boljakdygy görnüp duran zat. Kommunistik salam bilen, Öwezgeldi Atabaýew.” Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ýerine ýetirmeli işleri az-kuş däldi. Ol respublika üçin gerekli kadrlar barada-da alada etmelidi. “Gyssagly, Aşgabat, HKS, TOLPYGO Size öňden tanyş Daşokpagtasoýuzyň başlygy, on dokuzynjy ýyldan bäri partiýa çleni Atahanow Moskwada dokma fabriginiň direktory bolup işledi. Ol BK(b)P Moskwa oblast komitetinden Orta Aziýa býurosynyň garamagyna geldi. Türkmenistanda işlemge höwes bildirýär. Razylygyňyz barada telegraf arkaly habar beriň. Öwezgeldi Atabaýew. 13.VI.33 ý.” “Halk Komissarlar Sowetine, TOLPYGO Gurluşygy, senagaty gerekli zatlar bilen üpjün etmek bähbidini göz öňünde tutmak bilen, men Daşkentdäki Türkmensnabsbytyň wekilçiligini ýatyrmaklyga düýbünden garşy çykýan. Gelen netijäňiz barada telegraf arkaly habar beriň... Atabaýew. 10.IX.33 ý.” Ol bu hatyny Gaýgysyz Atabaýewiň adyna ýazypdy. “Hormatly ýoldaş Atabaýew. Türkmensöwdanyň Daşkentdäki wekilini çalyşmak baradaky meseläni Siziň öňüňizde goýmak bilen, men söwdanyň içerki işine gatnaşmak pikirinden juda daşda. Ýöne Moloçnikow iş tejribesi babatynda Türkmensöwdanyň işini ilerletmek babatda hiç hili iş edenok. Häzir, Orta Aziýa Býurosynyň komissiýasy, bu ugurdan ştat boýunça Daşkentde bir adam goýmak meselesini orta atanda, bu mesele aýratynam mese-mälim ýüze çykýar. Şu ýagdaýda hem-ä Moloçnikowyň öz arzasynda görkezişi ýaly, ol özüne tabşyrylan işi amala aşyrmaga doly güýji ýetenok. Şonuň üçinem ol başga ýerden iş gözleýär. Men bu işiň hötdesinden gelip biljek işgär hökmünde ýoldaş Galperiniň kandidaturasyny hödürleýärin. Ol gowy işgärleriň biri, uly iş tejribesi bar. Teoretiki tarapdanam gaty taýýarlykly işgär... Şu sebäpli men işiň bähbidi üçin Moloçnikowyň ýerine Galperini hödürleýärin. Kommunistik salam bilen, Atabaýew.” • Partiýa weterany Akmämmet Saryýew ýatlaýar: -Men Köşüdäki oba hojalyk tehnikumyny tamamlap, Kerkide önümçilik praktikasyny geçýärdim. Ilki agrostarosta boldum, soň Çekir oba Sowetinde agrotehnik bolup işleddim. Şo döwürde partiýanyň Kerki okrugkomynyň sekretary Annaguly Artykowdy. Şo günler “Pagtanyň ýagdaýyny barlamak üçin Daşkentden uly myhman geljekmiş” diýen habar ýaýrady. Uzak wagtam geçmän garaşylan adam geldi. Ol BK(b)P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň upolnomoçennysy Öwezgeldi Atabaýew ekeni. Egni harby geýýimli, aýagy ädikli, uzyn boýly daýaw adam raýon aktiwine gatnaşdy. Ol şonda gowaçanyň ekişini öz wagtynda geçirmek barada ýönekeýden düşnükli edip çykyş etdi. Onuň şo wagt aýdan sözleri häzirem ýadymda. Ol şeýle diýdi: - Ýurdumyzda pagtanyň niçiksi gerekdigini men size düşündirip oturjak däl. Pagta biziň respublikamyzyň baýlygy, ol biziň abraýymyz. Donbasyň kömrüniň, Bakuwyň nebtiniň ýurdumyz üçin nähili zerurdygyny göz öňümizde tutsak, onda biziň pagtamyz hem şonuň ýalydygy öz-özünden düşnüklidir. Öwezgeldi Atabaýew aktiwden soň her birimiz bilen duşuşdy, hal-ahwalymyzy soraşdyrdy. Biz şonda bu adamyň daýhanyň tabyny oňat bilýändigine, oba hojalygyndan örän gowy baş çykarýandygyna göz ýetirdik. O wagtlar häzirki ýaly islän ýeriňe münip gider ýaly maşynam ýokdy. Ol kä atly, käte paý-pyýada hojalyklaryň köpüsine aýlandy. Bu ýeňil däldi. Eger-de şo wagtlar duşman elementleriniň eli ýaragly aňtap ýörüşlerini nazara alsaň, howp-hatar az däldi. Hawa, şeýdip oba hojalyklarynda bolup, adamlaryň ýagdaýy bilen tanyş boldy. Biziň ruhumyzy göterdi. Beýle adamlar hiç haçan ýadyňdan çykmaýan ekeni. Men ony soň Moskwada hemişelik wekil bolup işlän döwründe-de görüpdim. Biz şonda Türkmenistanyň we Täjigistanyň öňde baryjy kolhozçylarynyň maslahatyna gatnaşypdyk. Türkmenistandan 33 adamdy. Biziň bilen TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok, TSSR HKS-niň başlygy Gaýgysyz Atabaýew, TSSR MIK-niň başlygy Nedirbaý Aýtakow, onuň orunbasary Gurbandurdy Atamyradow, TSSR ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow, TSSR MIK-niň sekretary Hajy Atabaýew dagam bardy. Meni şonda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylagladylar. Öwezgeldi Atabaýew meni bu ýokary sylag bilen gutlady. Bu 1935-nji ýyldy. • Anna Aşyrowa, biologiýa ylymlarynyň doktory: - Men Öwezgeldi Atabaýewi Daşkentde işlän döwründe-de, Moskwada işlän döwründe-de gowy tanaýardym. Meniň adamym Garry Kulyýew Öwezgeldi bilenem, onuň inisi Hajy bilenem gowy gatnaşykdady. 37-nji ýylda olar agyr töhmetiň pidasy boldular. Öwezgeldi kyrk altynjy ýylda boşap gelensoň, oňa günäli adam hökmünde garadylar. Men şo wagtlar ülkäni öwreniş muzeýinde direktor bolup işleýärdim. Ony muzeýe işe aldym. Ýöne oňa bu ýerde uzak işlemek miýesser etmedi. • AWTORDAN: - Hawa, gara bulut Öwezgeldi Atabaýewiň üstünden syrylmady. Onuň obadaşy, köp ýyllap sowet we magaryf işlerinde işlän, Öwezgeldiniň okuwçysy Durdymyrat Poladow öz mugallymy hakda maňa şeýle gürrüň beripdi. “Öwezgeldi kyrk altynjy ýylda boşap gelenden soň, öz dogduk obasyna görme-görşe gitdi. Oba adamlary ony güler ýüz bilen garşyladylar. Ol bolsa oba adamlarynyň arasynda az görünýärdi. Gije-gündiz diýmän, türkmen ýazyjylarynyň eserlerini okaýardy. Obada birnäçe wagtlap bolandan soň, ol ýene-de Aşgabada gaýtdy. Bu ýere gelensoň oňa ýene şol öňki günä ýöňkeldi. Öwezgeldi bilen bile ähli kynçylyklary başyndan geçiren Orazmämmet Täçmämmedow ellinji ýylaryň ahyrynda Nohur obasyna geldi. Ol şonda öz dostunyň öňündäki iň soňky borjuny berjaý etdi. Öwezgeldiniň köp ýyllap mugallymçylyk eden mekdebiniň ýanynda, belent başly çynarlaryň aşagyna onuň obadaşlaryny, garyndaşlaryny ýygnady. Ol türkmen halkynyň merdana ogly Öwezgeldi Atabaýew hakda, onuň ömrüniň iň soňky pursatlary hakda, birin-birin gürrüň berdi. Şol gün Nohur obasy ýas baglady. Adamlar öz mähriban obadaşlarynyň agysyny agladylar”... 1935-nji ýylda. Türkmen jigitleriniň Aşgabat-Moskwa aralygyna eden atly ýörişleri bütin dünýäni aňk etdi. Olar sag-aman Moskwa bardylar. Bu ýerde Abelmanowa zastawasynda olary ilki bolup TSSR MIK-niň başlygy N.Aýtakow, Goranmak halk komissarynyň orunbasary Tuhaçewskiý, TSSR-iň Moskwadaky hemişelik wekili Öwezgeldi Atabaýew we beýleki görnükli adamlar garşyladylar. Ýurdumyzyň paýtagtynda olary partiýa we hökümet ýolbaşçylary kabul etdiler. Soň taýmylçylaryň ýörişi. Türkmen gerçekleriniň yzly-yzyna gahrymançylykly ýeňişleri bütin ýurdumyzyň adamlaryny tolgundyrdy. Moskwa olary mähirli kabul edipdi. Şo döwürde Öwezgeldi Atabaýewiň iş-aladasy hasam artypdy. Şo döwürde onuň uly guramaçylyk ukyby hasam aýdyň görnüpdi. Taýmylçylaryň komandiri Meret Kulyýew bu barada örän ýürekdeşlik bilen ýatlaýardy. -Görýäňmi, Sowet häkimiýetiniň güýjüni! Düýnki ýeňiýoluk bu gün bütin ýurduň guwanjyna öwrüldi – diýip, ol Merede aýdýardy. Ýeri gelende aýtsak, ykbal soň olaryň ikisine-de zabun darady. Olar uzak wagtlap, dogduk diýaryň, mähriban ojagyň, dost-ýaryň agyr aýraçylygyny bile bir ýerde çekmeli bolupdylar. Bu aýraçylygyň möhleti tamam bolup, elleri agaç çemodanly ýol şaýlaryny tutup durkalar, M.Kulyýew öz söwer dostundan jyda düşdi. Her hili töhmete çydam eden ýürek, birdenkä urmasyny goýdy. “Aýtdym-a men size hakykat bar diýip. Aýtdym-a.” Ine, bu söz dostlaryň arasynda Öwezgeldiniň iň soňky aýdan sözleri boldy. Hawa, ol hakykatyň irde-giçde hemişe üstün çykýandygyna berk ynanýardy. Bu uly ynam oňa iň agyr pursatlarda-da ýaşamaga goldaw berýärdi. Emma şol wagt, 36-njy ýylda bütin Moskwa türkmen gerçeklerini mähirli garşylaýarka, öz ykballarynyň şeýle boljakdygyndan olaryň ikisem bihabardy.1921-nji ýylyň aprelinden Moskwada Türküstan ASSR-niň Milletler halk komissarlygynyň ýanynda hemişelik wekilhanasy açyldy. 1924-nji ýylda Türkmenistan we Özbegistan respublikalarynyň döredilmegi bilen SSSR hökümetiniň ýanynda olaryň hemişelik wekilhanasy öz işine başlady. Şeýle wekilhana Daşkentde-de bardy. Öwezgeldi Atabaýew bolsa şol wekilhanalara ýolbaşçylyk eden ilkinji türkmenleriň biridi. Ol öz respublikasyyň adyndan SSSR HKS-niň, Zähmet we Goranmak Sowetleriniň, SSSR Gosplanynyň ýanyndaky dürli komissiýalaryň işine gatnaşýardy. Soýuz halk komissarlyklarynda bolýardy. Respublikanyň halk hojalygy, ykdysadyýeti, medeniýeti bilen tanyş edýärdi. Bolşewikler partiýasynyň çleni, Türkmenistanyň hemişelik wekili Öwezgeldi Atabaýew bolsa bütin gujur-gaýratyny, zehinini, ähli guramaçylyk ukybyny bu beýik işlere sarp edýärdi. Otuzynjy ýyllarda atlary kolhoz-sowhozlara dakylan Öwezgeldi we Hajy Atabaýewleriň atlaryny ebedileşdirmek gerek. Muňa olar öz bitiren işleri bilen hukuk gazanypdylar. 1987 ý. Oktýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |