09:40 Yrakdaky uruş hem-de türkmenler | |
YRAKDAKY URUŞ HEM-DE TÜRKMENLER
Taryhy makalalar
("Комсомольская правда" gazetiniñ Yragyñ etniki kartasyny ýoýýandygy dogrusynda) Pars aýlagyndaky urşa bagry paralanmadyk adam megerem, planetanyñ dört künjeginde-de tapylmasa gerek. Ululygyna ýa-da kiçiligine, alysdadygyna ýa-da ýakyndadygyna garamazdan, islendik uruş planetanyñ haýsydyr bir nokadynda tutaşyp, adama garşy gönükdirilendigi üçin Ýeriñ ýaşaýjylary bolan biziñ her birimizi nyşana alýar. Aslynda, urşuñ edähedi şeýledir. Häzir hut şu günler şeýle uruşda biziñ doganlarymyz bolan türkmenleriñ hem hany dökülýär, sebäbi olaryñ uly obşinasy Yragyñ nebit çykarylýan raýonlarynda ýaşaýar hem-de bombalanylmaga sezewar edilýär. Ykbal, galyberse-de, orta asyryñ uruşlarynyñ gara tüweleýi hem-de göçhä-göçlüge türkmen halkynyñ belli bir bölegini tutuş Gündogara - Hytaýdan we Hindistandan başlap Kiçi Aziýa hem-de Palestina aralygynda pytradypdyr. Häzirki zaman Yragyñ territoriýasynda hem türkmenleriñ iri etniki sostawy şeýdip emele geldi. Antik döwürdäki ýa Orta asyrdaky Yragyñ hem-de Türkmenistanyñ ýygy ykdysady we medeni gatnaşyklary gutulgysyz etniki aragatnaşyklaryñ döremegine getiripdir. Ilkinji türki dilli toparlar Yraga Türkmenistanyñ territoriýasyndan baryp, irki orta asyrlarda geçipdir. Türki migrasiýanyń ondan soñraky etapy bolsa Türkmenistanyñ arap halyfatynyñ sostawyna girmegi bilen baglanyşyklydyr. Orta asyr taryhçysy at-Tabary araplaryñ harby naçalnigi Abdallah bin Ziýadyñ Horasany basyp alandan soñra ol ýerden saýlama türki peýkamçylarynyñ iki otrýadyny Yraga göçürendigi, olara bolsa Basra portunyñ goragynyñ ynanylandygy hakynda habar berýär. Horasanyñ ondan soñraky hökümdary Abdyllah bin Tahyr her ýyl türki esgerleriñ iki müñüsini Yraga iberip durupdyr. Türkmen taýpalarynyñ Yraga göçmeleriniñ iñ köpçülikleýin etapy merwli seljuklaryñ ony basyp alan döwrüne gabat gelýär. Hut şol wagtdan başlabam (XI asyr) Wizantiýanyñ hronikalarynda Yragyñ hem-de Kiçi Aziýanyñ türkmenleriniñ gürrüñi edilip başlanýar. Seljuk türkmenleri 1040-njy ýylda Yraga aralaşyp ugrapdyrlar ww 1055-nji ýylda ony öz döwletlerine gutarnykly birleşdiripdirler. Olar şol ýyl Bagdady zabt edip alypdyrlar, seljuk türkmenleriniñ serdary Togrul beg bolsa abbasid halyfyny özüne soltan derejesini bermäge mejbur edipdir. Şeýle hem Kiçi Aziýa, Siriýa, Azerbaýjan, Ermenistan seljuklaryñ golastyna düşüpdirler. Olar şu ýerlerde Beýik Seljuklar döwleti ady bilen mälim bolan ägirt uly döwleti döredipdirler. Şol döwürden başlabam türkmenler Ýakyn Gündogaryñ ähli etraplarynda ýurt tutunyp başlapdyrlar. Häzirki döwürde türkmenler esasan, Yragyñ demirgazyk-gündogar we merkezi welaýatlarynda (liwlerinde we muhafizlerinde) ýaşaýarlar. Olaryñ obalaryna Kerkuk, Mosul, Süleýmaniýa, Erbil, Hama, Bagdat liwlerinde duşmak bolýar. Olar "türkmen guşagyna" çalymdaş zolakda ýerleşýärler, bu zolak demirgazykda Telafer okrugyndaky (hadi) Şybyk we Raşidiýa obalaryndan başlap, soñra Altynköpri, Täze Hurmaty, Tuz Hurmaty, Dakuk raýonlarynyñ (nahiýalarynyñ) üstünden Baýat, Kifri, Şähriban (al-Mukdadiýa), al-Mansuriýa, Däli Abbas, Kazaniýa obalaryny hem öz içine almak bilen, merkez boýunça Erbil, Kerkuk liwleri bilen uzalyp gidýär we ýurduñ günortasyndaky Mendeli hadisinde tamamlanýar. "Türkmen guşagy" şol bir wagtyñ özünde arap hem-de kürt ilatynyñ arasyny ikä bölüp, etniki serhet bolup hem hyzmat edýär. Yragyñ türkmenleriniñ sany diñe takmynan kesgitlenip bilner. Ilat ýazuwynyñ materiallarynda, demografik we geografik sprawoçniklerde hem-de taryhy işlerde yrak türkmenlerinjñ sany hakynda dürli-dürli maglumatlar berilýär, ol 140 müñden 700 müñe çenli aralykda görkezilýär. Çap edilen resmi demografik sprawoçnikleriñ materiallary boýunça Yrakdaky türkmenleriñ sany 1959-njy ýylda 120 müñ adam, 1983-nji ýylda - 200 müñ, 1987-nji ýylda - 220 müñ, 1991-nni ýylyñ 1-nji ýanwarynda bolsa 233 müñ adam diýlip kesgitlenipdir. Yrak we sowet türkmenleriniñ tire-taýpa sostawynda hem ýeterlik umumylyklar bar. Sowet türkmenlerinde baýatlar, baýyndyrlar aýratyn taýpa we iri gökleñ taýpasynyñ sostawyndaky tire hökmünde gabat gelýärler. Ýywa (iwe) Köpetdag etegindäki türkmenleriñ änewli taýpasynda eýwe tiresi, Çärjew we Buhara oblastlatybda bolsa özbaşdak uwa taýpasy hökmünde duşýar. Utamyş teke türkmenleriniñ bir bölegidir, tekeleriñ özi bolsa Yrakda, SSSR-de ýaşaýarlar. Yrakly garagözlüler bolsa tekeleriñ sostawyndaky garagözler bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Baraklar tiresi bolsa Hazar kenaryndaky ýomutlaryñ we Daşhowuz ýomutlarynyñ (barak, gara barak) arasynda gabat gelýär. Yragyñ salyrlary hem-de garamanlary Türkmenistan SSR-niñ salyrlary bilen genetiki taýdan baglanyşyklydyr. Garagoýunlylar Çärjew oblastynda ýaşaýan ärsarylaryñ sostawyna girýärler. Bularyñ hemmesi Yragyñ we SSSR-iñ türkmenleriniñ arasyndaky etniki baglanyşygyñ diýseñ pugtadygyndan habar berýär. Ençeme asyrlar bäri türkmen etnosynyñ esasy böleginden üzñe ýaşaýandyklaryna garamazdan, yrakly türkmenler özleriniñ etniki düşünjelerini, türkmen dilini, medeniýetini çirk ýetirmän saklaýarlar. Tutuş taryhlarynyń dowamynda olar özlerini assimilleşdirmäge edilen islendik synanyşyga garşy göreş alyp barypdyrlar. Baryp geçen asyrda görnükli türkmen şahyry we magaryfçysy Abdallah Safy (1828-1898) Yrakda ilkinji türkmen sözlügini neşir etdiripdir, onuñ pikiriçe, şol sözlük ýeke-täk türkmen edebi diliniñ kemala gelmegine we şonuñ bilen birlikde-de Ýakyn hem-de Orta Gündogaryñ biri-birinden üzñe türkmen toparlarynyñ birleşmegine hemaýat etmeli eken. Taryhda bütin yrak türkmenleriniñ merkezi hasap edilip gelnen Kerkukda 1872-nji ýyldan başlap türkmen dilinde ilkinji žurnal bolan "Najima" ("Ýyldyz") neşir edilip ugraldy. Şonuñ ýaly-da Kerkukda 1930-njy ýylda "Kerkuk gazetesi" atly türkmen gazeti çykyp başlady. Birneme soñrak bolsa "al-Afak" ("Gözýetim"), "al-Başir" ("Şatlyk habary"), "al-Aha" ("Doganlyk"), "Magaryf" we beýleki gazetler il arasyna ýaýrap başlady. Yrakda türkmen dilinde saldamly edebi miras döredildi. Ýañy-ýakynda bolsa "Yragyñ türkmen edebiýatynyñ taryhy" diýen ikitomluk çapdan çykaryldy. Yrak türkmenleriniñ taryhy, olaryñ halk döredijiligi boýunça hem işleriñ birgiden bar. Yrak türkmenleri 1970-nji ýylyñ ýanwarynda medeni awtonomiýa babatda käbir hukuklaryñ berilmegini gazandylar. Türkmen ilatynyñ ýaşaýan ýerlerinde türkmen dilinden sapak berlip başlanyldy. Terbiýeçilik we Magaryf ministrligi aýratyn türkmen departamentini döretdi. Medeniýet ministrliginiñ ýanynda bolsa türkmen medeniýeti boýunça komitet işläp başlady. Häzirki döwürde Türkmenistanyñ bütin jemgyýetçiligi Pars aýlagynda ýüze çykan harby hereketler zerarly, özleriniñ Yrakdaky ildeşleriniñ ykballary mynasybetli ynjalyksyzlyk tapyndy. "Watan" jemgyýetiniñ beýannamasy hem hut öz watandaşlary baradaky howsala bilen baglanşyklydyr, onda türkmen jemgyýetçiliginiñ Pars aýlagyndaky eskalasiýa hem-de garaşylmadyk netijelere getirip biljek söweş hereketlerini bes etmek, bu ýerde ýüze çykan konflikti parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda pikir aýdylýar. Hut şol sebäpli-de Türkmenistanyñ ähli ilaty diýen ýaly bakuwly habarçynyñ "Комсомольская правда" gazetinde çap edolen (1991-nji ýylyñ 26-njy ýanwary) "Saddam we Gomora" diýen makalasyny haýran galmak bilen kabul etdi, onda Yrakda düýbünden türkmenleriñ ýokdugy, özlerini şeýle atlandyrýanlaryñ bolsa, aslynda... azerbaýjanlardygy tassyklanýar. Hususan-da A.Mursaliýewiñ bu makalasynda şeýle diýilýär: "Aslynda Soýuzda häzirki režimden gös-göni zyýan çekenler ýeke-täk azerbaýjanlardyr. Dürli maglumatlara görä, Yragyñ demirgazyk-gündogarsynda ol ýerde türkmen diýlip atlandyrylýan azerbaýjanlaryñ 200 müñden ýarym milliona çenlisi ýaşaýar. Bagdat režimi olaryñ üstünden rehimsiz repressiýany inderme kemini goýmady. Saddam XVI asyryñ beýik azerbaýjan şahyry, biziñ edebiýatymyzyñ klassygy Muhammet Fizulynyñ mawzoleýini weýran etdi..." "Комсомольская правда"-nyñ Bakuwdaku habarçysyna yrakly türkmenleri azerbaýjan diýip yglan etmegiñ näme zeruryýetçiliginiñ bolandygyna biz düýbünden akyl ýetirip bilemzok. Dünýäniñ demografik sprawoçnikleriniñ ählisinde, şol sanda BMG-nyñ her ýylda çykýan demografik neşirlerinde türkmenler hut türkmenler diýlibem atlandyrylýar, aslynda yrak türkmenleriniñ hiç biri hem özüni türkmen etnosyndan aýra göz öñüne getirip bilenok. Belki, bu taýýar faktlary gowja "gowurmak" üçin gerek bolandyr? Eger şeýle bolsa, bu fakt haram aşpez tarapyndan "gowrulýar". Her hili niýete gulluk edende-de, A.Mursaliýewe tutuş bir halky dünýäniñ etnografik kartasyndan öçürmäge, onuñ adyny üýtgetmäge kim hukuk beripdir? Şu howsalaly pursatda Yrakda biziñ ildeşlerimiz bolmadyk bolsalar, biziñ doganlarymyz türkmenler bombalar zerarly heläk bolmasa, asla uruş bolmasa, şat bolardyk. Ýöne gynansak-da, olar şol ýerde ýaşap ýörler hem-de heläk bolýarlar. Biz şunuñ ýaly makalalaryñ çap edilmegine, şeýle hem Muhammet Fizulynyñ türkmen şahyrlarynyñ sanyndan öçürilmegine garşy aýgytly protest bilen çykyş edýäris. Hökmürowan Geýdar Alyýewiñ döwründe türkmen şahyry Nesimi "beýik azerbaýjan şahyry" diýlip yglan edildi, onuñ hormatyna Bakuwda görlüp-eşdilmedik ýubileý spektakly hem oýnaldy, biziñ jemgyýetçiligimize bolsa dymmak höküm edildi. Indiden beýläk şeýle ýagdaýa ýol berilmeli däldir. Taryhy faktlara, wakalara eserdeñ, dogruçyl garamalydyr. Türkmenistan SSSR-niñ ähli türkmenleriniñ, daşary ýurtlardaky ildeşlerimiziñ adyndan biz "Koммомольская правда"-da şu makalanyñ ýalñyşlygy baradaky habar ýerleşdirmegi talap edýäris. Marat DURDYÝEW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. "Edebiýat we sungat" gazeti, 08.02.1991. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |