23:05 Hoş söz aýdasym gelýär | |
HOŞ SÖZ AÝDASYM GELÝÄR
Goşgular
Goja ýetmejek ýaza, Hoş söz aýdasym gelýär. Çökder aldanan gyza, Hoş söz aýdasym gelýär. Öý-öwzarsyz güjüge, Çüýräp barýan güjüme, Dilden galan bir güñe, Hoş söz aýdasym gelýär. Diýmen oña küýli sen, Döwene suw küýzesin, Ýagşy sözi küýsedim, Hoş söz aýdasym gelýär. Zürýat zaryn çekene, Öñümden her çykana, Görüp, kese bakana, Hoş söz aýdasym gelýär. Bagtyn diýip haýdana, Orta ýoldan gaýdana, Ajy sözün aýdana, Hoş söz aýdasym gelýär. Jübi-kisesi boşa, Kellesiz kakabaşa, Özünden göwni hoşa, Hoş söz aýdasym gelýär. * * * Men ýazyp bilemok bolsa ümsümlik, Ol bitarap bolýar, belli däl kimlik. Gara gara garga gelip gonmasa, Gyş hakda çyn sözi ýazyp bolmaz-a, Günüñ kirpiginde bolmasa bulut, Ýagyşlar ýagmasa porhanlar bolup, Aýalyñ sürtmese igenç igesin, Eşidip durmasam, çaganyñ sesin, Olar sowan çaýyn kakyp, dökmese, At edip, arkaña jaýdar çökmese, Radio dünýäden bermese habar, "Mawy ekrandan" hem göz sowmak hatar, Gulaga gelmese dünýäniñ gohy, Ýüregiñ çekmese kän zada ahy, Men ýazyp bilemok, diñläp böwrümi, Diñlemesem bu dünýäniñ böwrüni, Men ýazyp bilemok gaçyp şäherden, Yhlasa goldaw däl ümsüm säherler. Ol bitarap bolýar, belli däl kimlik, Men ýazyp bilemok bolsa ümsümlik. Aşyrguy BAÝRYÝEW. | |
|
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||