05:04 Hoz agajy we Ýunus agsak barasynda hekaýa | |
HOZ AGAJY WE ÝUNUS AGSAK BARASYNDA HEKAÝA
Goşgular
Biziñ aşnamyz bar şu töwerekde, Çerkeşiñ Kereýak obasyndan ol. Küti tomlardaky hekaýalardan köp hekaýa bardyr bu aşnamyzda. Düşünjeli adamlary eý görýär, radionyñ aýdýan täzeligini, radionyñ aýdýan matallaryny diñleýär bu adam agşam hem ertir. Ady: Ýunus. Käri - hyzmat etmeklik. Biziñ üçin ot ýakyp, suw getirýär. Daragtlar hem günler hakda kä mahal gürrüñ hem edýäris biz Ýunus bilen. Diýýäris: "Gelerler has gowy günler", Garaşyp ýörsek-de gowy günlere, kesilip satylan bir hoz agajy barasynda bu gün söhbet edýäris, ýüregimiz gyýlyp söhbet edýäris. Howluda gapynyñ çep tarapynda ösýärdi kesilip satylan ol hoz. Ýunus entek alty ýaşly oglanka dyrmaşdy agaja. Ýunus ýykyldy, agsak bolup galdy şol günden bäri. Öküzler halaýar agsak adamy. Agsak adam gaty ýörän bilenok. Öküzler halaýar agsak adamy Agsagy halanok hoz agaçlary, Agsak adam hozuñ pudaklaryna böküp ellerini ýetirip bilmez. Hozuñ üstüne-de çykanok agsak, kakanok ýetişen-bişen hozlary. Agsagy halanok hoz agaçlary. Hawa-da, bir täsin zat bolýar söýgi: Söýülmeýän adam özüni suwa gark etmän hem ýaşap bilýär ekeni. Adamlar ýaşaýar akylly-başly, adamlar söýülmän söýüp bilýärler. Hawa-da, gyzykly zat bolýar söýgi. Hoz agajy, Ýunus agsak hakdaky hekaýa hem, diñläberiñ, gyzykly. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi, hozlar, ýel öwsende, ýere döküldi. Noýabrda saraldy gök ýapraklar. Çerkeş ýollaryna gün nur çaýanda, oýanmanka ukusyndan aýallar, hozuñ çybyklary her gün oýandy. Günortanlar hozuñ saýasy goýry. Ýel tursa, hoz gepleýär öz başyna. Ertirine Ýunus hoz agajynyñ aşagynda eýläk-beýläk ýöreýär. Onuñ beýtmekligi mukaddes borç däl, betbagtlylyk ýa-da bagtly bolmak däl. Ölüm Ýunus üçin uzak bir oba. Hemişelik giden ýaly biroba, ol pikir edenok ölüm hakynda. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi, Noýabrda saraldy gök ýapraklar. Kökler barha çuññur girýär topraga, şahalar Ýunusa ýokardan bakýar, hoz ýokaryk ösýär, gapdala ösýär, islän tarapyna ösüp dur agaç, gijesine eger düýbünde durup, asmana äñetseñ, ýyldyz görünmez. Gündiz asmandaky ýyldyzlar öçýär. Munuñ sebäbini bilenok Ýunus. Äpet ýerimiziñ togalakdygy, Günüñ daşyndan hem aýlanýandygy barasynda Ýunus bilmeýär eken. Bu zatlary oña biz gürrüñ berdik, Emma Ýunus welin haýran galmady. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi. noýabrda gök ýapraklar saraldy Hozuñ ýogynlygy üç gulaçdan köp, ertirine Ýunus hoz agajynyñ aşagynda eýläk-beýläk ýöreýär. Hytaýdaky musulmanlar hakynda, burnunda şah bitýän kerkler hakynda, bir damjajuk suwda ýerleşip bilýän köp-köp million mikrob hakynda Ýunus hiç kişinden eşitmän eken. Bu zatlary oña biz gürrüń berdik, emma Ýunus welin haýran galmady. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi. Günortanlar hozuñ saýasy goýry, ýel tursa, gepleýär hoz öz başyna. Noýabrda gök ýapraklar saraldy. Bir gezek ot ýakyp, suw daşap ýören Ýunusa diýäýdik: "Hyzmatkäriñ biz, sensiñ biziñ hemmämize hojaýyn". Ýunus haýran galyp, agzyny açdy. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi, Ýel tursa gepledi hem öz başyna, hoz ýokaryk ösdi, gapdala ösdi. Hozuñ ýogynlygy üç gulaçdan köp, gijesine eger düýbünde durup, asmana äñetseñ, ýyldyz görünmez. Derýalaryñ akyp geçişo ýaly, üstünden gijeler akyp geçýärler, kökler barha çuññur girýär topraga şahalar ýokardan Ýunusa bakýar: Ýunus diýýär: batrak bolmak obada arkañ bilen daş daşandan parhly däl. Endamyñy zaýalaýar iñ ilki. Otur-da äñet sen töweregiñe: Haýsy hinden çykyp geler ýagylar?.. Tutaýsalar welin syparyn öýtme... Betbagtlyk Ýunusy garbady-tutdy. Ýunus diýýär: "Adam bu dünýä myhman, gelişimiz ýaly gideris mundan. Stambul şäheri örän gözelmiş, ony görmedim diýp çekýärin arman. Emma bir sorag bar: biziñ obada ýerleşen howlynyñ mukdary altmyş, şol altmyş howlynyñ gylla ýarynda näm üçin goýun ýok, sebäbi näme?" Goýunsyz adamdy Ýunusyñ özem. Ýunus diýýär: "Daş bilen guş urjagyn oklan daşy guşa baryp degenok. Tutuş dünýä indi otluda gezýär. Indi öküzleriñ şahlarynda hem dünýä durýan däldir. Öküzler biziñ elimiz hem aýagymyz ýaly zat. Dat seniñ günüñe, öküziñ satsañ, onda ýarym öli, ýarym dirisiñ". Ýunusyñ elinden öküzi gitdi, Ýunus diýýär: "Uýuñ meniñ sözüme, ýoluñ soñy ýakyn. Bu wagtky bolýan işlere adamyñ akly ýetenok. Ýer sabyndyr, gider eliñden sypyp, Öz tünegi bardyr her bir jandaryñ, diñe börüleriñ tünegi ýokdur. Eliñden sypdyrsañ ýeriñi, onda senem böri ýaly ygyp ýörersiñ". Ýunusyñ elinden sypdy ýeri hem. Sentýabrda hozlar bişdi, döküldi, noýabrda gök ýapraklar saraldy, günortanlar hozuñ saýasy goýry hoz ýokaryk ösdi, gapdala ösdi. Ýunus hoz hakynda zol pikir edýär. Hozuñ kökleriniñ ýere gidişi, hiç zat talap etmän ýa haýyş etmän, ýel tursa gepleşip öz-özi bilen hozuñ bir gyrada ösüp duruşy barasynda Ýunus zol pikir edýär, pikir etdigiçe, gaýga hem batýar. Ýalñyzlyk Ýunusy ýykdy, ýegşertdi, özgäniñ ýerinde dökýär derini. Ogurlar öýdüp hoz agajyny Ýunus ony gijesine goraýar. Topraga çuñ gidýär hozuñ kökleri, şahalar ýokardan Ýunusa bakýar. Sütün ýasaýarlar hoz agajyndan, näme ýasap bolar Ýunus Agsakdan? Sowuk howa gelýär, ýyly ýer agtar. Sütün ýasaýarlar hoz agajyndan. Indi sen başyñy çarap bilmersiñ, Ýunus, satmak gerek hoz agajyny. Baý garyplar üçin boýra örenok, sat hozuñy, hozuñ üçin gowy bor, sat hozuñy özüñ üçin gowy bor. Şatlama aýazda aç böri uwlar. Sütün ýasaýarlar hoz agajyndan. Türküñ kellesine akyl giç gelýär, Ýunus, satmak gerek hoz agajyñy. Baý garyplar üçin boýra dokanok, hozuña, özüñe eger ýagşylyk isleýän bolsañ-a, gepe gulak sal. Ygyp ýören möjek tünekli bolar Sütün ýasaýarlar hoz agajyndan. Hozuñ ýary agaç, ýary hem ynsan. Ýunus, satmak gerek hoz agajyny. Ýalañaç öli dek garyñ üstünde süýnüp ýatdy Ýunusyñ hoz agajy. Sütün ýasaýarlar hoz agajyndan. Hozuñ eli - şahalary kesildi. Ýunus, satmak gerek hoz agajyny. Baý garyplar üçin boýra dokanok. Hozuña, özüñe eger ýagşylyk isleýän bolsañ-a, gepe gulak sal. Diýýäris: "Kimedir degişli säher. Mysam bulur ýapmaz günüñ öñüni. Oñat günler geler, ynanyñ, geler..." Häzirlikçe oñat güne garaşyp, kesilip satylan bir hoz agajy hakynda gynanyp gürrüñ edýäris. 1940. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |