02:40 Yrak we Siriýa türkmenleri | |
YRAK TÜRKMENLERI
Taryhy makalalar
Yraga türkmenleriñ nireden göçüp barandygy hakynda S.I.Bruk hiç hili maglumat bermeýär. Bar bolan ylmy maglumatlar ilkinji türki dilli toparlar Yraga baryp irki orta asyrlarda Türkmenistanyñ territoriýasyndan barandyr diýmäge esas berýär. Türki halklaryñ soñky göçüp-gonmasy Türkmenistanyñ arap halyfatynyñ birikdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. (Müñlerçe türki esger Yraga yzygider iberilip durupdyr). Türkmen taýpalarynyñ köpçülikleýin göçen wagty XI-XII asyrlara - seljuklaryñ Yragy basyp alan döwrüne gabat gelýär. Hut şol döwürdenem (XI asyr) başlabam Wizantiýa hronikalarynda Kiçi Aziýanyñ we Yragyñ türkmenleriniñ gürrüñi edilip başlanýar. Yrak, Kiçi Aziýa, Siriýa, Azerbaýjan, Ermenistanyñ bir bölegi Seljuklaryñ gol astynda bolupdyr. Türkmenler Ýakyn Gündogaryñ ähli ýerlerine diýen ýaly göçüp barypdyrlar. Kynyk, baýat, owşar, baýandyr, salyr, garaman, gaýy ýaly türkmen taýpalary Kiçi Aziýany we Yragy basyp almaklyga gatnaşypdyrlar. Olaryñ arasynda kynyk taýpasy aýratyn hormatdan peýdalanypdyr. Çünki seljuk soltanlarynyñ asly şol taýpadan gaýdýan eken. Yrak türkmenleriniñ arasynda belli taýpalaryñ biri hem baýatlardyr. Yrakda ol taýpanyñ ady bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlary köp. Şeýle hem bu taýpa XVI asyrda Akgoýunlylar türkmen dinastiýasynyñ döremegine baza bolup hyzmat eden taýpadyr. Türkmenleriñ Akgoýunlylar neberesi bolsa Yragyñ, Zakawkazýäniñ, demirgazyk-günbatar Eýranyñ syýasy durmuşynda uly yz goýan neberedir. Seljuklar döwründe türkmenleriñ salyr, baýyndyr, owşar, ýiwe we beýleki ençeme tireleri Yraga göçüp gelipdirler. Ýiwe (iwe) tiresi Kerkuk emirligini esaslandyran Iwantlar neberesiniñ gaýdan tiresidir. Bu nebere soñra mongol taýpalaryna garşy göreşde aýratyn tapawutlanypdyr. Türkmeniñ owşar tiresiniñ (tire birleşiginiñ) adamlary häzirki Siriýanyñ demirgazygynda ýurt tutunyp, şol töweregiñ serhedini gorapdyrlar. Owşarlaryñ beýleki bir bölegi bolsa Huzystanda ornaşyp, XII asyryñ ikinji ýarymynda Şumla türkmen emirligini döredipdirler. Haçanda XVIII asyryñ ortasynda kyrkly neberesinden bolan Nedir Eýranyñ şa tagtyna çykanda owşarlaryñ kuwwaty ýetjek derejesine ýetdi. Nedir şanyñ hökmüniñ ýetýän ýerleriniñ ählsininde diýen ýaly owşar we baýat tirelerinden düzülen goşun bölümleri ýerleşdirilipdir. Nedir şanyñ häkimlik süren döwründe owşarlaryñ belli bir bölegi (Muhammet Kazynyñ maglumatlaryna görä, 12 müñ töweregi öýli türkmen) Yrakdan Horasana göçürilipdir. Owşarlar ýañy-ýañylaram Urmiýa kölüniñ gündogar kenar ýakasynda hem-de Hemedan bilen Kermanşahyñ, Yragyñ we Loristanyñ) Asabad we Kengewar sebitleri) araçäginde ýaşapdyrlar. Owşarlaryñ arasynda sünnüler hem bar, ýöne olaryñ aglabasy yslamyñ şaýy mezhebine uýýarlar. Maragta raýonynda owşarlar bilen goñşuçylykda ýene bir türkmen tiresi ~ mukaddemler ýaşaýarlar. Olar hem şaýy mezhebine uýýarlar. Yraga gajar tiresiniñ aýry-aýry toparlary hem göçüp barypdyrlar. Olar özleri bilen adybir türkmen taýpasynyñ bölekleri bolup durýarlar. Eýrandaky Gajarlar şa neberesi hem (1796-1925) şu taýpadan gaýdýar. Yragyb demirgazyk-gündogar Eýran bilen serhetleşýän ýerlerinde (Hemedan-Gaznewin) garagözli oturymly türkmen tiresi ýaşaýar. Yragyñ territoriýasynda bu tire-taýpalardan başga-da uly bolmadyk ençeme türkmen tire-uruglarynyñ wekilleri ýaşaýarlar. Olaryñ içinde utamyşlar tiresi aýratyn saýlanýar. Utamyşlar 1965-nji ýylda Yrakda ilat ýazuwy geçirilende hasaba alnypdyr. Yrakdaky utamyşlar tiresi Ýakyn Gündogarly türkmenleriñ - tekeleriñ bir bölegi bolsa gerek. Teke türkmenleri bu etrapa orta asyrlarda barypdyrlar. Şol döwürlerde Anatoliý (Antalýa) etraplary (G.o-G.b Anatoliý) Teke ili diýlip atlandyrylýan ekeni. Häzir hem bu ýerde tekeli diýlen çarwa urug bar. Olar özlerini gelip çykyşy boýunça türkmenlere ýakyn ýurýuklara (ýörüklere) degişli hasaplaýarlar. Türkmenistandan üzñe ýaşaýan beýleki daşary ýurt türkmenleri kimin Yrak türkmenleri hem başga halklara uýgunlaşmak (assimilleşmek) prosesini başdan geçirdiler. Mysal üçin, Yragyñ günortasynda ýaşaýan baýatlar tutuşlygyna diýen ýaly arap bolup gidipdirler. Şeýle hem Yrakda kürt dilinde gürleseler-de, henize-bu güne çenli özlerini türkmen hasaplaýan kiçeñräk uruglaryñ bardygyny-da aýtmak gerek. Mongol-tatarlaryñ ýörişinden soñ Yrak türkmenleriniñ bir bölegi Kiçi Aziýa göçüp barypdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde bolsa, türkmenleriñ Akgoýunly we Garagoýunly uly tire-taýpa toparlary Orta Aziýadan Yragyñ demirgazyk raýonlaryna göçüp barypdyrlar. Olar öñler Mawerannahrda ýaşaýan ekenler. Türkmenleriñ gaýy taýpasy ilki Yrakda, soñra Kiçi Aziýada ornaşypdyr: olaryñ bir bölegi Ankaranyñ golaýyndaky Garadagyñ eteginde ýurt tutunypdyr. Gelip çykyşy boýunça salyrlardan bolan garaman tiresiniñ adamlary Eýrandan Günbatara göçüp gaýdypdyrlar. Olaryñ aýry-aýry bölekleri demirgazyk Yrakda ornaşyp galypdyrlar. Mongollaryñ ýörişinden soñ Yraga türki-mongol taýpalaryndan bolan täze adamlaryñ göçüp gelmegi bilen uýgunlaşmak prosesleri bolup geçýär. Yraga täze göçüp gelen urug toparlarynyñ ençemesi türkmen medeniýetine uýgunlaşyp, türkmenler bilen garym-gatym bolup gidipdirler. Yrak türkmenleriniñ halk hökmünde kemala gelşiniñ uly döwri XV asyryñ ortalaryna düşýär. Dogrusy, türkmenleriñ goñşy Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan Yraga göçüp gelmesi soñ-soñlaram dowam edipdir. Ýöne XV asyryñ ortalarynda Akgoýunlylar döwletiniñ synmagy bilen 84 müñ öýli baýyndyr (400 müñe golaý adam) Sefewidleriñ zulmundan gaçyp, Kiçi Aziýanyñ jümmüşine hem-de garyndaş türkmen taýpalarynyñ ýaşaýan ýerleri bolan Ýozgat sebitlerine çekilmäge mejbur bolupdyr. Şeýlelikde bu etrapda Baraklar adyny alan uly türkmen ili döräpdir. Osmanly soltanlary türkmenleri mejbury türkleşdirjek bolupdyrlar, bu bolsa olaryñ gozgalañ turuzmagyna getiripdir. Türk goşunlary türkmenleri-baraklary Ýozgatdan Juzab sährasyna, Ufradyr Akjadepäniñ günortasyna gysyp çykarypdyrlar. Türk häkimiýetleriniñ çarwa taýpalary oturymlylyga geçirmek hakyndaky kanunyna görä, Juzab türkmenleriniñ aglaba bölegini Osmanly soltanlygynyñ beýleki raýonlaryna göçüripdirler. Şeýle-de bolsa, olaryñ bir bölegi şol ýerde galypdyr hem-de häzirki Yragyñ sostawyna giripdir. Häzirki wagtda türkmenler, esasan, Yragyñ demirgazyk-gündogar hem-d merkezi welaýatlarynda (liwilerinde ýa-da muhafizlerinde) ýaşaýarlar. Kerkuk, Mosul, Süleýmaniýe, Erbil, Hima, Bagdat liwilerinde türkmen obalary duş gelýär. Olar "türkmen guşagyna" çalymdaş zolakda ýerleşýär. Bu zolak demirgazykda Telafer okrugyndaky (kadi) Şybyk we Raşidýa obalaryndan başlap, Erbil, Hurmaty, Tuzhurmaty, Daduk liwileriniñ üsti bilen uzalyp gidýär we Baýat, Kifri, Şähriban (al-Mukdadiýa), al-Mansuriýa, Däli Abbas, Kazaniýa obalaryny hem öz içine alýar. Ol zolak ýurduñ günortasyndaky Mendeli kadisinde tamamlanýar. Şol bir wagtyñ özünde "türkmen guşagy" Yragyñ arap we kürt ilatynyñ arasyny ikä bölüp, ol iki halkyñ ortasyndan geçýän etniki çäk bolup hyzmat edýär. Yrak türkmenleriniñ ýaşaýan raýonlarynda ýer-ýurt atlarynyñ arasynda asly türki atlar köpdür. Özi-de ol atlar bilen Türkmenistandaky ýer-ýurt atlarynyñ aglabasy gabat gelýär: Hawa, Yrak we Türkmenistan türkmenleriniñ etnonimleriniñ arasynda umumylyklar örän köp (21:9). • SIRIÝA TÜRKMENLERI Siriýa (Şam) türkmenleriniñ etniki taryhy türkiýeli türkmenleriñ etniki taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenler Siriýa Türkiýeden barypdyrlar. Siriýa türkmenleri kiçeñräk etniki toparlar bolup, Latakiýanyñ günorta-gündogarynda, Hama we Homs welaýatlarynyñ demirgazygynda ýaşaýarlar. Bu ýere olary - 84 müñ öýli türkmeni Osmanly soltanlary baryp XVII-XVIII asyrlarda zorluk bilen göçürip getiripdirler. Soñra olaryñ 30 müñ öýlä golaýy Eýrana göçüp gidipdir. Şu ýerde bir zady - 1989-njy ýylyñ demografik görkezijisindäki "Siriýada 35 müñ türkmen ýaşaýar" diýen ýazgynyñ 1986-njy ýylyñ demografik görkezijisinden bolşy-bolşy ýaly göçürilendigini aýtmagymyz gerek. Şoña görä-de, bu maglumat könedir. Häzirki wagtda Siriýada azyndan 60 müñ türkmen (bul görkeziji hem köne, ýagny kitabyñ çykan 1991-nji ýylyna degişli) ýaşaýar. Marat DURDYÝEW, Şöhrat KADYROW. • Goşmaça peýdalanmak üçin: 1. M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler" (taryhy-demografik syn), Aşgabat, "Harp" neşirýaty, 1991 ý; 2. W.A.Gordlewskiý "Государство Сельджукидов Малой Азии" / Избр. сов. т 1, Москва 1960; 3.D.Ý.Ýeremeýew "Происхождение юрюков и туркмен Турции и основные этапы их истории" / В кн.: Этническое процессы и состав населения в странах Передней Азии. Т. 83. М-Л. 1963; 4. P.Karpini "История монголов". Спб. 1911.; 5. А.М.Reşetow "Салары". / Народы мира. Историко-этнографический справочник. М., Советская энциклопедия. 1988; | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||