HEZILLIKLER OBADA BOLÝAR
Kakasynyň şäherden mündürip goýberen maşyny Umydy giç öýlänler obada ýaşaýan daýysynyň işiginde düşürip gaýtdy. Bu mahal daýysy öýünde ýok eken.Ýöne oňa derek gelnejesi Gülaýym ony gujak açyp garşy aldy, ýüz-gözünden öpdi. Doganlarynyň, jigileriniň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy, olar bilen birin-birin tanyşdy.
--Çaň-tozana gömülipsiň, Umyt jan, men häzir ýuwunaryň ýaly saňa suw taýynlaýyn. Eşikleriňi soň giçlik çalşyrynsaňam bor.
Gülaýym ýylyja suw akydyp, Umydyň el-ýüzüni ýuwdurdy. Soňam ony çynaryň kölgesine atylan gülli keçede ýazylan üsti dürli owkatly saçagyň başyna çagyrdy. Umyt gelip gelnejesiniň gabat garşysynda ornaşdy-da, özüne guýlup goýlan çaýly käsäni öňüne süýşürdi.
--Gelneje, bu agajyň ady näme?
--Çynar.
--Ol nädip beýle ullakan bolupdyr?
--Bu agajyň gögerip oturanyna gör näçe ýyllar geçipdir. Gadymy agaç.
--Bäý-bä!
Olaryň gürrüňi hasam gyzyşyp gitdi.
--Ine, şu görýän ýerleriň bar-a, obada ozal köne gala ady bilen belli ýer eken. Biz bu ýere göçüp gelenimizde, golaý-goltumda adam –gara ýaşanokdy. Kämahallar mekdep okuwçylary gezelenje getirilýärdi diýmeseň, häli-häzirem bu ýerlere o diýen bir köp adam gelip duranok. Indi-indiler iki-ýeke göçüp gelýänler bar. Daýyň obamyza Dynç gala diýip täze at berdi. Ony geň görenlerem tapyldy, häzir welin şeýle salgy bilen hat-petekdir gazet-žurnallar hem gelip dur.
--Gelneje, daýym häzir nirede?—Umyt hoz maňzyndan symyşlap oturyşyna sorady.
--Daýyň şu gün-ä awa gitdi.
--Awa gitdi? Tüpeňlimi?
--Hawa.
--Daýymyň tüpeňem barmy?
--Bar.
--Ullakanymy?
--Aw tüpeňidir-dä! Daýyň seniň geljegiňi bilýärdi. Näme gerirsem ýegenimki diýipdi. Belki awy ganly bolaýady-da. Işden sypynyp bilenok. Indi näçe günüň içidir şähere gitjek bolup ýöreni. Ýegenlerimiň ýagdaýyndan habar alyp gaýdaýyn diýýä. Asyl bu ekin-dikin, jaý gurluşygy bilen çaýynam arkaýyn oturyp içip bilenok. Ynha, biziň şu mellegimiziň ýerem ömür ekilen ýer däl, tarp ýer eken. Ilkinji ýyl pomidor ekdik. Tüweleme, bolsady ekilen ýaly boldy. Ýetişenini bir ujundan satybam otyrys. Üstümize gelip alýarlar. Hasyly entek-entekler egsiler ýaly däl mellegiň.
--Pomidor biziň golaýymyzdaky gök dükanynda-da satylýar, kilosy alty manatdan.
--Hawa, daýyňam şeý diýdi. Ejeň gelip bilmezmikä? Duza ýatyraýyn diýse-de, tomat edeýin diýse-de, şondan kän zat ýok. Gelip bilmejegini anyk bilsem, ony özümem taýynlap goýardym.
Umyt her zatdan bir çümmüjik datdy-da, boldum etdi. Ol daş-töweregini gallap oturan gatbar-gatbar daşly gaýalara, çynarlaryň çür başyndaky guşlaryň höwürtgelerine syn edip, ylla başga bir dünýäde gezip ýörendirin öýtdi.
--Gel, öňinçä zatlary ýygnaşdyrmaga maňa kömekleş. Onsoň ine-gana mellege aýlan, hol kölde balyjaklar bardyr, kümämizde tokludyr owlajyklarymyz hem bar.
--Gelneje, bu işleri aýal-gyzlar etmeli dälmi?
--Kim aýdýar ony, Umyt?
--Aý, hiç kim, ýöne bizde-hä erkek adam bu zatlara bulaşyp ýörenok.
--Maşgalada beýle bölünişigiň geregi ýok. Kim gabat gelse aýrybermelidir. Käte daýyňa-da kömekleşdirýän men-ä. Basym bolaweri, işimiz başymyzdan agdyk. Şu gün mekgejöwene suw tutmaly. Ine, daýyňam eşegini dikgirdedip hä diýmän geler.
--Eşegiňizem barmy, gelneje?
--Hawa, bar. Akja, daýaw eşekdir. Ynha, özüňem oňa münüp görersiň.
--Menmi? Ýok, men oňa münüp bilmen. Ýykylarynmy-nämemi. Onsoň kakamam garagollyk edäýmegin diýip berk tabşyrdy.
Umyt gelnejesine kömekleşip başlady. Oňa töwerekde bolup geçýän ähli zat, ylla ertekilerdäki ýaly geň-enaýy bolup göründi. Geň görünmezçe-de däldi. Mydama telewizorda görüp oňňut edýän zatlaryna hakyt jan girip, edil öňünden pete-pet çykaýýardy. Goňşy-golamyň yzyna gölesini tirkäp geçip barýan sygyrlaram, gök baýyrlykda otlaşyp ýören owlak-guzularam onuň ünsüni özüne çekdi. Onsoň ol gelnejesiniň üstüni dürli-dümen sowallardan doldurdy.
--Gelneje, daýymyň eşegi oglanmy-gyz?
--Geçiňem ekiz çagasy bolýarmy?
--Näme üçin çeşmäň suwy sowuk bolýar?
“Eý-ho, çaganyň bu soňsuz sowallaryna ber-dä jogap berip bilseň”. Gülaýym Umydyň bu sowallaryny jogapsyz galdyrdy-da, mellege bakan ugrady.
Umyt köle golaý gelipdi. Ol suwuň ýüzünde iki-ýeke ýüzüşip ýören balyklara gabat geldi. Ýöne ulurak balyklar welin ondan gaçýan ýaly suwuň kölden aýrylýan akymy bilen aşaklygyna ýüzüp barýardy. Ol uly balyklary gözünden sypdyrman, arygyň gyrasy bilen uzaklara gitdi. Eline daş alyp olary ep-esli araklyga çenli kowalady.
--Oglum, suwa daş atmaň näme, ýylan-içýan barmy?
Umyt bu ýerde gartaşan arryk bu adamy ilkinji gezek görýärdi.
--Ýok, atam, ýylan beýlekä däl, balyk.
--Balygyň daş bilen urlup tutulýanyny birinji gezek görýän. Munuň üçin ýörite çeňňek edinmeli, oglum.
--Çeňňek diýýäniň näme, atam?
--Hany, gel ilki bir salamlaşaly. Salam Alladan dilenen dileg bormuşyn.
Umyt elindäki daşyny bir gapdala oklap goýberdi-de, baryp bu natanyş adam bilen ikelläp görüşdi.
--Salam, atam!
--Waleýkim, oglum. Adyň näme?
--Umyt.
--Tüweleme, gowy adyň bar eken. Umyt—belki bu ady ata-eneň nämedir bir zady umyt edensoň dakandyr. Şäherdemi?
--Hawa.
--Dur-la-dur-la. Hakydam meni aldamasa, sen Bally Öweziň ogly bolmaly, bildim gerek?!
Umyt bu gojanyň öz kakasynyň adynyn tutanyna geň galdy. Şonuň üçinem onuň sowalyan sowal bilen jogap berdi.
--Atam, siz meniň kakamy nireden tanaýarsyňyz?
Gojanyň bokurdagy gijedimi, nämemi, ol telim öwre üsgürindi.
--Oglum, men seniň kakaňy däl, kakaň kakasynyň kakasynam tanaýardym.
--Bäý-bä, nädip tanap bilýäňiz? Siziň nä iki ýüz dagy ýaşyňyz barmy?
--Onuň üçin iki ýüz ýaşamak hökman däl. Men häzir ýetmiş sekiz ýaşymda. Bally Batyra men beletdim. Ol menden birneme ulurakdy. Ol otuz ýediň tutha-tutlugynda ýygnalanda, bary-ýogy ýigrimi bir ýaşly ýetginjekdi. Wah, o neressäň men diýen wagtydy, sowady ýetikdi. Iki dogana ýadyňa-oýuňa düşmejek günäler ýüklendi. Olaryň ikisem şol nägehanyň pidasy boldy. Bally Batyryň yzynda ýaş gelni bilen heniz süýtden aýrylmadyk çagajygy galypdy. Ana, şol çagajyk bolsa, seniň ataň Öwez bolmaly. Kakaň Bally bolsa Öweziň ogullarynyň iň ulusydyr. Körpesi-hä Ärdogdy obada, ortanjysy Aman hem şähere golaý bir ýerlerde oturýar diýdiler.
Umyt bu adamyň gürrüňini iki gaşyny bir ýerik üýşürip, üns berip diňleýärdi. Ol özüniň obada bolan ilkinji gününde şeýle gürrüňçil adam bilen tanşanyna begendi. Belki obanyň ähli ýaşulysam şeýledir. Onda-ha Umydyň rugsady erbet geçmese, oba gelenine ökünmese gerek. Goja häzir hem uly adama gürrüň berýän ýaly söhbede gyzypdy.
--Şükür, heniz huşumdan nägile däl. Sen daýyňa aýt, goý ol saňa balyk tutulýan çeňňek ýasap bersin. Daşdan netije bolmaz.
--Bolýar, atam.—Umyt yzyna gaýtdy. Ol bu barada öýe gelen dessine gelnejesine gürrüň berdi.
--Kimkä, ol janlarym? Oraz çerredir diýsem, o pahyr indi näçe gündür düşekden galman ýatyr. Bekdurdy eke bolaýmasyn diýsem, ol birki günlükde şäherde ýaşaýan oglunyň jaý toýuna gidipdi.
--Men-ä ýekeje gün bolamda, gürrüňçil ýaşula duşdumam, tanyşdymam. Sen welin bir ýyllap şu obada ýaşabam tanaňok.
--Dogrym, tanamadym.
--Ur-a, tanamadyň, tanaňok-hä. Horja adam, özem ýetmiş sekiz ýaşymda diýdi. Çalja eşegem bar.
Şondan soň olar birsellem dymyşyp oturdylar. Umyt diwarda asylan tilki derisini, her dürli ýyrtyjy guşlaryň diriligisindäki ýaly keşplerini synlap çykdy.
--Gelneje, siz bulary dirikä ele saldyňyzmy?—Umyt tilki derisiniň uzyn hem ýumşajyk tüýjagazlaryny sypap durşuna sorady. Onuň gözlerine welin elini degirmäge gorkdy.Guşlara-da degmedi.
--Hawa, hemmejesem daýyň getirenleri.
Wagt birçen bolansoň, Umydyň ukusy gelýärdi, daýysy welin gara bermeýärdi. Umyt gelnejesiniň dyzynda başyny goýup, uka gitdi.
Kakabaý şol gün dogrudanam giç geldi. Ol gelende Gülaýym henizem ýatman, tikin-çatyny bilen gümra bolup otyrdy.
--Ýegen gelipdir-ow. Tüweleme, tüweleme, şeýdip gelibermel-ä bular.
--Aman-sag geldiňmi, Kakabaý. Aw ganly bol-a.
--Hä, geldim. Henizem ýatman garaşyp otyrmyň.Ýegen uklaýdymy? Ynha, şu käkilikleri ýegenim üçin getiripdim. Zyýany ýok. Ir bilen ojar odunda kakmaç edip beräýersiň. Agyldaky toklylaň birinem söwüş etmeli bor.
--Wah, näler ýatmajak hem boldam-la, ýöne ýol ýadandyr.
--Ýadandyr. Gelmesine-hä Çary küpbe bilen gelipdir ol. Ýöne ýolda-yzda kän kösenen ekenler. Maşynyň ýüki agyr bolup kötelden çykmansoň, adamlaryny düşürip, esli aralygy pyýada ýöredipdir.
--Umydammy?—Gülaýym ýakasyny tutdy.
--Gepem şonda-da.
--Wah, çagajyk. Ýeri, şuny maşyndan düşürmän-de bolmadymy? Ýumruk ýaly çaga-da näme agram bar?
--Şony aýtsana.—Kakabaý üstki eşiklerini çykaryp diwardan asdy. Tüpeňi hemişeki ýerinde goýdy. Soňam daş çykyp ýuwunmaga durdy.
--Taýynja naharam bar, häzir gyzdyraýyn.
--Ýok, Gülaýym, nahar işdäm ýok, ýöne biçak suwsadym.
--Termosyň çaýdan doludyr. Häzir...—Ol Umydyň kellesini ýassykda goýup, ýerinden turdy. Kakabaý ýassyga gyşardy. Gülaýymyň öňünde goýan çaýyny gaýtarmaga durdy.
--Özüňem çaý iç-dä!
--Sen arkaýyn içiber. Biz Umyt ikimiz çaýam içdik, naharam iýdik. Me, al, käselere guýuşdyr-da süzüber.
--Okuwyň gutaranyna tutuş bir aý bolup barýar. Şäheriň demiňi tutup barýan yssysyna döz gelip ýörenlerini gowy görýärler. Aý, onsoňam gürrüň çagada-da däl. Ata-ene goýberse geler-dä.—Kakabaý sus uka giden ýegenine seretdi.—Ýegen, onsoň näme gürrüň berýär?
--Ýegeniňde gürrüň köp. Tüweleme, gepiň öýi. Kakam ejeme topulsa, ejemiň tarapyny tutýan diýýä.
--Urýamyşyn diýip gulagyma degýädi-le. Asyl bu gürrüňiň jany bar ekeni.
--Urma nämişlesin?! Derrew gyzyberýäň-le, çaga gürrüňidir-dä. Maşgalada sene-mene etmedik barmy. “Oglanly öýde ogurlyk ýatmaz” diýilmänmi. Ýegeniň bu gün eýýäm bir goja kişi bilen tanyşypdyr. Ýöne ol meniň heniz görmedik, tanamadyk adamym bolup çykdy. Ertir oýansa, onuň özem gürrüň berer-le welin, ataňy-kakaňy bäş barmagy ýaly tanaýan diýipdir. Adyny aýtmandyr, ýetmiş sekiz ýaşymda diýipdir. Onsoň menem ol adam kimkä diýip, asyl...
--Şu obada köp bilýän ýekeje adam bardyr. Ol hem Meret lagardyr. Köne adamdyr.
--Eşiden adym däl, diýdim-ä tanamok diýip.
--Tanamanmy, aňyrsyna-da geçýänsiň. Düýn Ymam kepbäň toýunda toý sanawajyny aýtmadymy bir ýaşuly?! Toý paýyny az görübem uly goh turuzmadymy?
--Wiý, huşum gursun. Umyda duşan şol adammydyka? Lagar diýib-ä hakyt bilip dakypdyrlar bendä.
--Düşek at, onýança men bir bakja aýlanyp gaýdaýyn.
Gülaýym Umydy göterip düşegine geçirdem welin Umyt gözlerini ýalpa açdy-da:
--Gelneje, daýym geldimi?-- diýdi.
--Geldi, geldi.
Umyt dikelip oturdy. Kakabaý köwşüni geýip, ýaňy bir daş çykmakçy bolup durdy.
--Ýegen, salam, gurgunjamyň, ullakan ýigit bolýaňmy-how!?
Umyt ýerinden turdy-da gözlerini owkalady, soňam daýysy bilen uly adamlar ýaly ikelläp görüşdi.
--Sen ýatyber, men bir mellege aýlanyp gaýdaýyn.
--Menem gitjek, daýy.
--Ýör, gitseň.
Olar tirkeşip öýden çykdylar. Aýlanyp gelýänçäler Gülaýym düşekleri ýazan ekeni. Umyt eşiklerini çalşyryndy-da, özi üçin taýýarlanylan düşege geçdi...
Ir säher. Umyt hemmeden ir oýandy. Daýysy welin ondan giç turdy. Umyt şol aralykda daşarda gezelenç etdi.
Olar ertirlik naharynyň başyna geçipdiler. Şo pille-de öýüň arka tarapynda eşek aňňyrdy.Umyt äpişgeden seredende, çal eşegiň üstünde gaba telpekli bir adamyň göni özlerine bakan gelýänini gördi. Ol adam eşegiň üstünde oturan ýerinden ýitigini gözleýän ýaly elini gözlerine kölegeledip, töwerek-daşyna siňe-siňe seredip gelýärdi. Ol eşekli Meret lagardy.
--Hana gelneje, seniň tanamok diýýän gojaň!
Ol daýysy ikisi Meret lagaryň öňünden çykyp, onuň bilen salamlaşdylar, saglyk-amanlyk soraşyldy.
--Ýegeniňi gören dessime tanandyryn. Agyn atasynyň özi-dä. O pahyr birneme garagolrakdy. Umyt beýle dälmikän diýýän. Ol size gezmäge geldimi?
--Hawa, Meret aga, ol häzir rugsatda. Üçünji synpa geçipdir. Ýany bilen gündeliginem getiripdir. Tüweleme, sap bäşlik.
--Hany, sen meniň ýanyma gel. Men saňa ynha, çeňňek getirdim. Muny indi köp wagtdan bäri geregi çykar öýdüp saklap ýördüm. Al, seniň nesibäň eken. Ýogsam, balyklary daşlap ýörsüň.
--Sag boluň, atam!—Umyt çeňňegi alyp, daýysynyň ýüzüne seretdi.
--Meret aga, aladaňyz üçin, taňryýalkasyn—diýip, Kakabaý hem goja hoşallyk bildirdi.
--Ýöne Umyda öwretgin, oglum, ol çeňňekli nädip balyk tutulýanynam bilýän däl bolsa gerek—diýdi-de, Meret lagar eşeginiň başyny yzyna öwürdi.
--Özüm öwrederin. Meret aga, bir käse çaý içip gidäý.
--Sag boluň, oglum.
Ertirlik çaýdan soň daýyly ýegen köle bakan ugrady.
***
Birki günlükde Umydyň täze dostlaşan oglany Rahat onuň ýanyna ýüz-gözüni çişirip geldi. Asyl bir göz-ä oňly açylanogam. Siňe seredäýmeseň-ä ozalky Rahada-da meňzänokdy.
--Saňa näme boldy, Rahat.—Umyt dostunyň ýüzüne aladaly seretdi.
--Aý, hiç-le, zamyr çakdy-laý.
--Zamyr çakdy? Ol neneň zat bolýar?
--Şonam bileňok-laý. Seni heniz çakyp gören däldir, ýogsam zamyryň nämedigini bilerdiň.
--Seni çakan zamyr däl-de, ary bolaýmasyn?!
--Meniň gözüm kör däl ahyryn, zamyr çakdy, özem hakyt eşek zamyry diýilýäni, ulusy.
--Agyrýarammy?
--Çakan mahaly agyrdy-la. Häzir welin agyranok, ýöne gijäp dur.
Olar birsellem oýna gyzykdylar. Ýöne Parahadyň öňküligi ýokdy. Ol basym öýüne gaýtmak bilen boldy.
Ir bilen çaý başynda otyrka Gülaýym:
--Sen agşam ir ýatdyň. Daýyňam peski oba çagyryp gitdiler. Mellege jaň-juňy bary çozdy. Tä daň atýança uwlapjyk çykdylar-da!
--Jaň-juňy bolanda näme bolýar, gelneje?
--Şagal. Ony bu obalylar şeýle atlandyrýarlar. Özlerem olar gawuna düşünipdirler. Nirde bir süýjüsi bolsa şonam tapaýýarlar.
Şol gün agşamlyk nahardan soň Umyt daýysynyň ýassygyna başyny goýup durşuna:
--Daýy!—diýdi.
--Hä, ýegen, hany gürrüň ber bakaly, bu gün näme hezillik gördüň?—diýip, Kakabaý aýalynyň ýüzünen äňetdi.Ýöne ondan ses çykmady. Gaýta olam Umydyň agzyna aňkaryldy.
--Rahadyň ýüzi çişipdir eken. „Näme boldy?“ diýsem, „Zamyr çakdy, özem eşek zamyry diýilýäni“ diýdi. Onsoň men ondan zamyryň nämeligini sorasam ol-a düşündiribem bilmedi. Aý, bir uçýan zat diýdi. Zamyr nämekän-aý, daýy?
--Zamyr diýsene, ýegen, muny bilmezligiňem, dogrusy seniň o sözi eşiden bolmazlygyňam mümkin. Biz ara zamyr diýýändiris.
--Arydyr diýdimem-le.
--Eşek arysynyň agyrysam güýçlüdir. Ol garagolluk edip, aryň öýjügini gozgandyr, olam çakandyr, wessalam.Ýogsam, gezip ýörseň, şo janawaram çakyberenok.
Umyt öz ýanyndan täze bir açyş eden ýaly esli wagtlap gözlerini bir nokada dikip ýatdy.Uzak wagtlap ukusy tutmady.
Ýarygijeler töweregidi. Içeriň howasy sowaberende, Gülaýym oýandy-da, üstüne ýorgan çekdi.Umydyň üstüni-de ýapaýyn diýip gysymlany boş ýorgan boldy. Zähresi ýarylan ýaly zöwwe ýerinden galdy. Içerden Umydy gözledi, tapmady, Iişigiň gurlup goýlan kildi ýazdyrylypdy. Ol allaniçigsi bolup gygyrdy:
--Kakabaý, Kakabaý, turaweri, oýanaweri.
--Näme habar? Gykylygyň näme, Gülaýym!
--Ýegeniň ýog-a, nirä gidip biler?
--Aýakýoluna çykan bolaýmasyn?! Geler, häzir geler, ol uzaga gitmez.—Kakabaý penjegini egnine atyp, öýden howlukmaç çykdy.
Töwerek imi-salalaykdy. Uzagrak bir ýerlerden oba horazlarynyň sesi gelýärdi. It üýrýärdi. Kakabaý Umydyň gözlegine çykdy. Ol ýegeniniň adyny tutup gygyrmady, gorkar öýtdi, pişik basyşyny edip ekine aýlandy. Mellegiň gündogar çetinde töwerege gözegçilik edip oturan Umydy görensoň ynjaldy, sähel-mähel saklanjak ýaly etse-de, yzyna dolandy.
Umyt hem şondan soň kän garaşdyrman geldi. Daýysynyň düşegine geçip gyşardy. Ýöne gelnejesi welin häzirem howsalalydy.
--Umyt ajn, nirä gitdiň, gije-de ýeke daş çykarlarmy, meni ýa-da daýyňy oýaraýmaly ekeniň-dä!
--Gelneje, gawun iýýän jaň-juňuny göräýjek boldum-da!
--Hawa, onsoň görüp bildiňmi?
--Gördüm, ýöne gören zatlarymy häzir aýtjak däl.
--Bolýa, soň aýdaýarsyň, daňam atyp gelýär, birneme irkiläý.
Umyt şol ýatyşyna gijem oýandy. Tursa, eýýäm daýysam mellekde işläp ýör eken. Gelnejesem tamdyra ot goýberip dur. Ol ýerinden galyp, düşegini ýygnady. Daş çykyp, el-aýagyny hereketlendirip, birsellem gerindi. Soňam buz ýalyjak çeşme suwuna el-ýüzüni ýuwup, süpürindi. Gelnejesiniň çörek ýapyp oturan ýerine bardy.
--Umyt jan, turduňmy, guzym, gel bir döwüm çörek al. Hol ojakdaky gazanda geçi süýdi bardyr, ýaňyja bişirdim, şondan özüň guýunda iýäý.
Umyt gelnejesiniň özüne uzadan çöregini aldy-da:
--Gelneje, agşamky gören zadymy aýdaýynmy?—diýdi.
--Gizlin bolmasa, aýt.
--Men-ä gawunyň süýjüsini saýlap iýýän „jaň-juňuny“ gördüm. Gawunlaryň bäş-onusyny bir halta salyp, eşegine ýükledi-de ötägitdi.
--Wah, şonda daýyňy oýarsaň bolmadymy?
-- Gygyrmaga çekindim-dä! Onsoňam barybir ertir aýdaýaryn diýdim. Onuň gitjek ýeri barmy näme?
--Ol Hasan ogrudyr. Ogurlygynyň üstünde tutaýmasaň, boýun aljak gümany ýokdur. Gaýta özüňi günäkär eder. Gijelerine ukudan galyp ýörmän, gündizine gelse, elimiz bilenjik özümizem ýygyp berjek welin...
--Gelneje, senem dagyň çür depesine çykyp gördüňmi?
--Gördüm, telmem çykandyryn. Daýyň oba getiren güni alyp bardy. Her gün depä çykamyzsoň, uly oba gürrüňem bolduk. Il näme diýse şony diýsin-le diýdik-de, ýabany adamlar ýaly asyl dagdan gaýtmagymyz bolmady. Hernä jaý salynamyzsoň, aýagymyz ýygnalaýdy. Ýöne biziň daga çykmagymyz kemem bolmady. Indi men dagda bitýän dürli otlaryň adynam bilýän. Gerek bolsa ýyrtyjy möjeklerden hem goranyp bilýän.
--Nädip?
--Daýyň diwarda asylgy duran guraly bilen.
Umyt diwarda asylgy duran zadyň tüpeňdigini aňyp:
--Kinolarda-ha tüpeňi diňe erkek adamlar atyp bilýä. Maňa-da atmaga berermiň?--diýdi.
--Ýok, çagalara tüpeň bermek bolanok.
--Men indi çaga däl ahyryn.
Gülaýym çalaja ýylgyrdy-da, tamdyrdan çykan çörekleri saçaga dolamaga durdy.
--Umyt, ýegen, hany bärik gelip git!
Ol garbanyp olupdy. Daýysynyň ýanyna ylgap diýen ýaly bardy.
--Daýy, armaweri?
--Bar bol, ýegen. Bar Garawul agsaklarda pilimiz bolmaly, alyp gaýt. Ýöne sorap algyn. Daýy diýip ýüzlengin—diýip tabşyrdy.
--Bolýa. –Ol ylgap gitdi. Umyt baranda Garagul agsak işiginde derläpjik gök çaýyň keýpini görüp oturan eken.
--Garagul agsak daýy, aý, Garagul agsak daýy, Kakabaý daýym şeý diýýä, sizde biziň pilimiz bolmaly, şony bersin diýýä.
Garagul agsak bu şäherli nätanyş çaganyň özi bilen deň-duş adam ýaly gepleşip oturyşyna gaharlanmaga derek, gaýta ýylgyrjaklady-da:
--Getir diýen bolsa, hanha, al-da ötägit—diýip, eliniň tersi bilen piliň ýatan ýerini görkezdi.
Umyt pili getirip kakasynyň eline tutdurdy.
--Getirdiňmi, ýegen, berekella.
--Hawa, getirdim. Garagul agsak daýynyň özi berip goýberdi. Daýy, hemişe ýanyňa gelýän adam bardyr-a.
--Kimkän-aý, ol?
--Murtam bar-a!
--Hä, Gysyremenmi?
--Bilmedim, näme emenni. Ýöne şonuň ogly kirpiň etinem iýýäs diýdi-dä! Heý-de, kirpiňem eti iýilermi, daýy? Şonuň aýdýany dogrumyka?
--Geň görme, ýegen. Iýýäs diýen bolsa dogrudyr, ynanaý. Bir zady pugta ýadyňda sakla. Olar zada mätäç bolub-a kirpi etini iýmezler. Ýöne kirpiniň eti köp zada, peşewini saklap bilmedik çagalara, gury agyrylylara, başga-da birentek kesellileriň derdine dermanmyşyn diýib-ä eşidipdim. Onsoňam, könelerimiz „Dert üçin iýseň, itiň eti-de halaldyr“ diýmänmi.
Umyt daýysynyň bu gürrüňlerinden soň janly kirpini göz öňüne getirjek bolup kän oturdy.
Kakabaý uzakly gün mellekden çykman işleýärdi, hasyly ýygnalan ýerleri tekizläp, täzeden depip goýardy. Umydam onuň töwereginde köw-söw edip ýördi. Ol birdenem daýysynyň ýanyna ylgap geldi-de:
--Daýy, men şu gün daga çykaýyn, bolýamy?—diýip sorady.
-- Ýok, ýegen, bu gün uzaga gitmek bolmaz, ýagyş ýagmagy mümkin.
--Ony nädip bilýäň? Radiodan eşitdiňmi?
--Ýok, ýegen, radiodan-ha eşidemok. Ýöne bilýän. Seret, seret, goýnumyzyň gulak kakaýşyny.—Ol howludaky goýunlara bakan elini galgap goýberdi.-- Goýun gulagyny kaksa, pişik ýygrylyp ýatsa ýagyn, ygal düşjegi ikuçsyzdyr.
--Dogrudanam, pişigimiz ir ertirden bäri gymyldaman, ýygrylyp ýatyr.
Şol gün giçlik ýagyş ýagdy. Obanyň içinden geçýän ene ýapdan sil geldi. Başga bir ýerlerde-hä, ýagyş suwundan zaýaçylygam bolupdyr diýdiler. Umyt welin bu bolan hadysa şol bir geň galyp ýörşi. Ol häli-häzirlerem şol waka ýadyna düşende, „Be, şo gezek daýym bilen goýundyr pişijekleri dilleşäýdimikäler“ diýip ýör.
***
Şu obaly Aknur ejäniň daňyň ümüş-tamşyndaky gykylygy uly ili oýardy. Özi-de şol bir diýenini gaýtalap, adamlaryň deňinde-de eglenmän, ýel ýaly şuwlap geçip gidýärdi: “Eý, toba, üç toklymam ýok, nirä gidip bilerkä?“
Adamlar ony tutup diýen ýaly sakladylar-da, onuň töweregini gallap aldylar.
--Hany, Aknur eje, näme bolupdyr, birje düşündirsene?
--Aýtsam, ilkagşam toklularymyň üçüsem ýatagyndady, otam berdim, öňlerine iýmem dökdüm. Daň agaryberende hopugyp oýanypdyryn-da, ýataga aýlandym. Ylla ýüregim bir zatlar syzan ýaly. Görsem, ýatak boş dur.
--Aknur gelin, siz ýatagyň agzyny beklemegi unudan bolaýmaň!—diýip, Gysyremen hemmeden öň sorady.
--Ýok, men ony heý-de unudarynmy? Eger ýapmadyk bolsam, onda-da howlyň derwezesi gulply ahyryn.
Adamlar Aknur ejelere toparlanyşyp ugradylar. Meret lagar bu ýere hemmeden soň geldi, usullyk bilen eşeginden düşdi-de, gelip howla girdi. Mal ýatagyna äňetdi. Elini gözlerine kölge edip, ýatagyň içine aýlandy. Birdenem ýitigiň üstünden baran ýaly kürtdürip durdy-da, ýatagyň günbatar tarapynda adam göwresi sygar ýaly hoňkaryp duran ýerine seretdi:
--Toklularyň-ha hiç kimem ogurlamandyr. Ine, olar şu ýerden çykyp gidipdirler.—Meret lagar toklulaň sümülip geçip biläýjek ýerlerini Akgül ejäň gözüne görkezdi. Ol ýerde bir übtüjek goýun ýüňjagazlaram mesaňa-mälim bolup, gözüňe dürtülip durdy.
Adamlar ýerli-ýerden toklulaň gözlegine çykdsylar. Oba içinde gara bermänsoň töwerek-daşa ýaýradylar.
Aknur ejelere ýygnanan adamlaryň arasynda Umydam, daýysam bardy. Olar Aknur ejä ýüregi awap, onuň agy gatyşykly gürrüňlerini zordan diňläp otyrdy. Nebsiň agyrmazça-da däldi. Görgüliň özem iýmäge dözmän duran halynda üç toklusy birden...
„Agyz-agyzdan ýel alar“ diýleni boldy. Gülaýymyň şol günüň ertesi bir gazan et gowrup oturanyny gören kimdir biri gelip Aknur ejä habar beripdir. Ol welin muňa ynanjagyny-ynanmajagyny bilmändir. Ýöne näme, ýanyňda hakyt çyna berimsiz ýalan sözläp duran adam tapylar-da, çig süýt emen adamyň göwni bölünmmezmi?
Oba arasynda tokluly gürrüňden başga zat edilmedi. Aradan üç gün ötüpdi. Aknur eje dälirärli görünýärdi, toklularyndan habar-hatyr ýokdy: “Hudaýym, kim ogurlap iýen bolsa, bokurdagynda tegek bolup galsyn, annalygyna ýarasyn...“. Onuň gije-gündizki dilegi şu boldy.
Ine, bir günem Hüseýin çopan özüniň bakýan sürüsine üç sany del toklynyň gelip goşulandygyny ogly Rahatdan oba habar iberdi.Olary Aknur eje gören dessine özüňkidigini tanady. Her kes, uly-kiçi gözüň aýdyňa geldi. Kakabaý hem şu ýerdedi. Olam bu ýetim aýalyň toklularynyň tapylanyna her kesçe begenip otyrdy. Aknur eje Kakabaýy gyra çekdi-de: „Oglum, seň bilen iki agyz gürrüňim bar“ diýdi.
--Aýdyberiň,nämäň gürrüňi, Aknur eje!
--Oglum, men bir köpüm gidip, azym galan kempir. Il arasyny bulap ýören şugulçynyň gepine gidip toklularymyň ýitenini tas senden görüpdim.
--Menden?
--Hawa, senden, oglum. Siziň şol günüň ertesi bir gazan et gowrup duranyňyzy aýtdylar. Dogrusy, men muňa ynanmajagam boldum. Bagyşla, oglum men garryny.
--Aknur eje, siz bilýäňiz, men sopynyň agtygydyryn. Halal iýmek, halal içmek, öz daban azabyňa ýaşamak, ine, atamyň maňa galdyryp giden ýeke-täk sargydy. Aýdyň siz, eger-de men şol sargydy ýerine ýetirmesem, onda atam pahyr göründe dik oturmazmy?
--Oglum, meni Hudaý tutdy, bagyşla, öt günämi.
Kakabaý şondan soň ýagşydan-ýamandan söz açman, derrew bu ýerden gitmek bilen boldy.Umyt bilen tirkeşip öýe gaýtdy. Umyt bolsa ýolboýy daýysynyň ýüzüne seredip, ondan nämedir bir zatlary soramak isleýärdi. Kakabaý ony dessine aňdy.
--Bir zat sorajak bolýaňmy, ýegen?
--Ho-ol, çişik adam bardyr-a, düýnem geld-ä öýe.
--Aman Nowymy?
--Hawa, hawa, şol adam, ol bizden pomidor satyn aldy. Elli manatlyk. Ýöne „pul getirmändirin“ diýdi-de, pomidory maşynyna ýükläp alyp gidiberdi. Soň gelende-de getiremdi. Ýadymyzdan çykar öýdendir. Indem gelnejeme käýeme, ony men satdym, daýy. Getirerin diýenine ynandym. Käýemersiň gerek! Söz berýäň gerek!?
--Bolýa, käýeme diýseň, käýemäýin—diýip, Kakabaý ýegeniniň aladaçyllygyna göwni göterildi.
***
Umyt üç-dört günläp obada ýaşaýan mamalarynyňka-da bolup gaýtdy. Baran gün-ä hiç bir zat bilen weji bolmady.Ýolugrundaky uzyn-uzyn dereklerdir aňňat-aňňat gum depelerem, kert-kert ýylçyr gaýalaram oňa syrly bolup göründi, ýadyrgady. Bu çola obada göwnüne bolmasa, ýekeje günem eglener ýaly däldi. Ýöne bu onuň oýlaýşy ýaly bolmandy, heý-de oba bolar-da, hezillikler bolmazmy, ertesi bu ýer bilenem öwrenişdi ötäçitdi.
Ol şäher haýwanat bagynda köp gezek bolupdy. Täsin haýwanlary, dürli ýurtlardan getirilen guş-gumrulary synlamagy, onda-da olaryň has golaýlaryna baryp, täsin hereketlerine tomaşa etmegi halaýardy. Onsoň onuň her gezegem haýwanat bagyndan çykasy gelmezdi. Ýöne... iki horazyň häzirki ýol üstünde, gündiziň günortan çagynda güýç synanyşyp durşy welin ony hasam özüne çekipdi. Umyt bu gyzykly oýna özünden başganyň tomaşa etmeýändigine ökündi. Ýogsa, olaryň bu garpyşygy höwes edip synlamazça-da däldi.
Horazlaryň biri beýlekisine garanda birneme ejizräk görünýärdi. Onda-da ol güýç bererli däldi, maýyny tapdygy hüjüme geçýärdi. Olaryň söweşi uzaga çekdi, gara der bolup halys tapdan düşýänçäler gidişdiler.
Umyt bu gyzykly oýnuň ýaňadan gaýtalanmagyny isledi. Haýp, horazlaryň hersi bir howla girip gitdi. Umyt ýerinden butnaman durşuna oýlandy: “Bä, olar her günem şeýdip uruşýarlarmyka? Aý, bi uruş däl-le, hälki bir güýç synanyşma-da!“. Ol şondan soňam esli garaşdy. Emma gaýdyp „söweş“ meýdanyna gelen horaz bolmady.
Agşam öýe ýygnalanda Umyt özüniň şu günki tomaşa eden wakasyny gürrüň berdi. Bu gürrüň garry mamasyna üýtgeşik täsir etdi.
--Gel oglum,munça bolanyna görä men saňa horaz bilen baglanyşykly bir hakykaty gürrüň bereýin. O döwür „planlaň horazy batyr eken, planyňky gorkak ýa-da hilegär eken“ diýerdiler. Her ýetginjegiň öz horazy bolardy. Olary diňe baýramçylyklarda, toý-tomaşalarda „göreşe“ çykarardylar, ýörite uruşdyrylyp tomaşa edilerdi. Kimiň horazy üstün çyksa, şoňa-da baýrak berilýärdi. Seniň kakaňda gyzyl horaz bardy. Häzirki ýaly ýadyma düşýär. Uzyn kekejem bardy. Özem jüýjeliginden saklap ulaldypdy. Başa-baş uruşmakda oňa taý tapylmazdy. Ähli toýlara gatnaşdyrylardy. Göreşi bi şow dagy gutaraýdygy keýpi bolmazdy, ony namyas bilýän ýaly uzakly güni iýmän-içmän geçirerdi. Arman kakaňa şeýle batyr hem edermen horaza uzak guwanmak nesip etmedi.
Bu şeýle boldy. Parry atly bir oglan kakaňa horazyny bir goýna çalyşmagy teklip edipdir. Öwran-öwran özelenipler ýalbarypdyram eken.
Kakaň welin beýle söwda bilen asla razylaşyp bilmejegini aýdypdyr. Meniňçe ol razylaşmanam dogry edipdir. Horazyň söweşde ýeňiş gazandygy bes, olar ýaly baýragy bir ýaryşdan hem almak boljakdy.
Ine, şol günüň ertesem kakaň bar guwanjy, gyzyl horazy nirädir birýana gürüm-jürüm boldy. Ony „jaň-juňy aldy“ etdiler. Kakaň ony aňtap kän gezdi.Ýöne ondan habar-hatyr bolmady.
--Mama jan, men nirededim şonda, bu zatlary men bilemoga?
--Senmi, sen-ä guzym entek eneňdenem dogmandyň.
--Beýle däldir, gowja ýadyňyza salyň. Men şo mahallaram bir ýerlerde bar bolaýmaýyn?!
--Ýadyma oňat düşýär. O mahal seniň kakaň özi engtek oglan-oglanjykdy. Heniz goşun gullugyna-da alynmandy. Entek birneme ulalmalydy, soňra uzak bir ýurtda gulluk edip gelmelidi. Gelibem bize sawçylyga adam ibermelidi. Bir günem meniň gyzym bilen goş birikdirip, toý etmelidi. Onsoň olaryň üç çagasy bolup, dördünjisi diýlende, sen bolmalydyň.
Hawa, oglum, horazly hakykatyň soňy şeýle gutarypdy. Horazlar örän hüşgär bolar ekeni. Ylla diýersiň, özüniň uruşdyryljagyny öňünden syzýan ýaly taýýarlyk görermişin.Özem uzakly gün howlyň içinde hüžžerip, iki-baka pasyrdap uçup ýörendir. Bigünä towukdyr jüýjelere-de gün bermez. Olary çokup, ýaralar. Käbirleri-hä duran bir ýyrtyjydy, eger-eger golaýyna adam getirmez. Ýöne näme, indi obalarda olar ýaly gözsüz batyr, edermen horazlar hem ýok, olary uruşdyryp, tomaşa kylyp ýören oglanlaram.
--Mama jan, näme üçin biz obada ýaşamzok? Oba hezillig-ä—diýip, Umyt jedir-jedir etdi. Soňam uludan dem alyp, mamasynyň ýüzüne aladaly seretdi.
--Ine, oglum, men şonam aýtmakçydym-da—diýip, garry gyssandy-da, ele alan käsesindäki çaýdan yzly-yzyna owurtlady.—Horazyň ýitirim edilendigini hemmelerem Parrydan gördüler. Dogrudanam bu işi diňe şol oglan edip biljekdi. Kakaň gyzyl horazy onuň ýaşyl horazyny mydama-da ýeňlişe sezewar ederdi ahyryn. Bolsa-da, kakaň onuň bilen deň bolmady, asla gaty-gaýrym söz hem diýmedi. Aý,garaz soň-soňlaram kakaň ol oglandan gören ýamanlygy az bolmady öýdýän. Şonuň üçinem ol könelerimiziň „Goňşyň ýaman bolsa, göçüp gutul“ diýen dana sözlerine eýerdi-de, obadan ymyklyja baş göterdi, balam.
Umyt mamasy bilen ylalaşýan terzde sesini-üýnüni çykarman otyrdy.
***
Dynç galanyň gaýrasy belentli-pesli daglyk bolup, uzalyp gidýärdi. Bu ýerde “dam-damy” atlandyrylan täsin çeşmejigem bardy. Umyt daýylarynyňka köplenç şu çeşmäň suwundan daşaýardy. Ol dagyň gerşine kynlyk bilen çykdy. Käýerden-käýerden ýörjeläp diýen ýaly geçdi. Bu ýerde özünden başga adam bolmasa-da, gorky-ürki onuň ýele ýanyndanam gelenokdy. Hol aşakda daýysynyň jaýy öňküsindenem pessejik bolup görünýärdi, üçegiň üstünde-de gelnejesiniň birki günlükde seren erikdir armyt kaklary, ululy-kiçili kädiler hem bardy. Hahna, jaýdan uzak bolmadyk ýerde daýysynyň akja eşegi-de gazygynda daňylgy dur.
Ol oturan ýerinden töwerek-daşy synlap kän oturdy. Daýysynyň ýanyna-da birhaýukdan soň geldi.
--Ýegen, sen nä beýle eglendiiň, bu çaka çenli näme işlediň o taýda?—diýip, Kakabaý Umydyň buşlukdan boş gaýtarylan oglanyňky ýaly ýüzüne çiňerildi.
--Daýy, men bir üýşmek kepderini kowalap...
--Kepderi görmediňmi? Hol mekdebiň üçegine bir äňet, şondan köp zat ýokdur.
--Men kepderileriň içinde şäherdäki kepderimi gördüm, nirä gitse şol ýerigem ylgadym.Ol meni gözläp yzymdan gelendir öýtdüm. Ýöne gury heläk bolup, daga çykanym galdy. Barybir, ol meni tanamady. Ol hakyt goňşymyz kiçi Myratdan alan böwri ala kepderimdi-dä!
--Ýok, ýegen. Sen ýalňyşýaň. Seniň gören kepderleriň şu obanyň ekdileridir. Olar senden ýadyrgap gaçýarlar. Sebäbi bu ýerde olary seniň ýaly ondan-oňa yzyna düşüp, kowalap ýören ýok. Onsoňam böwri ala kepderi şäherde-de bardyr, obada-da. Bar git, gelnejeň işine kömekleş.
Umyt ilki oba gelende daýysynyň özüne ýasap goýan ýaýyny görüp diýseň şatlanypdy. Ýöne onuň çem gelen guşlary kowalap ýörmegi welin daýysyna ýaramandy. Ol munuň üçin ýegenine berk tabşyryk beripdi. Şodur-da-şodur ol indi obadaşlarynyň guşlaryna azar bermesini goýupdy. Indi ol eldeki guşlary ýabany guşlardan tapawutlandyryp bilýärdi.
Ol daýysy bilen gelnejesiniň ýanyndan aýrylmady. Onuň obada agasy ýaşaýardy, onuň hem kiçijik çagalary hem bardy. Asyl ol bir ýyl tomus rugsadyny şol ýerde geçiripdi. Ýöne indi o ýeriň munuň üçin hezilligi ýokdy. Atasynyň, garry enesiniň Umydy gowy görşi çeniň-çakyň däldi. “Iň gowy agtyjagymyz, iň süýji dillimiz” diýerdiler. Bir-birine gezek bermän, onuň ýüzünden taýly gezek ogşardylar.Umyt hem olardan kem galmazdy. Baraga-da olaryň ikisiniň hem ýüzünden şarpyldadyp öperdi. Mekdebe geýersiň diýip egin-eşikdir köwüş alyp beripdiler. Umyt olary mekdebe geýipdem. Arman indi olaryň ikisi hem ýurduny täzeläpdiler. Ikisi-de oba giräýen ýeriňde belentlikdäki gonamçylykda goşa mazar bolup ýatyrdy.
Ine, şol giň howly-da Umyda boşlow bolup görünýärdi. Eger baraýsa, atasynyň oturan eýwanyna, enesi bilen gezen ýerlerine gözi düşüp, onuň çaga kalbyna gussa dolýardy. Ýogsam ol howly adamsyzam däldi. Ýaşaýyş dowam edýärdi. Enesiniň ýerine iki ýaşlyja Enegül, atasynyň adyny göterýänem bir ýaşyny dolduran Kakageldijik bardy. Haýp, olar Umydy tananokdy.
Bir günem daýylarynyňka agasy “Niwa” maşynyny münüp, görme-görşe geldi. Umyt bu mahal köle çeňňek atyp, oňa balyk düşerine garaşyp otyrdy. Ol agasyny görüp, çeňňegini ýygnady-da, onuň ýanyna ylgap bardy, salamlaşdy. Umyt köne galadan tapan ala nonjuklaryny hem-de dürli reňkdäki küýze bölejiklerini getirip agasyna görkezdi.
--Ynha, men bulary o gün daga gezelenje gidemde tapdym.
--Berekella. Sen hem ulalsaň, belki kakaň ýaly taryhçy alym, hiç bolmanda meniň ýaly taryh mugallymy bolarsyň. Bulary maňa ber, men seniň adyňy ýazypjyk mekdebiň taryh muzeýinde goýaýyn.
--Bolýa, alaýyň. Gerekl bolsa, ýene-de tapyp biljek.
--Ine, munyň bolýar. Ýöne bize-de gezmäge bar ahyryn, Umyt. Öýde Enegül, Kakageldi dagylar bar. Olar bilenem oýnarsyň, bolýamy? Bararsyň gerek?
Umyt ne bolýar diýdi, ne-de bolanok diýdi, gaýta agasynyň gürrüňiniň arasyny bölüp:
--Seret-seret, hakyt düýnki gören kepderim—diýdi-de, haýsydyr birýana uçup giden guşlara bakan ylgap gitdi.
Umyt obada bolan günleri eşek münmäge-de ökdeläpdi. Ilki gelende-hä eşekden gorkmanam durmandy. Gazygynda daňylgy durka-da, öňüne dökülen samandan kitirdedip oturan çagynda-da ony synlap gaýdardy. Ýöne o janawer daýysynyň aýdyşy ýaly ýuwaş eken. Üstüne münensoňam birentek eşekler ýaly loňk-loňk edip, ýa aňňyryp, üstündäkini ýykara getirjek bolup duranokdy. Daýysynyň kän pul berip, bir topar eşekleriň arasyndan şuny saýlamagynyň sebäbi hem şol bolsa gerek.Onsoň ol kämahallar oba arasyna-da münüp aýlanardy.Oba dükanyndan ýüklenilip goýberilen unly haltanam getirerdi. Bir gezegem eşegini dikgirdedip gelýärkä, öz gözlerine özi ynanmajak boldy. Daýysynyň gapysynda gyzyl “Moskwiç” maşyn durdy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Ol maşyny gören dessine tanady. Eşekden nädip düşeninem bilmedi,”Kaka-a-a!” diýip, uzakdan ylgaşlap gaýtdy.
--Umyt jan, oglum, tüweleme, sen-ä obaly bolup gidipsiň. –Kakasy Umyt bilen elleşip salamlaşdy-da, ýüzünden öpdi. Bu hereketi Umyt heem gaýtalady.—Neneň, gurgunjamyň oglum?
--Gurgun, kaka. Özüňizem gowymhy, ýaranok diýip aýtdylar, indi gutuldyňmy? Ejemem, doganlarymam, jigim Nygmadam gowumy?
--Şükür, hemmesem oňat. Olar saňa aýratyn salam iberdiler.
--Sag boluň. Kaka, sen bärik gaýdaňda, meniň böwri ala kepderim barmydy?
--Ol nä bir ýerik gidipdir diýip eşitdiňmi? Ony näme üçin soradyň, oglum?
--Saňa diýsem Bally, Umyt ýegen, şu ýerde özüňkä meňzeş bir kepderä duşupdyr. Onuň bar küýi-pikiri şol boldy. Ol özüniňki geläýendir öýdýär—diýip, Kakabaý ataly-ogluň gürrüňiniň arasyna goşuldy.
--Men gaýdamda-da iýmläp gaýtdym. Ählijesem ýerbe-ýerdi. Hany, sen maňa aýt, oba hezil ekenmi?
--Puf, kaka, bu ýerde hemme zat hezil-laý.
--Bir käse çaý içeli. Dem-dynjymyzy alyp, giç öýlän, howa salkynlaberende ýola düşeli, oglum. Onsoňam ejeňem, doganlaňam, jigiň Nygmadam saňa garaşyp, ýoluňa seredip oturandyrlar.
--Ýok, kaka, men gitjek däl. Baran soň maňa eşegem satyn almarsyň, sygyram. Ony men bilip durun. Seniň onça puluň ýog-a?
--Weý, weý, oglum, bu näme diýdigiň boldy.—Ol loh-loh edip güldi.—Ýeri satyn aldygam diýeli, sen olary nirede saklajak? Ýöne, basym ýerli jaý satyn almak üçin adamlara şäheriň çetinden ýer paýlanylyp beriljekmişin diýlen gürrüň bar. Onda-ha hökman almaly bolar. Ana, şonda pulam tapylsa gerek.
--Kaka, men ýene-de birki gün galaýyn.Okuwyň başlanmagyna bir hepde wagt bar ahyryn.
--Ýok, bolmaz, besdir, bolubildiň. Gaýdaly. Meniň ýöriteläp yzyňdan gaýdyşym. Mekdebe-de taýýarlyk görmelisiň. Nygmadam birinjä taýýarlamaly. Saglyk bolsa, indiki ýylam gelersiň, bolmaýamy?
Umyt bir-ä kakasynyň ýüzüne seretdi, birem daýysynyň. Kakabaý gürrüňe goşuldy.
--Şeýdäý ýegen. Şaýyňy tut. Täze ýylam gelgin, bolýamy?
--Täze ýyl sizem şähere göçýärsiňiz ahyryn.
--Ýok-la. Kim aýtdy göçýäs diýip.
--Gelnejem. Oňa-da doganlary aýdypdyr, seni bahym şähere göçüreris diýip söz beripdirler.
Kakabaý Gülaýymyň ýüzüne seretdi. Gülaýym ýüzüni aşak egdi.
--Aýal gürrüňidir ýegen, o zatlara ynanyp ýörmezler. Biz saňa täze ýylam garaşýas.
--Bolýar onda, men dostalrym bilen bir hoşlaşaýyn—diýdi-de, birki günlükde daýysynyň sürüden getiren körpeje guzyjygyna bakan ylgady.
Gök lybasa geýnen tebigatyň häzirki görküni görmäge göz gerekdi. Hasam mawyja jümjümelerdir ap-akja çopantelpejikler göze ýakymlydy. Asmanda bolsa akja bulut düýrümleri günbatara tarap süýşüp barýardy. Umyt maşynyň yzky oturgyjynda oturan ýerinden töweregini synlap gelýärdi. Ejesi Soltanam edil kakasy ýaly otursa-tursa “Tüweleme, düşbüje, bar zada düşünýän oglumyz bar” diýýärdi. Umyt welin häzir hem köp zada akyl ýetirip bilenokdy. Edil häzirjik töwerekde bolup geçýän zatlardan baş alyp çykyp bilmän, uly alada galyp otyrdy. Wah, şumat ýanynda daýysy bolsady. “Nädip ýumruk ýaly möjek äpet sygry basýamyşyn!”, ”Ejem maňa çagalar günortanyna ýatsalar basym ulalýarlar” diýipdi, onda multikdäkiler hijem ýatmadylarmyka?...” diýip, müň bir sowaly öňünde keserdip goýjakdy-la. Arman, kakasy daýysyna garanda dymmarakdy-da.
--Kaka.
--Hawa,oglum, bir zat sorajak bolduňmy? Geplesene. saňa geplemän oturmak gelşenog-a.
--Kaka, men seniň näme üçin obadan göçüp gaýtmagyň sebäbini bilýän-ä!
--Aý, ýog-a? Näme üçin eken? Ony saňa kim aýtdy? Meniň obadan göçmegime näme sebäp bolanmyşyn?
--Men ony bilýän. Mamam aýtdy. Aýdaýynmy?
--Aý, garagol, hany aýt bakaly!
--Horazyň ogurlanypdyr, gyzyl horazyň. Şeýle gerek?
--Gep mundan çyk-dow.—Bally adaja ýylgyrdy-da, başyny çala yralap, uzaklara seretdi.
Şondan soň olaryň ikisem esli aralygy geplemän geçirdi. Indi şäherem daşda däldi. Bally garşydaky aýnadan maşynyň içine göz aýlady. Umyt bu mahal ukuda derläpjik ýatyrdy. Dogrusy ol häzir düýş görýärdi. Düýşüne nämeler girendir öýdýärsiňiz? Düýşünde şol gezek mamalarynda gören edermen hem batyr horazlary häzirem ýol üstünde tomaşaçysyz urşup duran ýalydy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty