18:54 Höwürtge / hekaýa | |
HÖWÜRTGE
Hekaýalar
Her ýylyň baharynda ekin ýerimize gawun, garpyz, kädi ekýäris. Dersler bilen gurplandyrylan toprak bakja ekinleriniň bol hasylyny eçilýär. Ýazda ekin ýere suw tutmaly, ony haşal otlardan arassalamaly bolýar. Ýagdaýyma görä garry atama ýardam berýärin. Ol meniň derde ýaranyma hoşal bolup, maňa buýsanýar. Hawa, çagalygym şeýle asudady. Ýüzlerde nur, ekinlerde bereket bardy. Dokuzynjy onlygy arka atan atam sagdyn görünýär. Geçen ýyl ilkinji gezek eline hasa aldy. Ýöne oňa daýanyp ýöremegi halamaýar. Şol günem günorta çagy nahar edinmek üçin öýe gelende atam hasasyzdy. Ekin ýerde kösük görendigini, tapmak aňsat bolar ýaly şol ýerde hasasyny dikip gaýdandygyny aýdanda diýseň begendim. Günüň howry peselende atamyň çal eşeginde artlaşyp, ekin ýere geldik. Hasanyň dikilen ýerine ylgap gelenimde, howsalaly jüýgüldini eşidip, başymy galdyrdym. Bakjamyzyň orta gürpünde bir topgaý dik asmana galýardy-da, soň aşak inýärdi. Bu howp abanýandygyndan nyşandy. Elim hasaly şol ýere okduryldym. Hatda ýandak tikenleriniň awusyny hem duýamokdym. Atam-da ägä ýöräp yzymdan gelýärdi. Gizlinje bir ýerde edilen höwürtgede iki sany torgaý çagasy agyzlaryny giňden açyp azyk talap edýärdi. Olara nazaryny dikip, owsun atyp, çişip duran kepjebaşy görenimde tisginip gitdim. Hernä özümi dürsäp, hasa bilen gap biline jaýdar sugşurmaga ýetişdim. Ýylan egrem-bugram towlanjyrap ot-çöplere siňip gitdi. Enajyja torgaý çagalaryny elime almakçy bolanymda atam: -- Hergiz ýadyňda saklagyn, ogul, torgaý çagasyna el degse, enesi ondan ýüz öwürýändir – diýende niýetimden dändim. Kösügi çiş bilen kowläp aldym. Ony kitirdedip iýdim. Atam kösügi men däl-de, özi iýen ýaly häzil etdi. Soňra ataly-agtyk bolup ilkinji ýetişen kyrkgünlikleri ýygnamaga girişdik. Basym gülap ysly zamçadyr mazylaryň bäş-altysy çal eşegiň art torbasyna salyndy. Şol mahal al-asmanda pel-pelleýän ene torgaý her dürli oýun edip, şadyýan saýraýardy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |