16:17 Hudaýberdi Durdyýewi ýatlap... | |
HUDAÝBERDI DURDYÝEWI ÝATLAP…
Ýatlamalar
Edebiýata, döredijilige aýratyn uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen «Dünýä edebiýaty» žurnaly uly höwes bilen okaýan neşirlerimiň biri. Žurnalyň 2021-nji ýyldaky 1-nji sany elime gowuşdy. Endigime görä, žurnaly okamazdan öň ilki bilen sahypalaryny agdaryşdyryp, gözden geçirdim. Ine, birden «Kalby mukamly terjimeçi» atly makalanyň başyndaky surata gözüm kaklyşdy. Suratdaky ýylgyryp duran ýüzi nurana adamyň keşbi maňa tanyş, gözüme yssy göründi. Žurnaly derhal garbap aldym. Duýgym aldaman eken. Ol «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda on ýyl töweregi bile işleşmek bagty miýesser eden baş redaktorymyz, halypa ýazyjymyz Hudaýberdi Durdyýewdi. Makalany ýazan žurnalist Akgül Saparowa eken. Özüm üçin ýakyn hem mähriban bolan bu ajaýyp adam hakynda ýazylan makalany dessine okamaga başladym. Okadygymça-da, tapylgysyz gylyk-häsiýetli, guýmagursak zehinli Hudaýberdi aganyň nurana keşbi göz öňümde janlandy. Şonuň üçin hem bu makala seslenme ýazmagy makul bildim. Hudaýberdi aga diňe bir sowatly, salyhatly, medeniýetli hem-de tejribeli kişi bolman, juda synçy, degişgen adamdy, talapkär ýolbaşçydy. Onuň kimdir birine gygyryp ýa käýinip duran wagtyna gabat gelmedim. Ýuwaşdy, juda agrasdy, sabyrlydy, kiçigöwünlidi. Rus dilini bilşi kemsiz-köstsüzdi. Türkmençe geplände şeýlebir owadan, şeýlebir şireli geplärdi welin, meňzetmeler, nakyldyr dana sözler diline geler durardy. Türkmençilik, millilik onuň durmuşynyň özenidi. Biz Hudaýberdi aganyň döreden çeper eserleriniň, terjimeleriniň aşygydyk. Bir gezek Osman Ödäýew ikimiz işdeş ýoldaşlary hökmünde ondan «Gaýadan güýçli» powesti esasynda surata düşürilen «Gadymy daglaryň rowaýaty» filminiň ilkinji görkezilişine çakylyk aldyk. Görkezilişden soňra film hakynda pikir alyşmalar boldy. Şonda Osman Ödäýew ikimizem atymyz çykan ýaly onuň ýanyndan monça bolup gaýdypdyk. Çünki halypa ýazyjymyz ikimiziň hem elimizi mäkäm gysyp: «Şular biziň geljegine umyt bildirýän zehinli ýaş ýazyjylarymyz» diýip, bizi haýsydyr bir egindeşi bilen tanyşdyryp, döredijilik üstünliklerini arzuw edipdi. Onuň ogluny öýerendäki toýuna gatnaşyp, gazma dutarda çalan şirin sazlaryny diňläpdik. Sazyň gapdaly bilen ýuwaşja aýdyma hiňlenen çaglaryna-da gabat gelipdik. Hudaýberdi aga žurnala hödürleýän makalalarymyzdan daşary, biz ýaly ýaş ýazyjylaryň ýazýan eserlerini okamaga-da wagt tapardy. Bir gün ol meni ýanyna çagyryp: — «Ýaş kommunist» gazetinde «Humaý» atly powestiňden bir bölek berlipdir. Ony dolulygyna ber, menem okap göreýin — diýdi. Ol şonda gabanjaňlyk mowzugyna bagyşlanylan bu çaklaňja powestimi hezil edip okapdy. Halypanyň ak patasy bilenem «Magaryf» neşirýatyna alyp barypdym. (Soňra ol powest 1989-njy ýylda awtorlar ýygyndysyna girizilip, «Humaý» ady bilen kitap bolup çap edildi. 1994-nji ýylda bolsa «Ýaraly ýürekler» ady bilen özbaşdak çap edilen kitabyma-da girizildi). Bir gezegem Hudaýberdi halypa bilen ikiçäk oturyp, döredijilik hakynda söhbet etdik. Gürrüňimiz Magtymguly Pyraga syrykdy. Şonda men oňa: — Garrygala (häzirki Magtymguly etraby) ýaşlykda önüp-ösen ýerim. Her sapar bu ýere baranymda Magtymguly Pyragynyň ýaşan, aýak basan ýerlerine, şygyrlarynda waspyny ýetiren daglaryna gezelenç etmän, gojalaryň şahyr hakynda berýän gürrüňleridir rowaýatlaryny diňlemän gaýtmaýan — diýdim. Garry enem Ogulnur Goçyýewa 96 ýaşynyň içinde, 1972-nji ýylda aradan çykypdy. Ol durşy bilen gürrüňdi. Beýik şahyrymyz Magtymguly hakynda könelerden eşiden zatlary barada köp gürrüň bererdi. Çaga ekenik, kän zatlar gulagymyzyň duşundan geçip gidipdir. Enem pahyryň gürrüň beren bir hekaýaty welin, heniz-henizlerem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly — diýdim. Şonda halypa: — Olar ýaly bolsa wagtyňy ýitirme-de, ony ýazga geçir. Belki, bir üýtgeşik eser dörär. Soňundan ony maňa-da okatgyn! — diýipdi. Bu gürrüňden soň aradan ençeme aý geçdi. Bir gün halypamyň ýanyna «Ýaraly ýürekler» ady bilen döreden hekaýamyň maşynkadan çykarylan golýazmasyny alyp bardym. Şonda Magtymgulyşynas halypa hekaýamy elimden aldy-da, edip oturan işini bir ýana goýup, dessine okamaga durdy. Ýanyndan gaýtmakçy boldum. Ol meni gapdalynda oturdyp, hekaýamy birdemde diýen ýaly okap çykdy. Iki ýerine otur belgisini goýdy, «unama» sözüni hem «ulama» diýip düzetdi. Soňam ýerinden turup elimi gysdy, berekellamy ýetirdi. Aslynda, maňa uzak ýyllaryň dowamynda halypa ýazyjylaryň uly topary bilen bile işlemek bagty miýesser etdi. Olaryň hersi bir dünýä. Arman, olaryň köpüsi ýurduny täzeledi. Nury Baýramow, Ýylgaý Durdyýew, Hudaýberdi Diwangulyýew, Ýagmyr Pirgulyýew, Anna Paýtyk, Gowşut Şamyýew, Şadurdy Çaryýew, Sapar Öräýew, Tagangül Taganowa, Osman Ödäýew, Muhammetmyrat Kömekow, Rejep Durdyýew, Annageldi Nurgeldiýew, Orazmyrat Gurdow, Meret Haladow, Gurbanýaz Daşgynow, Esenguly Amanow, Guwanç Hudaýberdiýew... Olaryň her biri hakda ýazyp boljak ýakymly ýatlamalar köp. Hudaýberdi Durdyýew hakynda bolsa henizem kän-kän zatlary aýtmak bolardy. Gowy adamlar hiç mahal unudylmaýar. Olar ýüreklerimizde ebedilik ýaşaýar. Türkmen halkynyň taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimizi, halypalarymyzy hatyralap, olaryň ylmy-edebi mirasy esasynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi aýratyn nygtalýar. Hudaýberdi Durdyýew hem şeýle ynsanlardan. Onuň nusga öwrülen ömri, döredijiligi bar. Halypanyň edebi mirasy biziň hem indiki nesillerimiziň gymmaty egsilmejek hazynasy bolup durýar. Goçy ANNASÄHEDOW. "DÜNÝÄ EDEBIÝATY" žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |