01:30 Türkmen ady | |
TÜRKMEN ADY
Taryhy makalalar
Planetadan öz adyna guwanmaýan halky tapmak, megerem, başartmasa gerek. Türkmenlerde «türkmençilik» diýen aýratyn bir düşünje bar, ol durmuş obrazyny, däp bolan ynamy, däp-dessurlary, psihiki ýagdaýy aňladýar. «Arap», «rus», «fransuz» we beýlekiler diýen, «türkmen» diýen düşünje pikir edişimizden has giňdir. Onda etniki umumylyk, onuň taryhy we häzirki döwre, adamlar hem-de medeniýet, ýaşaýan territoriýasy we hojalyk gurluşygy hakyndaky ähli maglumat jemlenipdir diýerlikdir. Gadym wagtlarda bir halkyň ady dostlukly gatnaşyklar duýgusyny oýarsa beýleki biriniňki howsala döredipdir. Edebi çeşmeleriň gürrüň berşi ýaly, nätanyşlar duşuşyp salamlaşanlaryndan soňra öz halkyň adyny aýtmagyň däbe öwrülendigi tötänden däldir. Orta asyr dilçisi Mahmyt Kaşgary özüniň türki diller hakyndaky «Diwan lugat at-türk» diýen meşhur traktatynda «boý» diýen düşünjäni aýratyn tapawutlandyrmagy zerur hasaplap, bu barada şeýle ýazypdyr: «Boý-guzça (ýagny, oguzlaryň dilinde – M.D.) asyl, arka, taýpa diýmekdir. Biri-birini tanamaýan iki adam duşuşsa, biri beýlekisine salam berip, soňundan «Boý kim?», ýagny «Seniň aslyň, taýpaň, halkyň kim?» diýip soraýar. Beýleki jogap berýär... Şondan soňra olar söhbete girişýärler ýa-da basym aýrylyşýarlar...». Halkyň adynyň diňe bir etniki däl, eýsem sosial ähmiýeti hem bar, onuň, adatça, ýüzýyllyklary, hatda müňýyllyklary öz içine alýan baý taryhy bolýar. Edebiýatda «türkmen» adynyň peýda bolmagy häzirki Türkmenistanyň ýerli ilaty bilen gatyşan oguzlar bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne bu adyň döremegini has irki döwürlere degişli etmek we onuň gelip çykyşyny gelmişek türki ilat bilen däl-de, ýuwaş-ýuwaşdan türki dile geçen ýerli ýaşaýjylar bilen baglanyşdyrmak gerek diýip pikir edýäris. VII–VIII asyrlarda Türkmenistanda bolup geçen wakalar hakynda söhbet açýan VII–VIII asyryň arap çeşmelerinde Demirgazyk Horasanyň şol döwre çenli özüniň gelip çykyşy boýunça eýran dilini saklan, ýöne eýýäm türkçe-de gepleýän halklaryň dili babatda bulaşyklyk göze ilýär. Mahmyt Kaşgarynyň türkmenleriň aslyny oguzlar bilen däl-de, eftalitler sredasyndan gaýdan halaçlar bilen baglanyşdyrýandygy häsiýetlidir. Aslynda, araplaryň basyp alan döwrüne çenli eftalitler taryhyň sahnasyndan düşüpdiler ahyry. Abulgazynyň «Türkmenleriň nesil daragtynda» hem belli bir derejede şeýle diýilýär: «Mawerennahra düşen türkmenlere täjikler ilki türkler diýipdirler. Alty-ýedi arkadan soňra howanyň täsiri netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan olaryň çekgeleri çekilip, gözleri ulalyp, ýüzleri inçelip, burunlary ulalyp ugrapdyr. Türkmen ýurduna gelen we ýurt tutunan illerden (taýpalardan) Mawerennahrda ýesirler hem-de täjirler peýda bolup başlapdyr. Täjikler olary görüp, türkler diýip at beripdirler, öňküleri bolsa türkmen, türke meňzeş diýip atlandyrypdyrlar. (Biz tapawutlandyrdyk – M.D.). Biziň göz öňümize getirşimize görä, Abulgazynyň bu maglumatyndan türki dilde gürländigine garamazdan, türkilerden Ýewropoid keşbi bilen tapawutlanýan etniki toparlara türkmenler diýlip at berlendigi hakynda örän möhüm netije çykarmak bolýar. Abulgazynyň türkmenan adynyň oguzlardan öňki türki dilli toparlar manysynda düşünilen «öňküler» tarapyndan berlendigi hakyndaky tassyklamasy örän möhümdir. Onda Türkmenistanyň ýerli ilatynyň oguzlara garanyňda has öňki türkileşmek tolkunynynyň, ýewropeoid we mongoloid jyns tipleriniň birleşmeginiň irki döwürleri öz beýanyny tapypdyr. «Türkmen» adynyň bu ýere «oguz taýpalarynyň gelmeginden has öň türkileşen ýerli ýewropeoid milleti aňlatmak üçin dörändigi hakynda pikir etmäge esas bir diýip hasap edýäris. Ol at öňki ýewropeoid keşbini saklap ähli türki dilli ilat üçin saklanyp galypdyr. Alymlar halklaryň hemişe öz adyndan uludygy hakyndaky kanunalaýyklygy bir wagtlar ýüze çykardylar. Türkmenler Türkmenistanyň türkileşmek prosesinde at alan gadymy ilatynyň adydy. SSSR YA-nyň habarçy-agzasy A.Ýu.Ýakubowskiniň bu hakyndaky pikiri gyzyklanma döredýär: «Türkmenistanyň territoriýasyndaky türki däl elementleriň dil babatynda türkileşmek prosesi baryp oguzlaryň ilkinji tolkunyndan öň, ýagny IX asyrdan öň başlanypdy, onda-da bu prosese Merw, Balh we Dehistan raýonynda ýaşan, hem Balkan dagynda hem-de beýleki ýerlerde mekan tutan olara garyndaş taýpalar işjeň gatnaşypdylar. Türkmenistanyň territoriýasynda IX-X asyrlarda oguzlaryň köpsanlysy ýygnanyp ugrandan soňra, türkileşmek prosesi aýratynda güýçlenipdir. Alanlar hem-de aslar öz dillerini ýitirip, dil babatynda türkileşipdirler, Türki dil galtaşan hem-de çaknyşan ähli ýerinde ýeňipdir. Ýöne etniki, has takygy ýerli eýran dilli fiziki tipiň antropologik aýratynlyklary atsyz-sorsuz ýitip gitmändir. Olar bu ýerde kemal tapan we türkmen adyny, öz dolihosefaliýa – süýrükelleligini alan halka öz alamatlaryny beripdirler. Orta asyr awtorlarynyň köpüsiniň türkmenleri türklerden tapawutlandyrýandyklary üns bererlikdir. «Türkmenleriň türklere meňzeşdiklerini» tekrarlamak bilen, olar bu halklary bir millet hasaplamaýarlar. Muny beýik Orta Aziýa alymy Abureýhan Birunynyň türkmenleriň adyna ilkinji düşündirişinde görmek bolýar: «Öňki wagtlarda yslam dinini kabul eden we musulmanlar bilen gatyşan türkleriň-gužlaryň islendigi onuň hem-de beýlekiniň arasyndaky tarjumana (terjimeçä) öwrülýärdi, şonuň üçin hem guzlaryň-haýsydyr biri yslamy kabul edende guzlar: ol türkman boldy, musulmanlar bolsa, olaryň hataryna türkmen, ýagny türke meňzeş goşuldy diýýärdiler. Ilkinji nobatda Abureýhan Biruniniň türkmenleri türkleriň hem-de musulmanlaryň arasyndaky terjimeçiler diýip atlandyrýandygyna üns bermek zerurdyr. Diňe şunuň özi hem olaryň ikidillidigini, ýagny haýsydyr bir öz dillerini we türki dili bilýändiklerini aňladýar. Ondan başga-da Biruniniň tekstinden türkmenleriň «türklere meňzeşdiklerini», ýöne gelip çykyşlary boýunça, megerem, türki däldiklerini aňmak bolýar. Başgaça aýdanyňda, Biruniniň sözlerine görä, onuň we onuň döwürdeşleriniň (X asyryň ahyry – X asyryň başy) öz dillerinden başga türki dilde gürlän ýerli milletiň toparlaryny türkmenler hasap edendiklerini bilmek bolýar. Mahmyt Kaşgary hem türkmenleri «türklere meňzeşler» hasap edýär. Türkmen adynyň şeýle düşündirişine XIV asyryň pars taryhçysy Raşid-ad-Diniň eserinde hem gabat gelýäris: «Oguzyň taýpalary öz ilinden Mawerennahr ýurduna we Eýran topragyna gelenlerinde, howanyň täsiri netijesinde, olaryň keşbi tazikleriň1) daş keşbine çalym edip ugrapdyr, ýöne olaryň hakyky täjikler däldigi üçin tazikler olary «türkmen», ýagny «türke meňzeş» diýip atlandyrypdyrlar. Şu sebäpli bu ady oguzyň ähli şahalaryna ýaýradypdyrlar we olar şu at bilen tanalypdyrlar.» Bu ýerde «tazik» diýlip, Orta Aziýanyň eýran dilli ýaşaýjylaryna, şol sanda türkmenleriň olaryň hataryna girýän ata-babalaryna düşünilýär. Şonuň üçin-de bu __________ 1 Täjikler, Ýokarda biz başga golýazmadan bölek beripdik. ýerde şu halkyň gelmişek mongoloid oguzlar bilen garyşmak prosesi şöhlelendirilýär. Biziň görşümiz ýaly, beýle gatyşmak türkmenleriň daşky keşbine ol diýen täsir etmändir, munuň deregine olar öz dillerini türki dil bilen çalşypdyrlar, şonuň üçin hem Raşid-ad-Din ilatyň türki dili-de bilýän ýerli toparyny («tazikleri») türkmenler hasap eden bolsa gerek. Mongoloid oguzlaryň ýerli ýewropeoid ilat bilen gatyşmak prosesi hakynda XX asyrda ýaşap geçen awtor Ýazyjy ogly Alynyň «Taryh Ali-i Seljuk» eserinde hem aýdylýar, onda awtor oguzlaryň araplaryň taýpalaryna goşulyp «täjiklere» öwrülendigi barada ýazýar, oguzlar Siriýa ne Ruma (Wizantiýa) gelenlerinden soňra olaryň daş keşbiniň, «türke» we «täjige» çalymdaş, ýagny garyşyk bolandygyny hem onuň üstüne goşýar. XV asyrda ýaşap geçen Mirhond hem «türkmen» adynyň gelip çykyşyny düşündirip, şeýle ýazýar: «Türkmen gadymy söz däldir. Şu etraplarda (Mawerennahrda we horasanda) çagalar doganda (oguzlarda)?, howanyň hem-de ýerli ýaşaýjylaryň täsiri (ýok, men ýalňyşdym, tersine: haýyr hem-de şere baha berýän allatagalanyň emri) bilen olaryň keşbi türkmenleriňkiden özgerdi. Adamlar bu topara (gabaga) türkmen, ýagny türke meňzeş diýip at berdiler». Şeýlelikde, «türkmen» adynyň mysal getirilen düşündirilmegi türkileşen ýerli ýewropeoid ilatyň toparyna şeýle at berlendigine şaýatlyk edýär. Özleriniň daşky keşbi boýunça olara obrazy mongoloid çarwalar bilen baglanyşdyrylýan doly manyly türkler diýip bilmändirler, megerem, şol sebäpli «türkmen» – «türklere meňzeş adamlar» diýen, ýöne her niçik-de bolsa heniz türk däl diýen at ýüze çykypdyr. Orta asyrlardan başlap «türkmen» adynyň gelip çykyşynyň şeýle düşündirilişinden başga yslam dinini kabul eden türklere şeýle at berlendigi hakyndaky düşündiriş hem giňden ýaýrapdyr. XII asyrda ýaşap geçen Merkezi «türkmen» adynyň gelip çykyşyny hut şeýle düşündirmäge synanyşýar. Osman köşk taryhçysy Mehmed Neşriniň düşündirişinde şeýle pikir has-da aýdyň ýüze çykýar: hijriniň 300-nji ýylynda (biziň eramyzyň 999-njy ýyly) türk çadyrlarynyň iki müňüsi yslamy kabul edip, musulman boldy. Şonuň üçin-de olara «türkiman» diýen at berdiler». Onuň pikiriçe, bu at «türk» hem-de «iman» diýen iki sözden durýar. Olaryň soňkusy «iman» – «ynam» diýen manyny berip, «türkiman» sözi «imanly türk», «dine uýýan türk» diýen manyny bermelidir. Sebäbi diňe yslam hakyky ynam hasaplanypdyr, şonuň üçin hem bu konstruksiýa terjimede «musulman türk» diýen manyda ýaňlanýar. «Türkmen» adyny «türkaman» sözi bilen baglanyşdyrmaga hem synanyşyk edildi. Mälim bolşy ýaly komanlar ýa-da kumanlar polowesler manysynda gelýärdiler. Rus ýyl ýazgylarynda hem kumanlar poloweslerdir» diýlip aýdylýar. Olaryň türkçe ady gypjakdyr, belli bir derejede ol polowesler ordasynyň umumy adydyr we gündogar taryhçylary muny giňden ulanýarlar. «Kuman» kähalatlarda jyns at hökmünde hem gabat gelýär. Alymlar bu ady Dagystandaky gumuklaryň we Sibirdäki kumandinleriň adyna ýakynlaşdyrýarlar. TSSR YA-nyň habarçy-agzasy S.G.Agajanowyň pikiri boýunça, «türkmen» formasynyň aňyrsynda oguz we gypjak taýpalarynyň belli bir böleginiň arasyndaky dil ýakynlygy ýatyr. «Türkmen» adynyň «türk» we «men», ýagny «men türk» manyda ýaňlanýandygy baradaky pikir diýseň dagynykdyr. Geçen asyryň ortalarynda Türkmenistana gelen wenger syýahatçysy Arminiý Wamberi şeýle nukdaý nazaryň tarapynda durýar. Bu pikiri «türkmen» adyny «arassa ganly türk» diýip, düşündiren J.Deni L.Ligeti hem goldapdylar. Türk etnografy N.Kefesogly hem bu ady VIII asyrda Semireçede garlyklaryň döwletiniň döremegi bilen baglanyşdyryp, şunuň ýaly düşündirdi. Onuň çaklamasyna görä, garlyklaryň konfederasiýasyna giren taýpalar türkmen, ýagny «arassa ganly, hakyky, beýik we ş.m. türkler» diýen ady alypdyrlar. Türkmenleriň ata watanynyň häzirki Türkmenistanyň territoriýasydygyny, olaryň ata-babalarynyň gelmişek türki dilli we keşbi boýunça mongoloid gelmişekler bilen garyşan süýrükelle ýewropeoid tipli halklar hem-de taýpalardygyny ýada salsaň, bu pikir bilen ylalaşmak kyndyr. Şeýle-de bolsa bu pikir daşary ýurduň-da, öz ýurdumyzyň-da taryhy edebiýatynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Mysal üçin, türk etnografy Faruk Sumer I.Kefesoglunyň garaýşyny ösdürip, «türkmen» adyny «türki halklaryň köki», «türkleriň esasy», «hakyky türk» manysynda düşündirýär. Soňky ýyllarda türkmen filology, toponimika boýunça spesialist Soltanşa Atanyýazow bu çaklamany ýetişibildiginden wagyz edýär. Bu babatda ol, ine, şeýle ýazýar: «Türkmen» sözi «türk men» (men türk) diýen iki bölege bölünýär. Türk sözi umumy türki dilli halklaryň ählisine degişlidir. Şeýle hem alymlar «türk» sözüni-de «tur we k» diýen iki bölege bölýärler. Bu ýerde soňky «k» harpy goşulma bolup, ol gadymy türki dillerde köplügi (köpsanlylygy) aňladýar, «tur» sözüniň bolsa «taýpa, halk» diýen manysy bolupdyr. «Türkmen» sözündäki «men» ýa-da «man» diýen goşulma bolsa sarman, bessermen, kuman, mangyt ýaly halklaryň, halkyýetleriň we taýpalaryň, şeýle hem türkmenleriň akman, garaman, naýman, hudman, orman, gyrman, ýasman, çeşmen we beýlekiler ýaly tire-taýpa atlarynda gabat gelýär. Diýmek, «man-men» goşulmasy halklaryň, tirä-taýpalaryň adynda ýygy-ýygydan ulanylýar. Alymlaryň pikirine görä... «man-men» sözi «tur» («türk») sözi ýaly, halk tire-taýpa atlarynda «halk, taýpalaryň topary» diýen manyny aňladýar. Bir atda iki sany sinonimiň näme üçip dörändigi barada soragyň ýüze çykaýmagy mümkin. Uzak wagtyň geçmegi bilen «tur» (türk) sözüniň hakyky manysy ýitip gidipdir we oňa şol bir manyny aňladýan «men» sözi goşulypdyr. Görnüşi ýaly, «türkmen» sözi ilkibaşda dörände «türk halky», «türk taýpasy», «türk taýpalaryndan ýygnanan halk» diýen manyny aňladypdyr». Şeýle düşündirişe problema gipotetiki, ýüzleý çemeleşmegiň mysaly hökmünde garamalymyka diýýärin, sebäbi konstruksiýanyň emeliligi göz-görteledir. L.N.Gumilýow özüniň «Gadymy türkler» diýen işinde «türk» sözüniň «güýçli», «çydamly» diýen manyny berýändigini görkezýär, şonuň üçin-de ony «tur» we «k» diýen böleklere bölmek nädogry bolsa gerek. A.N.Kononowyň pikirine görä, «türk» ýygyndy at bolup, soňra taýpalaryň birleşmesiniň etniki adyna öwrülipdir. «Türk» diýen termin wagtyň geçmegi bilen öz manysyny ýitiripdir. L.N.Gumilýow «Gadymy Rus we beýik sähra» diýen kitabynda «türk» diýen terminiň üç manysynyň bardygyny belleýär. VI-VIII asyr üçin bu Beýik sähranyň ägirt birleşmesine (el) baştutanlyk eden we VIII asyryň ortasynda heläk bolan kiçijik etnosdyr (turkýut). Bu türkler mongoloid bolupdyrlar. Hazar dinastiýasy şolardan gelip çykypdyr, ýöne hazarlaryň özi dagystan tipli ýewropeoidler bolupdyrlar. IX-XII asyrlar üçin bolsa türk söweşjeň demirgazyk halkyýetleriniň, şol sanda madýarlaryň, ruslaryň we slawýanlaryň umumy adydyr. Bu medeni-taryhy ähmiýetli adyň halklaryň gelip çykyşyna dahyly ýokdur. Häzirki gündogary öwrenijiler üçin «türk» gelip çykyşy boýunça dürli etnoslaryň gepleýän dil toparydyr. L.N.Gumilýowyň pikiriniň jedelsiz däldigi şeksizdir. Ýöne biz bu ýerde ony belli bir ideýany esaslandyrmak üçin «türk» sözüniň «tur» we «k» diýen böleklere bölünmeginiň nädogrudygyny görkezmek üçin mysal getirdik. «Türkmen» adynyň dürli düşündirişleri hakynda gürrüň gozgalanda, geçen asyryň barlagçylarynyň arasynda ýörgünli bolan we türkmen edebiýat öwrenijisi Ahmet Bekmyradow tarapyndan aýaga galdyrylan ýene-de biri hakynda aýtman geçmek bolmaz. Bu düşündirişe laýyklykda, türkmen ady ilkibaşda «tirkeman» görnüşinde bolup, bu pikiriň tarapdarlary «tir» – peýkam, «keman» bolsa ýaý manysyny beripdir. «Türkmen» sözi göçme manyda «tiri-kemany bolan halk», belki-de «peýkamçylar» manysynda düşündirilip bilner. Aslynda «oguz» ady hem öz wagtynda edil şunuň ýaly düşündirilipdi ahyry.. Hususan-da I.Markwart bu sözüň «ýaý atyjylar» manysynyň bardygyny çaklapdy. «Türkmenler oguzlardyr» diýen gönümel shema «türkmenler – tirikeman – ýaý atyjylar» diýen formulany düzmäge esas bolup hyzmat edendir diýip pikir edýäris. «Türkmen» adynyň başga hili-de, şol sanda «týurkman-týurkban», «türkleriň topragy, ýurdy» diýen ýaly we beýleki düşündirişleri bar. Biz türkmen adynyň, düşündirişleriniň arasynda «türke meňzeş» – «týurkmanend» has dogrudyr diýip pikir edýäris, sebäbi ol ilatyň eýran dilli ýerli ýewropeoid toparynyň gelmişek türki taýpalary bilen garyşmak prosesi netijesinde türkmen halkynyň kemala gelşini has real şöhlelendirýär. * * * Şeýlelikde biziň müňýyllyklaryň ýoly boýunça türkmen halkynyň ata-babasynyň we ata watanynyň gözleginde eden syýahatymyz tamam boldy. Onuň kemala gelşi hindi-ýewropa, şeýle hem türki etniki gatlaklaryň özara täsirleriniň uzak wagtlap dowam eden çylşyrymly prosesi bilen baglanyşyklydyr. Antropologik, arheologik, mediki-genetiki, taryhy we etnografik maglumatlaryň tutuş kompleksi türkmenleriň ata watanynyň Köpetdagyň daglarynda we dag eteklerinde, Garagumuň altynsow gerişlerinde we Kaspiniň kenaryndaky sähralarda, Tejeniň, Murgabyň, Amyderýanyň gök öwüsýän oazislerinde bolandygy hakynda aýtmaga mümkinçilik berýär. Türkmenleriň neolit döwründen müňýyllyklaryň içi bilen özüniň süýrükelle ortaýer ýewrepeoid tipiniň keşbini şu güne çenli alyp gelen ata-babalary hut şu ýerde ýaşapdyr. Dah-massaget toparynyň taýpalary we halklary, parfiýalylar, margianlar, horezmliler, alanlar hem-de aslar, eftalitler, şeýle hem türki dilli gelmişek dürli taýpalar türkmen halkynyň ata-babasy bolupdyr, Türki taýpalaryň arasynda oguzlar has-da saýlanýarlar. Bu taýpalar özleri bilen täze dili – türki dili getirdiler, ilatyň daşky keşbini belli bir derejede özgertdiler, şonuň, netijesinde hem dünýäniň etniki kartasynda türkmenler diýen täze at peýda boldy. Türkmen halky has soňrak, Türkmenistanyň territoriýasynda döwleti emele gelen döwründe, XI-XII asyrlarda hem-de mongollardan soňky döwürlerde, ýagny XV-XVI asyrlarda gutarnykly kemala geldi. Ýöne bu başga gürrüňdir we biz muny beýleki kitapçalarymyzda dowam etdireris diýip umyt bildirýäris. Biziň eramyzyň birinji we ikinji müňýyllygynyň sepgidinde bu at peýda bolýar, ýöne türkmen halky biziň görüşimiz ýaly hasda gadymy, onuň kökleri gojaman taryhyň has irki döwürlerine baryp ýetýär. Türkmen etnosyna öz janlaryny tenlerini beren, edil müňlerçe asyr ýoluň taryhy estafetasyny bir-birine gowşuryp gelýän ýaly halkyň müňlerçe arka gelýän nesillerini ýatdan çykarmak hem bolmaz. Türkmen halkynyň gelip çykyşyny ýönekeýje suratlandyryp, onuň iň giçki taryhy reallaryny görkezip, onuň taryhy çeşme hökmünde wajyp bolmagyna garamazdan, biz gözli-körlük edip giçki genealogiki salgylanmalara bil baglamaly däldiris. Bu salgylanmalary diňe aýsbergler bilen deňeşdirip bolar onda-da onuň diňe suwdan ýokaryk çykyp duran, göze görnüp duran bölegi bilen, ýene onuň özeni, sütüni okeanyň çuňňur gatlaklarynda gizlenip ýatyr. Biziň eramyzyň birinji we ikinji müňýyllyklarynyň sepgidi halkyň türklere çenli we türk taryhynyň sakasy hasap edilýär we gadymdan bäri häzirki türkmenistanyň territoriýasynda ýaşap öz taryhynyň dowamynda özüniň antropologiki sypatyny, genetiki arassalygyny, özboluşly material we ruhy baýlygyny saklap gelipdir. Ägirt uzak etniki taryhy ýoluň dowamynda häzirki türkmen halkynyň etnosyny Hindistan we Ortaýer deňiz subkontinentlerinden, Sibir we Altaýdan öz göz başlaryny alan etniki komponentleriniň hem goşulandygy gürrüňsizdir. Asyrlar boýy dilden-dile, nesilden-nesile geçip gelýän halkyň arasyndaky hekaýatlar hem şu ýokara agzalyp geçilenlere şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň kuwwatly etno-genetiki daragtyny doly suratlandyrman onuň kiçijek şahalaryny wasp eden ýalydyr. Türkmen halkynyň gutarnykly formirlenmegi dünýä etniki kartasy döränden soň XI-XII asyrlarda ýagny Türkmenistanda Seljuklar imperiýasynyň dörän eýýamynda we mongollardan soňky XV-VI asyrlara degişlidir. Egerde şol döwrüň taryhyna ýüzlensek, onda türkmenler edil deňiz tolkunlary ýaly ondan-oňa göçüp gonmak ýagny uly migrasiýa anymynda bolup şol esasda hem tutuş Gündogarda Hytaýdan tä Ortaýer deňizine çenli giňden ýaýrapdyrlar. Olaryň özleri şol ýurtlarda Türk we Azerbaýjan ýaly täze etnoslaryň formirlenmegine sebäp bolup, şonuň bilen birlikde hem olar başga milletleriň täsirine uçrap kä halatlarda olaryň assimilýasiýasyna goşulan wagtlary hem bolupdyr. Belli bir halatlarda etniki atlaryň we aň-düşünjeleriň, tire-taýpa atlarynyň we aň düşünjeleriniň üýtgedilmegi dünýä dünýä etniki kartasynda özüniň gelip çykyşynyň gözbaşyny türkmenlerden, alýan täze atlaryň emele gelmegine alyp barýar. Muňa mysal edip Hytaý salyrlaryny, Eýran we Yrak afşarlaryny (owşarlar), Siriýa we Türkiýe ýürük (ýörük) we baraklaryny mysal getirse bolar. Ýöne bular indiki çykjak kitaplarda gozgalmaly meseleler. Dogryndanam bir çaklaňja kitapçada ähli bilýän zatlaryňy ýerleşdirmek mümkin däl. Şu kitapçada biz türkmen halkynyň etniki taryhynyň diňe başlangyç etaplaryny gysgaça gürrüň bermegi öz öňümizde maksat edipdir. Şonuň bilen birlikde biz hemme zady giňden öz içine alýan uly uly bir zady görkezmäge çalyşmadyk. Ýerde giň göwrümli köp taryhy wakalary öz içine alýan uly bir işi görkezjek bolsaň, onda ilki kiçiräk zatlary köpräk taýýarlanmaly we soňra olary yzygiderli alyp barmaly. Şonuň üçinem awtor okajylardan şu kitapça öz halkynyň taryhyny giňden görkezip biljek uly bir edilmeli işiň etýudy hökmünde sereder diýip tama edýär. Marat DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |