02:44 Eýran türkmenleri | |
ÝER ÝÜZÜNDE TÜRKMEN SENDEN NYŞAN KÄN...
Taryhy makalalar
▶ EÝRAN TÜRKMENLERI Türkmenler Eýranyñ öñki SSSR (Türkmenistan SSR-i) bileb araçäkleşýän ýeri bolan Türkmensährada (Gürgen), şeýle hem Horasanyñ demirgazyk-gündogar böleginde ýaşaýarlar. Eýran türkmenleriniñ aglaba bölegi ýomutlar, gökleñler, salyrlar hem-de saryklardyr. Patyşa Russiýasy bilen Eýranyñ serhet dogrusynda 1881-nji ýylyñ 9-njy dekabrynda gol çeken konwensiýasy netijesinde türkmenleriñ esli bölegi daşary ýurda düşüp galyberipdir. Şol konwensiýada türkmenleriñ milli bähbitleri nazarda tutulman, Etrek derýasy serhet edilip alnypdyr. Şonuñ netijesinde türkmen taýpalarynyñ gadymy döwürlerden bäri ýaşan ýerleri bolan Türkmensähra sebitleri, Garasuw, Gürgen derýalarynyñ ýakalary, Etrek derýasynyñ belli bir bölegi emele usulda Türkmenistanyñ beýleki ýerlerinden bölünip aýrylypdyr. N.A.Aristowyñ maglumatlaryna görä, XIX asyryñ ahyrynda eýran türkmenleriniñ sany 30 müñ adamdan az bolmandyr. (3:320). Baş ştabyñ polkownigi A.I.Medwedew XX asyryñ başynda eýran türkmenleriniñ sany 60 müñ adam diýip kesgitleýär. (50:414). Başga ýere göçýänlere ýardam beriji uprawleniýäniñ çinownigi A.F.Dranissynyñ 1912-nji ýyl bilen senelenen maglumatlaryna görä, şol döwürde Eýranda 8. 263 öýli ýa-da 50 müñ adama ýakyn ýomut ýaşaýan ekeni (42:17). L.K.Artamonowyñ 1891-nji ýylda toplan maglumatlaryna laýyklykda, Eýranda 10. 050 öýli ýomut bolupdyr (Olaryñ 4. 360 öýlüsi çomur, 5. 690 öýlüsi hem çarwa ekeni) (4:84). Eýran türkmenleriniñ iñ iri taýpalarynyñ biri hem gökleñlerdir. Eýranda XX asyryñ başynda 20 müñ gökleñ bar ekeni. (42) L.K.Artamonowyñ toplan 1891-nji ýyla degişli maglumatlarynda 2. 800 öýli gökleñ (çol sanda 2. 315 öýli çomur we 485 öýli çarwa) bolandygy hakynda aýdylýar. Olar ýomutlaryñ ak atabaýlarynyñ ýaşaýan ýerinden gündogarrakda, Türkmen-Horasan jülgesinde, Guçan we Deregez raýonlarynda ýaşaýarlar. 1924-nji ýylyñ maýynda Eýranyñ Gürgen we Etrek türkmenleriniñ arasynda tolgunşyklar boldy we Garaşsyz Türkmen respublikasy jar edildi. Respublika 1925-nji ýylyñ maý aýyna çenli dowam etdi. Soñra Eýran hökümetiniñ güýçleri türkmen taýpalarynyñ gozgalañyny basyp ýatyrdylar. Gozgalaña gatnaşan türkmenleriñ üç müñüsi Türkmenistana gaýtmaga mejbur boldy. Olar Jigit, Çaloýuk, Kükürçe, Ajyýap, Çekişler, Esenguly obalarybda ýurt tutundylar. Eýran türkmenleri Mazendaran welaýatynyñ Gorgan we Deşti Gorgan raýonlarynda, Horasan welaýatynyñ Guçan, Büjnürt, Saragt raýonlarynda ýaşaýarlar. Türkmenleriñ az sanlysy Merkezde, ýagny Tähranda we Eýranyñ beýleki merkezlerinde ýaşaýarlar. Türkmen tire-taýpalary kowçum-kowçum bolup oturýarlar. Kaspi deñziniñ kenar ýakalarynda we Deşti Gorganyñ günbatarynda ýomutlaryñ japarbaý tiresi (ýaraly we nuraly şahalary) olardan gündogarrakda, Etrek we Gürgen ýakasynda, ýomutlaryñ ak atabaýlary ýaşaýarlar. Horasan we Mazendaran welaýatlarynyñ aýry-aýry raýonlarynda türkmeniñ hoja, şyh, magtym, ata tireleri ýaşaýarlar. Büjnürtden demirgazygrakda bolsa teke, nohur, ýemreli, igdir, änewli, mürçe, sünçeli, hydyrili türkmenleriniñ obalary bar. Horasandan demirgazyk-gündogarda, Maşat we Saragt sebitlerinde saryk we salyr türkmenleri ýaşaýarlar, Eýranyñ Gombedi Kabus (Kümmethowuz), Gorgan, Benderi Şah, Benderi Gäz, Gýumýuşan (Kümüşdepe), Kürtguýy, Alyabad şäherleriniñ ilaty gitdigiçe artýar. Marat DURDYÝEW, Şöhrat KADYROW. • Goşmaça peýdalanmak üçin: 1). M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler" (taryhy-demografik syn), Aşgabat, "Harp" neşirýaty, 1991 ý; 2). Артамонов "Астрабад-Шахрудский район и Северный Хорасан", Военно-статистическое исследование. Част I, Тифлис. 1884; 3). Медведев А.И. "Персия". Военно-Статистическое обозрение. Спб. 1909. 4). Мельгунов. "Туркменский берег и остров Ашур-Аде". Спб. 1863. 5). Стебницкий И. "Заметки о Туркмени". Тифлис. 1871. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |