TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNYÑ TARYHY KÖKLERI
Eger tutuşlygyna alanymyzda, Türkmenistanyñ taryhy ösüşiniñ häzirki zaman etapyny häsiýetlendirmeli bolsa, onda ony Täzeden döreýiş zamany hökmünde, ýagny türkmen Renessansy (Täzeden döreýşi) hökmünde kesgitlemek bolar. Täzeden döreýiş zamanynyñ sypatlary mundan birnäçe asyr öñ ýitirilen milli döwletliligi dikeltmekde-de, milli medeniýetiñ galkynyşynda-da, esasy ýeri, Gündogar bilen Günbataryñ, Günorta bilen Demirgazygyñ baglanyşdyryjy zweno bolan Türkmenistanyñ täzeden döreýşinde-de bütin aýdyñlygy bilen ýüze çykýar. Türkmenistan bolsa şonuñ ýaly baglanyşdyryjy zweno bolmak roluny müñlerçe ýyllaryñ dowamynda ýetirip geldi.
* * *
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyñ çatrygynda enaýy geografik ýagdaýy eýeleýär. Şoña görä-de, XIX asyryñ ajaýyp türkmen şahyrasy Sahypjemalyñ özüniñ mähriban ülkesine "dünýäniñ ýedi ýolunyñ çatrygy" diýen takyk at berip, bu çuñ manyly şahyrana obraza Türkmenistanyñ tutýan aýratyn orny hakynda, dürli ýurtlaryñ özara hereketinde onuñ oýnan roly, halklaryñ medeniýetleriniñ söhbetdeşligi hakyndaky halk düşünjelerini siñdirendigi geñ-tañ zat däldir.
Biz hut türkmenleriñ ata-babalary bolan parfiýalylaryñ Günbataryñ ýurtlary bilen hem, Gündogaryñ ýurtlary bilen hem diplomatiki gatnaşyklary ýola goýandygynyñ taryhy faktuna çuññur akyl ýetirmeli bolarys. Gündogary öwreniji ajaýyp alym, akademik W.W.Bartold şunuñ bilen baglanyşyklylykda şeýle belleýär:
"Parfiýalylar biziñ eýýamymyzdan öñki II asyrda açylyp, Hytaýdan Alynky Aziýa barýan kerwen ýolundan beýleki halklara garanyñda has oñat peýdalanyp bilipdirler hem-de Hytaý bilen Rim imperiýasynyñ arasyndaky dellalçylaryñ amatly roluny özlerinde saklap galyp bilipdirler... Parfiýaly Mitridat II (b.e.öñki 124-87-nji ýyllar) dünýä taryhynda Uzak Gündogaryñ beýik Döwleti (Hytaý) bilen hem Günbataryñ dünýä möçberindäki Döwleti (Rim imperiýasy) bilen hem gatnaşyk eden ilkinji şa bolupdyr".
Şunuñ esasynda gadymy döwrüñ beýik transmilli magistralynyñ Ýüpek ýoly hökmünde taryha giren bu ýoluñ döremeginde türkmenleriñ gadymy ata-babalarynyñ oýnan roly täzeçe görünýär. Hut türkmenleriñ ata-babalaryny bu transmilli ýoly döredijiler diýip hasap etmäge ähli esaslar bar, çünki hut olar Günbatar bilen Gündogaryñ arasynfa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda ilkinjiler bolupdyrlar, munuñ özi bolsa köptaraplaýyn ykdysady we medeni aragatnaşyklaryñ emele gelmegi üçin zerur syýasy şertleri döredipdir.
Häzirki Türkmenistanyñ territoriýasynda ýaşan asylky türkmen halklarynyñ Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyñ kökleri, şeýlelik bilen baryp gadymyýete uzalyp gidýär. Olaryñ Rim bilen, Gündogar Rim imperiýasynyñ mirasdary Wizantiýa bilen özara gatnaşyklary taryh ylmynda ýeterlik derejede oñat beýan edilýär. Parfiýaly ezber ussatlaryñ önümleri, şol sanda ajaýyp halylar Ýewropanyñ dürli regionlarynda giñden belli bolupdyr. Parfiýada öndürilen önümler, şaýy pullar Ortaýer deñziniñ gyrasyndaky ýurtlarda, Gara denziñ töweregindäki ýurtlarda arheologlar tarapyndan tapylypdyr, sasanidleriñ şaýy pullary we kümüşden ýasalan enaýy önümler Skandinawiýa çenli ýetip, gadymy zamanda we irki orta asyrlar döwründe häzirki türkmenleriñ ata-babalarynyñ söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyñ uly möçberlerde bolandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle bir zat haýran galdyrýar! Taryhy çeşmeleriñ hemmesinde, şol sanda onçakly uzakda bolmadyk geçmişdäki epiki eserlerde Ýewropa Frangistan-Pereñistan hökmünde görkezilýär. Özara gatnaşyklary has durnukly bolan Wizantiýa Rum-Rumystan diýlip atlandyrylýar. Franklaryñ ýurdy bolan Frangistan-Fransiýa Günbatar Ýewropany añladypdyr. Taryhçylar haýran galdyryjy bu fakty ymykly öwrenmeli bolarlar. Has Günbatar ýurdy bolan Fransiýanyñ türkmenleriñ arasynda tutuş Ýewropany añladyp başlamagy tötänden däl bolsa gerek. Bu ýerde biz türkmenleriñ ýurdunyñ we franklaryñ ýurdunyñ özara gatnaşyklarynyñ irki döwürlerden başlap belli bir derejede bolandygyny gürrüñsiz görýäris. Taryhy çeşmelerde Merowingleriñ frank döwletiniñ kemala gelen zamanynda (V-VI asyrlar) Ýakyn Gündogaryñ we Orta Gündogaryñ halklarynyñ eden söwdasynyñ ösendigini görkezýän maglumatlar bar. Sasanidler barada Türkmenistanyñ Sasanidler zamanyndaky taryhy boýunça belli spesialist, professor Annageldi Gubaýewiñ bize döwtalap bolup beren ýazuw çeşmelerinde franklar we Frangistan häli-şindi diýen ýaly ýatlanylýar. Mundan başga-da, bu maglumatlara görä, Apawaarktikende (häzirki Kaka etraby) Ferengi diýen ýer agzalýar. A.Gubaýewiñ pikirine görä, bu ýeri frank täjirleriniñ söwda edýän ýeri diýip hasap etmek bolar. Şeýlelik bilen, franklar bilen türkmenleriñ ata-babalarynyñ arasynda söwda gatnaşyklarynyñ bolandygyny nygtar ýaly esas bar.
Munuñ özi türkmenleriñ epiki hekaýatlarynda-da tassyklanylýar, şol hekaýatlarda bolsa türkmenleriñ ýurduna getirilen frank harytlary dogrusynda gös-göni aýdylýar. Türkmenleriñ gahrymançylykly "Görogly" eposynda türkmen ýigitleri "frank täjirleri" tarapyndan getirilen "frenk mawudyndan tikilen çäkmenleri" geýipdirler diýip aýdylýar. Gözel Harmandäli hakyndaky we beýik sazanda Aşyk Aýdyñyñ şägirdi Kerem hakyndaky şahyrana hekaýatlarda franklaryñ ýurdundan türkmenleriñ ýurduna diñe bir "frenk mawudy" getirilmek bilen çäklenilmän, ýokary "frenk" modasynyñ hem getirilendigine şaýatlyk edýän zatlara duş gelýäris. Şol hekaýarlarda Kerem gözel gyzyñ öñünde "frenk saçly ýaş ýigit" görnüşinde peýda bolýar. Fransiýanyñ ähli zamanlarda modanyñ gözbaşy bolandygyna şek ýok, bu modanyñ Gündogaryñ jümmüşinde gadymy zamanlarda Türkmenistana ýetendiginiñ özi bolsa hakykatdan-da haýran galdyryjy faktdyr.
Seljuklaryñ Hindistandan Ortaýer deñzine çenli ýaýylyp ýatan türkmen döwletiniñ dowam eden zamanynda frank-türkmen gatnaşyklary has ýokary derejä göterilipdir. "Kiçi Aziýanyñ Seljuklar döwleti" diýen klassyk eseriñ awtory, akademik W.A.Gordlewskiniñ şaýatlyk etmegine görä, Seljuklaryñ arasynda Gündogar medeniýeti-de, Günbatar medeniýeti-de ýaýrapdyr. Munuñ şeýledigini, ähli beýleki zatlardan başga-da, türkmenleriñ-seljuklaryñ arasynda fransuz diliniñ ýaýrandygy görkezýär. Boweliý Winsentiý (XIII asyryñ ortalary) fransuzça örän oñar gepläp bilýän seljuk emirleriniñ biri dogrusynda gürrüñ beripdir. Orta asyr çeşmeleriniñ habar bermegine görä, "franklardan düzülen otrýadlar" seljuk soltanlarynda gulluk edipdir. Özem olar ileri tutulýan gwardiýaçy bölümleriñ düzümine giripdir. Seljuklaryñ soltany Alaeddin Keýkubat I-iñ goşuny barada gürrüñ berip, akademik W.A.Gordlewskiý şeýle ýazýar:
"Soltan feodal goşuna garanyñda franklardan düzülen otrýadlaryñ çydamlylygyna we mertligine has köp bil baglapdyr. Olary ekläp-saklamak gymmat düşüpdir, ýöne welin arkaýyn ýatylyp-turlupdyr".
Munuñ özi Beýik Seljuklar zamanyndaky türkmenleriñ franklar ýurdy bilen özara gatnaşyklarynyñ diñe bir tarapydyr, özem munuñ özi iñ esasy tarapy bolmandyr, çünki hemişe we hemme ýerde ýeterlik derejede durnukly öýdülýän söwda-ykdysady gatnaşyklar çykyş edýär.
Bu özara gatnaşyklar açgöz we zalym Teýmirleñiñ weýrançylykly ýörişleri, mongollaryñ basybalyjylykly ýörişleri zerarly kesilipdir, özem şol weýrançylykly ýörişler Gündogar bilen Günbataryñ ysnyşykly aragatnaşyklary üçin heläkçilikli netijelere getiripdir.
Ýöne bir zat welin gyzykly. Hut Gündogar medeniýetini öwrenen fransyz alymlary türkmenleriñ taryhyna, türkmenleriñ gelip çykyşynyñ taryhyna degişli bolan problemalary ilkinji öwrenijiler bolupdyrlar. Ýöne welin muña XVIII asyrdan başlap diñe fransuz alymlary bu meselede dünýäde esasy orny eýeläpdirler diýip düşünmek bolmaz. Har irki döwürde, mongollaryñ çozuşyndan önki döwürde hem belli bir derejede türkmenleriñ durmuşyna degişli problemalar bilen gyzyklanylandyr we şonda franklar bilen türkmenleriñ has ysnyşykly hyzmatdaşlygy bilen hem gyzyklanylan bolsa gerek.
Baryp XVIII asyryñ ortalarynda görnükli fransuz taryhçysy D.Erbelo Günbatar Ýewropada ilkinjileriñ biri bolup, türkmenleriñ gelip çykyşy hakyndaky meseläni ylmy dolanyşyga girizipdir, muny alymlaryñ birentegine mälim edipdir. Türkmen etnosynyñ (gelip çykyşynyñ) esasynyñ gadymy hindi-ýewropa halklaryndan ybarat bolandygyny ilkinji gezek aýdandygy D.Erbelonyñ bitiren uly hyzmatydyr, şol gadymy hindi-ýewropa halklaryna bolsa türkmenleriñ añyrsy bolup, türküleşdirilen etno-genetiki gatlak diýmek bolar, türküleşdirmek işi bolsa türk etniki toparlarynyñ Gündogardan-Altaýdan, Sibirden göçüp gelmeginiñ barşynda amala aşyrylypdyr. Gündogar medeniýetini öwrenen başga bir fransuz alymy J.Degin hem türkmen halkynyñ etnogenezi hakynda gyzykly pikirleri orta atypdyr. Şunda has giçki döwürlerde-de etnogenez meseleleriniñ fransuz alymlarynyñ ünsünden düşürilmändigini aýtman geçmek bolmaz, şol alymlaryñ arasynda bolsa J.Degini, P.Pelýäni we beýlekiler agzap geçmek bolar.
Türkmenistanyñ gadymy taryhy barasynda-da, orta asyrlar taryhy bilen iñ täze taryh barasynda-da gözleg işlerini alyp barýan häzirki zaman fransuz alymlary türkmenleriñ durmuşyny dowam etdirýärler. Iññän uly fransuz arheology, Türkmenistana ençeme gezek gelip, özüniñ türkmen kärdeşleriniñ barlaglary bilen tanşyp giden professor Pol Bernar Parfiýanyñ medeniýetini öwrenmäge uly goşant goşýar. Fransuz alymlarynyñ Beýik Seljuklar zamanyndaky türkmenleriñ taryhy, olaryñ syýasy taryhy, medeniýeti we sungaty baradaky, halk şahyrana döredijiligi, türkmen poeziýasynyñ klassygy Magtymgulynyñ döredijiligi baradaky eserleriniñ uly ähmiýeti bar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda, Magtymgulynyñ döredijiligini öwrenmäge ençeme ýyllaryny bagyşlan fransuz alymy Lui Bazeniñ Ýewropa alymlarynyñ arasynda ilkinji bolup, Türkmenistanyñ iñ ýokary ylmy sylagyna - Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolandygyny kanunalaýyk diýip hasap etmek bolar.
Türkmenistan fransuz syýahatçylarynyñ ünsüni mydama özüne çekipdir. 1745-nji ýylda belli kitap çykaryjy Deliliñ Kaspi deñziniñ ilkinji kartasyny onuñ töwereginde türkmenleriñ ýaşan ýerlerini görkezmek bilen Parižde çap edendigi gyzyklydyr. Şondan bir asyr geçenden soñ, Parižde fransuz syýahatçysy Gullibef de Blokwiliñ kitaby neşir edilipdir, ol Merw oazisindäki türkmenleriñ arasynda on dört aýlap ýaşapdyr. 1993-nji ýylda Blokwiliñ bu kitaby Myratdurdy Haşaýewiñ terjime etmegi bilen türkmen dilinde çykarylypdy. XX asyryñ segseninji ýyllatynda fransuz wraçy we syýahatçysy Alan de Bure sekiz ýyllap eýran türkmenleriniñ arasynda ýaşap, ýañy-ýakynda özüniñ türkmen dostlary hakyndaky kitabyny çykardy.
Türkmenistanyñ öz garaşsyzlygyna eýe bolmagy we giñden açyklyk syýasatynyñ ýöredilmegi, pozitiw bitaraplyk almagy we dünýäniñ ähli ýurtlary bilen özara amatly hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde Türkmenistan bilen Fransiýanyñ arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze etap başlandy. Fransiýa Türkmenistan döwletiniñ garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryñ biri boldy, ol biziñ bilen doly möçberli diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, dünýä bileleşiginiñ Türkmenistana bitarap döwlet statusyny bermegine ýardam etdi.
1993-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidenti S.A.Nyýazowyñ Fransiýa sapary iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ taryhynda täzd sahypany açyp, türkmen-fransuz gatnaşyklaryny ösdürmek üçin onuñ ägirt uly ähmiýeti boldy. Fransyz Respublikasynyñ Prezidenti Fransua Mitteranyñ 1994-nji ýylyñ aprelinde Türkmenistana saparyna hakykatdan-da taryhy sapar diýip aýtmak bolar, çünki şol saparyñ barşynda iki ýurduñ uzak möhletli hyzmatdaşlygynyñ düýbi tutuldy, şol hyzmatdaşlygyñ esasy ugurlary kesgitlenildi. Hut şonda Türkmenistan bilen Fransuz Respublikasynyñ arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, inwestisiýalary özara höweslendirmek hakyndaky Ylalaşyga we başga-da birentek dokumentlere gol çekildi. Bu dokumentler netijesinde iñ uly fransuz firmalary Türkmenistanda özleriniñ işini ýaýbañlandyrdylar. Şol firmalaryñ arasynda biziñ ýurdumyzda birnäçe obýekti bina eden "Buig" firmasy, Aşgabatda Saparmyrat Nyýazow adyndaky halkara aeroportyny howa transportyny dolandyrmak baradaky iñ täze sistema bilen enjamlaşdyrylan "Tompson" firmasy, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän modernizasiýalaşdyrmak baradaky möhüm kontrakta gol çeken "Teknip" firmasy we başga birnäçe firmalar bar.
Türkmen-fransuz gatnaşyklary gumanitar sferada hil taýdan täze derejä çykdy. Fransuz arheologlary Türkmenistanda özleriniñ ylmy barlaglaryny güýçlendirdiler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ gündogary öwreniş fakultetiniñ we Fransiýanyñ Milli ylmy barlaglar merkeziniñ, Sorbonna uniwersitetiniñ arheologlarynyñ hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşmagyny kanagatlanmak bilen belläp geçmek bolar. 1996-njy ýylda fransuz alymy Serž Kleziñ baştutanlygyndaky bilelikdäki arheologij ekspedisiýa Günorta Türkmenistanyñ bürünç asyrdaky ýadygärliklerinde öz işini ýaýbañlandyrdy.
Türkmenistanyñ ýokary okuw jaýlarynda fransuz diliniñ okadylyşyjy gowulandyrmak baradaky programma uly ähmiýete eýedir. Şunda fransuz diliniñ dünýä dilleriniñ biridigini, häzirki wagtda 250 milliondan gowrak adamyñ şol dilde gepleýändigini, BMG-nyñ we beýleki halkara guramalarynyñ dilidigini bellemän geçmek bolmaz. Aşgabatda D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynda fransuz dili bölümi açyldy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem fransuz dili okadylýar, fransuz dilini öwrenýän talyplar stažirowka geçmek üçin Fransiýa gitmäge mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyñ we Fransiýanyñ kinematografiýaçylary ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. 1995-nji ýylyñ sentýabrynda Türkmenistanda fransuz kinosynyñ festiwaly geçdi. Öz nobatynda, türkmen kinematografiýaçylary Fransiýada geçen konofestiwallara gatnaşdylar. Fransuz kinematografiýaçylarynyñ kömek bermegi bilen Parižde özleriniñ añyrsyny Kyýat handan alyp gaýdýan Ýomudskileriñ neberesinden bolan Nika we Nazar Ýomudskileriñ durmuşyna bagyşlanan sýužetler "Şejere" filmi üçin surata düşürildi.
1996-njy ýylda çagalaryñ döredijiligine bagyşlanylan "Meksente Lýekol" festiwalyna Türkmenistandan "Şatlyk" çagalar ansambly gatnaşdy.
Türkmenistanda Fransiýa Ýewropa kontingentindäki esasy partnýorlaryñ biri hökmünde garalýar. Türkmen-fransuz gatnaşyklarynyñ, türkmenler üçin Günbatar Ýewropany añladan ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmegiñ köp asyrlyk taryhy bar, şonuñ ýaly-da taryhy däpleri bar. Frangistan-Fransiýa türkmenler üçin mydama eziz bolupdy. Türkmenistanda beýik fransuz medeniýetine, diline bolan höwrs ägirt uly bolupdy, iki ýurduñ öñe gitmeginiñ we rowaçlanmagynyñ haky üçin netijeli we köptaraplaýyn gepleşikleri ýola goýmaga mydama çalşylypdy.
Marat DURDYÝEW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar