09:00 Hytaý türkmenleri | |
ÝER ÝÜZÜNDE TÜRKMEN SENDEN NYŞAN KÄN...
Taryhy makalalar
▶ HYTAÝ TÜRKMENLERI Hytaý türkmenleri diýlende san taýdan uly bolmadyk türki dilli salarlara düşünmeli. Olar Hytaýyñ Sinhaý, Gansu welaýatlarynda, şeýle hem ýurduñ beýleki ýerlerinde ~ Pekinde, Ininde, Sinzýan ~ Uýgur awtonom raýonynda ýaşaýarlar. Salarlaryñ esasy ýaşaýan raýonu Ssinhaý welaýatydyr. Huanhe derýasynyñ sag kenaryny tutup ýatan bu daglyk ýerde hytaý salarlarynyñ 70 %-e golaýy ýaşaýar. Şu ýagdaý göz öñünde tutulyp, 1954-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Ssinhaý welaýaty Sinhua awtonom uezdine öwrüldi, onuñ merkezi diýlip hem Sszişui şäheri bellendi. Häzirki wagtda Sinhua salar awtonom uezdiniñ ýedi wolostynda ~ Geýsszy (Altyýuly), Suçji, Sinýan (Poler), Sszişui (Ýazy), Çinşuý (Senyr), Nemyn ýa-da Kowa (Ko), Beýjuan (Ahwar) wolostlarynda salarlar ilatyñ köp bölegini tutýar. Ýene bir bellemeli zat, öñler, Sinhua awtonon uezdi döredilmezden ozal salarlaryñ ýaşaýan raýonlary orta asyr salyr türkmenleriñki ýaly adminstratiw taýdan "içki we daşky salarlar" diýlip bölünýän ekeni. Salar dili edil türkmen dili ýaly türki dilleriñ oguz şahasyna, ýagny günorta-günbatar şahasyna degişlidir. Oña gypjak diliniñ täsiri, soñky döwürlerde, esasanam, hytaý we tibet dilleriniñ fonetiki hem-de leksiki taýdan täsiri uly bolupdyr. Hytaý salarlary harby-syýasy häsiýetli ýagdaýlar sebäpli XIV asyrda ata-baba ýurdundan uzakdaky Hytaýa göçmäge mejbur bolan salyr türkmenleriniñ bir bölegi bolup durýarlar. Ata-baba nesilden nesle geçirilip gelinýän gürrüñe görä, salarlar öz köküni salyrlaryñ garaman böleginden alyp gaýdýar. Olar ilki Samarkanda, ol ýerden bolsa Hytaýa göçüp barypdyrlar. Olaryñ esli bölegi häzir hem Samarkany etrapynda ýaşaýarlar. Dogrusy, häzirki wagtda hytaý salarlary umumy etniki milliligini ýitiripdir, onuñ ornuny "taýpa" ady tutýar. Asyrlaryñ dowamynda beýleki türkmen tire-taýpalaryndan üzñe ýaşamaklary salarlaryñ durmuşynda uly möhür goýupdyr. Şeýle-de bolsa özüniñ salyr iliniñ garaman tiresine degişlidigi bilen salarlar esasy etniki gatlagynyñ nireden gaýdýandygyny aýdyñ subut edýär. Sszişui metjidinde "Salarlaryñ göçüp gelşiniñ taryhy" saklanýar. Salarlaryñ milli mukaddesligi hasaplanýan bu kitapda "Biziñ salarlarymyzyñ asly at Watanda (garry öýde) galan Garamanyñ göçüp gaýdan uly oglundan hem gaýdýar" diýen ýazgylar bar. (72:121). Bu maglumatlara "garry öýüñ salyrlaryny" Hytaý salarlary bilen baglanyşdyrýan şejere uşlyby mese-mälim duýulýar. Salarlar, esasan, ekerançylyk, bagbançylyk, şeýle hem maldarçylyk, hünärmentçilik bilen meşgullanýarlar. Salarlarda hem türkmen tire-taýpalaryndaky "öwlatlary" ýatladýan aýratyn dini gatlak bar. Dini ynanjy boýunça salarlar musulmandyr ~ sünnüdirler, ýöne olarda köphudaýlylyga degişli dini ynançlar-da saklanyp galypdyr. Häzirki ýaşaýan ýerlerine Samarkantda göçüp gelen salarlaryñ nebereleriniñ içinde kyrk weliniñ (bizde 40 çilten - t.b.) kulty meşhurdyr. Şeýle hem olaryñ arasynda Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriñkä çalymdaş "zykyr" dini tansynyñ, otparazlyk bilen bagly dessurlaryñ saklanyp galandygyny aýtmak gerek. Hytaýda 1953-nji ýylda 31 müñ salar ýaşaýan ekeni. Alym E.R.Tenişew bolsa 20 müñ salar ýaşaýandygy hakynda maglumat berýär. Hytaý demograflarynyñ maglumatlaryna görä, 80-nji ýyllaryñ başynda Hytaýda 50 müñden gowrak türkmen (salar) ýaşaýar. Salarlaryñ sanynyñ 72 müñ adama (1979-njy ýylda) barabardygy hakynda A.Reşetowyñ getirýän maglumatlary (1987-nji ýylda 100 müñ) iñ täze maglumatlardyr. Marat DURDYÝEW, Şöhrat KADYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |