11:46 Horhe | |
H O R H E
Ýatlamalar
Horhe Buenos-Aýres şäheriniň merkezinde, Tukuman köçesindäki bir öýde dünýä indi. Meniň özümem şol ýerde doglupdyryn. Ýöne biz ol ýerde uzak ýaşamadyk: birki ýyldan soň, Palermo şäherine, bagly- bakjaly ullakan jaýa göçdük. «Çagalyk ýyllarymy howlymyzdaky baglyk bilen kitaphanamyzyň arasynda gatnap geçirdim» diýmek bilen, ol şol öýi göz öňünde tutýar. Kitaphana ýoldaşymyňkydy, Horhäniň ruhy şol ýerde eýlenipdi. Edil kakasy ýaly, ol hem bilmeýän bir sözüne duşdugy ýa-da del bir zat ünsüni çekdigi, derrew sözlügi ýa kitaplary açyp serederdi, bilmeýän zadyny öwrenjek bolup jan ederdi. On üç ýaşyna çenli şol jaýda ýaşady, başda iňlis dilini okadýan bir aýalyň ýanyna gatnady, soňam kolleje girdi. Soňra biz Ýewropa gitdik. Zenewada bakalawr derejesindäki okuwy fransuz dilinde okadýan mekdepde alty ýyl bilim aldy we şol ýurtda oňa fransuz hem nemes edebiýatyna degişli köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik döredi. Galyberse-de, ol nemes dilini özbaşdak öwrendi, o wagtlar aňsat tapylýan nemesçe kitaplardan köp satyn alardy (uruş döwrüdi). Hytaý edebiýatyny hem nemes terjimeleriniň üsti bilen öwrendi. Birsalymdan soň Ispaniýa göçdük, Horhe şol ýurtda Ultraizm atly edebi jemgyýetiň ýaş şahyrlary bilen gatnaşykda boldy. Üstesine, halypasy Kansinosa-Assensa bilen tanyşdy, ýazyjy Gomes de la Sema bilen ýygy-ýygydan duşuşardy. 1921-nji ýylda yzymyza gaýdyp gelenimizde, ol «Buenos-Aýresiň jöwzasy» atly ilkinji eserini ýazdy. Biz kitabyň göçürmesini Buenos-Aýresde goýup, ýene-de Ýewropa gaýtdyk. Emma ýaňky kitaby ondan birugsat Ispaniýa eltipdirler. Madridiň üstünden geçmeli bolanymyzda Gomes de la Sema, Enrike Dies-Kanedo we Alfonso Reýes dagy bilen görüşdi. Horhäniň ilkinji kitaby olary şeýlebir haýran galdyrypdy welin, Gomes de la Sema ispan dilinde neşir edilýän «Revista de Occidente» («Günbatara syn») atly edebi žurnalda ol barada uly makala ýazdy; bu makala bütin Argentina ýaň saldy we Horhe gaýdyp geleninde onuň kitaby elden düşürilmän okalýardy. Ýazmagyny dowam etdirdi, maddy aladalaryndan dyndyrmak bilen, kakasy hem onuň döredijilik işine goldaw berýärdi. Ilkibadalar köpçüligiň öňünde gepläp bilmezdi; indi welin, ol ýa özüniň şol ýygralygyny ýeňip geçdi, ýa-da üýtgedi. Huan Demingo Peron Argentinanyň prezidentligine saýlananyndan soň, Horhe kitaphanaçylyk wezipesinden boşadylypdy. Şol döwürlerde Horhäniň hormatyna gurnalan agşamlyk naharynda ol öz çykyşyna hem ýazyp taýýarlanypdy, emma şol haty Pedro Enrikes Urenýa okamaly boldy. 1936-njy ýylda Buenos-Aýresde Argentina konfederasiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk baýramçylyk dabarasynda, özüne uzadylan radio mikrofonynyň öňünde gutlag sözüni hem okap bilmändi; ýene-de Enrikes Urenýa haýyş etmeli boldy we köp adam Horhäniň sesi radioda üýtgeşik ýaňlanandyr öýdüpdir. Kiçi wagty ýygra, juda çekinjeň oglandy. Uýasynyň yzyndan galmazdy, ikisi bile gaty köp geň-taň oýunlar düzýärdiler. Olar asla uruşmaýardylar, mydama bile oýnaýardylar, soň Horhe Şweýsariýada başga-başga dostlar tapyndy. Oskar Waýldyň «Bagtly şazada» atly hekaýasynyň terjimesi onuň metbugatda çykan ilkinji zady; ol Buenos-Aýresde çap edilipdi, şonda Horhe ýaňy dokuz ýaşyndady. Alwaro Melian Lafinuryň bu terjimä göwni ýetip, ony «E1 Pais» atly gündelik gazetinde çap etdirdi. 23 ýa-da 25 ýaşlarynda ylmy maslahatlarda çykyş edip başlady. Ilkinji çykyşy «Argentinalylaryň dili» diýip atlandyrylýardy. Elbetde, ol ýene-de çykyşyny özi okamady, gözüniň kütekligi bahana boldy. Onuň çykyşyny Rohas Silweýra okap berdi. Horhäniň ýazyjy boljagyny owal-başdan bilýärdim. Alty ýaşynda köne ispan dilinde «Howply derýa» atly dört-bäş sahypalyk hekaýa ýazdy. Entek oglanjykka, adatdan daşary üýtgeşik, baý dili bardy. Gulagy agyrlygyndanmy, nämemi, köp sözi özüçe üýtgedişdiribererdi. Haýwanlary, esasanam, ýabany haýwanlary juda gowy görýärdi. Haýwanat bagyna gidenimizde ony şol ýerden alyp gaýtmak hyllallady. Horhe süňkbaşy iri, daýaw oglandy. Gahar edip eliniň tersi bilen çalyp goýberäýmesin diýip gorkýardym... Ýöne ol diýenimden asla çykanokdy. Käte sözümi diňlemejek bolsa-da, kitaplaryny elinden alýardym welin, derrew mumly ýüplüge dönäýýärdi. Kiçilikden başga zada baş galdyrmady, bileni-biteni okamak boldy. Ýöne ol köçä ýa howla, garaz, daşaryk çykmagy hem halaýardy. Howlymyzdaky baglykda, Horhäniň goşgy setirlerinde «guşlaryň kindiwanja kilisesi» diýip ýatlaýan ullakan hurma agajy bardy. Şol hurma agajynyň aşagynda gyz jigisi bilen ikisi her hili oýunlar oýlap tapardylar, pikir derýasyna gark bolardylar. Hyýallaryndaky adamlar bilen güýmenerdiler. Ýewropa birinji barşymyzda käbir adamlar bilen jana-jan dost boldy we goçak gözlerini bejertmek üçin Londona gitmeli bolanymyzda, olar bilen hoşlaşmak aňsat düşmändi. Horhe ýegre dostlarynyň biriniň öýünde tanşan bir gyzyna aşyk bolupdy, «Fervor de Buenos Aires» atly goşgular ýygyndysyndaky käbir sonetleri şol gyza bagyşlap ýazdy... Horhe öýlenmedi, muňa gaty gynanýaryn. Horhä-de ýedi ýaşyndan bäri hemme zady men okap berýärdim. Ýazanynda-da maňa ýazdyrýardy. Maňa okatmaýan käbir zatlary hem ýok däldi, mysal üçin «Los dones» atly gussaly goşgusynda öz gözünden söz açýardy. Şony özüm hem çap bolup çykanyndan soň okapdym. «Nädip ýazdyň?» diýip soranymda, «Kitaphanada birine ýazdyrdym, seni gynandyrmaýyn diýdim» diýip jogap berdi. Aslynda, ol gözünde kemçiligiň bardygyny gizlärdi, hiç kime bildirmejek bolardy. Mydama ýylgyrar ýörerdi, emma pikiri welin başga ýerlerdedi. Howla çykan mahaly, ýerde ýüzin süýnüp ýatardy-da, haýwanlaryň suratyny çekerdi, özem mydama suraty tersligine, aýagyndan çekip başlardy. Esasanam, gaplaňyň suratyny çekýärdi, iň eý görýän jandary şoldy. Gaplaňlary hem-de beýleki wagşy haýwanlary çekip bolanyndan soň, gadymy taryhda ýitip giden haýwanlaryň suratyny çekýärdi. Iki ýyllap şolar hakda öňünden çykan zady okady. Soňra bolsa gadymy müsür taryhy bilen gyzyklanyp ugrady, şoňa degişli köp kitap okady, ahyrynda-da, hytaý edebiýatyna ýüzüni öwürdi. Şol ýurduň edebiýatyna degişli ençeme kitaplary okaşdyrdy. Gepiň kelte ýeri, syrly zatlaryň ählijesi onuň üçin gyzyklydy. Şonuň üçinem kabala hakda birnäçe ylmy makala ýazdy; jöhitleriň özlerem Horhäniň kabala barada nädip beýle köp maglumat bilýändigine geň galýardylar. Belli wagtdan soň, Dantäniň döwri barada birnäçe makala ýazdy; çakym çak bolsa, Dante hakdaky ýazan makalalary bir kitaplyk dagy bolandyr. Bu ugurdaky bilimini hasam çuňlaşdyryp, «Ajaýyp komediýanyň» adam oglunyň döreden iň ajaýyp eserleriniň biridigini öz makalasynda subut etdi. Ýoldaşym 1938-nji ýylda aradan çykdy, ol ogluna daşyndan guwanyp gezerdi. Adamymam goşgy goşýardy, Omar Haýýamyň «Rubagylaryny» ilkinji bolup ispan diline terjime etdi. Horhe iki gezek howply heläkçiligi başdan geçirdi, birinjisinde, heniz oglanjykdy. Tramwaýyň birinji wagonyndan ýykyldy we ikinji wagonyň tigirleri kellesiniň birki santimetr ýokarsyndan geçdi; onuň saçlarynyň käbir tarlary hem gopupdy, äýnegine hiç zat bolmandy, burny döwlüpdi. Mundan başga ýene bir heläkçilige uçrady, ol şondan soň fantastik hekaýalar ýazyp ugrady, öň asla beýle gylygy ýokdy. Meniň pikirimçe, beýnisinde bir zatlar üýtgän bolaýmasa. Garaz, Horhe öldüm-öldümiň öň ýanyna iki gezek baryp gaýtdy. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasydy. Horhe öýümize nahara gelmeli myhmanlary almaga gidipdi. Şunça garaşýas welin, Horhe gelenok. Ýüregim halys suw boldy, birdenem «Tiz kömekden» jaň geldi. Adamym bilen derrew ugradyk. Horhe lift işlemändigi üçin gyssanyp, basgançak bilen düşmekçi bolupdyr, şeýdibem, açyk duran penjiräni görmän, penjiräniň aýnasyna kellesini ýardyrypdyr. Ýara yzlary häzirem bar. Ýara tikilmezden öň, mazaly arassalanmandygy üçin ertesi gün gyzgyny kyrka ýetdi. Gyzgyny gaýtmady, ahyrynda-da, gijäniň bir wagty operasiýa edilmeli boldy. Iki hepdeläp eňek atyp ýatdy, ilkibadalar gyzgyny kyrkdan aşak düşenokdy; birinji hepdäniň ahyrynda gyzgyny gaýdyşyp ugranyndan soň maňa: «Bir kitap okap ber, bir sahypajyk okaý» diýdi. Ýerinde samyrdap ýatyrdy, gapydan haýwanlaryň girýänini görýärdimi, nämemi, şolaryň atlaryny tutýardy... Oňa ýekeje sahypa okap berdim welin, maňa ýüzlenip: «Boldy» diýdi. Men geň galyp: «O näme üçin?» diýdim. «Däliremejekdigimi indi bilýärin, muňa doly göz ýetirdim» diýip jogap berdi. Öýe geleninden soň, ilkinji gezek fantastik hekaýa ýazmaga durdy. Şol wagt 1938-nji ýyl bolsa, diýmek, ol 39 ýaşynda eken. Galyberse-de, men oňa hassahanada Reý Bredberiniň «Mars sene ýazgylary» atly eserinden bir sahypa okap beripdim (has soňraklar Horhe bu kitaba sözbaşy ýazdy). Şodur-da-şudur, ol diňe fantastik hekaýalar ýazdy. Bular ýaly eserler meni biçak howatyrlandyrýardy, sebäbi olara gatybir düşünip baramokdym. Günleriň birinde Horheden: «Näme üçin indi öňküler ýaly zatlar ýazaňok?» diýip soradym. Maňa: «Goýsana, eje! Olary ýatlamasana!» diýip jogap berdi. Horhe, hakykatdanam, mamlady. Terjime eden Salyh ÝUSUBOW. • BORHESIŇ DILINDEN Daş-töweregim kitapdan dolup durmasa, gözüme uky gelmeýär. * * * Meniň wagt ölçegini kesgitleýşim - seniň ýanyňda bolýan hem-de bolmaýan wagtlarym. * * * Men hemişe-de Behişdi kitaphana hökmünde göz öňüne getirýärin. * * * Akyl arzuw edýärdi. Dünýä onuň arzuwydy. * * * Ümsümligi bozup bilmejek bolsaň, gürläbem oturma. * * * Durmuşyň özi aýtgydyr. * * * Terjime edilýän dil terjime üçin hemişe-de biwepadyr. * * * Hiç zat daşyň üstünde gurulmaýar. Hemme zat gumuň üstünde bina edilýär, ýöne biz binany haçan-da gum daşa öwrülensoň galdyrmalydyrys. * * * Meni okaýan kişi, meniň dilime hakykatdanam düşünýäňmi? * * * Wagt meni iýýän gaplaňdyr, ýöne şol gaplaň meň özüm. * * * Labirint gurmak üçin bary-ýogy iki sany ýüz görülýän aýna ýeterlik. * * * Dünýädäki ähli aýnalary gördüm. Hiç haýsysam meni özüne çekmedi. * * * Sözler paýlaşylan ýatlamalaryň nyşanydyr. Eger men sözi ulansam, dünýäniň näme many berýändigi hakda tejribe toplarsyň. Eger-de ulanmasam, dünýä seniň üçin hiç zat bolup galar. * * * Şekspiriň setirlerini gaýtalap gezýän adam Wilýam Şekspirdir. * * * Ýazyjy ölensoň kitaplaryna öwrülýändir. * * * Ýazyjy ýazmaga çylşyrymly bolmaklyk bilen başlaýar, ol bir wagtyň özünde ençeme oýun oýnaýar. * * * Roman ýazmagyň esasy meselesi pida etmekdir. * * * Şübhe zehiniň bir adydyr. * * * Sungaty algebra bilen goşsaň, netijede o:t alnar. * * * Ýazyjy ýazýan zatlaryna özi ynanmasa, olary okyjysyna aňsat ynandyryp bilmez. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |